• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

KAZYÝET ULGAMYNYŇ TARYHY

Türkmen halkynyň geçmiş taryhynda milli demokratiýanyň we hukuk ýörelgeleriniň kökleri uzak asyrlardan gözbaş alyp gaýdýar. Halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ähli döwürlerde hem kazylaryň işine aýratyn ähmiýet berlipdir. Adyl kazyýetlik instituty geçmiş taryhymyzda dürli görnüşlerde hereket edipdir. Ýagny, orta asyrlarda türkmen döwletlerinde kazylar döwlet tarapyndan wezipelendirilipdirler we olar işlere ýekelikde ýa-da birnäçe kazylar bolup garapdyrlar. Ondan soňky asyrlarda adyl kazyýetlik işi obanyň, tiräniň ýa-da taýpanyň ýaşulular geňeşi tarapyndan hem geçirilipdir.

Kazylar, öz döwrüniň öňdebaryjy bilimini alan, giň dünýägaraýyşly, köpçüligiň ynam bildirýän adamlary hökmünde hereket edipdir. Taryhy çeşmelerde öz döwründe kazylyk işi bilen uly abraý-mertebä mynasyp bolan onlarça şahsyýetleriň atlaryna gabat gelmek bolýar. XIX asyryň taryhy çeşmelerinde Abdysetdar kazy, Annaseýit kazy, Gulmyrat kazy, Molla Öwez kazy, Nury kazy, Molla Sähet kazy, Kertik ahun kazy ýaly onlarça şahsyýetleriň atlaryna gabat gelmek bolýar. Nusgawy türkmen şahyry Annagylyç Mätäjiniň ogly şahyr Molla Durdy hem ýigriminji asyryň başlarynda Aşgabat uýezd sudunyň kazysy wezipesini ýerine ýetiripdir.
Öňki Russiýanyň çäginde 1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan soň Türkmenistanyň çäginde ilkibaşda ýerli partiýa we sowet edaralarynyň ýolbaşçylygy astynda ýerli kazyýetler döredilip başlanýar, olar halk sudlary diýlip atlandyrylypdyr. Bu täze kazyýetlerde jenaýat we raýat işlerine ýerli ilatyň wekilleriniň gatnaşmagynda kollegiýalaýyn seredilipdir. Ýerli sudlaryň wekilleriniň sany, ygtyýarlyklary ýurduň ähli çäginde birmeňzeş bolmandyr.
15.12.1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň çäginde Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudy we Ýustisiýa bölümi döredilýär. Şeýle hem, Aşgabat (Poltorask); Çärjew; Daşoguz okrug sudlary döredilýär.
Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudunyň ilkinji başlygy, kollegiýalarynyň başlyklary, kazylary ilkinji gezek 1924-nji ýylyň 15-nji dekabrynda, halk oturdaşlary 1925-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda saýlanypdyr.
26.01.1925-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň çäginde şol wagt hereket eden şäherlerde we etraplarda ýerli sudlary döretmek barada Karar kabul edilýär.
09.09.1925-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Sud gurluşy hakynda Düzgünnama tassyklanylýar.
Düzgünnama laýyklykda, adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça halk, okrug we Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudy hereket edýän hem bolsa, administratiw-guramaçylyk we üpjünçilik meseleleri boýunça Türkmenistan SSR-niň Ýustisiýa ministrligine tabyndy.
Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudy şol Düzgünnama laýyklykda, Plenum, jenaýat, raýat işleri hem-de kwalifikasiýa boýunça kollegiýalar görnüşinde hereket edipdir.
Şeýle hem Düzgünnamanyň 9-njy bölümine laýyklykda, jenaýat işleri boýunça derňew hereketlerini alyp barmak üçin sudlaryň ýanynda hereket edýän prokurorlar we sülçüler hem göz öňünde tutulypdyr. Olara umumy ýolbaşçylygy Türkmenistan SSR-niň Ýustisiýa ministri alyp barypdyr.
1930-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistan SSR-niň Sud gurluşy hakynda täze Düzgünnama kabul edilýär.
Düzgünnama laýyklykda täze ulgam, ýagny Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudundan we ýerli halk sudlaryndan ybarat sudlar girizilýär, okrug sudlary ýatyrylýar. Aýratyn agyr işlerden beýleki ähli jenaýat işlerine we raýat işlerine seretmeklik ýerli halk sudlaryň ygtyýaryna degişli edilýär.
Olaryň ygtyýarlyklary saýlawly tertipde ýerlerden saýlanypdyr.
Düzgünnama öňkisi ýaly prokuratura edaralarynyň hem işini düzgünleşdiripdir, şeýle hem, Türkmenistan SSR-niň Ýustisiýa ministri administratiw-guramaçylyk we gözegçilik taýdan sud we prokuratura edaralaryna ýolbaşçylyk edýärdi.
Agyr işlere ýerlerde seretmek üçin Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudunyň bir kazydan ybarat wekili işläpdir.
1934-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistan SSR-niň ýokary sudunda aýratyn agyr işlere seretmek üçin 3 kazydan ybarat kollegiýa döredilipdir, onuň işlerine halk oturdaşlary gatnaşdyrylmandyr.
Şeýle ýagdaý 1938-nji ýylyň 16-njy awgustynda SSSR-iň we Soýuz respublikalaryň Sud gurluşy hakynda Kanun kabul edilýär.
Oňa görä, 1939-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň çäginde oblast sudlary gaýtadan döredilip, halk, oblast we Ýokary sud ulgamy girizilýär. Türkmenistan SSR-niň Ýustisiýa ministri administratiw-guramaçylyk we gözegçilik taýdan sud we prokuratura edaralaryna ýolbaşçylyk etmegi dowam edýär.
1954-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary sudunda we oblast sudlarynda prezidium gurluşy girizilýär.
1960-njy ýylyň 29-njy iýunynda “Türkmenistan SSR-niň Sud gurluşy hakynda” ilkinji gezek Kanun kabul edilýär.
Oňa laýyklykda, Türkmenistan SSR-niň çäginde raýon, oblast halk sudlary we Ýokary Sud sistemasy Ýustisiýa ministrligi bilen baglylykdan aýrylyp, aýratyn ulgam hökmünde kesgitlenýär, kazylaryň wezipesi saýlawly diýlip görkezilýär. Raýon we oblast sudlary ýerlerde halk tarapyndan, Ýokary suduň sudýalary we başlygy Türkmenistan SSR-niň Ýokary Soweti tarapyndan 5 ýyl möhlete saýlanypdyr. Adyl kazyýetligiň amala aşyrylyşynyň ýörelgeleri hem ilkinji gezek kanunda görkezilipdir.
1971-nji ýylda, Türkmenistan SSR-niň Ýustisiýa ministrligi gaýtadan döredilýär we sud ulgamynyň guramaçylyk-dolandyryş we üpjünçilik meseleleri onuň garamagyna berilýär. Şeýle ýagdaý, 1995-nji ýylyň awgust aýyna çenli dowam edýär. 1995-nji ýylyň 31-nji awgustynda ýurdumyzyň çägindäki ähli sudlar Türkmenistanyň Ýokary sudunyň ulgamyna goşulýar we ähli meseleleri öz garamagyna alýar.
2002-nji ýylyň 23-nji awgustynda kazyýetler diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti