• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

Türkmenistanyň Zähmet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksini tassyklamak we

güýje girizmek hakynda

 

        (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-madda)

1-nji madda. Türkmenistanyň Zähmet kodeksini tassyklamaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Zähmet kodeksini 2009-njy ýylyň    1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Şu Kodeks güýje giren gününden başlap şu aşakdaky kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

        1) Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaý boýunça girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary bilen, 1972-nji ýylyň 28-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksini, oňa  üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini;

        2) 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Zähmeti goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny, oňa  üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini;

        3) 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Rugsatlar hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny, oňa  üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň hereketi, ol güýje girenden soň ýüze çykan zähmet gatnaşyklaryna degişli edilýär.

Eger zähmet hukuk gatnaşyklary şu Kodeks güýje girizilmezinden öň ýüze çykan bolsa, onda ol bu güýje girizilenden soň ýüze çykjak hukuklar we borçlar babatda ulanylýar. Olaryň gapma-garşylykly bolan ýa-da edara görnüşli we (ýa-da) şahsy taraplaryň ýagdaýy ýaramazlaşan halatlarynda şu Kodeksiň düzgünleri ulanylýar.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyk getirilýänçä, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyk getirmeli.

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 18-nji apreli.

29-IV.

 

Türkmenistanyň

Zähmet kodeksi

 

Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk kärhanalar), aýry-aýry fiziki şahslarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

I bölüm. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary we esasy wezipeleri

 

1. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekden, zähmetiň amatly şertlerini döretmekden, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

2. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň esasy wezipeleri raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini we kepilliklerini döretmekden, ykdysady ösüşi gazanmaga, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge, işgärleriň, iş berijileriň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasynda durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen zähmet gatnaşyklaryny, şeýle hem zähmet bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmekden ybaratdyr.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

2-nji madda. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de zähmet hukugynyň kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Türkmenistanyň kanunlary we zähmet hukugynyň kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kodekse ters gelmeli däldir.

3. Köpçülikleýin şertnamalarda işgärleriň Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenen hukuklarynyň we kepillendirmeleriniň derejesini peseldýän şertler bolmaly däldir.

4. Şu Kodeks bilen zähmet hukugynyň kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň arasynda garşylyklar ýüze çykan halatynda, şeýle hem eger köpçülikleýin şertnamalarda (ylalaşyklarda) işgärleriň hukuklarynyň we kepillikleriniň derejesini peseldýän şertler bar bolsa, onda şu Kodeksiň kadalary ulanylýar.

5-nji bölek aýrylan - 09.06.2018 ý. Türkmenistanyň Kanuny № 46-VI.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň hereket edýän wagty

 

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň namalary güýje girenden soň ýüze çykan gatnaşyklar üçin ulanylýar we yzyna täsir ediş güýji ýokdur. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň namasynyň hukuk güýji haçanda bu namada gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda onuň güýje girmegine çenli ýüze çykan gatnaşyklara-da degişlidir.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň hereketiniň çäkleri

 

1. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, eger zähmet kanunçylygynyň bu namalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň çäginde ýüze çykýan zähmet gatnaşyklaryna, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişlidir.

2. Döwlet häkimiýetiniň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň zähmet çygryndaky namalary degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň çäklerinde hereket edýärler we Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň esasy kadalaryna laýyk gelmelidir.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

5-nji madda. Şu Kodeksiň hereket ediş çygry

 

1. Şu Kodeksiň täsiri Türkmenistanyň çägindäki zähmet we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişlidir.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça düzgünler göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kodeks Türkmenistanyň çäginde zähmet şertnamasyny baglaşan ähli iş berijiler we işgärler babatynda ulanylýar.

3. Şu Kodeks zähmet we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar işgärleriň aýry-aýry toparlary (harby gullukçylar, döwlet we beýleki gullukçylar) üçin olaryň işi hakynda ýa-da olaryň hukuk derejesini kesgitleýän Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda ulanylýar.

4. Şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen zähmet hukugynyň kadalary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtly raýatlaryň, raýatlygy ýok adamlaryň, halkara guramalarynyň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşen daşary ýurtly ýuridik ýa-da fiziki şahslar döredijileri ýa-da eýeleri (doly ýa-da kem-käsleýin) bolup durýan  kärhanalaryň işgärleriniň zähmet gatnaşyklaryna degişlidir.

5. Haçanda raýat-hukuk häsiýetli şertnama arkaly işgär bilen iş berijiniň arasyndaky zähmet gatnaşyklarynyň hakyky düzgünleşdirilýändigi kesgitlenen halatlarynda şeýle gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň düzgünleri ulanylýar.

6. Şu Kodeks aşakdaky adamlara degişli däldir (eger olar şu Kodeksde bellenilen tertipde şol bir wagtda iş berijiler ýa-da olaryň wekilleri bolup çykyş etmeseler):

1) kärhanalaryň direktorlar geňeşiniň (synçy geňeşleriniň) agzalaryna (şol kärhana bilen zähmet şertnamasyny baglaşan adamlar muňa degişli däldir);

2) raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça işleýänlere;

3) başga adamlara, eger bu Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen bolsa.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

6-njy madda. Zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmeleri

 

1. Raýatlaryň zähmete bolan hukugy, şol sanda olaryň kärini, edýän işini we iş ýerini saýlamaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, işsizlikden goramaga bolan hukugyny hem goşmak bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär.

2. Her bir raýata öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmekde we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuk degişlidir.

3. Her bir raýatyň iş berijä göni ýüz tutmak arkaly ýa-da iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) arkaly iş ýerini erkin saýlamaga hukugy bardyr.

4. Zähmet hukuklarynyň goragy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Işgärler üçin zähmet hukuklarynyň we kepillendirmeleriniň iň az derejesi şu Kodeks bilen kesgitlenilýär.

5. Iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) amatly işi seçip almakda we işe ýerleşmekde ilata tölegsiz kömek berýärler.

6. Şu kodeksiň 47-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli işgär zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik döwründe zähmet gatnaşyklary dowam etdirilen hasap edilýär. Şeýle ýagdaýlarda zähmet hakynyň we beýleki tölegleriň tölenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Altynjy bölekde görkezilen kada 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň ýüze çykan ýagdaýlara degişli edilýär.

(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, _-nji madda)

 

7-nji madda. Zähmet gatnaşyklarynda hukuk kemsidilmäniň gadagan edilmegi

 

1. Milletine, teniniň reňkine, rasasyna, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, ýaşyna, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişlidigine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine, şeýle hem işgärleriň işewür sypatlary hem-de olaryň zähmetiniň netijeleri bilen baglanyşykly bolmadyk gaýry ýagdaýlara baglylykda zähmet hukuklarynda çäklendirmä ýa-da olary durmuşa geçirmekde haýsydyr bir artykmaçlary almagyna ýol berilmeýär.

2. Zähmetiň bu görnüşine mahsus talaplar ýa-da ýokarlandyrylan durmuş we hukuk goragyna mätäçlik edýän adamlar (aýallar, kämillik ýaşyna etmedik çagalar, maýyplygy bolan adamlar we başgalar) hakynda döwletiň aýratyn aladasy bilen şertlendirilen, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen zähmet çygryndaky tapawutlar hukuk kemsidilmegi däldir.  

3. Zähmet çygrynda özlerini hukuk kemsidilmä sezewar edilen diýip hasap edýän adamlar degişli arza bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyrlar.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

8-nji madda. Mejbury ýa-da hökmany zähmetiň gadagan edilmegi

 

1. Mejbury ýa-da hökmany zähmet gadagandyr.

2. Haýsydyr bir adamdan haýsydyr bir jeza bilen gorkuzmak arkaly talap edilýän, muny ýerine ýetirmek üçin bolsa onuň öz hyzmatlaryny meýletin teklip etmedik islendik iş (gulluk) mejbury ýa-da hökmany zähmet diýlip hasap edilýär.

Köpçülik ýa-da hususy gorag ulgamlarynyň bolmazlygynda ýa-da talap edilýän işiň ýerine ýetirilmegi işgäriň ömrüne, saglygyna howp döredip biljek halatynda, iş berijiniň işgärden zähmet borçlarynyň ýerine ýetirilmegini talap etmegi, şeýle hem zähmet hakynyň töleginiň bellenen möhletleriniň bozulmagy ýa-da onuň doly möçberde tölenilmezligi, degişli zähmet haky tölenmezden iş wagtynyň dowamlylygynyň artdyrylmagy hem mejbury ýa-da hökmany zähmete degişlidir.

3. Şu aşakdakylar mejbury ýa-da hökmany zähmet hasap edilmeýär:

1) hökmany harby gulluk hakyndaky kanunlar esasynda talap edilýän we diňe harby häsiýetdäki işler üçin ulanylýan islendik iş (gulluk);

2) raýatlaryň adaty raýat borçlarynyň bir bölegi bolup durýan islendik iş (gulluk);

3) önümçilik heläkçiliklerini aradan aýyrmak maksady bilen we beýleki şuňa meňzeş halatlarda ýerine ýetirilýän islendik iş (gulluk);

4) adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde (adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý diýlip yglan edilende, betbagtçylyk ýa-da betbagtçylyk howplary: ýangynlar, suw joşmalary, siller, ýer titremeleri, epidemiýalar ýa-da epizootiýalar bolan halatlarda), şeýle hem ähli ilatyň ýa-da onuň bir böleginiň janyna, kadaly durmuş şertlerine howp salýan başga ýagdaýlarda ýerine ýetirilýän islendik iş (gulluk);

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýetiň kanuny güýje giren höküminiň ýa-da kararynyň ýerine ýetirilmegi üçin talap edilýän, döwlet edarasynyň gözegçiligi astyndaky islendik iş (gulluk);

6) administratiw hukuk bozulmalary üçin düzgün-nyzam temmisi tertibinde ýerine ýetirilýän iş;

7) ownuk jemgyýetçilik işleri, ýagny zähmetkeşler köpçüliginiň agzalary tarapyndan şol zähmetkeşler köpçüliginiň göni peýdasy üçin ýerine ýetirilýän we şoňa görä-de zähmetkeşler köpçüliginiň agzalarynyň adaty raýatlyk borçlary hasap edilip bilinjek işler.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 35-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

9-njy madda. Daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň zähmetini düzgünleşdirmek

 

Daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň agzalarynyň zähmeti şu Kodeks, olaryň tertipnamalary bilen, şeýle hem daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň işine degişli Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

II bölüm. Zähmet gatnaşyklary, zähmet gatnaşyklarynyň

taraplary, olaryň hukuklary we borçlary

 

10-njy madda. Zähmet gatnaşyklary

 

Zähmet gatnaşyklary diýlip Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan zähmet şertleriniň iş beriji tarapyndan üpjün edilen mahalynda işgäriň şahsy zähmet borçlarynyň tölegli ýerine ýetirilmegine işgär bilen iş berijiniň arasyndaky ylalaşyga (belli bir kär, hünär, hünär derejesi ýa-da wezipe boýunça işler), kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna işgäriň tabyn bolmagyna esaslanan gatnaşyklara düşünilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

11-nji madda. Zähmet gatnaşyklarynyň subýektleri

 

Işgär, iş beriji, işgärleriň wekili, iş berijiniň wekili zähmet gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar.

 

12-nji madda. Zähmet gatnaşyklarynyň taraplary

 

1. Işgär we iş beriji zähmet gatnaşyklarynyň taraplary bolup durýarlar.

2. Iş beriji bilen zähmet gatnaşyklaryna giren fiziki şahs işgär bolup durýar. Işgär işini zähmet şertnamasynyň esasynda anyk kär, hünär derejesi, razrýad, zähmet derejesi ýa-da wezipesi boýunça amala aşyrýar (işini, gullugyny ýerine ýetirýär).

Anyk kär, hünär, hünär derejesi, razrýad, zähmet derejesi ýa-da wezipe boýunça işgär tarapyndan ýerine ýetirilýän borçlaryň (işleriň) topary işçileriň hünärleriniň, gullukçylaryň wezipeleriniň tarif-hünär maglumatnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylan wezipe gözükdirijileri (borçlary) we düzgünnamalary bilen kesgitlenilýär.

3. Iş beriji guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahsdyr ýa-da hakyna tutma zähmeti ulanýan we işgär bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahsdyr.

Şu Kodeksiň maksatlary üçin iş beriji fiziki şahs diýlip şu aşakdakylar ykrar edilýär:

1) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan, bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs;

2) öý hojalygyny alyp barmak boýunça şahsy hyzmat we kömek etmek maksady bilen, işgärler bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän hususy telekeçi bolup durmaýan fiziki şahs.

4. Zähmet şertnamasynyň taraplarynyň arasynda zähmet hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi we bes edilmegi iş berijiniň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

13-nji madda. Işgäriň esasy hukuklary we borçlary

 

1. Işgär şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde zähmet şertnamasyny baglaşmaga, ony üýtgetmäge we ýatyrmaga;

2) zähmet şertnamasynda şertlendirilen işiň özüne berilmegine;

3) zähmeti guramagyň we tehniki howpsuzlygyň döwlet standartlarda göz öňünde tutulan şertlere, sanitariýanyň we arassaçylygyň, köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) talaplaryna laýyk gelýän iş ornuna;

4) iş ornunda zähmet şertleri, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramagyň talaplary hakynda doly we ygtybarly maglumata;

5) hiç hili hukuk kemsidilmesi bolmazdan, deň gymmaty bolan zähmet üçin deň töleg, öz kärine, hünär derejesine, zähmetiň çylşyrymlylygyna, ýerine ýetirilen işiň mukdaryna we hiline laýyklykda zähmet hakyny doly möçberde almaga, ýöne zähmet haky Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen zähmet hakynyň iň az möçberinden pes bolmaly däldir;

6) özüne hasaplanan zähmet haky we ondan tutulan tutumlar hakynda maglumatlar almaga;

7) işgärleriň aýry-aýry kärleri we toparlary üçin iş wagtynyň dowamlylygyny, gysgaldylan iş wagtyny bellemek, hepdelik dynç günlerini, işlenmeýän baýramçylyk we hatyra günlerini, şeýle hem her ýylky hak tölenilýän esasy we goşmaça rugsatlary bermek bilen üpjün edilýän dynç almaga;

8) hünär taýýarlygyna, gaýtadan taýýarlanmaga we hünärini ýokarlandyrmaga;

9) ylmy-intellektual eýeçilige, rasionalizatorçylyk ýa-da oýlap-tapyjylyk üçin awtorlyga, şeýle hem awtorlyk hukuklary üçin sylaga;

10) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, öz zähmet hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin birleşmäge, şol sanda kärdeşler arkalaşyklary birleşiklerine, şeýle hem beýleki jemgyýetçilik birleşiklerine birleşmäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda, köpçülikleýin şertnamada göz öňünde tutulan görnüşlerde kärhanany dolandyrmaga gatnaşmaga;

12) iş berijä ýa-da onuň hukuk oruntutaryna patentler berlen we jemgyýetçilik önümçiliginde peýdalanylan oýlap tapyşlaryň we senagat nusgalarynyň awtorlary üçin ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini işläp taýýarlaýjylar (döredijiler) üçin bellenen pul tölege, şeýle hem kärhanalaryň tertipnamalarynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ylmy-intellektual eýeçiligiň obýektini peýdalanmakdan, hususyýetçiniň alan peýdasynyň (girdejisiniň) paýyna;

13) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik usullaryň hemmesi bilen öz zähmet hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna we goralyp saklanylmagyna, şeýle hem şahsy maglumatlarynyň goralmagyna;

14) köpçülikleýin şertnamany (ylalaşygy) işläp taýýarlamaga gatnaşmaga we onuň bilen tanyşmaga;

15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly onuň janyna, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň), şol sanda ahlak zeleliniň öweziniň dolunmagyna kepilliklere we öwezini doluş pullaryna;

16) ýaşy boýunça, zähmete ukyplylygyny ýitirende, ekleýjisini ýitirende we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýagdaýlarda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we durmuş üpjünçiligine;

17) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan beýleki hukuklara.

2. Işgär şu aşakdakylara borçludyr:

1) öz zähmet borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirmäge;

2) bellenilen zähmet kadalaryny (kadalaşdyrmalaryny) ýerine ýetirmäge;

3) zähmet düzgün-nyzamyny, kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny berjaý etmäge;

4) iş berijiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna, kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna we köpçülikleýin şertnamasyna (ylalaşygyna) ters gelmeýän ýazmaça ýa-da dilden berýän buýruklaryny ýerine ýetirmäge;

5) zähmeti goramak we zähmetiň tehniki howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky kadalary, gollanmalary, düzgünnamalary we buýruklary berjaý etmäge;

6) resminamalary, maddy, pul we gaýry gymmatlyklary saklamagyň bellenilen tertibini berjaý etmäge;

7) öndürilýän önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň, bitirilýän hyzmatlaryň hiline bolan bellenilen talaplaryň berjaý edilmegini üpjün etmäge, işde ýaramaz hilli önümiň öndürilmegine ýol bermezlige, tehnologik düzgün-nyzamy berjaý etmäge;

8) iş berijiniň (eger iş beriji emlägiň aýawly saklanylmagy üçin jogapkärçilik çekýän bolsa, şol sanda iş berijidäki üçünji taraplaryň emlägine) we beýleki işgärleriň emlägine aýawly garamaga;

9) öz iş ornuny tertipli we arassa saklamaga;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet, täjirçilik we gaýry syrlaryny düzýän, özüne ynanylan maglumatlary aýan etmezlige;

11) adamlaryň janyna ýa-da saglygyna, iş berijiniň emläginiň abat saklanylmagyna howp döredýän ýagdaýyň ýüze çykanlygy hakynda iş berijä ýa-da gös-göni ýolbaşça gaýra goýman habar bermäge (eger iş beriji emlägiň abat saklanylmagy üçin jogapkärçilik çekýän bolsa, şol sanda iş berijidäki üçünji taraplaryň emlägine);

12) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

14-nji madda. Iş berijiniň esasy hukuklary we borçlary

 

1. Iş beriji şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) şu Kodeksde we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde işgärler bilen zähmet şertnamalaryny baglaşmaga, olary üýtgetmäge we ýatyrmaga;

2) işe kabul edende işgärden belli bir zähmet işi (iş, gulluk) bilen meşgullanmaga bolan we (ýa-da) belli bir wezipäni eýelemek hukugyny we mümkinçiligini tassyklaýan, şu Kodeksde göz öňünde tutulan resminamalaryň berilmegini talap etmäge;

3) öz ygtyýarynyň çäklerinde ýerine ýetiriş we serenjam berijilik häsiýetli namalary çykarmaga;

4) eger iş beriji emlägi abat saklamak üçin jogapkärçilik çekse, zähmet şertnamasynyň şertleriniň we kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem iş berijiniň emlägine, şol sanda iş berijidäki üçünji taraplaryň emlägine aýawly garalmagyny işgärlerden talap etmäge;

5) zähmet şertnamasy baglaşylanda işgäre synag möhletini bellemäge;

6) işgärleri höweslendirmäge;

7) işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanmaklyga, saýlawly edaralara hödürlemäge;

8) işgäriň okamagy bilen baglanyşykly harajatlarynyň öweziniň dolunmagyna;

9) şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen tertipde işgärleri düzgün-nyzam we maddy jogapkärçilige çekmäge;

10) işgäriň zähmet düzgün-nyzamyny bozanlygy hakyndaky meseläni zähmetkeşler köpçüliginiň garamagyna bermäge;

11) işgär tarapyndan özüne ýetirilen zeleliň (zyýanyň) öweziniň dolunmagyna;

12) wekilçilik we öz hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen iş berijileriň birleşiklerini döretmäge we olara girmäge;

13) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

2. Iş beriji şu aşakdakylara borçludyr:

1) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny, zähmet şertnamasynyň, köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) şertlerini berjaý etmäge;

2) işgärlere zähmet şertnamasyna we taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda iş bermäge;

3) zähmeti goramagyň häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmaga, howpsuzlygyň we gigiýenanyň talaplaryna laýyk gelýän we önümçilik şikesleriniň, hünär keselleriniň öňüni alýan zähmet şertleri bilen üpjün etmäge;

4) işgärleri iş ýeri, olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin gerek bolan serişdeler bilen üpjün etmäge;

5) dikeltmegiň hususy maksatnamasyna laýyklykda maýyplygy bolan adamlara zerur zähmet şertlerini döretmäge;

6) işgärlere deň gymmatly zähmeti üçin deň tölegi üpjün etmäge;

7) zähmet hakyny öz wagtynda we doly möçberde tölemäge we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki tölegleri geçirmäge;

8) işgäre zähmet haky tölenende oňa hasaplanylan zähmet haky we ondan tutulýan tutumlar barada maglumat bermäge;

9) işgäre pensiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly maglumatlary we resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde bermäge;

10) iş wagtynyň hasabyny guramaga we ýöretmäge;

11) köpçülikleýin gepleşikler geçirmäge, şu Kodeksde bellenilen tertipde köpçülikleýin şertnamalary (ylalaşyklary) baglaşmaga;

12) köpçülikleýin şertnamany (ylalaşygy) baglaşmak we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin zerur bolan doly we dogry maglumaty kärdeşler arkalaşygy we işgärleriň gaýry wekilçilikli guramalaryna bermäge;

13) kärhana we iş orunlaryna, şol sanda önümçilikde (işde) betbagtçylykly hadysalar derňelende kärdeşler arkalaşygy we işgärleriň beýleki wekilçilikli edaralarynyň barmagyny üpjün etmäge, şeýle hem olara ýardam etmäge;

14) işgärleriň zähmet işini tassyklaýan resminamalaryň, zähmet haky baradaky maglumatlaryň, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna geçirilýän serişdeleriň arhiwini döretmäge we işlemegini üpjün etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli resminamalary döwlet tarapyndan saklamak üçin tabşyrmaga;

15) işgärleri işe kabul etmek, işden boşatmak, iş ýerini üýtgetmek hakyndaky buýruklaryň göwnejaý tertipde bellige alynmagyny üpjün etmäge;

16) işgärleriň şahsy maglumatlarynyň aýawly saklanylmagyny we hasabyny, şeýle hem şu Kodeksiň 30-njy maddasyna laýyklykda zähmet depderçeleriniň aýawly saklanylmagyny we hasabyny, olardaky ýazgylary ýöretmegiň dogrulygyny üpjün etmäge;

17) işgärleriň şahsy maglumatlaryny we olar hakdaky maglumaty aýan etmezlige;

18) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşlerde işgärleriň we kärdeşler arkalaşygy guramalarynyň kärhanany dolandyrmaga gatnaşmagyny üpjün edýän şertleri döretmäge;

19) kärdeşler arkalaşygy guramalarynyň kärhanadaky işini guramagyna ýardam etmäge, şeýle hem olaryň işi, umumy ýygnaklary (konferensiýalary), beýleki çäreleri geçirmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge;

20) işgärleriň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly, olary durmuş-hyzmatlary, saglygy goraýyş we gaýry hyzmatlar bilen üpjün etmäge;

21) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde işgärleriň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyny üpjün etmäge;

22) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalary hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň, döwlet gözegçilik barlagy we jemgyýetçilik gözegçiligi edaralarynyň tabşyryknamalaryna garamaga, olary düzetmek boýunça çäreler görmäge we kabul edilen çäreler hakynda görkezilen edaralara habar bermäge; 

 23) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde işgäriň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly oňa ýetirilen zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmaga;

24) eger işiň dowam etdirilmegi işgäriň janyna ýa-da saglygyna howp salýan bolsa, işi togtatmaga;

25) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

3. Zähmet gatnaşyklarynda iş berijiniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygynda, şeýle hem esaslandyryjy resminamalarda bellenilen tertipde fiziki şahs, ýuridik şahsyň dolandyryş edarasy ýa-da onuň ygtyýarly eden adamy tarapyndan amala aşyrylýar.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

III bölüm. Zähmet gatnaşyklarynyň döremegi,

üýtgedilmegi we bes edilmegi

 

1 bap. Zähmet şertnamasy

 

15-nji madda. Zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esaslar

 

1. Şu Kodekse we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işgär bilen iş berijiniň arasynda baglaşylýan zähmet şertnamasy zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esasdyr.

Zähmet şertnamasynyň göwnejaý ýagdaýda resmileşdirilndigine garamazdan iş berijiniň ýa-da onuň wekiliniň ygtyýary bilen ýa-da tabşyrmagy boýunça adamyň işe hakyky goýberilmegi hem zähmet gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy üçin esas bolup durýar.

2. Şonuň ýaly-da şu aşakdakylar şu Kodeksde we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýa-da kärhananyň tertipnamasynda (düzgünnamasynda) bellenilen ýagdaýlarda we tertipde zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esas bolup durýar:

1) adamyň saýlawly wezipä saýlanylmagy;

2) adamyň degişli wezipäni çalyşmak üçin bäsleşik boýunça saýlanylmagy;

3) adamyň wezipä bellenilmegi ýa-da wezipä tassyklanylmagy;

4) adamyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan bellenilen möçberiň hasabyna işe ugradylmagy;

5) harby gullugy we içeri işler edaralarynda çagyryş boýunça gullugy geçen döwri tamamlanandan soň, saýlawly edaralarda ygtyýarlyklaryň möhleti gutarandan soň iş berijiniň ugratmagy boýunça okuwyny ýa-da işini, şol sanda daşary ýurtdaky okuwyny ýa-da işini tamamlandan soň adamyň wezipä bellenilmegi;

6) işden bikanun boşadylan adamyň kazyýetiň çözgüdi boýunça işe dikeldilmegi.

 

16-njy madda. Zähmet şertnamasy we ony baglaşmagyň tertibi

 

1. Zähmet şertnamasy – munuň özi iş beriji bilen işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklarynda taraplaryň özara esasy hukuklaryny we borçlaryny belleýän ylalaşyk bolup, oňa laýyklykda iş beriji şertlenilen zähmet borçlary boýunça işgäre iş (iş ýerini) bermäge, şu Kodeksde we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan zähmet şertlerini üpjün etmäge, zähmet hakyny öz wagtynda we doly möçberde tölemäge borçlanýar, işgär bolsa şu şertnamada kesgitlenilen zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge, kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny we zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan gaýry kanuny borçnamalary berjaý etmäge borçlanýar.

Zähmet şertnamasy adamyň ýazmaça arzasynyň esasynda iş berijiniň ony işe kabul etmek hakyndaky buýrugy çykarmagy arkaly baglaşylýar.

2. Hakyna tutma zähmeti ulanýan iş beriji – fiziki şahs bilen işgäriň arasynda zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 288–300-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde baglaşylýar.

3. Şu Kodeksiň 15-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen adamlar bilen zähmet şertnamasy baglaşylanda işgäriň arzasy talap edilmeýär.

4. Eger kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi boýunça adam belli bir möhlete belli bir wezipäni eýelemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilen bolsa, onda şol möhlet tamamlanýança onuň bilen zähmet şertnamasyny baglaşmaga rugsat berilmeýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

17-nji madda. Zähmet şertnamasynyň alamatlary

 

Zähmet şertnamasyny şertnamalaryň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyryjy alamatlar şu aşakdakylardyr:

1) işgäriň belli bir kär, hünär, hünär derejesi ýa-da wezipe boýunça zähmet borçlaryny wezipe gollanmalaryna laýyklykda ýerine ýetirmegi;

2) kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertibine tabynlykda borçlaryň ýerine ýetirilmegi;

3) işgäriň zähmet hakyny zähmetiň mukdaryna we hiline, ýerine ýetirilýän işiň çylşyrymlylygyna laýyklykda almagy;

4) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan zähmet şertleriniň bolmagy.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

18-nji madda. Zähmet şertnamasynyň möhleti

 

1. Zähmet şertnamalary şu aşakdaky möhletlere baglaşylyp bilner:

1) kesgitsiz möhlete (möhletsiz);

2) kesgitli möhlete (möhletli), ýöne bäş ýyldan köp däl.

2. Eger şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, haçan-da zähmet gatnaşyklary hemişelik häsiýete eýe bolmasa, ýa-da edilmeli işiň häsiýetiniň ýa-da ony ýerine ýetirmegiň şertiniň hasaba alynmagy bilen kesgitsiz möhlete bellenip bolmaýan ýagdaýlarda möhletli zähmet şertnamasy baglaşylýar.

3. Möhletli zähmet şertnamasy şu aşakdaky ýagdaýlarda baglaşylyp bilner:

1) wagtlaýyn ýok işgäri çalyşmak üçin, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda onuň iş ýeri saklanyp galanda;

2) betbagtçylykly hadysalaryň, heläkçilikleriň, betbagtçylyklaryň, epidemiýalaryň, epizootiýalaryň öňüni almak boýunça gyssagly işleri geçirmek üçin, şeýle hem görkezilen we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini düzetmek üçin;

3) daşary ýurda işe iberilýän adamlar bilen;

4) wagtlaýyn (iki aýa çenli) işleriň, şeýle hem möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilýän wagty üçin, şonda tebigy şertleriň esasynda iş diňe kesgitli wagtyň (möwsümiň) dowamynda geçirilip bilner;

5) agyr ýa-da aýratyn howa şertleri (suwsuz, çöllük) bolan ýerlerdäki kärhanalara işe girýän adamlar bilen, eger bu iş ýerine göçmek bilen baglanyşykly bolsa;

6) kiçi telekeçiligiň subýektlerine – iş berijilere, şeýle hem fiziki şahslara – iş berijilere işe girýän adamlar bilen;

7) kärhananyň adaty işiniň çäklerinden çykýan işleri geçirmek üçin (durkuny täzelemek, gurnamak, sazlap-goýberiş we beýleki işler), şeýle hem önümçiligiň mälim bolan wagtlaýyn (bir ýyla çenli) giňeldilmegi ýa-da bitirilýän hyzmatlaryň möçberiniň giňeldilmegi bilen baglanyşykly işleri geçirmek üçin;

8) görnetin anyk döwür üçin ýa-da görnetin anyk işi ýerine ýetirmek üçin döredilen kärhanalara işe girýän adamlar bilen;

9) işiň ýerine ýetirilmegini (tamamlanmagyny) anyk sene bilen kesgitläp bolmajak halatlarda, görnetin anyk işi ýerine ýetirmek üçin kabul edilýän adamlar bilen;

10) işgäriň tälim alşy we hünär öwredilmegi bilen gös-göni baglanyşykly işler üçin;

11) degişli bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň rugsady bolanda, okuwlaryň gündizki görnüşi boýunça okaýan adamlar bilen;

12) şol kärhanada esasy işi bilen utgaşykly işleýän adamlar bilen;

13) ýaşy boýunça pensiýa alýanlar bilen, şeýle hem lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda saglyk ýagdaýy boýunça diňe wagtlaýyn häsiýetli işe rugsat edilen adamlar bilen;

14) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, kinematografiýa guramalarynyň, teatrlaryň, teatral we konsert guramalarynyň, sirkleriň döredijilik işgärleri bilen we eserleri döretmäge we (ýa-da) ýerine ýetirmäge gatnaşýan beýleki adamlar, ökde türgenler bilen;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda, döwlet häkimiýet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namasynda bellenilen tertipde geçirilen bäsleşigiň netijesinde kesgitli möhlet üçin zähmet şertnamalaryny baglaşan ylmy, mugallymçylyk we beýleki işgärler bilen;

16) saýlawly edaranyň düzümine ýa-da tölenýän işdäki saýlawly wezipä belli bir möhlete saýlanan mahalynda, şeýle hem döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, şeýle hem syýasy partiýalarda we beýleki jemgyýetçilik birleşiklerinde saýlawly edaralaryň agzalarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň işini gös-göni üpjün etmek bilen baglanyşykly işe girilen mahalynda;

17) iş bilen üpjün edýän döwlet edarasy (gullugy) tarapyndan wagtlaýyn işlere, şol sanda jemgyýetçilik işlerini geçirmäge iberilen adamlar bilen;

18) guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýolbaşçylaryň orunbasarlary we baş hasapçylary bilen.

4. Eger zähmet şertnamasynda onuň hereket ediş möhleti görkezilmese, onda şertnama kesgitsiz möhlete baglaşylan diýlip hasap edilýär.

5. Eger taraplaryň hiç birisi möhletli zähmet şertnamasynyň möhletiniň gutarmagy bilen baglanyşykly onuň ýatyrylmagyny talap etmese, işgär bolsa zähmet şertnamasynyň möhleti gutarandan soň işini dowam etdirse, onda zähmet şertnamasy kesgitsiz möhlete baglaşylan diýlip hasap edilýär.

6. Ýeterlik esaslar bolmadyk mahalynda möhletli zähmet şertnamasynyň baglaşylandygy Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçilik barlagyny we gözegçiligi amala aşyrýan edara ýa-da kazyýet tarapyndan anyklanylanda, bu şertnama möhletsiz baglaşylan diýlip hasap edilýär.

7. Kesgitsiz möhlete zähmet şertnamasy baglaşylýan işgärler üçin göz öňünde tutulan hukuklary we kepillendirmeleri bermekden boýun gaçyrmak maksady bilen möhletli zähmet şertnamalarynyň baglaşylmagy gadagan edilýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2015 ý., № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

19-njy madda. Zähmet borçlarynda şertleşilmedik işiň ýerine  ýetirilmeginiň talap edilmegini gadagan etmek

 

Türkmenistanyň kanunçylygynda gönüden-göni göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda iş berijiniň işgärden zähmet borçlarynda şertleşilmedik işleri ýerine ýetirmegini talap etmäge haky ýokdur.

 

20-nji madda. Zähmet şertnamasynyň güýje girmegi

 

1. Eger zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) başga düzgün bellenilmedik bolsa, zähmet şertnamasy adamyň ýazmaça arzasynyň esasynda çykarylan buýruga iş beriji tarapyndan gol çekilen gününden ýa-da iş berijiniň (onuň ygtyýarly wekiliniň) ygtyýary bilen ýa-da tabşyrmagy boýunça işgäriň işe (gulluga) hakyky goýberilen gününden güýje girýär.

2. Iş beriji – hakyna tutma zähmeti ulanýan fiziki şahs bilen işgäriň arasynda baglaşylan zähmet şertnamasy iş beriji we işgär tarapyndan oňa gol çekilen gününden güýje girýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

21-nji madda. Zähmet şertnamasynyň hakyky däldigi

 

1. Zähmet şertnamasy şu aşakdaky ýagdaýlarda hakyky däl diýlip ykrar edilýär eger ol:

1) aldawyň, gorkuzmagyň, güýç ulanmagyň we mejbur etmegiň beýleki görnüşleriniň täsiri astynda baglaşylan bolsa;

2)  hukuk netijelerini döretmek meýli bolmazdan görnüş üçin (ýalan zähmet şertnamasy) baglaşylan bolsa;       

3) öz hereketleriniň ähmiýetine düşünmäge ukypsyz adam tarapyndan baglaşylan bolsa;

4) ruhy keseliň ýa-da kemakyllygyň netijesinde bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam tarapyndan baglaşylan bolsa.

2. Zähmet şertnamasynyň hakyky däldigi kazyýet tarapyndan ykrar edilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

22-nji madda. Garyndaşlaryň bilelikdäki işiniň (gullugynyň) çäklendirmeleri

 

1. Öz arasynda ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlygynda durýan adamlaryň (ata-eneler, är-aýallar, doganlar, uýalar, ogullar, gyzlar, şeýle hem är-aýalyň ata-eneleri, doganlary, uýalary we çagalary) eger olaryň işi  (gullugy) gös-göni (göni) tabynlyk bilen ýa-da biriniň beýlekisine gözegçiligi astynda baglanyşykly bolsa, şol bir döwlet kärhanasynda bilelikde işlemegine (gulluk etmegine) ýol berilmeýär, saýlawly wezipelerde işlenilmegi muňa degişli däldir.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen adamlar şu Kodeksde bellenilen tertipde başga işe ýa-da başga ýere geçirilmäge, ýa-da işden çykarylmaga degişlidir.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan düzgünden çykmalar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilip bilner.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

2 bap. Zähmet şertnamasyny baglaşmak

 

23-nji madda. Zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna

        ýol berilýän ýaş

1. Zähmet şertnamasy on sekiz ýaşyna ýeten şahs bilen baglaşylýar.

2. On sekiz ýaşyna ýetmedik şahs bilen zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna diňe onuň özüniň razylygy we onuň ata-enesiniň biriniň (hossarynyň) razylygy hem-de hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsady bilen, şol sanda, kinematografiýa edaralarynda, teatrlarda, teatral we konsert guramalarynda, sirklerde eserleriň döredilmegine we (ýa-da) ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga, eger onuň zähmet işleri mekdepdäki okuwyny dowam etmäge päsgelçilik döretmeýän, saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirmeýän bolsa, ýol berilýär. Şu ýagdaýda işgäriň adyndan zähmet şertnamasyna onuň ata-enesi (hossary) gol çekýär we zähmet şertnamasyny baglaşmaga razylyk we rugsat ýazmaça resmileşdirilýär.

3. On sekiz ýaşyna ýetmedik şahslar zähmete çekilmegine şu Kodeksiň 60-njy maddasyna laýyklykda, iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyny bellemek bilen, zähmet şertnamasyny baglaşmak arkaly ýol berilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

24-nji madda. Zähmet şertnamasy baglaşylanda kepillendirmeler

 

1. Zähmet şertnamasyny baglaşmakdan esassyz ýüz döndermek gadagan edilýär. Esassyz ýüz dönderendigi üçin iş berijiler, wezipeli adamlar ýa-da olaryň ygtyýarly eden adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

2. Zähmet şertnamasyny baglaşmakdan ýüz dönderilmegi şu aşakdakylar babatda esassyz diýlip hasap edilýär:

1) eger saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasy boýunça iş orunlarynyň bellenilen möçberiniň hasabyna iş bilen üpjün ediji döwlet edarasy (gullugy) tarapyndan işe iberilen, degişli zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek gadagan edilmedik adamlar;

2) iş berijileriň arasyndaky ylalaşyk boýunça öňki iş ýerinden işden boşan gününden başlap bir aýyň içinde başga kärhanadan geçmek tertibinde işe (gulluga) ýazmaça çakylygy bolan adamlar;

3) iş berijiniň ýüz tutmasyna ýa-da onuň bilen baglaşylan şertnama laýyklykda okuw mekdeplerini tamamlanyndan soň ýollama boýunça işe (gulluga) gelen adamlar;

4) köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) esasynda zähmet şertnamasyny baglaşmaga hukugy bolan adamlar;

5) göwreliligi bilen baglanyşykly, şeýle hem üç ýaşa ýetmedik çagalary (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagasy) bolan aýallar;

6) maýyplygy bolan adamlar, eger lukmançylyk bilermen toparynyň netijenamasy esasynda olaryň saglygy hünär borçlarynyň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik bermese ýa-da beýleki adamlaryň saglygyna we zähmet howpsuzlygyna howp salmasa;

7) şu Kodeksiň 7-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda zähmet gatnaşyklarynda hukuk kemsidilmeginiň sebäpleri boýunça adamlar;

8) şu kärhanadan harby gulluga çagyrylyp, ätiýaçlyga goýberilenden soň üç aýyň içinde oňa işe gelen, çagyrylyş boýunça harby gullukçylar.

3. Zähmet şertnamasyny baglaşmakdan ýüz dönderilen adamyň talap etmegi boýunça iş beriji ol ýüz tutandan soň üç günden gijä galman ýüz öwürmegiň sebäbini ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr. Zähmet şertnamasyny baglaşmakdan ýüz öwrülmeginiň sebäpli esaslandyrmalaryny bermekden ýüz öwrülmegine kazyýete şikaýat edilip bilner.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

25-nji madda. Zähmet şertnamasy baglaşylanda talap edilýän resminamalar

 

1. Zähmet şertnamasy baglaşylanda işe girýän şahs iş berijä şu aşakdakylary görkezmelidir:

1) Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamany (pasport ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminama, on alty ýaşa çenli ýaşdaky adamlar üçin dogluş hakyndaky şahadatnama);

2) harby borçlular we harby gulluga çagyrylmaga degişli adamlar üçin harby hasabyň resminamasyny;

3) zähmet şertnamasyny ilkinji gezek baglaşýan ýa-da esasy işi bilen utgaşykly işe girýän işgärden başgasy zähmet depderçesini;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite bilimi ýa-da ýörite taýýarlygy talap edýän iş üçin bilim hakyndaky, hünär ýa-da ýörite bilimleriň bardygy hakyndaky diplomy ýa-da başga resminamany;

5) saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk netijenamasy we eger olaryň görkezilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa işe gatnaşygy bolan gaýry ýagdaýlary tassyklamak hakynda beýleki resminamalar.

2. Zähmet şertnamasy baglaşylanda iş berijiniň şu Kodeksde göz öňünde tutulmadyk resminamalary talap etmäge haky ýokdur.  

3. Aýry-aýry halatlarda döwlet ýa-da beýleki işiň (gullugyň) aýratynlygyny hasaba almak bilen zähmet şertnamasy baglaşylanda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goşmaça resminamalary görkezmegiň zerurlygy göz öňünde tutulyp bilner.

 

26-njy madda. Işe kabul etmegi resmileşdirmek

 

1. Işe kabul etmek işe girýän adamyň arzasynyň esasynda iş berijiniň çykaran buýrugy bilen resmileşdirilýär.

Işgäriň iş berijä – fiziki şahsa işe resmileşdirilmegi şu Kodeksiň 16-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda olaryň arasynda zähmet şertnamasynyň baglaşylmagy bolup durýar

2. Iş berijiniň işe kabul etmek hakyndaky buýrugy işgäre üç gün möhletde gol çekdirilip yglan edilýär.

3. Işgäriň talap etmegi boýunça iş beriji oňa görkezilen buýrugyň degişli ýagdaýda tassyklanan nusgasyny bermäge borçludyr.

4. Iş beriji işe kabul edende şu aşakdakylara borçludyr:

1) işgäri tabşyrylýan iş, zähmet şertleri we zähmet haky bilen wezipe gözükdirmesine laýyklykda tanyşdyrmaga, onuň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge;

2) işgäri köpçülikleýin şertnamalar (ylalaşyklar) we içerki zähmet düzgün-tertibini kadalaşdyrýan resminamalar bilen tanyşdyrmaga;

3) işgäre tehniki howpsuzlygy, zähmet gigiýenasyny, ýangyn howpsuzlygyny we zähmeti goramak baradaky beýleki talaplary düşündirmäge.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

27-nji madda. Zähmet şertnamasynyň hereket edip başlamagy

 

1. Buýrukda (şertnamada) işgäriň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek üçin girişmäge borçly edilip görkezilen senesi zähmet şertnamasynyň hereket edip başlamagydyr.

2. Iş berijiniň işe kabul etmek hakyndaky buýrugy (şertnamasy) talabalaýyk resmileşdirilmedik mahalynda, işgäriň işe hakyky goýberilmegi zähmet şertnamasynyň hereket edip başlamagydyr. Işgäri işe kabul etmek hakyndaky buýruk işe hakyky goýberilen gününden başlap üç senenama gününden gijä galman çykarylmalydyr.

3. Eger işgär bellenilen möhletden ýedi senenama gününiň geçmegi bilen esasly sebäpler bolmazdan işe girişmese, onda zähmet şertnamasy baglaşylmadyk diýlip hasap edilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

28-nji madda. Synag möhletli zähmet şertnamasy

 

1. Zähmet şertnamasy baglaşylanda taraplaryň ylalaşmagy bilen işgäriň tabşyrylan işe laýyk gelşini barlamak maksady bilen synag möhleti bellenilip bilner. Synag möhleti üç aýdan geçmeli däldir, kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, baş hasapçylar we olaryň orunbasarlary, şahamçalaryň, wekilhanalaryň we kärhanalaryň gaýry aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary üçin, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, bu möhlet alty aýdan geçmeli däldir.  

Işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyz bolan döwri we onuň işde hakyky bolmadyk beýleki döwürleri synag möhletine girmeýär.

2. Synag möhleti hakyndaky şert işe kabul edilende görkezilmelidir. Buýrukda synag möhleti hakyndaky şert görkezilmedik bolsa, işgäriň synag möhletsiz kabul edilendigini aňladýar.

3. Işgär üçin synag möhletiniň döwründe Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şeýle hem köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) şertleri degişlidir. 

Synag möhleti iş döwrüne goşulýar.

4. Zähmet şertnamasy baglaşylanda synag möhleti şu aşakdakylar üçin bellenilmeýär:

1) on sekiz ýaşy dolmadyk adamlara;

2) orta we ýokary hünär bilimi edaralaryny tamamlap, alan hünäri boýunça işe ýollaýyş haty esasynda işe girýän adamlara;

3) maýyplygy bolan adamlara;

4) wagtlaýyn we möwsümleýin işgärlere;

5) göwreli aýallara, şeýle hem üç ýaşa çenli çagalary (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagasy) bolan aýallara;

6) başga işe, başga ýere ýa-da başga iş berijä geçirilen adamlara;

7) degişli wezipäni eýelemek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilen bäsleşik boýunça işe giren adamlara;

8) saýlawly tölegli işe saýlanan adamlara;

9) iş berijileriň arasyndaky ylalaşyk boýunça başga iş berijiden geçirmek tertibinde işe çagyrylan adamlara;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

5. Iş beriji synag möhletiniň gutarmagyna çenli synagdan geçmedik işgär bilen zähmet şertnamasyny ýatyrmaga haklydyr, oňa bu hakda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna çenli üç senenama gününden gijä galman ýazmaça habar bermelidir. Şunda iş beriji synagdan geçip bilmedik işgär diýip hasap etmek üçin esas bolan sebäpleri görkezmäge borçludyr. Iş berijiniň karary işgär tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.

6. Eger zähmet şertnamasy synag möhletiniň içinde ýatyrylmasa, onda işgär synagdan geçen diýlip hasap edilýär we soňra diňe umumy esaslarda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna ýol berilýär.

7. Eger synag möhletiniň dowamynda işgär özüne teklip edilen iş özi üçin amatly däl diýen netijä gelse, onda ol zähmet şertnamasyny öz islegine görä ýatyrmak hukugyna eýedir, ol şonda bu hakda iş berijä üç senenama gününiň içinde ýazmaça görnüşde duýdurmalydyr.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

29-njy madda. Zähmet şertnamasy baglaşylanda lukmançylyk anyklamasy

 

Zähmet şertnamasy baglaşylanda on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlar, şeýle hem şu Kodeksiň 187-nji we 251-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde beýleki adamlar hökmany suratda deslapky lukmançylyk anyklamasyny geçmäge degişlidir.

 

30-njy madda. Zähmet depderçesi

 

1. Zähmet depderçesi işgäriň zähmet işi hakyndaky esasy resminamasydyr.

2. Zähmet depderçesiniň bellenilen nusgasy bardyr. Zähmet depderçeleriniň nusgasy, olary bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. 

3. Eger iş (gulluk) işgär üçin esasy bolsa, iş beriji (fiziki şahs bolup durýan iş berijilerden başga) bellenilen tertibe laýyklykda kärhanada bäş günden köp işlän her bir işgäre zähmet depderçelerini ýöretmäge borçludyr.

Bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde degişli döwlet salgyt gulluklary tarapyndan bellige alnan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara zähmet depderçeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan resmileşdirilýär.

4. Zähmet depderçesine işgär, onuň işe kabul edilmegi, başga hemişelik işe geçirilmeleri, saýlawly edaralara saýlanmagy, işgäriň işden boşadylmagy hakyndaky maglumatlar, şeýle hem zähmet şertnamasyny bes etmegiň esasy, işgäriň sylaglanylmagy we höweslendirilmegi hakyndaky maglumatlar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki maglumatlar girizilýär. Zähmet depderçesine temmiler hakyndaky maglumatlar girizilmeýär, haçan-da düzgün-nyzam temmisi boýunça işden boşadylýan bolsa, onda ol muňa degişli däldir.

Işgäriň islegine görä esasy işi bilen utgaşykly işländigi hakyndaky maglumatlar utgaşykly işi tassyklaýan resminamanyň esasynda esasy iş ýeri boýunça zähmet depderçesine girizilýär.

Zähmet depderçesine şeýle hem işgäriň pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamyndaky şahsy hasaba alnyş belgisi ýazylýar.

5. Zähmet depderçesiniň haýsy hem bolsa bir bölüminiň ähli sahypalary doldurylan halatynda zähmet depderçesiniň üsti bellenilen tertipde içlik bilen doldurylýar.

6. Zähmet şertnamasynyň bes edilendigi hakyndaky ýazgylar şu Kodeksiň degişli bendine, bölegine we maddasyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna salgylanmak bilen şu Kodeksiň düzgünlerine takyk laýyklykda zähmet depderçesine girizilýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky; 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky; 2016-njy ýylyň       18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky we 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda;  2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda; 4, 147-nji madda)

 

3 bap. Zähmet şertleri. Zähmet şertnamasynyň şertlerini üýtgetmek

 

31-nji madda. Zähmet şertleri

 

1. Zähmet şertleri diýlip işgäriň zähmet çekmegi (işi, gullugy) üçin gerek bolan hukuk, durmuş we önümçilik-tehniki faktorlaryň jemine düşünilýär. Olara iş ýeri (iş orny), zähmete hak tölemegiň möçberi we şertleri, ýeňillikler, käriň, hünäriň, wezipäniň ady, iş we dynç alyş wagtynyň düzgüni, kärleriň utgaşdyrylmagy, rugsatlar, öwez pullary we tölegler, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy, önümçilik-durmuş we zähmetiň beýleki şertleri degişlidir.

2. Zähmet şertleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şeýle hem zähmet şertnamasyny we köpçülikleýin şertnamany (ylalaşygy) taraplarynyň ylalaşmagy bilen bellenilýär.

 

32-nji madda. Zähmet şertleriniň üýtgedilmegi

 

1. Önümçiligi we zähmeti guramakdaky üýtgetmeler bilen baglanyşykly zähmet şertnamasynyň we köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) taraplarynyň ylalaşmagy bilen bellenilen zähmet şertleriniň üýtgedilmegine şol bir kär, hünär ýa-da wezipe boýunça iş dowam etdirilende ýol berilýär. Zähmet şertleriniň üýtgändigi hakynda işgär olaryň başlanmagyna bir aýdan giç bolmadyk möhletde habarly edilmelidir. 

Eger zähmetiň öňki şertleri saklanylyp bilinmese, işgär bolsa täze şertlerde işiň dowam etdirilmegine razy bolmasa, onda zähmet şertnamasynyň hereketi şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda bes edilýär.

2. Beýleki tarapyň razyçylygy bilen zähmet şertleriniň üýtgedilmegine zähmet şertnamasynyň taraplaryndan biriniň talap etmegi boýunça ýol berilýär. Zähmet şertlerini üýtgetmek hakynda taraplardan biri bir aýdan giç bolmadyk möhletde ýazmaça habarly edilmelidir.

3. Işgär öz işini (gullugyny) zähmet şertnamasynda kesgitlenilen şol bir kär, hünär ýa-da wezipe boýunça dowam etdirende iş beriji zähmet şertlerini üýtgetmäge haklydyr. Işgär zähmet şertlerini üýtgetmek hakynda bir aýdan giç bolmadyk möhletde ýazmaça habarly edilmelidir.

Eger önümçiligiň we zähmetiň guralyşy, işleriň möçberleri üýtgese, işgärleriň işden köpçülikleýin boşadylmagyna getirse, şonda iş beriji iş orunlaryny saklamak maksady bilen kärhananyň kärdeşler arkalaşygy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşyp duýduryşyň göz öňünde tutulan möhletini berjaý etmezden işgärleriň zähmet şertlerini üýtgetmäge haklydyr. Şunda iş wagtynyň dowamlylygy iş wagtynyň aýlyk ölçeginiň ýarysyndan, zähmet haky bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmet hakynyň iň az möçberinden pes bolup bilmez.

4. Işgär Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda kesgitlenen, şeýle hem zähmet şertnamasynyň taraplarynyň ylalaşan halatlarynda iş berijiden zähmet şertleriniň üýtgedilmegini talap etmäge haklydyr. Zähmet şertlerini üýtgetmek hakynda işgäriň arzasyna iş beriji tarapyndan üç günden gijä galman garalmalydyr.

5. Köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) şertleri bilen deňeşdireniňde işgäriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan zähmet şertleriniň üýtgetmeleri girizilip bilinmez.

6. Zähmet şertlerini üýtgetmek işgäre gol çekdirilip iş berijiniň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

7. Zähmet şertleri iş beriji tarapyndan üýtgedilen halatynda işgär kazyýete şikaýat etmäge haklydyr. Öňki zähmet şertlerini saklap galmaga mümkinçiliginiň ýokdugyny subut etmek iş berijiniň üstüne ýüklenilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

33-nji madda. Başga hemişelik işe geçirmek ýa-da iş ýerini üýtgetmek

 

1. Iş berijiniň başlangyjy boýunça şol bir kärhanada başga hemişelik işe geçirmäge, ýagny zähmet borçlaryny ýa-da zähmet şertlerini üýtgetmäge, şeýle hem başga kärhana ýa-da kärhana bilen bilelikde başga ýere hemişelik işe geçirmäge işgäriň ýazmaça razylygy bilen ýol berilýär.

2. Iş berijiniň başlangyjy boýunça şol bir kärhanada başga işe geçirmek diňe işgäriň ýazmaça razylygy bilen amala aşyrylýar, şu Kodeksiň 34-nji, 36-njy maddalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

3. Eger başga işe geçmek şu aşakdakylar bilen baglanyşykly bolsa:

1) önümçilik tehnologiýasynyň, zähmetiň guralyşynyň üýtgemegi, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy netijesinde işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy; 

2) öň bu wezipe sanawyndaky wezipäni eýelän işgäriň işe dikeldilmegi, iş beriji işgäre onuň degişli kärine we hünärine laýyk işi, ol bolmadyk mahalynda bolsa kärhanada bolan başga işi teklip etmäge borçludyr.

4. Iş beriji lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda başga işiň berilmegine mätäçlik çekýän işgäri, onuň razylygy bilen saglyk ýagdaýyna ters gelmeýän bar bolan başga işe geçirmäge borçludyr.

5. Işgär başga işe geçirilmeden ýüz öwrende ýa-da iş berijide degişli iş bolmadyk mahalynda zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-5-nji bentlerine laýyklykda bes edilýär (ýatyrylýar).

6. Işgäriň razylygy bilen iş berijileriň arasyndaky ylalaşyk boýunça başga kärhana işe geçirilende, işgär bilen baglaşylan zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda ýatyrylýar. 

7. Başga hemişelik işe geçirmek iş berijiniň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

8. Işgäriň şol bir kärhanada başga iş ornuna, şol ýerdäki başga düzüm birligine iş ýeriniň üýtgedilmegi, zähmet şertnamasynda şertlendirilen şol kär, hünär ýa-da wezipe boýunça başga mehanizmde ýa-da agregatda işlemegiň tabşyrylmagy onuň başga işe geçirilmegi däldir we munuň üçin onuň razylygy talap edilmeýär.

9. Şu aşakdaky ýagdaýlarda işgäriň başga işe geçirilmegine ýol berilmeýär:

1) saglyk ýagdaýy boýunça oňa ýaramaýan başga işe;

2) hünärli işgäri hünärsiz işe.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

34-nji madda. Önümçilik zerurlygy bilen baglanyşykly başga işe wagtlaýyn geçirmek

 

1. Iş berijiniň önümçilik zerurlygy ýüze çykan mahalynda işgäri şol bir kärhanada, şol bir ýerde zähmet şertnamasynda şertlendirilmedik işe (başga kär, hünär, wezipe boýunça) onuň razylygy bolmazdan bir aýa çenli möhlet bilen geçirmäge haky bardyr. Taraplaryň ylalaşmagy bilen şeýle işe geçirmegiň möhleti uzaldylyp bilner, ýöne ol ýylda üç aýdan köp bolmaly däldir, ýok işgäriň ýerini çalyşmak muňa girmeýär.

Tebigy betbagtçylygyň, önümçilik heläkçiliginiň öňüni almak ýa-da olaryň ýetiren zyýanlaryny şol wagtda düzetmek, betbagtçylykly hadysalaryň, boş durmagyň, emlägiň ýok edilmeginiň ýa-da zaýalanmagynyň  öňüni almak üçin, şeýle hem ýok işgäriň ýerini çalyşmak üçin başga işe geçirilmegine ýol berilýär. Şunda işgär saglyk ýagdaýy boýunça özüne ýaramaýan işe geçirilip bilinmez.

2. Önümçilik heläkçiliginiň ýa-da tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýanyny ýok etmek bilen baglanyşykly wagtlaýyn başga işe geçirmek diňe işgäriň razylygy bilen we iş berijileriň arasyndaky ylalaşyk boýunça başga iş berijä geçirilip bilner.

3. Önümçilik zerurlygy bilen baglanyşykly başga ýere wagtlaýyn işe geçirmeklige diňe işgäriň razylygy bilen ýol berilýär.

4. Önümçilik zerurlygy bilen baglanyşykly başga wagtlaýyn işe geçirilende zähmete hak tölemek ýerine ýetirilýän iş boýunça geçirilýär, ýöne ol öňki iş boýunça ortaça zähmet hakyndan pes bolmaly däldir, normalary ýerine ýetirmeýän ýa-da wagta görä hak tölenilýän işe geçirilen işgärlerde olaryň tarif möçberi (aýlyk zähmet haky) saklanyp galýar.

5. Başga işe wagtlaýyn geçirmek başga işe geçirmegiň möhleti görkezilip iş berijiniň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

6. Işe wagtlaýyn geçirmegiň möhleti gutaranda iş beriji işgäre öňki işini (wezipesini) bermäge borçludyr.

7. Işgär ýazmaça razylygy bilen has pes hünärli işe wagtlaýyn geçirilip bilner.

8. Ýok işgär wagtlaýyn çalşylan mahalynda hünärli işgäriň hünärsiz işe geçirilmegine ýol berilmeýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda)   

 

35-nji madda. Işgäriň haýyşy boýunça başga işe wagtlaýyn  geçirmek

 

1. Esasly sebäp boýunça işgäriň haýyşy bilen başga işe wagtlaýyn geçirilip bilner, ol iş beriji tarapyndan kanagatlandyrylmaga degişlidir.

2. Wagtlaýyn başga işe geçirmek üçin esasly sebäpleriň sanawy, şeýle hem başga işe geçirilende zähmete hak tölemegiň tertibi köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) bellenilip bilner ýa-da iş beriji tarapyndan işgärleriň wekilçilikli edarasy tarapyndan ylalaşylyp kesgitlenip bilner.

3. Işgärleri has ýeňil ýa-da saglyk ýagdaýy boýunça ýaramaz önümçilik faktorlarynyň işe täsir etmegini aradan aýyrýan wagtlaýyn başga işe geçirmek, şeýle hem göwreli aýallary, üç ýaşa çenli çagalary (on sekiz ýaşyna çenli maýyplygy bolan çagasy) bolan aýallary şol zeýilli işe wagtlaýyn geçirmek öňki işi boýunça ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen amala aşyrylýar.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

36-njy madda. Boş durlan mahalynda başga işe wagtlaýyn geçirmek

 

1. Önümçilik ýa-da ykdysady häsiýetli sebäplere görä (enjamlaryň, mehanizmleriň hatardan çykmagy, çig malyň, materiallaryň, elektrik energiýasynyň bolmazlygy we ş.m.) işiň wagtlaýyn ýoklugy boş durmak diýlip ykrar edilýär.

2. Boş durlan mahalynda başga işe wagtlaýyn geçirmek şol bir iş berijide boş durmagyň ähli wagty üçin we şol ýerdäki başga iş berijä bir aýa çenli möhlet bilen işgäriň kärini, hünärini, wezipesini hasaba almak bilen geçirilmelidir.

3. Boş durlan mahalynda pes hak tölenilýän işe wagtlaýyn geçirilende iş öndürijiliginiň kesgitlenen möçberlerini ýerine ýetirýän işgärlerde öňki iş boýunça ortaça zähmet haky saklanyp galýar, iş öndürijiliginiň kesgitlenen möçberlerini ýerine ýetirmeýän ýa-da wagta görä hak tölenilýän işe geçirilen işgärlerde olaryň tarif möçberi (aýlyk zähmet haky) saklanyp galýar.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

37-nji madda. Kärhananyň eýesi çalşanda, kärhananyň edara tabynlygy (garaşlylygy) üýtgände, ol üýtgedilip guralanda, kärhana kärendesine  berlende zähmet gatnaşyklary

 

1. Kärhananyň eýesi çalşan mahalynda onuň täze eýesi özünde eýeçilik hukuklarynyň ýüze çykan gününden başlap üç aýdan gijä galman kärhananyň ýolbaşçysy, onuň orunbasarlary we baş hasapçysy bilen zähmet şertnamasyny ýatyrmak hukugyna eýedir.

2. Kärhananyň eýesiniň çalyşmagy kärhananyň beýleki işgärleri bilen zähmet şertnamalarynyň ýatyrylmagy üçin esas däldir.

3. Kärhananyň edara tabynlygynyň (garaşlylygynyň) üýtgemegi, üýtgedilip gurulmagy (birikmegi, goşulmagy, bölünmegi, bölünip aýrylmagy, özgerdilmegi), kärhananyň kärendesine berilmegi kärhananyň işgärleri bilen zähmet şertnamalaryny ýatyrmak üçin esas bolup bilmez.

4. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlarda iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny bes etmek şu Kodeksde bellenilen kepillikleri hökman berjaý etmek bilen diňe işgärleriň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda mümkindir.

Şu ýagdaýlarda işgärleriň sanyny ýa-da wezipe sanawyny gysgaltmaklyga diňe kärhananyň döwlet bellige alyş maglumatlaryna üýtgetmeler girizilenden soň ýol berilýär.

 5. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlarda kärhananyň işgäri işini dowam etdirmekden ýüz öwren mahalynda zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 5-nji bendine laýyklykda bes edilýär.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

38-nji madda. Işden çetleşdirmek

 

1. Iş beriji şu aşakdaky halatlarda işgäri işden çetleşdirmäge (işe goýbermezlige) borçludyr:

1) zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk babatda bellenilen tertipde okuwy we bilimleri we endikleriň barlagyny geçmedik bolsa;

2) bellenilen tertipde hökmany deslapky ýa-da döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini geçmedik bolsa;

3) zähmet şertnamasy bilen şertlendirilen işi ýerine ýetirmek üçin lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda ýaramazlyk bar bolsa;

4) bellenilen tertipde oňa berlen hususy we (ýa-da) köpçülikleýin goranyş serişdelerinden peýdalanmaýan bolsa;

5) işe serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji ýagdaýda gelen bolsa;

6) iş berijiniň iş ýerine ýaýramak howpy bolan howply keselleriň garşysyna lukmançylyk edarasy tarapyndan bellenilen sanjymlary almadyk bolsa;

7) aýratyn zonalaryň (serhetýaka, gümrük we başgalar) bellenilen düzgünini bozan bolsa;

8) iş berijiniň iş desgalary ýerleşýän aýratyn goralýan zonalara (serhet, goraghana we başgalar) ygtyýary ýok bolsa;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda muňa ygtyýarly edaranyň ýa-da wezipeli adamyň talap etmegi boýunça;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Işden çetleşdirmek ýa-da işe goýbermezlik üçin esas bolan ýagdaýlar düzedilýänçä adam bütin döwrüň dowamynda işden çetleşdirilýär (işe goýberilmeýär).

3. Işden çetleşdirilýän (işe goýberilmeýän) döwürde işgäre zähmet haky hasaplanylmaýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir. Işgär öz günäsi bolmazdan zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk babatynda okuw geçmedikligi, bilimleriň we endikleriniň barlagyny we hökmany deslapky ýa-da döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini geçmedikligi, aýratyn goralýan zonalara ygtyýar almadyklygy sebäpli işden çetleşdirilen halatlarynda oňa edil boş durlandaky ýaly işden çetleşdirilmeginiň bütin döwri üçin töleg geçirilýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

4 bap. Zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak)

 

39-njy madda. Zähmet şertnamasyny bes etmegiň  (ýatyrmagyň) umumy esaslary

 

1. Şu aşakdakylar zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) üçin esaslardyr:

1) şu Kodeksiň 32-nji maddasyna laýyklykda zähmet şertnamasynyň şertleriniň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly işgäriň işi dowam etdirmekden ýüz öwürmegi;

2) şu Kodeksiň 33-nji maddasynyň altynjy bölegine laýyklykda işgäriň öz haýyşy boýunça ýa-da öz razylygy bilen başga iş berijä başga hemişelik işe geçirilmegi;

Şunlukda ýokarda durýan edaranyň buýrugy boýunça bir ministrligiň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaranyň ulgamynda işgäriň başga kärhana işe geçirilmegi zähmet şertnamasynyň bes edilmegine (ýatyrylmagyna) esas bolup bilmeýär.

3) işgäriň lukmançylyk netijenamasynyň esasynda saglyk ýagdaýy boýunça başga işe geçirilmeginden ýüz öwürmegi ýa-da şu Kodeksiň 33-nji maddasynyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan iş berijide degişli işiň ýoklugy;

4) şu Kodeksiň 33-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda iş berijiniň başga ýere geçmegi bilen baglanyşykly işgäriň şol ýere işe geçirilmeginden ýüz öwürmegi;

5) şu Kodeksiň 37-nji maddasyna laýyklykda kärhana eýesiniň çalyşmagy, kärhananyň edara tabynlygynyň (garaşlylygynyň) üýtgemegi, onuň üýtgedilip guralmagy, kärhananyň kärendä berilmegi bilen baglanyşykly işgäriň işi dowam etdirmekden boýun gaçyrmagy;

6) şu Kodeksiň 40-njy maddasyna laýyklykda taraplaryň ylalaşmagy;

7) şu Kodeksiň 41-nji maddasyna laýyklykda işgäriň başlangyjy (öz islegi);

8) şu Kodeksiň 42-nji maddasyna laýyklykda iş berijiniň başlangyjy;

9) şu Kodeksiň 46-njy maddasyna laýyklykda kärdeşler arkalaşygy guramasynyň talap etmegi;

10) şu Kodeksiň 47-nji maddasyna laýyklykda taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýda;

11) möhletli zähmet şertnamasynyň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagy, şeýle hem şu Kodeksiň 48-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen esaslar, haçanda zähmet gatnaşyklarynyň hakyky dowam edýän we olaryň bes edilmeginiň taraplaryň hiç biri tarapyndan talap edilmedik halatlary muňa degişli däldir;

12) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň bozulmagy, eger bu bozulma şu Kodeksiň 49-njy maddasyna laýyklykda işi dowam etdirmek mümkinçiligini aradan aýyrýan bolsa.

2. Zähmet şertnamasy şu Kodeksde we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga esaslar boýunça hem ýatyrylyp bilner.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

40-njy madda. Zähmet şertnamasyny taraplaryň ylalaşygy boýunça bes etmek (ýatyrmak)

 

Zähmet şertnamasy taraplaryň ýazmaça ylalaşygy boýunça islendik wagt bes edilip (ýatyrylyp) bilner.

 

41-nji madda. Zähmet şertnamasynyň işgäriň başlangyjy boýunça ýatyrylmagy

 

1. Işgär möhletsiz baglaşylan zähmet şertnamasyny, şeýle hem möhletli zähmet şertnamasyny onuň möhleti tamamlanmanka öz başlangyjy boýunça ýatyrmaga haklydyr, şonda ol bu hakda iş berijini iki hepde öňünden ýazmaça habarly etmelidir. Işden boşatmak hakynda duýduryşyň möhleti gutarandan soň işgär işini bes etmäge haklydyr, iş beriji bolsa işgäre zähmet depderçesini bermäge we onuň bilen hasaplaşyk geçirmäge borçludyr.

2. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça zähmet şertnamasy işden boşatmak hakyndaky duýduryşyň möhletiniň gutarmagyna çenli bes edilip bilner.

3. Işden boşatmak hakyndaky duýduryşyň şu maddanyň birinji böleginde ýa-da taraplaryň ylalaşmagy bilen göz öňünde tutulan möhletiniň içinde işgär berlen arzany yzyna almaga haklydyr.   

Eger işden boşatmak hakyndaky duýduryşyň möhleti gutarandan soň işgär bilen zähmet şertnamasy ýatyrylmasa we zähmet gatnaşyklary dowam etse, onda işgäriň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny ýatyrmak hakyndaky arza güýjüni ýitirýär, zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna we işden boşadylmagyna ýol berilmeýär.

4. Haçanda işgäriň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny ýatyrmak hakyndaky arza onuň işi dowam etdirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy bilen şertlendirilse (okuw mekdebine girmegi, saýlawly wezipä saýlanylmagy we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda), iş beriji zähmet şertnamasyny işgäriň arzasynda görkezilen möhletde ýatyrmalydyr.

 

42-nji madda. Zähmet şertnamasynyň iş berijiniň başlangyjy boýunça ýatyrylmagy

 

1. Zähmet şertnamasy iş berijiniň başlangyjy boýunça şu aşakdaky halatlarda ýatyrylyp bilner:

1) kärhana ýatyrylanda ýa-da iş beriji – fiziki şahs tarapyndan iş bes edilende;

2) kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda, şol sanda önümçilik tehnologiýasynyň, zähmeti guramagyň üýtgedilmegi, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy bilen baglanyşykly;

3) ýeterlik hünär derejesiniň bolmazlygy sebäpli, işgäriň eýeleýän wezipesine ýa-da ýerine ýetirýän işine laýyk gelmezligi, şol sanda hünär synagynyň netijeleri bilen tassyklanan bolsa;

4) şu Kodeksiň 37-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda kärhananyň eýesi çalşanda (kärhananyň ýolbaşçysy, onuň orunbasarlary we baş hasapçysy babatynda);

5) eger belli bir kesel sebäpli iş ýerini (wezipesini) saklamagyň has uzak möhleti Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilmedik bolsa, onda göwrelilik we çaga dogurmak baradaky rugsadyň döwrüni hasaplamanyňda işe wagtlaýyn ýarawsyzlyk netijesinde bassyr dört aýdan köp wagtlap işe gelinmedik mahalynda. Zähmetde şikes ýetenligi ýa-da hünär keseli sebäpli işe ýarawlylygyny ýitiren işgärleriň işe ýarawlylygy dikeldilýänçä ýa-da maýyplyk bellenilýänçä olaryň iş ýeri (wezipesi) saklanylýar;

6) eger işgäre öň düzgün-nyzam temmi çäreleri ulanylan bolsa zähmet şertnamasy ýa-da kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary bilen onuň üstüne ýüklenen zähmet borçlarynyň işgär tarapyndan esasly sebäpler bolmazdan yzygiderli ýerine ýetirilmedik mahalynda;

7) işden sebäpsiz galanda, şol sanda iş gününiň dowamynda esasly sebäpler bolmazdan üç sagatdan köp iş ýerinde bolmadyk mahalynda;

8) işde serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji gaýry ýagdaýda peýda bolnanda;

9) işgäriň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özüne mälim bolan Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan  goralýan  syry (döwlet, täjirçilik, gulluk we başga) jar edende;

10) kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen ýa-da dolandyryş temmisini bermek ygtyýarlygyna girýän edaranyň karary bilen iş ýerinde emlägi ogurlan, sowran, ony bilgeşleýin dargadan ýa-da zaýalan mahalynda;

11) zähmeti goramak baradaky talaplaryň işgär tarapyndan bozulan mahalynda, eger bu düzgün bozma agyr netijelere getirse (önümçilikde betbagtçylykly hadysa, heläkçilik, betbagtçylyk) ýa-da şeýle netijeleriň gelip ýetmegine görnetin hakyky howp döretse;

12) zähmet şertnamasy baglaşylanda işgär tarapyndan iş berijä galp resminamalarýa-da görnetin ýalan maglumatlar berlendigi ýüze çykarylanda;

13) kärhananyň ýolbaşçysy, kärhananyň ýerine ýetiriji edarasynyň agzalary bilen zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan halatlarda;

14) şu Kodeksde bellenilen beýleki halatlarda.

2. Iş beriji kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda şol kärhanada işgäriň hünärine laýyk gelýän bar bolan başga işi (boş wezipäni) işgäre teklip etmäge borçludyr.

3. Işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyz bolan döwründe we rugsatda bolan (şu maddanyň birinji böleginiň 5-nji bendinde görkezilen halatlardan başga) döwründe iş berijiniň başlangyjy boýunça onuň işden boşadylmagyna ýol berilmeýär (kärhananyň ýatyrylan ýa-da iş beriji – fiziki şahs tarapyndan işiň bes edilen halaty muňa degişli däldir).

4. Kärhananyň başga ýerde ýerleşen şahamçasynyň, wekilhanasynyň, bölüminiň ýa-da başga aýrybaşgalanan düzüm birliginiň (mundan beýläk düzüm birligi diýlip atlandyrylýan) işi bes edilen mahalynda bu düzüm birlikleriniň işgärleri bilen zähmet şertnamalaryny ýatyrmak, kärhananyň ýatyrylmak halatlary üçin göz öňünde tutulan kadalar boýunça geçirilýär.   

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky; 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky we 2016-njy ýylyň   18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

43-nji madda. Işgärleriň aýry-aýry toparlary bilen zähmet  şertnamasyny bes etmegiň goşmaça esaslary

 

Işgärleriň aýry-aýry toparlary bilen zähmet şertnamasyny bes etmegiň goşmaça esaslary şu aşakdakylardyr:

1) kärhananyň (düzüm birliginiň) ýolbaşçysynyň, onuň orunbasarlarynyň we öz tertipnamalaryna laýyklykda düzgün-nyzam jogapkärçiligini çekýän işgärleriniň zähmet borçlaryny bir gezek           gödek bozmagy;

2) kärhananyň (düzüm birliginiň) ýolbaşçysynyň, onuň orunbasarlarynyň we baş hasapçysynyň emlägi saklamagyň bozulmagyna, onuň bikanun peýdalanylmagyna ýa-da kärhana başga zyýan (zelel) ýetirilmegine getiren esassyz karar kabul etmegi;

3) pul we beýleki gymmatlyklara gös-göni hyzmat edýän işgär tarapyndan bikanun hereketleriň, şonuň ýaly-da döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan korrupsiýa bilen bagly ýa-da korrupsiýa üçin şertleri döredýän hukuk bozulmalarynyň edilmegi, eger olar iş beriji tarapyndan görkezilen adamlara ynamy ýitirmek üçin esas berýän bolsa;

4) terbiýeçilik wezipelerini ýerine ýetirýän işgär tarapyndan onuň bu işi dowam etdirmegi bilen bir ýere sygyşmaýan ahlaksyz etmişi amala aşyrmagy;

5) kazyýetiň kanuny güýje giren karary esasynda işgäriň Ýörite dikeldiş (reabilitasiýa) merkezine iberilmegi;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna we zähmet şertnamasynyň şertlerine laýyklykda beýleki esaslar.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky we 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary,      2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda we 4, 151-nji madda)

 

44-nji madda. Zähmet şertnamasyny iş berijiniň başlangyjy boýunça bes etmek hakynda duýduryş

 

1. Iş beriji şu aşakdaky möhletlerde özüniň zähmet şertnamasyny bes etmek meýli hakynda işgäri ýazmaça (gol çekdirilip) duýdurmaga borçludyr:

1) kärhananyň ýatyrylmagy ýa-da iş beriji – fiziki şahs tarapyndan işiň bes edilmegi, şeýle hem işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy (şol sanda önümçiligiň tehnologiýasyndaky, zähmetiň guralyşyndaky üýtgetmeler, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy) bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende – iki aýdan gijä galman;

2) işgäriň hünäriniň ýeterlik däldigi netijesinde onuň ýerine ýetirýän işine laýyk gelmezligi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende – azyndan iki hepdeden gijä galman.

3) möhletli zähmet şertnamasynyň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli azyndan iki hepdeden gijä galman.

Işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk ýa-da rugsatda bolýan döwründe kärhana ýatyrylsa ýa-da kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylsa, onda şu görkezilen wagt duýduryş möhletine girýär.

Eger, kärhananyň işgärleriniň sany ýa-da wezipe sanawy gysgaldylanda şu bölekde bellenilen duýduryş möhleti tamamlanýan wagtynda işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy ýa-da rugsadyň möhleti dowam edýän bolsa, onda onuň bilen baglaşylan zähmet şertnamasynyň hereketi görkezilen rugsatlaryň tamamlanan güni ýa-da zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk döwrüniň tamamlananlygy sebäpli işe çykan güni bes edilýär.

2. Işgär bilen iş berijiniň arasyndaky ylalaşyk boýunça şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan duýdurma duýduryş möhletiniň dowamlylygyna görä ortaça zähmet haky möçberindäki öwez puly bilen çalşyrylyp bilner.

3. Eger lukmançylyk netijenamasynda işgäre bu işi ýerine ýetirmek bolmaýar diýlip görkezilen bolsa, işgäriň saglyk ýagdaýy sebäpli ýerine ýetirýän işine laýyk gelmezligi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende duýduryş geçirilmeýär.

4. Kärhananyň eýesiniň çalyşmagy bilen baglanyşykly kärhananyň ýolbaşçysy, onuň orunbasarlary we baş hasapçysy bilen zähmet şertnamasy bes edilende täze eýesi azyndan iki aý galanda zähmet gatnaşyklarynyň geljekki bes edilmegi hakynda ýolbaşçyny, onuň orunbasarlaryny we baş hasapçyny ýazmaça (gol çekdirip) duýdurmaga borçludyr.  

5. Işgäriň şu Kodeksiň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-12-nji bentlerinde görkezilen bikanun hereketleri etmegi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilen halatlarynda iş beriji azyndan üç senenama güni öňünden zähmet gatnaşyklaryny bes etmek hakynda işgäre habar berýär.

6. Iş beriji işgärleriň işden boşadylmagyna çenli azyndan iki aý galanda şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda işgärleriň geljekki işden boşadylmagy hakyndaky maglumaty kärdeşler arkalaşygyna ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasyna iberýär we işden boşatmagyň netijeleriniň ýeňilleşdirilmegine gönükdirilen maslahatlar geçirýär. Iş beriji şonuň ýaly-da işgäriň ýaşyny, jynsyny, kärini, hünärini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen işden geljekki boşadyljak her bir işgär hakyndaky maglumatlary iki aýdan gijä galman iş bilen üpjün ediji ýerli edaranyň (gullugyň) dykgatyna ýetirmäge borçludyr.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2016 ý.,   2, 101-nji madda)

 

45-nji madda. Iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny bes etmegi (ýatyrmagy) kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy  bilen ylalaşmak

 

1. Şu Kodeksiň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 4-nji,        9-njy, 10-njy, 12–14-nji bentlerinde, şeýle hem 43-nji maddanyň 1-nji, 2-nji we 5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda kärdeşler arkalaşygy edarasynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň deslapky razylygy bolmazdan iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasynyň bes edilmegine (ýatyrylmagyna) ýol berilmeýär.

Şu aşakdaky halatlarda iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny ýatyrmak üçin degişli kärdeşler arkalaşyklarynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň deslapky razyçylygy talap edilmeýär:

1) degişli kärdeşler arkalaşyklary ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy bolmadyk kärhanadan;

2) döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan şonuň ýaly-da jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlaryň beýleki birleşikleri tarapyndan wezipä saýlanylýan, tassyklanylýan ýa-da bellenilýän ýolbaşçy işgärler, kärhananyň (onuň şahamçalarynyň, wekillikleriň we beýleki bölümçeleriniň) ýolbaşçylary, olaryň orunbasary işden çykarylanda.

2. Kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hukugyna eýe bolan wezipeli adamyň ýazmaça teklipnamasyny alan gününden başlap on gün möhletde işgär bilen zähmet gatnaşyklaryny bes etmek üçin ylalaşyk meselesi boýunça kabul edilen karar hakynda iş berijä ýazmaça görnüşde habar bermelidir.

3. Işgär bilen zähmet gatnaşyklaryny bes etmäge razylyk berlendigi hakynda kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy tarapyndan kararyň kabul edilen gününden başlap iş beriji bir aýdan gijä galman zähmet şertnamasyny bes etmäge (ýatyrmaga) haklydyr.        

4. Şu Kodeksiň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda işgärleri işden boşatmak üçin esas bolup biljek hünär synagy geçirilende hünär synagy toparynyň düzümine hökmany tertipde degişli kärdeşler arkalaşygy ýa-da beýleki wekilçilikli guramasyndan wekil goşulýar.

5. Işgär tarapyndan zähmet düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin iş berijiniň zähmet şertnamasyny bes etmegine (ýatyrmagyna) düzgün-nyzam temmilerini bermek üçin bellenilen möhletler geçenden soň ýol berilmeýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., 4, 151-nji madda; 2016 ý.,   2, 101-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

46-njy madda. Zähmet şertnamasyny kärdeşler arkalaşygy guramasynyň talap etmegi boýunça ýatyrmak

 

Eger ýolbaşçy işgär Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny bozsa, köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmese, iş beriji kärdeşler arkalaşygy guramasynyň (etrap derejesinden pes bolmadyk) talap etmegi boýunça ýolbaşçy işgär bilen zähmet şertnamasyny ýatyrmaga ýa-da ony eýeleýän wezipesinden boşatmaga borçludyr.

 

47-nji madda. Taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça zähmet şertnamasyny bes etmek

 

1. Zähmet şertnamasy taraplaryň erkine bagly bolmadyk şu aşakdaky ýagdaýlar boýunça bes edilmäge degişlidir:

1) işgäriň harby gulluga çagyrylmagy ýa-da girmegi, işgäriň Türkmenistanyň harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky kanunçylyk bilen ýerine ýetirilmegi bilen şertlendirilen işe iberilmegi;

2) ygtyýarly edaranyň ýa-da kazyýetiň karary boýunça öň bu işi ýerine ýetiren işgäriň işe dikeldilmegi;

3) saýlawly wezipä geçmegi;

4) wezipä saýlanylmazlygy;

5) lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda işgäriň zähmete doly ukypsyz diýlip ykrar edilmegi;

6) kazyýetiň kanuny güýje giren hökümine laýyklykda işgäre öňki işini dowam etmegi aradan aýyrýan iş kesilmek jezasynyň berilmegi;

7) işgäriň ýa-da iş beriji fiziki şahsyň aradan çykmagy, şeýle hem kazyýetiň olary ölen diýip yglan etmegi ýa-da nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmegi;

8) işgäriň ýa-da iş beriji fiziki şahsyň kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen mahalynda, eger bu olaryň öňki işini dowam etdirmek mümkinçiligini aradan aýyrýan bolsa;

9) zähmet gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegine päsgel berýän adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda (harby hereketler, betbagtçylyk, tebigy betbagtçylyk, uly heläkçilik, epidemiýa we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar), eger bu ýagdaý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen ykrar edilen bolsa;

10) eger ýerine ýetirilýän iş şeýle rugsady talap etse, döwlet syryna rugsadyň bes edilmegi;

11) Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde işlemek üçin berlen iş rugsatnamasy ýatyrylan ýa-da onuň möhleti tamamlanan halatynda.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 6-8-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça zähmet şertnamasynyň bes edilen senesi kazyýetiň höküminiň ýa-da çözgüdiniň kanuny güýje giren senesidir, adamyň aradan çykan ýa-da adamyň bellenilen tertipde ölen diýlip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilen senesidir.

3. Eger işgäri onuň öz razylygy bilen başga işe geçirmek mümkin bolmasa, şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen esas boýunça zähmet şertnamasynyň bes edilmegine ýol berilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., 2, 101-nji madda)

 

48-nji madda. Möhletli zähmet şertnamasynyň hereketini bes etmek

 

1. Möhletli zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 39-47-nji maddalarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça, şeýle hem iş orny (wezipesi) saklanyp galýan wagtlaýyn bolmadyk işgäriň işe gaýdyp gelen gününden başlap bes edilip bilner.

2. Wagtyň görnetin belli bir döwri üçin ýa-da görnetin belli bir işi ýerine ýetirmek, betbagtçylykly halatlaryň, heläkçilikleriň, weýrançylyklaryň, epidemiýalaryň, epizootiýalaryň öňüni almak boýunça möhletli işleriň geçirilýän döwri üçin, şonuň ýaly-da görkezilen ýagdaýlary we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň ýetiren täsirlerini aradan aýyrmak üçin, önümçiligiň ýa-da hyzmatlary bitirmegiň möçberleriniň giňeldilmegi bilen baglanyşykly işleriň geçirilýän döwründe, durkuny täzelemek, gurnamak, sazlap-goýberiş we beýleki işleriň geçirilýän döwründe işgär bilen baglaşylan zähmet şertnamasy görkezilen ýagdaýlaryň tamamlanmagy bilen şertnamanyň şertine laýyklykda bes edilýär (ýatyrylýar).

3. Eger işgäriň rugsatda (çaga seretmek boýunça rugsatdan başga) ýa-da wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy döwründe zähmet şertnamasynyň möhleti gutaran bolsa, onuň bilen baglaşylan zähmet şertnamasynyň hereketi, rugsadyň soňky gününden ýa-da onuň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň gutarmagy bilen, işe çykan gününden bes edilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky, 2019-njy ýylyň     2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

49-njy madda. Zähmet şertnamasy baglaşylanda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde zähmet şertnamasyny bes etmek 

 

1. Zähmet şertnamasyny baglaşmagyň şu Kodeksde ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen kadalarynyň bozulmagy işi dowam etdirmek mümkinçiligini aradan aýyrýan bolsa, onda zähmet şertnamasy bes edilýär. Olar şulardan ybaratdyr:

1) kazyýetiň anyk adamy belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek baradaky hökümi ýerine ýetirilmän, zähmet şertnamasy baglaşylanda;

2) lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda saglyk ýagdaýyna görä bu adama bolmaýan işi ýerine ýetirmek üçin zähmet şertnamasy baglaşylanda;

3) eger Türkmenistanyň kanunlaryna ýa-da beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işiň ýerine ýetirilmegi ýörite bilimleri we endikleri talap edýän bolsa, bilimi ýa-da hünäri hakynda degişli resminamanyň ýoklugy;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Eger işgäri onuň ýazmaça razylygy bilen iş berijide bar bolan başga işe geçirmäge mümkinçilik bolmasa, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen halatlarda zähmet şertnamasy bes edilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen halatlarda zähmet şertnamasy bes edilende, eger işgäriň günäsi bolmazdan zähmet şertnamalaryny baglaşmagyň düzgünleriniň bozulmagyna ýol berlen bolsa, iş beriji işgäre iki hepdelik ortaça zähmet haky möçberinde işden çykylanda berilýän kömek puluny töleýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

50-nji madda. Işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende işde galmak       üçin artykmaç hukuk

 

1. Işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy sebäpli, şol sanda önümçiligiň tehnologiýasyndaky, zähmeti guramakdaky üýtgetmeler, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy, işleriň häsiýetiniň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende has ýokary hünärli we zähmet öndürijilikli işgärlere işde galmak üçin artykmaç hukuk berilýär.

2. Hünäri ýa-da zähmet öndürijiligi deň bolanda, işde galmak üçin artykmaç hukuk şu aşakdakylara berilýär: 

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda weteran diýip ykrar edilen adama;

2) çagalykdan maýyba;

3) şol kärhanada azyndan on ýyl işlän işgäre;

4) pensiýa ýaşynyň öňüsyrasyndaky adama (ýaşy boýunça pensiýa iki ýyl galanda);

5) şol kärhanada zähmet şikesini ýa-da hünär keselini alan adama;

6) eklenjinde iki ýa-da köp adam bolan işgäre;

7) maşgalada ýeke-täk ekleýji bolup durýan adama;

8) önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen okuw mekdebinde okaýan işgäre;

9) radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adama;

10) ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebini tamamlandan soň, işe iberilen ýaş hünärmene.

Şu Kodeksiň maksatlary üçin orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi edarasyny tamamlan we alan hünärine laýyklykda ýollaýyş haty esasynda işe kabul edilen işgär iki ýylyň dowamynda ýaş hünärmen hasaplanylýar.

3. Köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) bilen beýleki ýagdaýlar hem göz öňünde tutulyp bilner, olar bolan mahalynda işgärleriň işde goýulmagyna artykmaçlyk berilýär. Eger işgärler şu maddanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda işde galmakda artykmaç hukuga eýe bolmadyk mahalynda bu ýagdaýlar nazara alynýar.

(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2015-nji ýylyň      18-nji awgustyndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 26-njy  madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2015 ý., № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

51-nji madda. Zähmet şertnamasynyň bes edilmegini (ýatyrylmagyny) resmileşdirmek

 

1. Zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) işe kabul etmegiň hukugyna eýe bolan adamlar ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilenler tarapyndan geçirilýär we olaryň buýrugy bilen resmileşdirilýär.

2. Işiň soňky güni zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) güni hasaplanýar (şu Kodeksiň 106-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir). Eger soňky iş güni dynç gününe ýa-da baýramçylyk ýa-da başga işlenmeýän güne düşse, onda soňky iş güni diýlip ondan soň gelýän birinji iş güni hasap edilýär.

3. Iş berijiniň buýrugynda zähmet şertnamasyny bes etmegiň (ýatyrmagyň) esaslary, şu Kodeksiň bendine, bölegine, maddasyna ýa-da Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna salgylanma bilen şu Kodeksiň düzgünlerine takyk laýyklykda görkezilmelidir.

4. Syrkawlygy, maýyplygy, pensiýa gitmegi, harby gulluga çagyrylmagy, orta hünär ýa-da ýokary okuw mekdebine, aspirantura ýa-da doktorantura kabul edilmegi bilen baglanyşykly we Türkmenistanyň kanunçylygynyň belli bir ýeňillikleriň we artykmaçlyklaryň berilmegini baglanyşdyrýan başga sebäpler boýunça zähmet şertnamasy işgäriň başlangyjy boýunça bes edilende (ýatyrylanda) zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakyndaky buýrukda bu sebäpler görkezilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

52-nji madda. Zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakyndaky buýrugyň nusgasyny we zähmet depderçesini bermek

 

1. Zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününde iş beriji işgäre onuň zähmet depderçesini we zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakyndaky buýrugyň nusgasyny bermäge borçludyr.

2. Eger zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününde işgäriň ýoklugy ýa-da zähmet depderçesini eline almakdan onuň ýüz öwürmegi sebäpli zähmet depderçesini bermäge mümkinçilik bolmasa, iş beriji zähmet depderçesini almagyň zerurlygy hakyndaky habarnamany işgäre ugradýar.

 

53-nji madda. Işi we zähmet haky baradaky resminamalary bermek

 

Iş beriji işgäriň, şol sanda öňki işgäriň haýyşy boýunça kärini, hünärini, hünär derejesini ýa-da wezipesini, iş wagtyny we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen bäş gün möhletden gijä galman kepilnama bermäge, şeýle hem işi hakyndaky beýleki resminamalary ýa-da olaryň göwnejaý ýagdaýda tassyklanan nusgalaryny bermäge borçludyr.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

54-nji madda. Işden çykylanda berilýän kömek puly

 

1. Işden çykylanda berilýän kömek puly zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) tölenilýär:

1) şu Kodeksiň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda zähmet şertnamasy bes edilende iş berijiniň başlangyjy boýunça;

2) şu Kodeksiň 47-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji, 5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça;

3) şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 3-nji, 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda işgäriň işi dowam etdirmekden ýüz öwürmegi bilen baglanyşykly;

4) şu Kodeksiň 22-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan esas boýunça.  

2. Işi utgaşdyryp alyp barýanlara işden çykylanda berilýän kömek puly tölenilmeýär.

3. Ortaça iki hepdelik zähmet hakynyň möçberindäki işden çykylanda berilýän kömek puly işgärlere şu aşakdakylar bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy ýatyrylanda tölenilýär:

1) işgäriň harby gulluga çagyrylmagy ýa-da girmegi, ýerine ýetirilmegi harby borçlulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen şertlendirilen işgäriň işe iberilmegi bilen;

2) öň bu işi ýerine ýetiren işgäriň işe dikeldilmegi bilen;

3) lukmançylyk netijenamasynyň esasynda saglyk ýagdaýy boýunça oňa laýyk gelmeýän başga işe çekmekden işgäriň ýüz öwürmegi ýa-da iş berijide degişli işiň ýoklugy bilen;

4) iş berijiniň geçýän başga ýerine işe geçmekden işgäriň ýüz öwürmegi bilen;

5) zähmet şertnamasynyň şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly işgäriň işi dowam etdirmekden ýüz öwürmegi bilen;

6) lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda işgäri zähmete doly ukypsyz diýip ykrar etmek bilen.

4. Kärhana ýatyrylanda, şeýle hem şu Kodeksiň 22-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda iş beriji – fiziki şahs tarapyndan iş bes edilende, kärhananyň işgärleriniň sanyny ýa-da wezipe sanyny gysgaltmak bilen zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) işden boşadylýan işgärlere:

1) ortaça aýlyk zähmet haky möçberinde işden çykylanda berilýän kömek puly berilýär;

2) işe ýerleşýän döwri üçin ortaça zähmet haky saklanylýar, ýöne ol işden çykylanda berilýän kömek puluny hasaba almak bilen işden boşadylan günden başlap iki aýdan köp bolmaly däldir;

3) işgär işden boşadylan gününden soň iki hepde möhletiň dowamynda işe ýerleşdiriş edarasyna ýüz tutan bolsa we işe ýerleşdirilmedik halatynda, onuň işden boşan gününden başlap üçünji aýyň içinde işe ýerleşdiriş edarasynyň çözgüdi boýunça ortaça zähmet haky saklanýar.

Işden boşadylan işgär üç aýyň içinde iki gezek hödürlenilen laýyk gelýän (bilimine, hünärine, başarnygyna)  işden ýüz öwüren ýagdaýynda üç aý möhlet tamamlanýança ortaça zähmet hakyny saklap galmak hukugyny ýitirýär.

5. Işden çykylanda berilýän kömek puly we saklanyp galýan ortaça zähmet haky ozalky iş ýerinde ýa-da hukuk orun tutary tarapyndan tölenilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2015 ý., № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda;, 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

55-nji madda. Zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) işgäre tölenmäge degişli zähmet hakyny iş berijiniň tölemeginiň möhletleri

 

1. Iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) tölenmäge degişli zähmet haky işgäre tölenmelidir:

1) zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününe çenli işlemegini dowam etdirýän işgäre – onuň hereketiniň bes edilen gününde;

2) zähmet şertnamasynyň bes edilen (ýatyrylan) gününe çenli işlemeýäne – onuň hasaplaşyk hakyndaky talabyny bildiren gününde.

2. Zähmet şertnamasy işgäriň başlangyjy boýunça bes edilende (ýatyrylanda) tölenmäge degişli zähmet haky işgäre tölenmelidir:

1) zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakynda kanun ýa-da zähmet şertnamasy boýunça iş berijini duýdurmaga borçly bolan işgäre – haçanda duýduryşa laýyklykda işgäriň işini goýmaga hakly bolan gününden gijä galman;

2) zähmet şertnamasyny bes etmek (ýatyrmak) hakynda iş berijini duýdurmaga borçly bolmadyk işgäre – işini goýan gününden gijä galman.

3. Işgäre tölenmeli pul möçberi hakynda jedel ýüze çykan mahalynda zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) iş beriji şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen möhletlerde onuň jedelleşmeýän pul möçberini tölemäge borçludyr.

 

56-njy madda. Işe dikeltmek. Işgäriň işden bikanun boşadylmagy ýa-da pes hak tölenilýän başga işe bikanun geçirilmegi üçin iş berijiniň jogapkärçiligi

 

1. Zähmet şertnamasy bikanun bes edilen (ýatyrylan) ýa-da pes hak tölenilýän başga işe bikanun geçirilen halatlarynda işgär iş berijiniň özi tarapyndan ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen öňki işine dikeldilmelidir.

 2. Işgär işe dikeldilende iş beriji oňa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini şu aşakdaky görnüşlerde tölemäge borçludyr:

1) şu Kodeksiň 385-nji maddasyna laýyklykda, hökmany suratda pul serişdelerini tölemek;

2) degişli tassyklaýjy resminamalar bermek bilen zähmet şertnamasynyň bes edilmegi (ýatyrylmagy) ýa-da  pes hak tölenilýän başga işe geçirilmegine şikaýat etmek bilen baglanyşykly goşmaça çykdajylaryň (hünärmenleriň maslahatlary, işi ýöretmek boýunça çykdajylar we başgalar) öwez dolmalary.

3. Işgäriň haýyşy boýunça kazyýet ony işe dikeltmegiň ýerine onuň üç aýlyk ortaça zähmet hakyndan az bolmadyk möçberde goşmaça öwez tölegini (şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulandan başga) iş berijiden işgäriň peýdasyna tutup alyp biler.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

57-nji madda. Zähmet şertnamasynyň bikanun bes edilmeginde (ýatyrylmagynda) ýa-da işgäriň pes hak tölenilýän başga işe bikanun geçirilmeginde günäkär bolan wezipeli adamlaryň jogapkärçiligi

 

Zähmet şertnamasynyň bikanun bes edilmeginde (ýatyrylmagynda) ýa-da işgäriň başga pes hak tölenilýän işe bikanun geçirilmeginde günäkär bolan wezipeli adamlar şu Kodeksiň 386-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda öwezini doldurmagyň hakyky möçberinde iş berijiniň öňünde maddy jogapkärçilik çekýärler.  

 

IV bölüm. Iş wagty. Iş wagtynyň düzgüni

 

1 bap. Iş wagty

 

58-nji madda. Iş wagty düşünjesi

 

Iş wagty – kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna ýa-da iş tertibine ýa-da zähmet şertnamasynyň ýa-da köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) şertlerine laýyklykda işgäriň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmeli wagty bolup, şeýle hem şu Kodekse ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda iş wagtyna degişli bolup durýan beýleki döwürlerdir.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

59-njy madda. Iş wagtynyň kadaly dowamlylygy

 

1. Iş wagtynyň kadaly dowamlylygy hepdede 40 sagatdan ýokary geçip bilmez.

2. Iş beriji her bir işgäriň hakyky işlän wagtynyň hasabyny ýöretmäge borçludyr.

 

60-njy madda. Iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygy

 

1. Iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

1) ýaşy on altydan on sekize çenli işgärler üçin – hepdede 36 sagatdan köp bolmaly däl, ýaşy on alta çenli bolan adamlar üçin bolsa – hepdede 24 sagatdan köp bolmaly däl.

Şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen adamlaryň iş wagtynyň dowamlylygy degişli ýaşly adamlar üçin şu bentde göz öňünde tutulan iş wagtynyň ýokary dowamlylygynyň ýarysyndan ýokary geçip bilmez;

2) zähmet şertleri iş orunlaryň hünär synagynyň netijeleri boýunça zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertlerine degişli edilen işgärler üçin hepdede 36 sagatdan köp bolmaly däldir.

Iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyna hukuk berýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işler, hünärler we wezipeler şu Kodeksiň 176-njy maddasynyň ikinji böleginde göz önünde tutulan sanaw bilen kesgitlenilýär.

2. Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň (mundan beýläk – HMAT) maslahatynyň esasynda maýyplygy bolan adamlara iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygy bellenilip bilner, ýöne ol zähmet hakyny azaltmazdan hepdede 36 sagatdan az bolmaly däldir.

3. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen işgärleriň beýleki toparlary üçin iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygy bellenilip bilner.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

61-nji madda. Işlenilmeýän baýramçylyk, hatyra we dynç alyş günleriniň öň ýanyndaky günde işiň dowamlylygy

 

1. Şu Kodeksiň 81-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleriniň öň ýanyndaky günde işgärleriň işiniň dowamlylygy bäş günlük iş hepdesinde-de, alty günlük iş hepdesinde-de bir sagat gysgaldylýar, şu Kodeksiň 60-njy maddasynda görkezilen işgärler muňa degişli däldir.

2. Önümçiligiň (işiň) şertleri boýunça işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra gününiň öň ýanyndaky günde işiň (çalşygyň) dowamlylygyny azaltmak mümkin bolmadyk üznüksiz işleýän kärhanalarda we işiň aýry-aýry görnüşlerinde işgäriň islegine görä goşmaça dynç alyş wagtyny bermek ýa-da iş wagtyndan daşary edilen iş üçin bellenilen kadalar boýunça hak tölemek bilen artyk işlenen işiň öwezi dolunýar.

3. Altygünlük iş hepdesinde dynç gününiň öň ýanyndaky gün işiň dowamlylygy 5 sagatdan ýokary geçip bilmez.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

62-nji madda. Gijeki wagtdaky işiň dowamlylygy

 

1. Agşam sagat 22-den ir sagat 6-a çenli bolan wagt – gijeki wagt hasap edilýär.

2. Gijelerine işlenilýän mahalynda işiň (çalşygyň) bellenilen dowamlylygy 1 sagat gysgaldylýar. Bu düzgün şu Kodeksiň 60-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda özleri üçin iş wagtynyň gysgaldylmagy ozal göz öňünde tutulan işgärlere degişli däldir.

3. Gijelerine işlemegiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolýan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli altygünlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.

4. Işgärleri gijelerine işlemäge çekmek şu Kodeksiň 191-nji, 242-nji, 243-nji, 255-nji maddalarynda bellenilen çäklendirmeleri berjaý etmek bilen geçirilýär.

 

63-nji madda. Doly däl iş wagty

 

1. Işgär bilen iş berijiniň arasynda ylalaşylsa, onda işe kabul edilen mahalynda-da ýa-da şondan soňra-da doly däl iş güni ýa-da doly däl iş hepdesi bellenilip bilner.

2. Göwreli aýalyň, şonuň ýaly-da on dört ýaşyna çenli çagasy (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagasy) bolan ata-enelerden biriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamyň, şeýle hem lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda maşgalanyň syrkaw agzasyna seredýän adamyň haýyşy boýunça iş beriji olara doly däl iş gününi ýa-da doly däl iş hepdesini bellemäge borçludyr.

3. Işgär üçin doly däl iş wagty şertlerinde işlemek rugsadyň dowamlylygynyň, zähmet stažynyň hasaplanylmagynyň, haýsy-da bolsa beýleki zähmet hukuklarynyň bir hili çäklendirilmegine getirip bilmez.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

64-nji madda. Iş wagtyndan daşary iş

 

1. Iş berijiniň başlangyjy boýunça işgäriň iş wagtynyň bellenilen dowamlylygyndan daşary eden işi, gündelik işi (çalşygy), şeýle hem hasap döwründe (aýda, çärýekde, ýylda) iş sagatlarynyň kadaly sanyndan artyk edilen iş iş wagtyndan daşary iş diýlip hasap edilýär.

2. Iş wagtyndan daşary işler kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň pikirini hasaba almak bilen işgäriň ýazmaça razylygy bilen geçirilip bilner.

3. Iş beriji iş wagtyndan daşary işleri diňe şu aşakdaky aýratyn halatlarda ulanyp biler:

1) tebigy betbagtçylygyň, önümçilik heläkçiliginiň öňüni almak we olaryň netijelerini gyssagly düzetmek, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri tarapyndan has gyssagly lukmançylyk kömegini bermek üçin gerek bolan işler geçirilen mahalynda;

2) suw üpjünçiliginiň, gaz üpjünçiliginiň, ýyladyşyň, yşyklandyryşyň, lagymyň, ulagyň, aragatnaşygyň kadaly işlemegini bozýan tötänleýin ýa-da duýdansyz ýagdaýlary ýok etmek üçin zerur jemgyýetçilik işleri geçirilýän mahalynda;

3) önümçiligiň tehniki şertlerine görä garaşylmadyk bökdençlik sebäpli kadaly iş sagatlarynyň dowamynda ýerine ýetirilip (tamamlanyp) bilinmejek başlanylan işi ýerine ýetirmek ýa-da tamamlamak zerur bolan mahalynda, eger şunda başlanylan işiň ýerine ýetirilmezligi döwlet emläginiň we iş berijiniň emläginiň zaýalanmagyna ýa-da ýok bolmagyna getirip biljek bolsa;

4) mehanizmleriň ýa-da desgalaryň näsazlygy işgärleriň ep-esli sanynyň işleriniň duruzylmagyna getirjek halatlarda şol mehanizmleri ýa-da desgalary abatlamak we dikeltmek baradaky wagtlaýyn işler geçirilýän mahalynda;

5) çalşylýan işgär işe gelmedik mahalynda şol işi dowam etdirmek üçin, eger iş arakesme edilmegine mümkinçilik bermeýän bolsa. Şunuň ýaly halatlarda iş beriji şol işläp duran işgäri beýleki işgär bilen çalyşmak üçin derrew çäreler görmäge borçludyr;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki halatlarda.

4. Şu aşakdakylar iş wagtyndan daşary işlere goýberilmeýär:

1) göwreli aýallar;

2) on sekiz ýaşa ýetmedik işgärler;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgärleriň beýleki toparlary.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

65-nji madda. Iş wagtyndan daşary işleriň aňryçäk dowamlylygy

 

1. Iş wagtyndan daşary işler her bir işgär üçin bassyr iki günüň dowamynda dört sagatdan we ýylda 120 sagatdan köp bolmaly däldir.

2. Iş beriji her bir işgär tarapyndan iş wagtyndan daşary ýerine ýetirilen işleriň takyk hasabyny ýöretmäge borçludyr.

 

2 bap. Iş wagtynyň düzgüni

 

66-njy madda. Iş wagtynyň düzgüni. Iş hepdesiniň görnüşleri

 

1. Iş wagtynyň düzgüni iş hepdesiniň dowamlylygyndan, işgärleriň aýry-aýry toparlary üçin kadalaşdyrylmadyk iş güni bolan işden, gündelik işiň (çalşygyň) dowamlylygyndan, iş wagtynyň başlanýan we gutarýan wagtyndan, işdäki arakesmeleriň wagtyndan, iş we iş däl günleriň gezekleşmeginden, gije-gündizdäki çalşyklaryň sanyndan we işgärleriň bir çalşykdan beýleki çalşyga geçmeginiň tertibinden ybaratdyr.

2. Iş wagtynyň düzgüni köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) ýa-da kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary ýa-da çalşygyň tertipnamalary bilen, olar bolmadyk mahalynda bolsa döwlet häkimiýetiniň ýerli ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp işgärleriň kärdeşler arkalaşygy ýa-da gaýry wekilçilikli guramasy bilen bilelikde iş beriji tarapyndan bellenilýär.

3. Kärhanada işiň aýratynlygyny hasaba almak bilen iki dynç alyş günli bäşgünlük iş hepdesi ýa-da bir dynç alyş günli altygünlük iş hepdesi ýa-da dynç günlerini üýtgäp durýan tertipnama boýunça bermek bilen iş hepdesi bellenilip bilner.

4. Bäşgünlük ýa-da altygünlük iş hepdesi işiň aýratynlygyny, zähmetkeşler köpçüliginiň pikirini hasaba almak bilen we döwlet häkimiýetiniň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy bilen bilelikde iş beriji tarapyndan bellenilýär.

5. Işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň iş wagtynyň we dynç alyş wagtynyň düzgüniniň aýratynlyklary şu Kodeksiň 404-nji maddasynyň  1-nji bendinde görkezilen ýörite ygtyýarly edilen edara bilen ylalaşmak arkaly iş beriji tarapyndan kesgitlenilýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

67-nji madda. Gündelik işiň (çalşygyň) dowamlylygy

 

1. Bäşgünlük iş hepdesinde gündelik işiň (çalşygyň) dowamlylygy kärnahanyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary (çalşyk tertipnamalary) bilen kesgitlenilýär.

2. Altygünlük iş hepdesinde gündelik işiň dowamlylygy şu aşakdakylardan ýokary geçip bilmez:

1) 40 sagatlyk hepdelik kadasynda – 7 sagatdan;

2) 36 sagatlyk hepdelik kadasynda – 6 sagatdan;

3) 24 sagatlyk hepdelik kadasynda – 4 sagatdan.

3. Kinematografiýa guramalarynyň, tele we wideo surata düşüriji kollektiwleriň, teatrlaryň, teatral we konsert guramalarynyň, sirkleriň döredijilik işgärleri we eserleri döretmäge we (ýa-da) ýerine ýetirmäge gatnaşýan beýleki adamlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, tanymal türgenler, tälimçiler üçin gündelik işiň (çalşygyň) dowamlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna, zähmet şertnamasyna ýa-da köpçülikleýin şertnama (ylalaşyga) laýyklykda bellenilip bilner.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

68-nji madda. Kadalaşdyrylmadyk iş güni

 

1. Kadalaşdyrylmadyk iş güni – aýratyn iş düzgüni bolup, oňa laýyklykda aýry-aýry işgärler iş berijiniň buýrugy boýunça zerur mahalynda iş wagtynyň kadaly dowamlylygynyň çäklerinden aňyrda öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge çekilip bilner. Şunda gündelik işiň dowamlylygy on iki sagatdan ýokary geçip bilmez.

2. Kadalaşdyrylmadyk iş güni bolan işgärleriň wezipeleriniň sanawy kärdeşler arkalaşyklary ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşmak arkaly iş beriji ta­rapyndan tassyklanylýar.

Kadalaşdyrylmadyk iş gününiň düzgün şertleri zähmet we köpçülikleýin şertnamalarda berkidilýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky we 2016-njy ýylyň   18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

69-njy madda. Iş wagtyny jemläp hasaba almak

 

1. Üznüksiz işleýän kärhanalarda, şeýle hem aýry-aýry önümçiliklerde, sehlerde, uçastoklarda, bölümlerde we önümçiligiň (işiň) şertlerine görä işgärleriň şol toparlary üçin bellenilen iş wagtynyň gündelik ýa-da hepdelik dowamlylygy berjaý edilip bilinmejek işleriň käbir görnüşlerinde hasaba alynýan döwür içindäki iş wagtynyň dowamlylygy şu Kodeksiň 59-njy we 60-njy maddalarynda bellenilen iş sagatlarynyň kadaly sanyndan geçmez ýaly işgärleriň kärdeşler arkalaşygy ýa-da beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşyp iş wagtyny jemläp hasaba almak düzgüniniň girizilmegine ýol berilýär.

2. Iş wagtyny jemläp hasaba almagy girizmegiň tertibi kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary bilen bellenilýär.

 

70-nji madda. Iş gününi böleklere bölmek

 

1. Zähmetiň aýratyn häsiýetiniň bolmagy sebäpli, zerur bolan işlerde gündelik iş wagtynyň umumy dowamlylygynyň iş gününiň bellenilen dowamlylygyndan artyk bolmazlyk şerti bilen iş güni böleklere bölünip bilner.

2. Iş gününiň dowamyndaky arakesmeleriň wagty iş gününe goşulmaýar.

3. Iş gününi böleklere bölmegiň tertibi iş beriji tarapyndan zähmetkeşler köpçüligi bilen bilelikde kesgitlenilýär.

 

71-nji madda. Gündelik işiň başlanýan we gutarýan wagty

 

Kärhanalarda gündelik işiň (çalşygyň) başlanýan we gutarýan wagty kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary (çalşygyň tertipnamalary) bilen bellenilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)  

 

72-nji madda. Çalşykly iş

 

1. Önümçilik prosesiniň uzaklygy gündelik işiň ýol berilýän dowamlylygyndan ýokary geçen halatlarynda, şeýle hem enjamy has netijeli peýdalanmak, çykarylýan önümiň ýa-da bitirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak maksady bilen çalşykly iş – iki, üç ýa-da dört çalşykdaky iş girizilýär.

2. Çalşykly işde işgärleriň her bir topary bir çalşygyň iş wagtynyň bellenilen dowamlylygynyň içinde işi geçirmelidirler, ol on iki sagatdan ýokary geçmeli däldir.

Çalşykly işi gijeki wagtdaky iş bilen gabat gelende, onuň tölegi şu Kodeksiniň 123-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Işgärler çalşyklar boýunça deňme-deň gezekleşdirilip işledilýär. Bir çalşykdan beýleki çalşyga geçirilende işiň aýratynlygyny we zähmetkeşler köpçüliginiň pikirlerini hasaba almak bilen işgärleriň kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşylyp iş beriji tarapyndan tassyklanylan çalşyk tertipnamalary bilen kesgitlenilýär. Çalşyk tertipnamalary güýje girizilmeginden bir aýdan gijä galman işgärleriň dykgatyna ýetirilýär.

4. Çalşyklaryň arasyndaky arakesmeler on iki sagatdan az bolmaly däldir.

5. Işgäri bassyr iki çalşygyň dowamynda işe çekmek gadagan edilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

V bölüm. Dynç alyş wagty

 

73-nji madda. Dynç alyş wagty diýen düşünje

 

Dynç alyş wagty – wagt bolup, onuň dowamynda işgär zähmet borçlaryny ýerine ýetirmekden azatdyr we ol ony öz islegine görä peýdalanyp biler.

 

74-nji madda. Dynç almak we naharlanmak üçin arakesme

 

1. Dynç almak hem-de naharlanmak üçin işgärlere dowamlylygy bir sagatdan az bolmadyk, ýöne iki sagatdan köp bolmadyk arakesme berilýär. Arakesme wagty iş wagtyna goşulmaýar.

2. Dynç almak we naharlanmak üçin arakesme kada hökmünde iş başlanandan her dört sagatdan soň berilmelidir. Arakesmäniň başlanýan we gutarýan wagty kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary arkaly kesgitlenilýär.

3. Işgärler arakesmäni özleriniň makul bilşine görä peýdalanýarlar. Şol wagtyň içinde olar iş ýerinden gidip bilerler.

4. Önümçiligiň şertleri boýunça arakesmäni kesgitlemek mümkin bolmadyk işlerde, şol sanda üznüksiz işleýän kärhanalarda işgäre iş wagtynyň dowamynda dynç almak we naharlanmak üçin wagt we ýer berilmelidir. Şeýle şertlerde arakesme her dört sagatdan 30 minuda çenli dowamlylygy bilen berlip bilner. Şunuň ýaly işleriň sanawy, dynç almagyň we naharlanmagyň wagty we ýeri işgärleriň kärdeşler arkalaşygy ýa-da beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşylyp, iş beriji tarapyndan bellenilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

75-nji madda. Ýylyň yssy (sowuk) wagtynda arakesmeler ýa-da işi bes etmek we olar bilen baglanyşykly başga işe geçirmek

 

1. Ýylyň yssy (sowuk) wagtynda açyk howada ýa-da jaýyň içini ýelejirediş (sowadyş, ýyladyş) ulgamlary bolmadyk, ýapyk jaýlardaky işlerde işgärlere arakesmeler berilýär ýa-da iş wagtlaýynça arasy kesilip (bes edilip) bilner. Arakesmäniň başlanýan we gutarýan wagty iş beriji tarapyndan kesgitlenýär we degişli buýruk bilen resmileşdirilýär.

2. Howanyň ýokary (pes) temperaturasy netijesinde ýylyň yssy (sowuk) wagtynda iş bes edilen mahalynda iş beriji işgäri zähmetiň has amatly şertleri bolan başga işe wagtlaýyn geçirmäge haklydyr.

3. Işgärlere arakesme berilýän ýa-da işiň wagtlaýyn arasy kesilip (bes edilip) bilinjek howanyň temperatura düzgüni Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

76-njy madda. Bäşgünlük we altygünlük iş hepdesi mahalyndaky dynç alyş günleri

 

1. Bäşgünlük iş hepdesi mahalynda işgärlere hepdede iki dynç alyş güni, altygünlük iş hepdesi mahalynda bolsa bir dynç alyş güni berilýär.

2. Ýekşenbe güni umumy dynç alyş günüdir. Eger iki dynç alyş güni Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilmedik bolsa, onda bäşgünlük iş hepdesi mahalynda şol ikinji dynç alyş güni kärhananyň iş çalşygynyň tertipnamalary bilen bellenilýär we umumy dynç alyş güni bilen bassyr berilmelidir.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

77-nji madda. Üznüksiz işleýän kärhanalarda dynç alyş günleri

 

Önümçilik-tehniki şertlere görä ýa-da ilata üznüksiz hyzmat edilmegi netijesinde işi duruzmak bolmaýan kärhanalarda (aeroportlar, wokzallar we başgalar), şonuň ýaly-da üznüksiz önümçilikli beýleki kärhanalarda dynç alyş günleri kärhananyň çalşyk tertipnamalaryna laýyklykda işgärleriň her bir toparyna hepdäniň dürli günlerinde nobatma-nobat berilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

78-nji madda. Ilata hyzmat etmek bilen baglanyşykly bolan      kärhanalarda dynç alyş günleri

 

Ilata hyzmat etmek zerurlygy sebäpli umumy dynç alyş gününde  işiň arasy kesilip bilinmejek kärhanalarda (dükanlar, teatrlar, muzeýler, ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalar we başgalar) dynç alyş günleri döwlet häkimiýetiniň ýerli ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp iş berijiler tarapyndan bellenilýär. 

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

79-njy madda. Her hepdede üznüksiz dynç almagyň dowamlylygy

 

Her hepdede üznüksiz dynç almagyň dowamlylygy kyrk iki sagatdan az bolmaly däldir.

 

80-nji madda. Dynç alyş günlerinde işe çekmek

 

1. Dynç alyş günlerinde işe çekmäge diňe işgäriň razylygy bilen ýol berilýär, haçan-da onuň şu aşakdakylary ýerine ýetiren halatlary muňa degişli däldir:

1) jemgyýetçilik ýa-da tebigy betbagtçylygyň, önümçilik heläkçiliginiň öňüni almak ýa-da betbagtçylyk hadysalaryň ýetiren zyýanlaryny derrew ýok etmek bilen bagly işler;

2) köpçülikleýin şertnamanyň (ylalaşygyň) ýa-da iş beriji fiziki şahs bilen işgäriň arasynda baglaşylan zähmet şertnamasynyň esasynda.

2. Işgärler dynç alyş günlerinde şu Kodeksiň 191-nji, 242-nji, 243-nji we 255-nji maddalarynda göz öňünde tutulan çäklendirmeleri berjaý etmek bilen iş berijiniň ýazmaça buýrugy boýunça işe çekilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

81-nji madda. Baýramçylyk we hatyra günleri

 

1. Şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

1) Täze ýyl – 1-nji ýanwar;

2) Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;

3) Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;

4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji maý;

5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji sentýabr;

6) Hatyra güni – 6-njy oktýabr;

7) Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;

8) Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;

9) Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýän dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse) baýramçylyk we hatyra günleri hem bellenilýär.

2. Işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra güni dynç güni (ýekşenbe) bilen gabat gelende, dynç güni baýramçylyk ýa-da hatyra gününden soň gelýän iş günüdir.

3. Işgärler tarapyndan dynç we işlenilmeýän baýramçylyk günlerini rejeli peýdalanmak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti dynç gününi hepdäniň başga gününe geçirmäge haklydyr.

(2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndaky, 2013-nji ýylyň   22-nji iýunyndaky we 4-nji iýulyndaky, 2014-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 9-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2012ý., 1, 12-nji madda; 2013 ý., 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 4, 134-nji madda)

 

82-nji madda. Dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde işe we nobatçylyga çekmegiň aýratyn halatlary

 

1. Ilata hyzmat etmek, şeýle hem gaýragoýulmasyz abatlaýyş we ýükleýiş-düşüriş işleriň zerurlygy bilen baglanyşykly bolan önümçilik-tehniki şertler boýunça duruzyp bolmaýan işlerde (üznüksiz işleýän kärhanalarda) dynç alyş günlerinde, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde işlemäge ýol berilýär.

2. Dynç alyş günlerindäki, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerindäki iş üçin töleg şu Kodeksiň 121-nji maddasynda bellenilen tertipde geçirilýär.

3. Işgärleriň kärhanadaky nobatçylygy iş güni gutarandan soň dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ylalaşygy boýunça iş beriji tarapyndan aýratyn ýagdaýlarda girizilip bilner.

4. Işgärleri aýyň dowamynda bir gezek nobatçylyga çekmäge rugsat berilýär.

5. Işgärler iş güni gutarandan soň nobatçylyga çekilen halatynda, işe çykmagyň tertibi nobatçylykdan soň işe çykmak gijikdirilen wagta geçirilip bilner. Nobatçylygyň ýa-da nobatçylyk bilen işiň bilelikdäki dowamlylygy adaty iş gününiň dowamlylygyndan ýokary bolup bilmez.

6. Işgäriň dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerdäki nobatçylygynyň dowamlylygyna görä, oňa nobatçylyk gutarandan soň on senenama gününiň dowamynda dynç almak üçin işgäriň islegine görä, nobatçylykdan soňky gelýän iş gününde rugsat berilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

VI bölüm. Rugsatlar

 

1 bap. Umumy düzgünler

 

83-nji madda. Rugsada bolan hukuk

 

1. Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda her ýylky tölegli esasy rugsada (mundan beýläk – her ýylky esasy rugsat) hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.

3. Şu Kodeksiň 5-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar şu Kodekse laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda rugsada bolan hukuga eýedirler.

 

84-nji madda. Rugsatlaryň görnüşleri

 

Türkmenistanda rugsatlaryň şu aşakdaky görnüşleri bellenilýär:

1) her ýylky esasy rugsat;

2) goşmaça tölegli rugsat (mundan beýläk – goşmaça rugsat);

3) durmuş rugsady;

4) zähmet haky tölenilmeýän rugsat.

 

85-nji madda. Rugsada bolan hukugyň kepillendirmeleri

 

1. Şu Kodeksiň 84-nji maddasynda görkezilen rugsatlaryň ähli görnüşleri işgäriň ýazan arzasy esasynda iş berijiniň çykaran degişli buýrugy bilen şu Kodeksde bellenilen tertipde we şertlerde berilýär.

Rugsadyň başlanýan wagty kärhanada tassyklanylan içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna (çalşygyň tertipnamalaryna) laýyklykda işgär üçin iş gününe düşýän bolmaly.

Işgär her ýylky esasy we oňa goşulýan goşmaça rugsadyny peýdalanmakdan ýüz dönderen halatynda, iş beriji öz başlangyjy boýunça işgärlere rugsatlary bermegiň tertibine laýyklykda, degişli buýruk bilen görkezilen rugsatlary resmileşdirýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan rugsadyň peýdalanylýan döwründe işgäriň iş ýeri (wezipesi) saklanyp galýar.

(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň       2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

2 bap. Her ýylky esasy we goşmaça rugsatlary bermegiň  tertibi we şertleri

 

86-njy madda. Her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy

 

1. Her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy ýylda otuz senenama güni diýlip bellenilýär.

2. Ähli görnüşdäki bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärlerine we ýolbaşçylaryna, şeýle hem maýyplygy bolan adamlara her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy kyrk bäş senenama güni bilen bellenilýär. 

3. Ylmy guramalarda, edaralarda we kärhanalarda wezipeleri eýeleýän we ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesi bolan ylmy işgärlere her ýylky esasy  rugsat kyrk bäş senenama güni, ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesi bolanlara otuz alty senenama güni dowamlylykda bellenilýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

87-nji madda. Her ýylky esasy rugsady bermegiň tertibi

 

1. Her ýylky esasy rugsat işgäre her ýyl berilmelidir. Her ýylky esasy rugsadyň başlanýan wagty hakynda iş beriji rugsadyň başlanmagyna azyndan on bäş gün galanda işgäri habarly etmelidir.

2. Işgär ilkinji işläp başlan ýyly üçin esasy rugsady almak hukugyna zähmet şertnamasynyň baglaşylan gününden başlap üznüksiz on bir aý işländen soň eýe bolýar.

3. On bir aý geçmese-de her ýylky esasy rugsat şu işgärlere olaryň islegi boýunça berilmelidir:

1) aýallara – göwreliligi we çaga dograndygy boýunça rugsadyň öň ýanynda ýa-da ondan soň;

2) maýyplygy bolan adamlara;

3) kämillik ýaşyna ýetmediklere;

4) iş beriji – fiziki şahs tarapyndan işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy, kärhananyň ýatyrylmagy ýa-da işiň bes edilmegi bilen baglanyşykly öňki iş ýerinden boşadylan işgäre;

5) işini esasy işi bilen utgaşdyryp işleýän işgäre – esasy iş ýeri boýunça her ýylky esasy rugsat bilen bir wagtda tölenilmeýän rugsat;

6) ýokarda durýan edaranyň buýrugy boýunça bir ministrligiň  ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaranyň ulgamynda başga işe geçirilen işgäre her ýylky esasy rugsat şol ulgamda hakyky işlän döwrüne laýyklykda berilýär.

4. Işiň ikinji we soňky ýyllary üçin her ýylky esasy rugsat kärhanada bellenilen rugsatlaryň tertipnamasyna laýyklykda berilýär.

5. Ähli görnüşlerdäki bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärlerine her ýyl berilýän esasy rugsat, kada görä, şol bilim edarasyna işe giren wagtyna garamazdan tomusky dynç alyş döwründe berilýär.

6. Tomusda ýa-da başga amatly wagtda her ýylky esasy rugsat şu aşakdakylaryň islegine görä berilmelidir:

1) on dört ýaşa çenli iki ýa-da köp çagasy (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagasy) bolan aýala;

2) on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara;

3) çagyryş boýunça harby gullukçynyň bir çagasy bolan aýalyna;

4) maýyplygy bolan adama;

5) kämillik ýaşyna ýetmedige;

6) üç ýaşa çenli çagalary ogullyga (gyzlyga) alan adama;

7) radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adama.

7. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna her ýylky esasy rugsadyň tomsuna ýa-da başga amatly wagtda berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär.

(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň     18-nji iýunyndaky, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 26-njy  madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

88-nji madda. Iş ýylyna goşulýan döwürler

 

1. Iş ýyly diýlip işgäriň iş beriji bilen zähmet şertnamasyny baglaşan gününden başlap we birinji hem-de her bir soňky ýylyň yzyndan gelýän degişli güne çenli hasaplanan birinji we soňky iş ýyllaryna düşünilýär.

2. Her ýylky esasy rugsada hukuk berýän iş döwrüne şu aşakdakylar goşulýar:

1) hakyky işlenen wagt;

2) işgäriň hakyky işlemedik, ýöne Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň iş ýeri (wezipesi) saklanyp galan wagty, çaganyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýaşyna ýetýänçä oňa seretmek boýunça rugsadyň wagty muňa degişli däldir;

3) işden bikanun boşadylanda ýa-da çetleşdirilende we soňra öňki işine dikeldilende mejbury boş bolnan wagt;

4) zähmet ýa-da köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan wagtyň beýleki döwürleri.

3. Her ýylky esasy rugsada hukuk berýän iş döwrüne işgäriň esasly sebäpler bolmazdan, şol sanda şu Kodeksiň 38-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda onuň işden çetleşdirilmegi netijesinde onuň işde bolmadyk wagty goşulmaýar.

4. Zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan iş üçin goşmaça rugsada hukuk berýän iş döwrüne diňe degişli zähmet şertlerinde hakyky işlenen wagt goşulýar.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

89-njy madda. Her ýylky esasy rugsady başga wagta geçirmek we uzaltmak

 

1. Işgär şu aşakdaky ýagdaýlarda her ýylky esasy rugsady başga wagta geçirmek ýa-da uzaltmak hukugyna eýedir:

1) wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan mahalynda;

2) göwreliligi ýa-da çaga dograndygy boýunça rugsat berlende;

3) her ýylky esasy rugsat okuw rugsady bilen, nika baglaşmak we jaýlama hem-de ýatlama däp-dessurlaryny amala aşyrmak üçin goşmaça rugsat bilen gabat gelende;

4) şu Kodeksiň 145-nji maddasynda göz öňünde tutulan döwlet borçlaryny ýa-da saýlawly edaralardaky borçlaryny ýerine ýetirende.

2. Her ýylky esasy rugsat başlamazyndan ozal onuň peýdalanylmagyna päsgel berýän sebäpler ýüze çykan mahalynda iş beriji bilen ylalaşylyp rugsady peýdalanmagyň täze möhleti bellenilýär. Her ýylky esasy rugsat döwründe şeýle sebäpler ýüze çykan mahalynda iş beriji bilen ylalaşylyp rugsat günleriň peýdalanylmadyk sanyna uzaldylýar ýa-da başga möhlete geçirilýär.

3. Eger iş beriji şu Kodeksiň 87-nji maddasynyň birinji böleginde bellenen möhletde her ýylky esasy rugsadyň başlanýan wagty hakynda işgäri habarly etmese ýa-da rugsadyň başlanmagyna çenli işgäre onuň üçin töleg geçirilmese, onda rugsat işgäriň arzasy boýunça başga möhlete geçirilýär.

4. Iş beriji önümçilik zerurlygy bolan mahalynda işgäriň razylygy bilen her ýylky esasy rugsady indiki iş ýylyna geçirmäge haklydyr, ýöne ol iki ýyldan köp bolmadyk çäklerde bolmalydyr.

5. Işgäriň her ýylky esasy rugsady peýdalanýan döwri onuň goşmaça rugsady ýa-da göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsady bilen gabat gelen ýagdaýynda, ýa-da işgär wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan halatynda, her ýylky esasy rugsadyň günleri, şol döwre gabat gelýän goşmaça ýa-da göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň ýa-da wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň günleriniň sanyna uzaldylýar.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky; 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň       26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

90-njy madda. Zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly

                          we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri

                          bolan iş üçin goşmaça rugsat

 

1. Işgärlere goşmaça rugsat, olaryň zähmet şertleri iş orunlaryň hünär synagynyň netijeleri boýunça zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertlerine degişli edilen ýagdaýynda berilýär.

2. Goşmaça rugsadyň iň pes dowamlylygy, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen işgärler üçin üç senenama gününden ybarat.

3. Zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan iş üçin goşmaça rugsadyň dowamlylygy işgäriň degişli zähmet şertlerde hakyky işlemek derejesini hasaba almak bilen iş orunlarynyň (işleriň) hünär synagynyň netijeleri boýunça bellenilýär.

4. Zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan iş üçin goşmaça rugsat bütin iş ýylynyň dowamynda şeýle işlerde doly iş güni işlän işgäre doly möçberde berilýär.

Goşmaça rugsadyň iň ýokary dowamlylygy köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) bellenilýär we on bäş senenama gününden köp bolmaly däl.

5. Başga halatlarda zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan iş üçin goşmaça rugsadyň dowamlylygy iş ýylynyň dowamynda şeýle işlerde işlenen wagta barabar  kesgitlenilýär.

6. Goşmaça rugsat şu maddada göz öňünde tutulan esaslaryň diňe biri boýunça indiki iş ýylyna geçirmäge hukuk berilmezden her ýyl berilýär we işgäriň islegine görä her ýylky esasy rugsada goşulyp bilner.

7. Goşmaça rugsada hukuk berýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işler, hünärler we wezipeler şu Kodeksiň 176-njy maddasynyň ikinji böleginde göz önünde tutulan sanaw bi­len kesgitlenilýär.  

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

91-nji madda. Işiň aýratyn häsiýeti üçin goşmaça rugsat

 

1. Işiň aýratyn häsiýeti üçin goşmaça rugsat ýokary nerw, akyl dartgynlygy we beýleki ýokarlandyrylan ýükleri bolan işlerde işleýän işgärlere olaryň işe ukyplylygyny doly derejede dikeltmek üçin berilýär.

2. Işiň aýratyn häsiýeti üçin goşmaça rugsadyň dowamlylygy şu aşakdakylara bellenilýär:

1) ugrukdyryjynyň şahadatnamasy bolan, howa hereketini dolandyrýan işgärlere – ýedi senenama gününe çenli;

2) iş ýylynda uçulan sagatlara baglylykda uçuş we uçuş-synag ediş düzüminiň işgärlerine – on bäş senenama gününe çenli;

3) kadalaşdyrylmadyk iş güni bolan adamlara – üç senenama güni.

3. Işiň aýratyn häsiýeti üçin goşmaça rugsat her ýyl berilýär, ol indiki iş ýylyna geçirilip bilinmez we işgäriň islegi boýunça her ýylky esasy rugsada goşulyp bilner.

 

911-nji madda. Radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adama goşmaça rugsat

 

1. Radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adama dowamlylygy on bäş senenama gününe çenli goşmaça rugsat berilýär.

2. Goşmaça rugsat her ýyl berilýär, ol indiki iş ýylyna geçirilip bilinmez we işgäriň islegi boýunça her ýylky esasy rugsada goşulyp bilner.

(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., №  1, 26-njy  madda)

 

92-nji madda. Her ýylky esasy we goşmaça rugsatlaryň dowamlylygyny hasaplamak

 

1. Işgärleriň her ýylky esasy we şu Kodeksiň 90-njy we 91-nji maddalarynda göz öňünde tutulan goşmaça rugsatlaryň döwrüne düşýän işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleri rugsadyň senenama günleriniň sanyna goşulmaýar we tölenilmeýär.

2. Her ýylky rugsadyň umumy dowamlylygy her ýylky esasy we goşmaça rugsatlary goşmak arkaly hasaplanylýar.

3. Işlenen wagta deň ölçeglilikde rugsatlaryň dowamlylygy hasaplanylanda olaryň uzaklygy her bir rugsadyň doly möçberini on ikä paýlamak we işiň doly aýlarynyň sanyna köpeltmek arkaly kesgitlenilýär. Şonda on bäş we şondan köp senanama günlerine deň bolan aýyň günleriniň sany doly aýyň deregine kabul edilýär, on bäş senenama gününden az bolsa hasaba alynmaýar.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

93-nji madda. Nika baglaşmak üçin goşmaça rugsat

1. Nika baglaşmak üçin goşmaça rugsat nika baglaşýan adamlara, şeýle hem olaryň her biriniň atasyna hem-de enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara (olar bolmadyk ýagdaýynda nikanyň dabaraly ýagdaýda baglaşylmagyny gurnaýan ýakyn hossarlarynyň her tarapdan ikisine) on senenama güni, olardan bäş gün nika baglaşylýan gününden öň berilýär. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) edaralary - welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň RÝNÝ bölümlerini, Geňeşleri öz içine alýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralary, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berilýän kepilnama nika baglaşmak üçin goşmaça rugsat bermäge esasdyr.

2. Nika Türkmenistanyň çäginden daşynda baglaşylanda şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlara, olaryň arzasy boýunça  dowamlylygy on senenama güni bolan goşmaça rugsat berilýär. Goşmaça rugsadyň tölegi daşary ýurtda nikanyň hasaba alnandygyny güwä geçýän resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasynyň esasynda Türkmenistanyň RÝNÝ edarasy tarapyndan berlen kepilnama boýunça geçirilýär.

(2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 81-nji  madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

94-nji madda. Jaýlama we ýatlama dessuryny amala aşyrmak üçin goşmaça rugsat

 

1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) edaralary - welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň bölümlerini, Geňeşleri öz içine alýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralary, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berilýän kepilnamanyň esasynda jaýlama we ýatlama dessuryny amala aşyrmak üçin dowamlylygy on senenama günündäki goşmaça rugsat aradan çykanyň ýakyn hossarlarynyň ikisine berilýär.

2. Ýakyn hossarlar diýlip ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar, är-aýallar, çagalar, ata we ene tarapyndan baba we mama, agtyklar, süýtdeş doganlar we uýalar, oglunyň gelinleri we giýewler hasap edilýär.

3. Jaýlama we ýatlama dessuryny amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän adamlara goşmaça rugsat, olaryň arzasynyň we ýakyn hossarynyň aradan çykandygy hakynda bellenilen tertipde tassyklanan habarynyň esasynda berilýär. Goşmaça rugsadyň tölegi daşary ýurt döwletinde aradan çykmagyň bellige alnan faktyny tassyklaýan resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanan nusgasynyň esasynda Türkmenistanyň RÝNÝ-nyň edarasy tarapyndan berlen kepilnamanyň berilmegi bilen geçirilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

95-nji madda. 62 ýaşa ýeten raýatlara berilýän goşmaça rugsat

 

Dowamlylygy üç senenama güni bolan goşmaça rugsat 62 ýaşa ýeten we eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda işleýän Türkmenistanyň raýatlaryna berilýär ýa-da işgäriň 62 ýaşa ýeten iş ýyly üçin her ýylky esasy rugsadyna goşulýar.

 (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

3 bap. Durmuş rugsatlary

 

96-njy madda. Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça rugsat

 

Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň berilmeginiň we döwlet kömek puluny tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşmak arkaly şu Kodeksiň 404-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen ýörite ýgtyýarly edilen edara tarapyndan tassyklanylýar.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

97-nji madda. Çaga seretmek boýunça rugsat  

 

1. Iş döwrüne garamazdan aýal göwrelilik we çaga dogurmagy boýunça rugsat gutarandan soň, çaga üç ýaşyna ýetýänçä oňa seretmek üçin tölenilmeýän rugsada bolan hukugy bardyr.

2. Çaga seretmek boýunça rugsat çaga hakyky seredýän adama, şol sanda çaganyň kakasyna, howandaryna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda başga hossaryna berlip bilner.

Görkezilen adamlara çaga seretmek boýunça rugsat bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Çaga seretmek boýunça rugsadyň döwründe işgäriň iş ýeri (wezipesi) saklanýar.

4. Çaga seretmek boýunça rugsat doly ýa-da bölekler boýunça peýdalanylyp bilner. 

Üç ýaşyna çenli çaga seretmek üçin rugsatda bolýanyň rugsadyň arasyny kesmäge we çaga seretmek üçin rugsadyň möhletiniň gutarmagyna çenli işe girişmäge haky bardyr, şunda ol bu hakda işe çykmagyna çenli iki hepde galanda iş berijä duýdurmalydyr.

Şunlukda, her ýylky esasy rugsat hakyky işlenen wagta laýyklykda berilýär.

5. Çaga seretmek boýunça rugsatda bolýan adama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly bellenilýär we tölenilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

98-nji madda. Gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşler boýunça orta we ýokary hünär bilimi edaralarynda önümçilikden aýrylmazlyk şertinde okaýan işgärlere berilýän rugsatlar

 

Gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşler boýunça orta we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şol sanda daşary ýurt döwletlerinde önümçilikden aýrylmazlyk şertinde okaýan işgärlere okuw meýilnamasynda göz öňünde tutulan käriň her bir hasap-synag döwri üçin we talybyň aralyk we (ýa-da) jemleýji döwlet synagyna çagyrylýandygy hakyndaky bilim edarasynyň hatynyň (çakylygynyň) esasynda döwlet synaglaryny tabşyrmak (jemleýji hünär synagyny geçmek) üçin tölegli rugsatlar berilýär.

Rugsadyň dowamlylygyna hatda (çakylykda) görkezilen aralyk we (ýa-da) jemleýji döwlet synag möhletleri we bilim edarasynyň ýerleşýän ýerine barmak we yzyna gaýtmak üçin ýolda bolunýan wagt hem goşulýar.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

99-njy we 100-nji maddalary güýjüni ýitiren

2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny № 150-V

 

101-nji madda güýjüni ýitiren

2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny № 605-V

 

102-nji madda. Döredijilik rugsady

 

1. Önümçilik ýa-da mugallymçylyk işini ylmy iş bilen üstünlikli utgaşdyrýan adama degişli ylmy geňeşiň hödürnamasy boýunça ortaça aýlyk zähmet hakyny we esasy iş ýerindäki wezipesini saklap galmak bilen döredijilik rugsady berilýär.

2. Kandidatlyk işini tamamlamak, şeýle hem okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny ýazmak üçin üç aý möhletde, doktorlyk işini  tamamlamak üçin – alty aý döredijilik rugsady berilýär.

3. Döredijilik rugsatlaryn tölegi zähmete hak tölemegiň gaznasynyň çäklerinde, şeýle hem ylmy işgärleri taýýarlamaklyga goýberilýän serişdeleriň hasabyna iş ýerinde geçirilýär.

 

4 bap. Zähmet haky tölenilmeýän rugsat

 

103-nji madda. Zähmet haky tölenilmeýän rugsady bermegiň tertibi we şertleri

 

1. Esasly sebäpler ýüze çykan mahalynda işgäriň islegine görä ýylyň dowamynda dowamlylygy on senenama gününe çenli zähmet haky tölenilmeýän rugsat berilýär.

2. Haçanda işgäre on senenama gününden köp dowamlylykda zähmet haky tölenilmeýän rugsat gerek bolan halatlarynda oňa her ýylky esasy rugsadyň ýa-da goşmaça rugsatlaryň hasabyna goşmaça günler berlip bilner.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan dowamlylykdan başga-da, zähmet haky tölenilmeýän rugsat şu işgärlere olaryň islegine görä berilýär:

1) on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara ‒ on dört senenama gününe çenli;

2) maýyplygy bolan adamlara ‒ otuz senenama gününe çenli;

3) ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebine giriş synaglaryna goýberilene ‒ degişlilikde on bäş we on senenama gününe çenli, aspirantura ‒ on bäş senenama gününe çenli, şunda görkezilen möhletlere okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine giden we yzyna gaýdan wagty girmeýär;

31) Türkmenistanyň orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi edaralaryna Türkmenistanyň çäginden daşarda degişli bilim edarasynda alan bilimi hakyndaky diplomyny tassyklatmak üçin iberilýäne – otuz senenama gününe çenli;

4) gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň soňky okuw ýylynda önümçilikden aýrylman okaýan işgäriň islegi we degişli okuw mekdebiniň haty boýunça diplom taslamasyny (işini) taýýarlamak üçin otuz senenama gününe çenli;

5) syrkawlan maşgala agzasyna seretmek üçin hossaryna ‒ saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen möhlete;

6)Türkmenistanyň bilim edaralarynda işleýän daşary ýurtly mugallymçylyk işgärlere – otuz senenama gününe çenli;

7) ýaşy boýunça pensionere otuz senenama gününe çenli.

4. Önümçilik sebäpleri boýunça (enjamlaryň, mehanizmleriň hatardan çykmagy, çig malyň, serişdeleriň (materiallaryň), elektrik energiýasynyň bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi we beýlekiler) boş durlan mahalynda kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ylalaşygy boýunça iş berijiniň işgärlere üç aýa, aýratyn halatlarda bolsa – on iki aýa çenli zähmet haky tölenmeýän rugsady bermäge haky bardyr.

5. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna we ýeňillikler boýunça olara deňleşdirilen adamlara iş haky tölenmeýän rugsadyň dowamlylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. 

 (2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky; 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky; 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky; 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2015 ý., № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

5 bap. Rugsady bermegiň aýratynlyklary

 

104-nji madda. Rugsadyň bölekler boýunça berilmegi

 

Her ýylky esasy rugsat, şeýle hem oňa goşulýan goşmaça rugsatlar işgäriň islegine görä, iki bölege bölünip, iş ýylynyň dürli döwürlerinde berlip bilner.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda)

 

105-nji madda. Rugsatdan yzyna çagyrmak

 

Her ýylky esasy we oňa goşulýan goşmaça rugsatdan yzyna çagyrmaga diňe işgäriň ýazmaça razylygy bilen ýol berilýär. Rugsadyň peýdalanylmadyk bölegi işgäriň islegine görä, şol iş ýylynyň dowamynda başga wagtda berlip ýa-da indiki iş ýyly üçin rugsada birleşdirilip bilner.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda)

 

106-njy madda. Işden çykylanda rugsatdan peýdalanmaga bolan hukuk

 

1. Işgär işden çykanda (şu Kodeksiň 42-nji maddasynyň 5-12-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda) onuň islegi boýunça soňra işden çykmak bilen oňa doly ýa-da kem-käsleýin peýdalanylmadyk her ýylky esasy we oňa goşulýan goşmaça rugsatlar berlip bilner.

2. Zähmet şertnamasynyň möhletiniň dolmagy sebäpli soňra işden çykmagy bilen berilýän rugsady hakyky işlenilen wagt we umuman goşanyňda zähmet şertnamasynyň möhletiniň çäklerinden daşary çykýan wagt üçin hem berlip bilner.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen esaslar boýunça işden çykmagyň güni rugsadyň ahyrky güni hasaplanýar.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

6 bap. Rugsadyň tölegi

 

107-nji madda. Rugsady tölemek üçin serişdeler

 

1. Kärhanada rugsadyň tölegi zähmete hak tölemek üçin niýetlenen serişdeleriň hasabyna geçirilýär.

2. Rugsat üçin töleg puly hasaplananda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar tölenilýän zähmet hakynyň görnüşiniň ählisi hasaba alynýar, muňa esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça iş üçin zähmet haky, birwagtlaýyn häsiýetli tölegler, şeýle hem zähmete hak tölemegiň hereket edýän ulgamy bilen şertlendirilmedik tölegler girmeýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda)

 

108-nji madda. Rugsadyň tölegini hasaplamak

 

1. Rugsady tölemek üçin rugsadyň haýsy iş ýyly üçin berilýändigine garamazdan, rugsada gidilýän aýyň öňünden gelýän on iki senenama aýyndan ortaça aýlyk zähmet haky we ortaça gündelik zähmet haky hasaplanylýar.

2. Ortaça aýlyk zähmet hakyny we ortaça gündelik zähmet hakyny hasaplamak şu Kodeksiň 131-nji maddasy bilen kesgitlenýän tertipde geçirilýär.

3. Rugsadyň töleginiň jemi ortaça gündelik zähmet haky her ýylky esasy rugsadyň, goşmaça we durmuş rugsatlarynyň günleriniň sanyna köpeltmek bilen kesgitlenilýär.

 

109-njy madda. Ulanylmadyk her ýylky esasy we goşulýan   goşmaça rugsatlaryň öwezini pul bilen dolmak

 

1. Her ýylky esasy we oňa goşulýan goş­maça rugsatdan yzyna çagyrylanda, aýratyn halatlarda şu rugsatlaryň peýdalanylmadyk böleginiň öwezi pul bilen dolunýar.

2. Durmuş rugsatlarynyň ähli görnüşleri, göwreli aýallara we on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärlere, zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri, şeýle hem işiň aýratyn häsiýeti bolan işlerde işleýän işgärlere rugsadyň öwezini pul bilen dolmak arkaly çalyşmaga ýol berilmeýär.

3. Işgär işden çykanda ulanylmadyk her ýylky esasy we oňa goşulýan goşmaça rugsatlaryň hemmesiniň öwezi pul bilen dolunýar.

On bir aý möhletden az işläp işden çykýan işgärlere esasy rugsat işlän aýlaryna barabar möçberde ulanylmadyk rugsadyň öwezini doluş puly tölenilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda)

 

VII bölüm. Zähmete hak tölemek

 

1 bap. Zähmete hak tölemegiň görnüşi, tertibi we möçberleri

 

110-njy madda. Esasy düşünjeler we kesgitlemeler

 

1. Zähmete hak tölemek – munuň özi Türkmenistanyň kanunçylygyna, zähmet şertnamalaryna, köpçülikleýin şertnamalara (ylalaşyklara) laýyklykda, işgärlere olaryň zähmeti üçin iş beriji tarapyndan tölegleri bellemegi we amala aşyrmagy üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuş-ykdysady we hukuk gatnaşyklar ulgamydyr.

2. Zähmet haky munuň özi iş düzgüni, zähmet şertleri bilen baglanyşykly, işgäriň hünärine, onuň ýerine ýetirýän işiniň çylşyrymlylygyna, mukdaryna we hiline baglylykda ýerine ýetiren işiniň, amala aşyran hyzmatynyň pul bilen aňladylmasydyr, şeýle hem höweslendiriş häsiýetli töleglerdir.

3. Zähmete hak tölemegiň tertibi – munuň özi işgäriň zähmetiniň netijesine laýyklykda, oňa zähmet hakyny bellemäge mümkinçilik berýän, işgärleriň zähmetiniň netijeleri bilen işçi güýjüniň nyrhyny (tarif möçberini, aýlyk zähmet haky) baglanyşdyrmagyň usulydyr. Kärhanada zähmete hak tölemegiň potratlaýyn we sagatlaýyn tertibi bellenip bilner.

4. Höweslendiriş häsiýetli tölegler munuň özi beýleki işgärler bilen deňeşdireniňde işgärleri has ýokary we durnukly netijeler üçin sylaglamak maksady bilen iş berijiler tarapyndan ulanylýan goşmaça höweslendirme tölegleriniň, sylaglaryň, goşmaça haklaryň dürli görnüşidir.

5. Iň pes zähmet haky munuň özi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kepillendirilýän zähmet üçin höweslendirmäniň iň az möçberi bolup, ony zähmet borçlaryna hötde gelýän, öz iş ornunda kadaly zähmet şertlerinde iň ýönekeý işi ýerine ýetirýän işgär almalydyr.

6. Ortaça zähmet haky munuň özi belli bir döwürde işlenilen wagt üçin işgäriň zähmet hakynyň ortaça ululygydyr. Ortaça zähmet haky bir aý üçin (ortaça aýlyk zähmet haky) we bir gün üçin (ortaça bir günlük zähmet haky) şu Kodeksiň 131-nji maddasynda bellenilen tertipde kesgitlenilýär.

7. Tarif möçberi (aýlyk zähmet haky) – munuň özi wagt birliginiň içinde anyk çylşyrymly (hünäriň) zähmet kadalarynyň (zähmet borçlarynyň) ýerine ýetirilendigi üçin işgäriň zähmetine hak tölemegiň bellenen ölçegidir.

8. Iş düzgüni we zähmet şertleri bilen baglanyşykly tölegler - zähmet goraglylygyny üpjün etmek hem-de kadaly iş şertlerinden daşlaşýan belli bir derejede saglyga täsir edýän zähmet şertleriniň öwezini dolmak maksady bilen, işgärleriň tarif möçberlerine (aýlyk zähmet haklaryna) dürli görnüşli goşmaça hak tölegleriň jemidir. Şeýle töleglere şu aşakdakylar degişlidir: zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertlerinde, gijeki wagtda, dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra günlerinde, aýratyn howa şertleri bolan ýerlerde, kärleriň (wezipe) utgaşdyrylmagynda, iş wagtyndan daşary işlenilen işleri, şeýle hem sürüjileriň kadalaşdyrylmadyk iş güni üçin zähmet haklaryna goşmaça hak.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

111-nji madda. Kepillendirilen zähmet haky

 

1. Iş beriji özüniň maliýe ýagdaýyna garamazdan, zähmete hak tölemegiň bellenilen şertlerine we möhletlerine laýyklykda işgäre ýerine ýetiren işi üçin hak tölemäge borçludyr.

2. Iş beriji tarapyndan kepillendirilen zähmete hak tölemegiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen iň pes zähmet hakyndan pes bolmaly däldir.

 

112-nji madda. Zähmete hak tölemegiň döwlet nyrhlary

 

1. Zähmete hak tölemegiň döwlet nyrhlary býujet guramalarynyň we edaralarynyň anyk professional-hünär derejeli işgärleriň toparlary üçin zähmete hak tölemegiň derejelerini kesgitleýän aýlyk tarif möçberi we aýlyk zähmet haklarydyr.

2. Döwlet nyrhlary kemeldilmäge degişli däldir we býujet guramalarynda we edaralarynda stawkalaryň we aýlyk wezipe haklarynyň anyk möçberlerini bellemek üçin esas bolup durýarlar.

3. Beýleki iş berijiler, eger bu barada köpçülikleýin şertnamalarda (ylalaşyklarda) göz öňünde tutulan bolsa, döwlet nyrhlary işgärleriň zähmetine hak tölemegiň möçberlerini bellemek üçin ulanyp bilerler.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

113-nji madda. Zähmete hak tölemegiň görnüşleri, tertibi we möçberleri

 

1. Işgärleriň zähmetine hak tölemegiň görnüşleri, tertibi we möçberleri, şol sanda öwezini dolma we höweslendirme häsiýetli goşmaça tölegler, rasionalizatorlyk teklipler we oýlap tapyşlar üçin awtorlyk galam haklary iş beriji tarapyndan zähmet şertnamasy, köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) esasynda bellenilýär.

Öwezini dolma häsiýetli tölegler iş beriji tarapyndan şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenen tertipde we möçberlerde geçirilýär.

2. Döwlet gullukçylarynyň zähmete hak tölemegiň görnüşleri, tertibi we möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

3. Býujet edaralarynyň we guramalarynyň işgärleriniň zähmete hak tölemegiň möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarly eden edarasy tarapyndan bellenýär.

4. Zähmete hak tölemegiň möçberlerini bellemek işgärleriň hünär derejesine, olaryň edýän işiniň çylşyrymlylygyna we dartgynlylygyna, iş şertlerine, sarp edilen zähmetiň mukdaryna we hiline baglylykda amala aşyrylýar.

5. Işgärleriň zähmet haky iň ýokary möçberler bilen çäklendirilmeýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

114-nji madda. Ýyllyk işiň jemleri boýunça höweslendirme

 

1. Zähmete hak tölemegiň ulgamlaryna kärhananyň ygtyýarynda galýan peýdanyň hasabyna emele gelýän gaznadan ýyllyk işiň jemleri boýunça kärhananyň işgärleriniň haky goşmaça bellenilip bilner. Hakyň möçberi işgäriň zähmetiniň netijelerini we onuň kärhanadaky üznüksiz iş döwrüniň dowamlylygyny hasaba almak bilen kesgitlenilýär.

2. Ýyllyk işiň jemleri boýunça höweslendirmäni hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakynda düzgünnama kärhananyň kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşyk boýunça iş beriji tarapyndan tassyklanylýar.

 

115-nji madda. Zähmet hakyny tölemegiň görnüşi

 

Zähmet hakyny tölemek pul görnüşinde geçirilýär.

 

116-njy madda. Kärhanalarda zähmete hak tölemegiň möçberleri

 

1. Işgäriň zähmetine hak tölemegiň möçberleri zähmet şertnamasy, köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk), tarif ylalaşygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Işgärleriň maddy gyzyklanmasyny, şeýle hem önümçiligiň netijeliligini we işiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen iş beriji zähmetiň netijeleri üçin sylaglamagyň we goşmaça haklaryň ulgamlaryny girizip biler.

 

117-nji madda. Ýolbaşçylaryň, hünärmenleriň, gullukçylaryň we ylmy işgärleriň zähmetine hak tölemek

 

1. Ýolbaşçylaryň, hünärmenleriň, gullukçylaryň we ylmy işgärleriň zähmetine hak tölemek, adatça aýlyk zähmet haklary esasynda geçirilýär.

2. Aýlyk zähmet haklary iş beriji tarapyndan işgäriň wezipesine we hünärine laýyklykda bellenilýär.

3. Iş beriji ýolbaşçylar, hünärmenler we gullukçylar üçin zähmete hak tölemegiň başga görnüşini, hünär başarnygyna laýyklykda ýokarlandyrylan zähmet hakyny, şeýle hem höweslendirme töleglerini (düşen serişdäniň göteriminde, peýdadan alynýan paýlarda we başgalar) belläp biler.

4. Ylmy derejesi, ylmy ady bolan ylmy we mugallymçylyk işgärlere Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde aýlyk zähmet hakyna goşmaça hak bellenilýär.

(2010-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky; 2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň    26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 6-njy  madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

118-nji madda. Işçileriň zähmetine hak tölemek

 

1. Işçileriň zähmetine hak tölenende tarif möçberleri, aýlyk zähmet haklary ulanylýar.

2. Zähmete hak tölemegiň görnüşini, tertibini, tarif möçberleriniň, aýlyk zähmet haklarynyň, sylaglaryň, höweslendirme we beýleki tölegleriň möçberlerini, şeýle hem işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň arasynda olaryň möçberlerine bolan gatnaşygyny iş berijiler köpçülikleýin şertnamalaryň (ylalaşyklaryň) ýa-da tarif ylalaşyklarynyň esasynda özbaşdak kesgitleýärler.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

119-njy madda. Zähmete hak tölemegiň şertleriniň üýtgedilmegi

 

1. Zähmete hak tölemegiň şertleri olaryň bellenilen tertibi ýaly üýtgedilýärler.

2. Zähmete hak tölemegiň şertleriniň işgäriň zyýanyna üýtgedilmegine işgär bilen ylalaşmazdan şu ýagdaýda kadadan çykma hökmünde ýol berilýär:

1) önümçilik tehnologiýasynda, zähmeti guramakda zähmete hak tölemegiň ozalky şertleri saklanyp bilinmejek ýagdaýynda;

2) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan işleriň (hyzmatlaryň) möçberleri, önüm öndürmegiň kadalary (kadalaşdyrmalary) üýtgände.

3. Işgäre zähmete hak tölemegiň şertleriniň üýtgedilmegi hakynda bir aýdan gijä goýman duýdurylmalydyr.

 

2 bap. Zähmete hak tölemegiň aýratyn şertleri

 

120-nji madda. Iş wagtyndan daşary ýerine ýetirilen işe hak tölemek

 

1. Iş wagtyndan daşary ýerine ýetirilen işe iki esse möçberde hak tölenilýär.

2. Iş wagtyndan daşary ýerine ýetirilen iş üçin işgäriň islegine görä, ýokarlandyrylan zähmet hakyna derek iş wagtyndan daşarky işlenilen sagatlardan ýokary geçmeýän möçberde ýylyň dowamynda rugsat berlip bilner.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

121-nji madda. Dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we

 hatyra günlerindäki ýerine ýetirilen işe

 hak tölemek

1. Dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerindäki ýerine ýetirilen işiň hakyny tölemek, taraplaryň ylalaşygy boýunça ýylyň dowamynda dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde işlenilen sagatlardan ýokary geçmeýän möçberde beýleki iş günlerinde rugsat berilmegi bilen ýa-da pul görnüşinde iki esse möçberinde öwezi dolunýar.  

2. Dynç günleri, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleri ýerine ýetirilen iş üçin töleg şeýle geçirilýär:

1) potratçylara – potratlaýyn nyrhlar boýunça iki esse;

2) sagatlaýyn ýa-da gündelik möçberler boýunça zähmete hak tölenýän işgärlere sagatlaýyn ýa-da gündelik stawkanyň iki esse möçberinde;

3) aýlyk zähmet haklaryny alýan işgärlere, eger iş baýramçylyk günlerinde iş wagtynyň bir aýlyk normasynyň möçberinde ýerine ýetirilen bolsa, aýlyk zähmet haklaryndan artyk sagatlaýyn ýa-da gündelik möçberiň  möçberinde, eger iş aýlyk normasyndan artyk ýerine ýetirilen bolsa, onda aýlyk zähmet hakyndan artyk sagatlaýyn ýa-da gündelik möçberiň iki esse möçberinde.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky; 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky; 2019-njy ýylyň     2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

122-nji madda. Zähmet şertleri boýunça goşmaça hak

1. Zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işlerde, agyr ýa-da aýratyn howa şertleri bo­lan ýerlerdäki işlerde (suwsuz, çöllük), şeýle hem göçme we (ýa-da) gatnaw häsiýeti bolan şertlerde işleýändikleri üçin işgärlere tarif möçberine (aýlyk zähmet hakyna) goşmaça hak bellenilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde gör­kezilen tarif möçbere (aýlyk zähmet haka) goşmaça haklaryň möçberi we ony bellemegiň ter­tibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Tarif möçbere (aýlyk zähmet haka) goşmaça hakyň bellenilmegine hukuk berýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işler, hünärler we wezipeler şu Kodeksiň 176-njy maddasy­nyň ikinji böleginde göz önünde tutulan sanaw bilen kesgitlenilýär.

(2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky; 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky; 2017-nji ýylyň      26-njy awgudstyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 45-nji madda; 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

123-nji madda. Gijeki wagtdaky işe hak tölemek

 

1. Eger gijeki wagtdaky işi hasaba almak bilen zähmet haky bellenilen işiň häsiýeti bilen baglanyşykly bolmadyk bolsa, gijeki wagtdaky işiň her bir sagady sagat möçberiniň bir ýarym esse möçberinde tölenilýär.

Gijeki wagtdaky işiň töleginiň anyk möçberleri kärhananyň köpçülikleýin şertnamasy (zähmet haky hakyndaky düzgünnama) bilen bellenilýär, ýöne ol şu Kodeksde göz öňünde tutulandakydan pes bolmaly däldir.

2. Gijeki wagtdaky iş üçin ýokarlandyrylan hak möçberlere, aýlyk zähmet haklaryna goşulmaýar, şu maddanyň birinji böleginde görkezilenler muňa girmeýär.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda)

 

124-nji madda. Boş durlan wagtynda we täze önümçilikler (önümler) özleşdirilende hak tölenişiň tertibi

 

1. Işgäriň günäsi bolmazdan boş durlan wagty, eger işgär işsiz durulýan wagtyň başlanýandygy hakynda iş berijini (brigadiri, ussany, beýleki wezipeli adamlary) duýduran bolsa, işgäre bellenilen razrýadyň, aýlyk zähmet hakynyň tarif möçberiniň üçden iki böleginden pes bolmadyk hasapdan hak tölenilýär.

2. Işgäriň günäsi boýunça boş durlan wagta hak tölenilmeýär.

3. Täze önümçilik (önüm) özleşdirilýän döwründe iş beriji işgärlere alty aýdan köp bolmadyk möhletde öňki ortaça aýlyk zähmet hakyna çenli goşmaça hak töläp biler.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

125-nji madda. Kemçilikli önüm taýýarlananda zähmete hak tölemegiň tertibi

 

1. Işgäriň günäsi bolmazdan, kemçilikli önüm taýýarlananda ony taýýarlamak boýunça zähmete hak tölemek ýaramly önümlere bellenilen nyrhlar bilen deň hatarda geçirilýär.

2. Işlenilýän materialyň bildirmeýän kemçiligi netijesinde ýüze çykan kemçilikli önümler, şeýle hem tehniki gözegçilik edarasy tarapyndan kabul edilenden soň, işgäriň günäsi bolmazdan, ýüze çykan kemçilikli önüm üçin şol işgäre ýaramly önümler bilen deň hatarda tölenilýär.

3. Işgäriň günäsi bilen ýol berlen doly kemçilikli önüm tölege degişli däldir.

4. Işgäriň günäsi bilen ýol berlen kem-käsleýin kemçilikli önümiň bölekleýin ýaramlylyk derejesine baglylykda peseldilen nyrhlar boýunça tölenýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

126-njy madda. Iş öndürijiliginiň kadalary ýerine ýetirilmedik halatynda zähmete hak tölemegiň tertibi

 

1. Işgäriň günäsi bolmazdan, iş öndürijiliginiň kadalary ýerine ýetirilmedik bolsa, zähmete hak tölemek hakyky ýerine ýetirilen iş üçin geçirilýär. Şeýle ýagdaýda aýlyk zähmet haky oňa bellenen razrýadyň (zähmet hakynyň) tarif möçberiniň üçden iki böleginden pes bolup bilmez.

2. Işgäriň günäsi bilen iş öndürijiliginiň kadalary ýerine ýetirilmedik bolsa, töleg ýerine ýetirilen işiň möçberine laýyklykda geçirilýär.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

127-nji madda. Kärler (wezipeler) utgaşdyrylanda we wagtlaýyn ýok işgäriň borçlary ýerine ýetirilende zähmete hak tölemek

 

1. Şol bir kärhanada (şol bir iş berijide) zähmet şertnamasy bilen şertlendirilen öz esasy işi bilen deň hatarda başga kär (wezipe) boýunça goşmaça işi ýa-da öz esasy işinden boşamazdan, wagtlaýyn ýok işgäriň borçlaryny ýerine ýetirýän işgäre kärleri (wezipeleri) utgaşdyrandygy üçin, ýa-da wagtlaýyn ýok işgäriň borçlaryny ýerine ýetirendigi üçin goşmaça hak tölenilýär.

2. rleri (wezipeleri) utgaşdyrmak, adatça, işgärleriň degişli toparynyň çäklerinde (işçiler, inžener-tehniki işgärler, gullukçylar we beýlekiler) rugsat berilýär.

3. Kärleri (wezipeleri) utgaşdyrmak ýa-da wagtlaýyn ýok işgäriň borçlaryny ýerine ýetirendigi üçin goşmaça hak iş beriji tarapyndan kärhananyň kärdeşler arkalaşygy edarasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy bilen ylalaşyk boýunça işgär bilen ylalaşyk esasynda utgaşdyrylýan käriň (wezipäniň) zähmet hakynyň elli göteriminden köp bolmadyk möçberinde bellenilýär.

4. Şu aşakdakylar üçin goşmaça haklar:

1) kärleri (wezipeleri) utgaşdyrmak üçin goşmaça hakyň bellenilmegine ýokarda durýan guramanyň tassyklan wezipe sanawa garanda, işgärleriň sanynyň azaldylmagyndan alnan zähmete hak tölemegiň gaznasynyň tygşytlanan serişdeleri gönükdirilip bilner;

2) wagtlaýyn ýok işgärleriň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin goşmaça hak ýok işgäriň tarif möçberleriniň (aýlyk zähmet hakynyň) elli göteriminden köp bolmadyk möçberinde, şol goşmaça haklaryň näçe adam sanynyň arasynda bölünýändigine garamazdan, peýdalanylyp bilner.

5. Bu madda şulara degişli däldir:

1) kärhanalaryň ýolbaşçylaryna, olaryň orunbasarlaryna we kömekçilerine; baş hünärmenlerine (baş: inžener, mehanik, tehnolog, konstruktor, geolog we ýolbaşçynyň ýanyndaky beýleki baş hünärmenler); gurluş düzüm birlikleriniň, bölümleriň, sehleriň, gulluklaryň ýolbaşçylaryna we olaryň orunbasarlaryna;

2) ylmy-barlag edaralarynyň ylmy, inžener-tehniki işgärlerine we beýleki hünärmenlerine hem gullukçylaryna, muňa şol görkezilen edaralaryň tejribe (synag) önümçiliklerinde, sehlerde, ussahanalarda, uçastoklarynda we desgalarynda, geologik, gözleg, gözleg-agtaryş ekspedisiýalarynda we toparlarynda (partiýalarynda) işleýänler girmeýär;

3) ýerine ýetiriji häkimiýetiň we hojalygy dolandyryş edaralarynyň inžener-tehniki işgärlerine hem-de beýleki hünärmenlerine we gullukçylaryna.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky, 2018-nji ýylyň     9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 151-nji madda; 2017 ý., № 3, 112-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda)

 

128-nji madda. Wagtlaýyn ornuna işlenende zähmete hak tölemek

 

Wagtlaýyn ornuna işlenende ornuna işleýän işgäre wezipe sanawynda göz öňünde tutulan ornuna işlenýän işgäriň aýlyk zähmet hakynyň möçberinde zähmet haky tölenilýär.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 112-nji madda)

 

129-njy madda. Dürli hünärli işler ýerine ýetirilende zähmete hak tölemek

 

1. Dürli hünärli işler ýerine ýetirilende wagta görä hak tölenilýän işçileriň, şeýle hem gullukçylaryň zähmetine has ýokary hünär derejeli iş boýunça tölenilýär.

2. Potratlaýyn zähmet haky tölenilýän işçileriň zähmetine ýerine ýetirilýän işiň nyrhlary boýunça tölenilýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň häsiýeti boýunça potratlaýyn zähmete hak tölenilýän işçilere berlen razrýadlaryndan pes derejedäki işleri ýerine ýetirmek tabşyrylanda, şeýle işleri ýerine ýetirýän işçilere, eger köplükçileýin şertnama (ylalaşyk) bilen göz öňünde tutulan bolsa, razrýadara tapawut tölenilýär. Töleg işçiniň iş öndürijiliginiň kesgitlenen möçberlerini ýerine ýetirende geçirilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

130-njy madda. Doly däl iş wagtynda zähmete hak tölemek

 

Doly däl iş gününde ýa-da doly däl iş hepdesinde, şu Kodeksiň 63-nji maddasyna laýyklykda, zähmete hak tölemek işlenilen wagta barabarlykda ýa-da iş öndürijiliginiň kesgitlenen möçberleriniň ýerine ýetirilmegine baglylykda geçirilýär.

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 101-nji madda)

 

131-nji madda. Ortaça zähmet hakynyň hasaplanylmagy

 

1. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan ortaça zähmet hakynyň möçberini kesgitlemegiň ähli halatlary üçin ony hasaplamagyň ýeke-täk tertibi bellenilýär.

2. Ortaça zähmet haky hasaplanylanda, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar tölenilýän zähmet hakynyň ähli görnüşleri, şol sanda rugsatlaryň tölegleriniň jemi hasaba alynýar, muňa şu Kodeksiň 270-nji maddasynda bellenilen esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça zähmet haky, şeýle hem zähmete hak tölemegiň hereket edýän ulgamy bilen şertlendirilmedik tölegler girmeýär.

3. Islendik iş düzgüninde işgäriň ortaça zähmet hakyny hasaplamak oňa töleg pursadynyň öň ýanyndan gelýän on iki senenama aý üçin hakyky hasaplanan zähmet hakyndan we hakyky işlenilen wagtyndan ugur alnyp geçirilýär.

Eger işgär on iki aýdan az işlän bolsa, onda onuň ortaça aýlyk zähmet hakyny hasaplamak töleg pursadynyň öň ýanyndan gelýän hakyky işlän senenama aýlarynyň sanyndan ugur alnyp geçirilýär.

Eger işgär bir aýdan az wagt işläp işden çykan bolsa, oňa tölenmäge degişli öwez pulunyň möçberi işden çykan günündäki bellenilen aýlyk zähmet hakyndan (tarif möçberinden) hasaplanylýar.

4. Ortaça gündelik zähmet haky ortaça aýlyk zähmet hakyny 29,7-ä bölmek ýoly bilen hasaplanýar.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda ortaça zähmet hakyny hasaplamak üçin, eger işgärleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmaýan bolsa, beýleki döwürler hem göz öňünde tutulyp bilner.

6. Şu madda bilen bellenilen ortaça zähmet hakyny h