• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

Kazyýet habarlary

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazylaryň we kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde bütin türkmen halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgadyna öwrülen “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

MUKADDES GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI.

2021-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde, kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy – taryhy sepgitleriň, beýik başlangyçlaryň we ählumumy ösüşiň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Dabaraly çäre geçirildi

2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazylaryň we kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanyna laýyklykda, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny we goranmak ukybyny, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyz

MÖHÜM WAKALAR MYNASYBETLI MASLAHAT

2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Garaşsyz Watanymyzyň sport döwleti hökmünde halkara abraýynyň artmagy bilen bagly hem-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, «Türkmen bedewiniň milli baýramy» we «Türkmen alabaýynyň güni» mynasybetli «Parahatçylygyň, dostlugyň, sagdynlygyň mekany – Türkmenistanym» atly maslahat geçirildi.

KAZYÝET IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

10-njy maýda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Çuňňur Hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly maslahata ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň kazylary we kazyýet işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – kämilligiň, ösüşiň we bagtyýarlygyň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE KAZYÝET OTURDAŞLARY BILEN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyzyň kazyýet ulgamynyň işgärleriniň kanuna doly, berk we yzygiderli eýermelidigi, her bir anyk ýagdaýy düýpli seljermelidigi baradaky öňde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, 2021-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda 2021

TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ III MASLAHATY GEÇIRILDI

         2021-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň III maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary, bellenilen tertipde saýlanylan welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Okuw maslahaty

Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan Türkmenistanyň kazyýetlerinde sanly ulgama geçiş we maglumat howpsuzlygy boýunça okuw maslahatlary geçirilýär