• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ III MASLAHATY GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ III MASLAHATY GEÇIRILDI

         2021-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň III maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary, bellenilen tertipde saýlanylan welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Türkmenistanyň kazylarynyň III maslahaty öz gezeginde kazyýet ulgamyny we adyl kazyýetligi kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan meýdançasy bolup hyzmat etdi.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Eziz Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda asyrlara barabar beýik işler durmuşa geçirilýär, halkymyzyň asudalygy, abadançylygy we ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary hem-de ýurdumyzyň syýasy-hukuk ulgamynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň netijesinde bu gün Garaşsyz Türkmenistan ýer ýüzünde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýokary derejede goraglylygynyň, onuň ykdysady we kanunçylyk esaslarynyň döwrebap binýadynyň üpjün edilýän ýurdy hökmünde tanalýar.

Türkmenistanyň kazylarynyň III maslahatynyň gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017–2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek babatda alnyp barlan işler seljerildi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünde durlup geçildi.

Şeýle hem “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylda öňde durýan we Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksiniň özleşdirilmegi bilen bagly wezipeler, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli kazyýet edaralarynda geçiriljek ylmy-amaly maslahatlaryň, dabaralaryň we beýleki çäreleriň meýilnamasy ara alyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Ondan başga-da, maslahatda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bellenilýän, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “2021-nji ýyl – Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylynda bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi we Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksini ulanmak bilen bagly Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi tarapyndan ugrukdyryjy düşündirişleri bermek baradaky tekliplere garaldy hem-de olar maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň adyl kazyýetligiň dürli ugurlary boýunça 2020-nji ýylda kabul eden ugrukdyryjy düşündirişli kararlarynyň ýygyndysy bilen tanyşdyrylyşynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek.

Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar, Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde kazyýet ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, kompýuter tehnologiýalary we beýleki döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze edara binalarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçirilen Türkmenistanyň kazylarynyň III maslahatyna gatnaşyjylar, hormatly Prezidentimiziň hukuk özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň takyk we dogry ulanylmagyny hem-de berjaý edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň ygtybarly goragyny kepillendirmek barada öňde goýýan örän jogapkärli wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmekde ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdiklerini ynandyrdylar, kazyýet ulgamynyň kämilleşdirilmegi ugrundaky beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize – Belent Serkerdebaşymyza Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hoşallyklarynyň, alkyşlarynyň çäksizdigini beýan etdiler.