• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambul şäherinde geçirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki zaman tapgyrynda döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler. Türki dilli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýurtlaryň halklary bilen bizi müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki geňeşiň döwlet Baştutanlarynyň häzirki sammitine, şeýle hem bu guramanyň ýokary derejede geçirilýän forumlaryna gatnaşmagyň sebit we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesiniň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz bar bolan mümkinçilikleri Türki dilli döwletleriň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän çäk taýdan umumy giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin peýdalanmaga çalyşýar.

Söhbetdeşler Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitiniň gün tertibine ünsi çekip, Türkmenistanyň bu gurama synçy derejede goşulmagy baradaky çözgüdiniň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri geljekki mümkinçilikleri hem-de häzirki anyk ýagdaýlary göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady ulgam, energetika pudagy we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi.

Umumy pikire görä, Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça özara hereketleri has-da ösdürmegiň zerurdygyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa geljekde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň eýeleýän ornuny nygtap, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.