• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – kämilligiň, ösüşiň we bagtyýarlygyň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Esasy Kanunymyz ösen ykdysadyýeti we netijeli durmuş goragy ulgamy bolan hem-de ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça işjeň halkara syýasaty alyp barýan, dünýewi, demokratik, hukuk döwletini ynamly gurýan özygtyýarly Watanymyzyň üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň ygtybarly hukuk binýady bolup durýar.

Döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribelerini, asylly däpleri we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýurdumyzyň Konstitusiýasy raýatlaryň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş syýasatyny alyp barýan döwletimiziň geljekki ösüşiniň möhüm wezipelerini kesgitleýär.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Esasy Kanunymyzda Döwlet Baýdagynyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi bu gymmatlyklaryň özara utgaşygyny emele getirýär, şol gymmatlyklarda ata-babalarymyzyň döwletlilik hakyndaky köpasyrlyk arzuwy we halkymyzyň mizemezligi, tebigata mahsus ýaşaýşyň we ösüşiň sazlaşygy jemlenýär, özygtyýarly we Garaşsyz Watanymyzyň esasy nyşany bolmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki döwürde tutuş dünýäde giňden bellidir.

Maslahatyň dowamynda dabara gatnaşyjylar mähriban Watanymyzyň her bir raýaty hakynda alada edýän, Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmeginde we halkara derejesindäki abraýynyň barha arşa galmagynda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimize – Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.