• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini

tassyklamak we herekete girizmek hakynda

 

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizmeli.

3-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetlerine gelip gowşan we 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli seredilmedik administratiw işleri Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir.

4-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

 

Türkmenistanyň                                            Gurbanguly

     Prezidenti                                             Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.

№ 302-VI.

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

ADMINISTRATIW IŞ ÝÖREDIŞ KODEKSI

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

 

I BAP. ESASY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kodeksiň hereket ediş çygry

1. Şu Kodeks döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgelerini we düzgünlerini belleýär.

2. Şu Kodeksiň hereketi administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça önümçilige degişli edilmeýär.

 

2-nji madda. Administratiw kazyýet önümçiligi hakynda

     kanunçylyk

1. Türkmenistanyň kazyýetlerinde administratiw işler boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeks, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen kesgitlenilýär.

2. Eger şu Kodeksde kazyýet önümçiligini amala aşyrmak hakynda düzgünler bellenilmedik bolsa, onda degişlilikde, eger olar şu Kodeksiň esasy ýörelgelerine we maksatlaryna garşy gelmeýän bolsa, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň we beýleki kanunlaryň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler:

1) administratiw hak islegi döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň subýekti tarapyndan görkezilen gatnaşyklardan gelip çykýan, bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklary, azatlyklary ýa-da kanun tarapyndan goralýan bähbitleri goramak üçin kazyýete berlen iş ýörediş resminamasy;

2) administratiw iş ‒ döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň subýektleriniň arasynda hukuk jedelini çözmek hakynda kazyýetiň önümçiligine kabul edilen talap, şeýle hem şu jedele degişli materiallar. «Administratiw iş» diýen düşünje administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere degişli edilmeýär;

3) administratiw iş boýunça hak isleýji (mundan beýläk ‒ hak isleýji) ‒ döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan hukuklaryny, azatlyklaryny ýa-da kanuny bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

4) administratiw iş boýunça jogap beriji (mundan beýläk ‒ jogap beriji) ‒ garşysyna kazyýete hak islegi bildirilen administratiw edara;

5) administratiw kazyýet önümçiligi (mundan beýläk ‒ administratiw iş ýörediş) bir tarapdan administratiw edaralaryň we beýleki tarapdan fiziki we ýuridik şahslaryň döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiligi;

6) birinji basgançakly kazyýet ilkibaşdan administratiw hak islegi boýunça işlere seredýän kazyýet;

7) nägilelik basgançakly kazyýet birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik kararlaryna nägilelik şikaýatlaryna seredýän welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetiniň administratiw işler boýunça kazyýet kollegiýalary;

8) nägilelik şikaýaty işe gatnaşýan şahslar tarapyndan birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik kazyýet kararlaryna ikinji basgançakly kazyýete getirilýän şikaýat;

9) wezipeli adam administratiw edaralarda hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlyk boýunça häkimiýetiň wekiliniň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan, guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adam;

10) ýokary nägilelik basgançakly kazyýet nägilelik basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik kesgitnamasyna getirilen şikaýatlara seredýän Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň administratiw işler boýunça kazyýet kollegiýasy;

11) ýokary nägilelik şikaýaty işe gatnaşýan şahslar tarapyndan nägilelik basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik kesgitnamasyna ýokary kazyýet basgançagyna getirilýän şikaýat.

 

4-nji madda. Kazyýete ýüz tutmak hukugy

Her bir adam kanunda bellenilen tertipde özüniň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny, azatlyklaryny ýa-da kanun bilen goralýan bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

5-nji madda. Administratiw iş ýöredişiň dili

1. Administratiw iş ýörediş Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.

2. Işe gatnaşýan we administratiw iş ýöredişiň dilini bilmeýän şahslara terjimeçiniň üsti bilen işiň materiallary bilen tanyşmak, kazyýet hereketlerine gatnaşmak hukugy üpjün edilýär.

 

II BAP. ADMINISTRATIW IŞ ÝÖREDIŞIŇ

WEZIPELERI WE ÝÖRELGELERI

 

6-njy madda. Administratiw iş ýöredişiň wezipeleri

Şular administratiw iş ýöredişiň wezipeleri bolup durýar:

1) administratiw edaralar bilen gatnaşyklarda kanunyň hökmürowanlygyny, fiziki şahslaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmek;

2) döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň çygrynda fiziki şahslaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini goramak;

3) kanunylygyň berkidilmegine, döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň çygrynda  hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam etmek.

 

7-nji madda. Administratiw iş ýöredişiň ýörelgeleri

Administratiw iş ýörediş kanunylyk, hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi, kazylaryň garaşsyzlygy, dispozitiwlik, inkwizisionlyk, açyklyk, taraplaryň bäsleşikliligi we deňhukuklylygy, kazyýet seljerişiniň dilden geçirilmegi ýörelgelerinde amala aşyrylýar.

 

8-nji madda. Kanunylyk

1. Kazyýet administratiw iş ýörediş tertibinde işleri çözende Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň, şu Kodeksiň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny takyk berjaý etmäge borçludyr.

2. Işler çözülende kazyýet tarapyndan kanunyň bozulmagy ýolberilmesizdir we ol taraplaryň ýa-da taraplaryň biriniň arzasy boýunça bikanun kazyýet kararlarynyň sökülmegine eltýär.

3. Jedelli hukuk gatnaşygyny düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň bolmadyk ýagdaýynda kazyýet hukugyň meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaryny ulanýar, eger şeýle kadalar bolmasa, jedeli kanunçylygyň umumy başlangyçlardan we manysyndan ugur alyp çözýär.

4. Eger kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da jedeliň taraplarynyň ylalaşygy bilen jedeliň degişli meseleleri kazyýet tarapyndan çözmek göz öňünde tutulýan bolsa, kazyýet bu meseleleri adalatlylygyň we paýhaslylygyň ölçeglerinden ugur alyp çözmäge borçludyr.

 

9-njy madda. Hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň

      öňündäki deňligi

1. Administratiw işler boýunça adyl kazyýetlik hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligi başlangyçlarynda amala aşyrylýar.

2. Administratiw iş ýöredişiň barşynda:

fiziki şahslaryň hiç birine ileri tutulma berlip bilinmez we olaryň hiç biri milleti, teniniň reňki we jynsy, gelip çykyşy, emläk we wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ynam-ygtykady ýa-da gaýry ýagdaýlar boýunça kemsidilmelere sezewar edilip bilinmez;

ýuridik şahslaryň hiç birine artykmaçlyk berlip bilinmez we olaryň hiç biri öz ýerleşýän ýeri, guramaçylyk-hukuk görnüşi, tabynlygy, eýeçiliginiň görnüşi we gaýry ýagdaýlar boýunça kemsidilmä sezewar edilip bilinmez.

 

10-njy madda. Kazylaryň garaşsyzlygy

1. Kazylar garaşsyzdyrlar we administratiw işler boýunça adyl kazyýetligi amala aşyranlarynda diňe Konstitusiýa we kanuna tabyndyrlar.

2. Kazylar administratiw işleri özlerine kesekiniň täsirini aradan aýyrýan şertlerde çözýärler. Adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça kazyýetiň işine haýsydyr bir gatyşylmagy ýolberilmesizdir we kanun tarapyndan bellenilen jogapkärçilige eltýär. Anyk işler boýunça kazylar hiç kime hasabat bermeli däldirler.

 

11-nji madda. Dispozitiwlik

1. Kazyýet diňe öz hukuklaryny, azatlyklaryny ýa-da kanun bilen goralýan bähbitlerini goramak maksady bilen, taraplaryň haýsy-da biri ýüz tutan ýagdaýynda administratiw işe seretmäge girişýär.

2. Taraplar şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda, administratiw hak islegini berip, iş ýöredişe başlaýarlar. Olar jedeliň närsesini kesgitleýärler we şikaýat etmek hakyndaky meseläni çözýärler.

3. Taraplar barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak bilen kazyýet seljerişini tamamlap bilerler, eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olar hak isleýiş talaplaryny ykrar edip ýa-da olardan ýüz dönderip bilerler.

 

12-nji madda. Inkwizisionlyk

1. Kazyýet öz başlangyjy boýunça işiň ähli ýagdaýlaryny anyklaýar. Taraplar muňa ýardam edýärler. Kazyýet işe gatnaşyjylar tarapyndan oňa berlen faktlar, hukuk delilleri we olaryň subutnamalary derňemek hakyndaky haýyşnamalary bilen bagly däldir.

2. Kazy formal ýalňyşlyklaryň aradan aýrylmagyna, düşnüksiz arzalaryň düşündirilmegine, maksadalaýyk haýyşnamalaryň talabalaýyk goýulmagyna, ýeterlik bolmadyk hakyky maglumatlaryň üstüniň doldurylmagyna, mundan başga-da işiň ýagdaýlaryny anyklamak we baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan ähli maglumatlaryň berilmegine ýardam etmäge borçludyr.

3. Kazyýet zerur bolan subutnamalary toplaýar. Hususan-da, ol gözden geçirip, şaýatlary, bilermenleri we beýleki gatnaşyjylary sorag edip, bilermeniň seljermesini belläp we ýazmaça resminamalary talap edip alyp biler.

4. Kazyýetiň dilden seljerişiniň geçirilmegine taýýarlyk görmek üçin  işe gatnaşyjylar özleriniň delillerini ýazmaça bermelidirler. Kazy olaryň berilmegi üçin wagt belläp, gatnaşyjylardan ýazmaça delilleriň berilmegini talap edip biler. Döwlet edaralarynyň ygtyýarynda bar bolan işiň degişli materiallary, eger diňe ýokarda durýan döwlet edarasy gaýragoýulmasyz jemagat ýa-da hususy bähbitleriň esasynda mundan ýüz döndermese, kazyýete berilýär. Ýüz dönderilmegi esaslandyrylan bolmalydyr.

 

13-nji madda. Administratiw iş ýöredişiň açyklygy

1. Ähli kazyýetlerde işler açyk  seljerilýär.

2. Ýapyk kazyýet mejlislerinde administratiw işlere seredilmegi kanun tarapyndan goralýan syry bar bolan işler boýunça amala aşyrylýar. Administratiw işleriň ýapyk kazyýet seljerişine kanun tarapyndan goralýan syryň goralmagynyň, raýatlaryň şahsy durmuşy baradaky maglumatlaryň aýan edilmezliginiň zerurlygyna ýa-da ara alnyp maslahatlaşylmagy işiň dogry çözülmegine päsgel berip biljek gaýry ýagdaýlar salgylanýan işe gatnaşýan şahsyň haýyşnamasy kanagatlandyrylanda hem ýol berilýär.

Ýapyk kazyýet seljerişiniň barşyny ýazmaça ýa-da audioýazgy serişdeleriniň kömegi bilen ýazgy edilmegine, ýapyk kazyýet seljerişiniň kino-fotosurata düşürilmegine, şekilli ýazgy edilmegine, göni tele-radio gepleşikleriň alnyp barylmagyna ýol berilmeýär.

3. Administratiw işler boýunça kazyýet kararlary açyk yglan edilýär. Administratiw işe ýapyk kazyýet mejlisinde seredilen ýagdaýynda kazyýet kararynyň karara geliş bölegi açyk yglan edilýär.

 

14-nji madda Taraplaryň bäsleşikliligi we deňhukuklylygy

1. Administratiw iş ýörediş taraplaryň bäsleşikliliginiň we deňhukuklylygynyň esasynda amala aşyrylýar. Taraplar deň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we deň iş ýörediş borçlaryny çekýärler.

2. Taraplar administratiw iş ýöredişiň barşynda öz nukdaýnazaryny, ony goramagyň hukuk usullaryny we serişdelerini özbaşdak we kazyýetden, beýleki edaralardan we adamlardan garaşsyz saýlap alýarlar.

3. Kazyýet çözgüdi diňe barlanylmagyna gatnaşmak taraplaryň her biri tarapyndan deň esaslarda üpjün edilen subutnamalara esaslanýar.

4. Işe seredýän kazyýet dogruçyllygyny we tarapgöýsüzligini saklamak bilen, işiň ýagdaýlaryny doly we dogry barlamaga taraplaryň hukuklaryny amala aşyrmagy üçin zerur şertleri döredýär, işe gatnaşýan adamlara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmagyň ýa-da amala aşyrmazlygyň getirýän netijeleri barada duýdurýar we şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda olara öz hukuklaryny amala aşyrmaga ýardam edýär.

5. Kazyýet taraplara deň we hormatly garaýşyny görkezýär.

 

15-nji madda. Kazyýetde seljerişiň dildenligi

1. Kazyýet jedeli dilden açyk seljerişiň esasynda çözýär.

2. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň razylygy bilen kazyýet jedeli dilden seljermezden çözüp biler.

 

III BAP. ADMINISTRATIW IŞ ÝÖREDIŞE

GATNAŞYJYLAR

 

16-njy madda. Administratiw iş ýörediş kämillik ukyby

1. Şahs diňe Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, kämillik ukyby bolan ýagdaýynda administratiw iş ýörediş hereketlerini amala aşyryp biler.

2. Kämillik ukyby bolmadyk adam administratiw iş ýörediş hereketlerini diňe kanuny wekiliniň ýa-da oňa kanuny wekili tarapyndan ygtyýarly edilen wekiliniň üsti bilen amala aşyryp biler.

 

17-nji madda. Gatnaşyjylar

1. Şular administratiw iş ýöredişe gatnaşyjylar bolup durýarlar:

1) hak isleýji;

2) jogap beriji;

3) çekilen üçünji tarap.

2. Fiziki we ýuridik şahslar administratiw iş ýöredişe gatnaşyjylar

bolup bilerler.

 

18-nji madda. Üçünji taraplaryň çekilmegi

1. Kazyýet, eger işiň netijesi olaryň hukuk bähbitlerine täsirini ýetirýän bolsa, üçünji taraplary işe gatnaşmaga çekip biler. Bu şahslar jedeliň närsesine degişli bolmadyk özbaşdak talaplary bildirip bilmezler.

2. Kazyýet, eger olar barada hem täsir edýän diňe bir çözgüt kabul edilip bilinjek bolsa, üçünji taraplary işe gatnaşmaga çekmäge borçludyr. Şu ýagdaýda üçünji taraplar iş ýöredişe gatnaşyjylaryň ähli hukuklaryna we borçlaryna eýedirler.

 

19-njy madda. Administratiw iş ýöredişde wekiller

1. Fiziki şahslar iş ýöredişde özbaşdak ýa-da wekiliniň üsti bilen çykyş edip bilerler, ýuridik şahslar özleriniň edaralary bilen wekilçilik edýärler.

2. Administratiw iş ýöredişe gatnaşyjylar adwokaty ýa-da ýazmaça ynanç haty arkaly başga bir adamy iş boýunça özleriniň wekili edip  belläp bilerler.

 

20-nji madda. Tarapgöýsüzlik

1. Kazy iş ýöredişi tarapgöýsüzlik bilen alyp barmaga borçludyr. Eger onuň tarapgöýligine şübhäni esaslandyrýan faktlar bar bolsa, kazy tarapgöý diýlip ykrar edilýär.

2. Şeýle şübhe kazynyň gatnaşyjylara diňe özüniň deslapky hukuk pikirini aýdýandygy üçin esaslandyrylan bolmaýar.

 

21-nji madda. Kaza we administratiw iş ýöredişiň beýleki

       gatnaşyjylaryna ynanmazlyk bildirmegiň tertibi

1. Kazyýet tarapyndan degişli kazynyň tarapgöýlügi anyklanylan halatynda, ol şol administratiw işe seretmekden çetleşdirilmäge degişlidir (ynanmazlyk bildirmek).

2. Kazynyň tarapgöýlügi baradaky mesele onuň gatnaşmazlygynda çözülýär.

3. Bu çözgüt şikaýat edilmäge degişli däldir.

4. Kaza we administratiw iş ýöredişiň beýleki gatnaşyjylaryna bildirilen ynanmazlygy çözmegiň tertibi Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

IV BAP. IŞ ÝÖREDIŞ MÖHLETLERI

 

22-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini bellemek we hasaplamak

1. Hak isleýiş arzasynyň berilmeginiň möhletini hasaplamak şikaýat edilýän administratiw namanyň ýa-da şikaýat boýunça çözgüdiň yglan edilen pursadyndan başlanýar. Administratiw nama administratiw tertipde şikaýat edilen ýagdaýynda hak isleýiş arzasyny bermek üçin möhleti hasaplamak diňe ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýokarda durýan edarasy tarapyndan şikaýat boýunça kabul edilen karar yglan edilen pursadyndan başlanýar.

2. Eger administratiw namada ýa-da şikaýat boýunça kararda hukuk goragynyň tertibi hakynda maglumatlar bolmasa, onda hak isleýiş arzasynyň berilmegine administratiw namanyň yglan edilen, administratiw edara tarapyndan hereket/hereketsizlik amala aşyrylan pursadyndan bir ýylyň dowamynda ýol berilýär.

3. Eger iş ýöredişe gatnaşyjy möhleti esasly sebäbe görä geçiren bolsa, onda onuň haýyşnamasy boýunça geçirilen möhlet dikeldilmäge degişlidir. Şeýle haýyşnama möhleti geçirmegiň sebäpleri aradan aýrylandan soň iki hepdäniň dowamynda berilýär.

4. Möhletler hasaplanylanda Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň degişli düzgünleri ulanylýar.

 

23-nji madda. Hak islegi bildirmegiň möhletleri

1. Jedelleşmek hakynda hak islegi administratiw namanyň yglan edilen pursadyndan bir aýyň dowamynda bildirilmelidir.

2. Eger kesgitli administratiw namany çykarmak hakyndaky arzany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen bolsa, borçnamany ýerine ýetirmek hakyndaky hak islegi bildirmegiň möhleti babatda şu maddanyň birinji bölegi ulanylýar.

 

V BAP. HAK ISLEGIŇ GÖRNÜŞLERI

 

24-nji madda. Administratiw iş ýöredişde seredilýän işler

Eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, administratiw iş ýöredişde döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan ähli jedellere seredilýär.

 

25-nji madda. Jedelleşmek hakynda hak islegi

Hak isleýji jedelleşmek hakyndaky hak islegi arkaly oňaýsyz administratiw namanyň doly ýa-da bölekleýin ýatyrylmagyny talap edip biler.

 

26-njy madda. Borçnamanyň ýerine ýetirilmegi hakynda

        hak islegi

1. Borçnamany ýerine ýetirmek hakyndaky hak islegi arkaly hak isleýji özüne ony çykarmakdan ýüz dönderilen administratiw namanyň çykarylmagyny talap edip biler.

2. Administratiw edara administratiw namanyň çykarylmagy hakyndaky arza berlenden soň ýeterlik esas bolmazdan «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynda bellenilen möhletlerde karar kabul etmeýän ýagdaýynda hem borçnamany ýerine ýetirmek hakynda hak isleg berlip bilner. Şu ýagdaýda kazyýet işiň ýagdaýlaryny öwrenmäge girişmänkä administratiw edara kazyýetiň bellän möhletiniň dowamynda iş boýunça karar kabul etmegi tabşyryp biler.

3. Borçnamany ýerine ýetirmek hakyndaky hak islegi arkaly hak isleýji administratiw namany çykarmak bilen bagly bolmadyk hereketiň amala aşyrylmagyny talap edip biler. Kazyýete hak islegi bildirmezden öň hak isleýji şeýle hereketiň amala aşyrylmagy hakynda arza bilen administratiw edara ýüz tutmalydyr.

 

27-nji madda. Kada gözegçilik hakynda hak islegi

Kada gözegçiligi hakyndaky hak islegi arkaly hak isleýji häkimiýetiň ýerine ýetiriji edarasy tarapyndan çykarylan gös-göni hukuklary we borçlary belleýän kadalaşdyryjy hukuk namasynyň hakyky däldigini anyklamagy talap edip biler.

 

 

 

28-nji madda. Administratiw edaranyň hereketiniň

       (hereketsizliginiň) bikanunlygyny anyklamak

       ýa-da bikanun diýip bilmek hakynda hak islegi

1. Hak isleýji, eger ol jedelleşmek hakyndaky hak islegi ýa-da borçnamany ýerine ýetirmek hakyndaky hak islegi arkaly öz hukuklarynyň goralmagyny gazanyp bilmese, administratiw edaranyň hereketiniň (hereketsizliginiň) bikanunlygyny anyklamak ýa-da bikanun diýip bilmek hakyndaky hak islegi arkaly haýsydyr-bir hukuk gatnaşyklaryň bar ýa-da ýok ýa-da administratiw namanyň hakyky däl diýip bilinmegini kazyýetden talap edip biler.

2. Eger şu Kodeksiň 25-nji maddasynda görkezilen administratiw nama bilen düzgünleşdirilýän närse kazyýet tarapyndan çözgüt kabul edilýänçä aradan aýrylan bolsa, onda kazyýet hak isleýjiniň towakganamasy boýunça, eger şu anyklamakda hak isleýjiniň esasly gyzyklanmasy bar bolsa, administratiw namanyň kanunalaýyk däldigi we hak isleýjiniň hukuklarynyň kemsidilendigi barada çözgüt kabul edýär. Namany gaýtadan çykarylmak mümkinçiligi bar bolan ýa-da administratiw namanyň bikanunlygy ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny talap etmek hukugy üçin möhüm şert bolup duran halatlary esasly gyzyklanma bolup durýar. Jogap berijiniň towakganamasy boýunça kazyýet jedelleşilýän administratiw namanyň kanunylygy hakyndaky meseläni çözýär.

 

29-njy madda. Hak islegiň döremegine getirýän

        subýektiw şertler

1. Eger hak isleýji özüniň hukuklarynyň oňaýsyz administratiw nama bilen bozulandygyny mälim edýän bolsa, jedelleşmek hakynda hak isleg ýol bererliklidir.

2. Eger hak isleýji özüniň hukuklarynyň administratiw namany bermekden ýüz dönderilmegi ýa-da berilmezligi, ýa-da administratiw edara tarapyndan gaýry hereketiň amala aşyrylmazlygy bilen bozulandygyny mälim edýän bolsa, borçnamany ýerine ýetirmek hakynda hak isleg ýol bererliklidir.

3. Eger hak isleýji gös-göni öz hukuklaryny we borçlaryny belleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen hukuklarynyň kemsidilýändigi barada mälim edýän bolsa, kada gözegçilik hakynda hak isleg ýol bererliklidir.

 

 

II BÖLÜM. BIRINJI BASGANÇAKLY KAZYÝETDE

IŞ ÖNÜMÇILIGI

 

VI BAP. IŞE BIRINJI BASGANÇAKLY

KAZYÝETDE SERETMEK

 

30-njy madda Hak isleýiş arzany bermek

1. Hak isleýiş arza kazyýete ýazmaça görnüşinde berilýär. Hak isleýiş arzasynyň ýanyna nusgalarynyň zerur sany goşulýar.

2. Kazyýet hak isleýiş arzasynyň iş ýöredişe gatnaşyjylara gowşurylmagyny amala aşyrýar.

 

31-nji madda. Hak isleýiş arzasynyň mazmuny

1. Hak isleýiş arzasynda hak isleýji we jogap beriji barada maglumatlar görkezilmelidir we hak isleýiş talabynyň närsesi aňladylmalydyr.

2. Hak isleýiş arzasynda şular görkezilmelidir:

1) kazyýetiň ady;

2) taraplaryň ady (fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýuridik şahsyň ady), olaryň poçta salgylary (fiziki şahs üçin ‒ ýaşaýan ýeriniň salgysy, ýuridik şahs üçin ‒ ýuridik salgysy);

3) hak isleýiş talabynyň esaslanýan ýagdaýlary we arzada beýan edilen ýagdaýlary tassyklaýan subutnamalar, bildirilýän hak islegiň esaslanýan kanunçylygy;

4) arza goşulýan resminamalaryň we beýleki subutnamalaryň sanawy.

Eger olar jedeliň dogry çözülmegi üçin zerur bolsa, hak isleýiş arzasynda beýleki maglumatlar, şeýle hem hak isleýjide bar bolan haýyşnamalar görkezilip bilner.

3. Eger hak isleýiş arzasy doly däl bolsa, kazyýet degişli kesgitnamasy bilen hak isleýjiden bellän möhletiniň dowamynda hak isleginiň üstüni doldurmagy talap edýär. Eger hak isleýji berlen möhletiň dowamynda talaby ýerine ýetirmese, onda kazyýet hak islegi ýol bererlikli däl hökmünde kabul etmekden ýüz dönderýär.

4. Hak isleýiş arzasynda hak isleýiş talaby we esaslandyrma bolmalydyr.

 

 

 

32-nji madda. Kazyýete degişlilik

1. Jogap berijiniň bolýan ýa-da ýaşaýan ýerindäki kazyýet çäk boýunça ygtyýarlylyga eýedir.

2. Eger kazyýet iş özüne degişli däl diýip hasap edýän bolsa, onda işi ygtyýarlylygyna degişli kazyýete geçirýär, onuň üçin bu çözgüt hökmanydyr.

 

33-nji madda. Kazyýet seljermesiniň çäkleri

Kazyýet işe diňe bildirilýän hak isleg talabynyň çäklerinde seredýär, ýöne hak isleýiş arzanyň ýazgysy bilen bagly däldir. Şu ýagdaýlarda kazy hak isleýjä onuň goşmaça talap bildirmäge hukugynyň bardygyny düşündirmäge borçludyr.

 

34-nji madda. Öz garamagy boýunça kabul edilen

       administratiw namanyň barlagy

1. Eger administratiw edara diskresion ygtyýarlyklar berlen bolsa, kazyýet administratiw nama ýa-da ony çykarmakdan ýüz dönderilmegi ýa-da administratiw namanyň çykarylmazlygynyň, gaýry hereketiň edilmeginiň (edilmezliginiň) bikanunlygyny, ýagny garaýşyň kanuny çäklerden çykylandygyny ýa-da garaýşyň berilmeginiň maksatlaryna laýyk gelmeýän tertipde garaýşyň ulanylandygyny barlaýar.

2. Administratiw edara kazyýetde iş ýöredişiň barşynda özüniň diskresion ygtyýarlyklaryna degişli esaslandyrmalarynyň üstüni ýetirip biler.

 

35-nji madda. Işiň önümçilige kabul edilmegi

Hak isleýiş arzasynyň kazyýete gelip gowuşmagy bilen iş önümçilige kabul edilýär.

 

36-njy madda. Hak islegiň üýtgedilmegi, hak islegden

        ýüz dönderilmegi

1. Eger iş ýöredişe gatnaşyjylar muňa razy bolsalar ýa-da kazyýet hak islegiň üýtgedilmegini maksadalaýyk hasaplasa, hak islegiň üýtgedilmegine ýol berilýär. Eger iş ýöredişe gatnaşyjylar hak islegiň üýtgedilmegine garşy bolmasalar, hak islegiň üýtgedilmegine olar razylygyny beren hasaplanylýar.

2. Hak isleýji jogap berijiniň razylygy bolmazdan kazyýet mejlisiniň başlamagyna çenli hak islegden ýüz döndermäge haklydyr. Şondan soň hak isleýjiniň hak islegden ýüz döndermegine diňe jogap berijiniň razylygy bilen ýol berilýär. Şu ýagdaýda kazyýet önümçiligiň çykdajylary hakynda çözgüt kabul edýär.

 

37-nji madda. Birmeňzeş iş ýörediş

1. Eger administratiw edaranyň haýsydyr bir namasynyň kanunalaýyklygy bäşden köp işiň närsesi bolup durýan bolsa, kazyýet taraplary diňläp, birmeňzeş işleriň biri ýa-da birnäçesi boýunça deslapdan iş ýöredişi geçirip, şikaýat edilmäge degişli bolmadyk kesgitnama bilen beýleki iş ýöredişleri togtadyp biler.

2. Birmeňzeş işlerden düýp manysy boýunça seredilen iş boýunça çykarylan çözgüt kanuny güýje girenden soň, kazyýet beýleki birmeňzeş işleriň düýpli hukuk ýa-da hakyky aýratynlyklary bolmadyk we işiň ýagdaýlary anyklanan şertinde, dilden kazyýet seljermesini geçirmezden gatnaşyjylary diňläp, galan birmeňzeş işler boýunça çözgüt çykaryp biler.

 

38-nji madda. Subutnamalary barlamak

1. Kazyýet dilden seljerişiň barşynda subutnamalary barlaýar.

2. Eger munuň özi iş ýöredişiň dessin geçirilmegine ýardam edýän bolsa, onda kazyýet subutnamalary dilden seljermegi geçirmezden öň hem barlap biler. Şu ýagdaýda iş ýöredişe gatnaşyjylar bu barada habarly edilýär, olar kazyýet tarapyndan subutnamalar möhletinden öň barlanylanda gatnaşyp we şaýatlara we bilermenlere maksadalaýyk soraglary berip bilerler.

3. Kazyýet, eger ony iş ýöredişi geçirmek üçin maksadalaýyk hasaplasa, subutnamalary barlamagy geçirmegi başga kazyýetiň kazysyna tabşyryp biler. Iş ýöredişe gatnaşyjylar degişli mejlise çagyrylýarlar.

 

39-njy madda. Administratiw işiň materiallary bilen tanyşmak

1. Iş ýöredişe gatnaşyjylar işiň materiallary we kazyýete berlen gaýry materiallar bilen tanyşmaga haklydyrlar.

2. Gatnaşyjylar resminamalaryň nusgalaryny işiň materiallaryndan öz hasabyna töläp alyp bilerler.

 

40-njy madda. Dilden seljerişi geçirmek

1. Kazy dilden seljerişi açýar we oňa ýolbaşçylyk edýär. Kazy işiň materiallary esasynda jedeliň esasy manysyny beýan edýär.

 

2. Kazy iş ýöredişe gatnaşyjylar bilen işi hakyky we hukuk taýdan ara alyp maslahatlaşýar. Soňra gatnaşyjylar hak isleýiş talaplaryny bildirýärler we olary esaslandyrmaga mümkinçilik alýarlar.

3. Kazy şondan soňra dilden seljerişi ýapýar.

4. Dilden seljeriş geçirilen halatynda, kada bolşy ýaly, çözgüt dilden seljerişiň tamamlanýan mejlisinde, işiň haýal etmän bellenilýän aýratyn ýagdaýlarynda bolsa, iki hepdeden geçmeýän möhletiň dowamynda yglan edilýär. Çözgüt ýazmaça esaslandyrmasy bilen bilelikde iş ýöredişe gatnaşyjylara onuň yglan edilen gününden başlap ýedi günüň dowamynda gowşurylýar.

 

VII BAP. KAZYÝET KARARLARY

 

41-nji madda. Jedelleşmek hakyndaky hak islegiň esaslylygy

Eger administratiw nama ýa-da onuň bir bölegi kanuna laýyk bolmasa we hak isleýjiniň hukuklaryny bozýan bolsa, jedelleşmek hakynda hak isleg esaslydyr. Şu ýagdaýda kazyýet şeýle namany dolulygyna ýa-da bölekleýin ýatyrýar.

 

42-nji madda. Borçnamany ýerine ýetirmek hakyndaky

       hak islegiň esaslylygy we kazyýetiň

       çözgüdiniň hereketi

1. Eger hak isleýjiniň administratiw namanyň çykarylmagyny           ýa-da gaýry hereketiň (hereketsizligiň) amala aşyrylmagyny talap etmäge hukugy bar bolsa, borçnamany ýerine ýetirmek hakyndaky hak isleg esaslydyr.

2. Eger administratiw edara diskresion ygtyýarlyklar berilmedik bolsa, kazyýet administratiw edarany şol administratiw namany çykarmaga ýa-da hereketi (hereketsizligi) amala aşyrmaga borçly edýär. Şeýle bolmadyk halatynda kazyýet administratiw edarany kazyýet çözgüdini nazara almak bilen, täze çözgüt kabul etmäge borçly edýär.

 

43-nji madda. Kada gözegçilik hakyndaky hak islegiň

       esaslylygy

1. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasy ýokary ýuridik güýje eýe bolan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň düzgünlerine garşy gelýän bolsa, kada gözegçilik hakynda hak isleg esaslydyr.

2. Hak isleg esasly bolan halatynda, kazyýet şol kadalaşdyryjy hukuk namasyny hakyky däl diýip ykrar edýär. Bu çözgüt hemmeler üçin hökmanydyr. Şol kadalaşdyryjy hukuk namasyny çykaran edara kadalaşdyryjy hukuk namasyny çap etmek babatda bellenilen tertipde kazyýetiň çözgüdiniň karara geliş bölegini çap edýär.

 

44-nji madda. Administratiw edaranyň hereketiniň

       (hereketsizliginiň) bikanunlygyny anyklamak

       ýa-da bikanun diýip bilmek hakyndaky hak

       islegiň esaslylygy

Eger hereket (hereketsizlik) kanunalaýyk bolmasa, onuň bikanunlygyny anyklamak ýa-da bikanun diýip bilmek hakynda hak isleg esaslydyr.

 

45-nji madda. Hukuklaryň deslapdan goragy

1. Jedelleşmek hakynda hak isleg bilen ýüz tutulmagy jedelleşilýän administratiw namanyň ýerine ýetirilmegini togtadýar (gaýra goýujy hereket).

2. Hak islegiň gaýra goýujy hereketi diňe şu halatda aradan aýrylýar:

1) hökmany jemagat tölegleri we çykdajylary tutulyp alnanda;

2) polisiýanyň işgärleriniň gaýragoýulmasyz buýruklary we çäreleri bolanda;

3) eger bu kanunda göz öňünde tutulan bolsa;

4) eger administratiw namanyň haýal etmän ýerine ýetirilmegi jemgyýetiň ýa-da hukuk tertibiniň maksatlary ýa-da işe gatnaşyjy şahsyň jemgyýetçilik bähbitlerinden agdyklyk edýän bähbitleri üçin zerur bolsa.

3. Degişli hak islegine seredýän kazyýet şu maddanyň ikinji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda, haýal etmän ýerine ýetirmek bellenen halatynda gaýra goýujy hereketi hak isleýjiniň haýyşnamasy boýunça dikeldip biler, eger:

1) jemagat bähbitleri bilen deňeşdirilende arza berijä ep-esli zelel abanýan bolsa;

2) administratiw nama äşgär kanuna laýyk däl bolsa.

4. Kazyýet hak isleýjiniň haýyşnamasy boýunça borçnamany ýerine ýetirmek hakynda hak isleg boýunça administratiw edarany wagtlaýyn karar çykarmaga borçly edip biler, eger:

1) hak isleýjä bimöçber zelel abanýan bolsa we haýsydyr bir agdyklyk edýän gapma-garşy jemagat bähbitleri ýa-da üçünji taraplaryň bähbitleri bolmasa;

2) hak isleýjiniň arzasy boýunça çözgüdi kabul etmekden ýüz döndermek ýa-da çözgüdi kabul etmezlik äşgär hukuga garşy gelýän bolsa.

 

46-njy madda. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygy

1. Eger iş ýöredişe gatnaşyjylar hukuk jedelini dolulygyna ýa-da kem-käsleýin çözmek üçin jedeliň närsesine ygtyýar edip bilýän bolsalar, barlyşyk ylalaşygyny baglaşyp bilerler. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygy kazyýet mejlisiniň teswirnamasy bilen resmileşdrilýär.

2. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygyny tassyklamak hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar, şonuň bilen bir wagtda iş boýunça önümçiligi bes edýär. Kesgitnamada taraplaryň barlyşyk ylalaşygynyň şertleri görkezilmelidir.

3. Kazyýet barlyşyk ylalaşygy kazyýetiň kesgitnama görnüşinde resmileşdirilen teklibini iş ýöredişe gatnaşyjylaryň ýazmaça kabul etmegi arkaly hem baglaşylyp bilner.

 

III BÖLÜM. NÄGILELIK WE ÝOKARY NÄGILELIK

BASGANÇAKLY KAZYÝETLERDE ÖNÜMÇILIK

 

VIII BAP. NÄGILELIK BASGANÇAGY

 

47-nji madda. Nägilelik şikaýaty

1. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň kazyýet kararlaryna nägilelik şikaýaty bermäge hukuklary bardyr.

2. Nägilelik şikaýatyna ýokarda durýan kazyýet tarapyndan seredilýär.

3. Nägilelik şikaýaty ygtyýarlylygy bolan kazyýete kazyýet kararlarynyň gowşurylan pursadyndan işiň düýp manysy boýunça çykarylan çözgüde bir aýyň dowamynda, kesgitnama bolsa, on günüň dowamynda berilýär, muňa kesgitnama şikaýat etmäge kanun bilen ýol berilmeýän halatlary degişli däldir.

4. Nägilelik şikaýatynda jedelleşilýän çözgüde görkezme we kesgitli haýyşnama görkezilmelidir. Onda şikaýata esaslandyrma bolup hyzmat edýän faktlar we subutnamalar görkezilmelidir.

 

48-nji madda. Nägilelik önümçiligi

1. Eger nägilelik önümçiligine şu bölümde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, birinji basgançakly kazyýetdäki önümçilik  hakyndaky düzgünler ulanylýar.

2. Eger nägilelik şikaýaty ýol bererlikli bolmasa, onda ol ýüz dönderilmäge degişlidir, bu barada iş ýöredişe gatnaşyjylar diňlenilenden soň kesgitnama çykarylýar.

 

49-njy madda. Nägilelik şikaýatyny yzyna almak

1. Nägilelik şikaýatyny beren iş ýöredişe gatnaşyjy jogap berijiniň razylygy bolmazdan kazyýet mejlisiniň başlanmagyndan öň nägilelik şikaýatyndan ýüz döndermäge haklydyr. Soňra nägilelik şikaýatyndan ýüz dönderilmegine diňe jogap berijiniň razylygy bilen ýol berilýär.

2. Nägilelik şikaýatynyň yzyna alynmagy nägilelik önümçiligini bes edýär. Kazyýet iş boýunça önümçiligiň bes edilýändigini belleýän kesgitnamasynda, önümçiligiň çykdajylary hakynda çözgüt kabul edýär.

 

50-nji madda. Nägilelik şikaýatyna goşulmak

1. Iş ýöredişe gatnaşyjylar gatnaşyjylaryň biri tarapyndan berlen nägilelik şikaýatyna goşulyp bilerler.

2. Eger iş ýöredişe gatnaşyjylar öň nägilelik şikaýatyny bermekden ýüz dönderen ýa-da ony bellenilen möhletiň bozulmagy bilen beren bolsalar, onda nägilelik şikaýaty yzyna alnan ýa-da ýol bererlikli bolmandygy üçin ýüz dönderilen bolsa, şikaýat etmek ýol bererliksizdir.

 

51-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde barlagyň

       möçberi

1. Nägilelik basgançakly kazyýet jedeli nägilelik şikaýatynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýetiň barlaýşy ýaly möçberde barlaýar.

2. Täze faktlar we subutnamalar nazara alynmalydyr.

3. Nägilelik basgançakly kazyýetiň nägilelik şikaýatyň çäklerinden çykmaga hukugy ýokdur, ýöne onuň ýazgysy bilen bagly däldir.

 

IХ BAP. ÝOKARY NÄGILELIK BASGANÇAGY

 

52-nji madda. Ýokary nägilelik basgançagyna şikaýat

                        edilmegine ýol bererligi

1. Eger Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen esaslar boýunça ýokary nägilelige ýol beren bolsa, iş ýöredişe gatnaşyjylaryň nägilelik basgançakly kazyýetiň çözgüdine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasyna ýokary nägilelik basgançagy tertibinde şikaýat etmäge hukugy bardyr.

2. Ýokary nägilelige diňe şu halatlarda ýol berilýär, eger:

1) şu kazyýet işi  kesgitlenmedik şahslar topary üçin uly ähmiýete eýe bolsa;

2) şu çözgüt Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň iş tejribesinden çykýan bolsa;

3) şol çözgüdiň esaslanyp bilinjek iş ýörediş ýalňyşlygy bar bolsa.

 

53-nji madda.Ýokary nägileligiň esaslylygy

1. Ýokary nägilelik diňe jedelleşilýän kazyýet çözgüdiniň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulandygyna esaslanýandygy bilen esaslandyrylyp bilner.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy jedelleşilýän kazyýet çözgüdinde anyklanylan işiň ýagdaýlary bilen baglydyr, muňa şu Kodeksiň 54-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar degişli däldir. Şeýle ýagdaýlarda ýokary nägilelik kazyýeti işi täzeden seretmek üçin iberýär.

 

54-nji madda. Kazyýetiň çözgüdini sökmek üçin

                        jedelsiz esaslar

Kazyýetiň çözgüdi sökülmäge degişlidir, eger:

1) jedelleşilýän çözgüt Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, onuň şu işe gatnaşmagyna ýol berilmeýän kazy tarapyndan çykarylan bolsa;

2) iş boýunça çözgüt çykaran nägilelik basgançakly kazyýet talabalaýyk düzümde bolmasa;

3) iş ýöredişe gatnaşyjylaryň biriniň kazyýetde diňlenmek hukugy bozulan bolsa;

4) kazyýet mejlisiniň açyklygy baradaky düzgünler bozulan bolsa;

5) jedelleşilýän çözgüdiň esaslandyrmasy bolmasa.

 

55-nji madda. Ýokary nägilelik şikaýatynyň yzyna alynmagy

1. Ýokary nägilelik şikaýatyny beren iş ýöredişe gatnaşyjy jogap berijiniň razylygy bolmazdan, kazyýet mejlisiniň başlanmagyndan öň ýokary nägilelik şikaýatyndan ýüz döndermäge haklydyr. Soňra onuň ýokary nägilelik şikaýatyndan ýüz döndermegine diňe jogap berijiniň razylygy bilen ýol berilýär.

2. Ýokary nägilelik şikaýatynyň yzyna alynmagy ýokary nägilelik önümçiligini bes edýär. Kazyýet iş boýunça önümçiligiň bes edilýändigini belleýän kesgitnamasynda, önümçiligiň çykdajylary hakynda çözgüt kabul edýär.

 

56-njy madda. Ýokary nägilelik önümçiligi

1. Ýokary nägilelik önümçiligine şu bölümde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, möhletleri goşmak bilen, degişlilikde nägilelik önümçiliginiň düzgünleri ulanylýar.

2. Ýokary nägilelik önümçiliginde hak islegiň üýtgedilmegine ýol berilmeýär.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti nägileligiň ýolbererlidigini we onuň esaslylygyny barlaýar. Eger şu talaplaryň biri ýerine ýetirilmedik bolsa, ýokary nägilelik ýolbererlikli däldir we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kesgitnamasy bilen seredilmän galdyrylýar.

 

57-nji madda. Ýokary nägilelik basgançagynyň kararlary

1. Eger ýokary nägilelik şikaýaty esasly bolsa, onda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň administratiw işler boýunça kazyýet kollegiýasy:

1) bolup geçen kazyýet basgançaklarynyň kararlaryny söküp, iş boýunça täze çözgüt çykaryp biler;

2) eger iş çözgüt çykarmaga taýýar däl bolsa, jedelleşilýän çözgüdi söküp, işi ozalky kazyýet basgançagynda başga düzümde täzeden seretmek we çözmek üçin iberip biler.

2. Eger jedelleşilýän çözgüt onuň mazmun taýdan kanunalaýyklygyna täsirini ýetirmeýän iş ýöredişiň kadalarynyň bozulmagy bilen çykarylan bolsa, onda ýokary nägilelik şikaýaty ýüz dönderilmäge degişlidir.

3. Eger iş seretmek we çözmek üçin ozalky kazyýet basgançagyna iberilýän bolsa, onda şol kazyýet Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň administratiw işler boýunça kazyýet kollegiýasynyň hukuk bahasy bilen baglydyr.

 

58-nji madda. Kazyýet kararlarynyň gutarnyklylygy

Kazyýetleriň kanuny güýje giren kararlary şikaýat edilmäge degişli däldir.

 

 

IV BÖLÜM. IŞ ÝÖREDIŞ ÇYKDAJYLARY.

KAZYÝET KARARLARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI

 

Х BAP. IŞ ÝÖREDIŞ ÇYKDAJYLARY

 

59-njy madda. Iş ýörediş çykdajylary

1. Kazyýet çykdajylary we iş ýöredişe gatnaşyjylar tarapyndan kazyýetde hukuklaryny goramak maksatlary üçin zerur bolan çykdajylar iş ýörediş çykdajylary bolup durýar.

2. Adwokatyň zähmetine we çykdajylaryna töleg hemişe kazyýetde hukuklary goramak maksatlary üçin zerur bolan çykdajylara degişlidir.

 

60-njy madda. Iş ýöredişiň çykdajylaryny hasaplamak

Iş ýöredişiň çykdajylary hak isleginiň möçberiniň esasynda hasaplanylýar. Eger hak isleýiş arza pul bilen hasaplanylýan talaba esaslanmaýan bolsa, hak isleginiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

61-nji madda. Iş ýöredişiň çykdajylary hakynda çözgüt

Kazyýet iş ýöredişiniň çykdajylary hakynda çözgüdi kazyýet kabul edýär.

 

62-nji madda. Iş ýöredişiň çykdajylaryny çekmek borjy

1. Gatnaşyjylar, eger olar iş ýöredişde utulan bolsalar, iş ýöredişiň çykdajylaryny çekýärler.

2. Arzany, hak islegi ýa-da şikaýaty yzyna alan şahs ýüze çykan iş ýöredişiň çykdajylaryny çekýär.

3. Gatnaşyjylaryň biriniň günäsi bilen dörän çykdajylar şol gatnaşyjynyň üstüne ýüklenilip bilner.

4. Eger hukuk jedeli barlyşyk ylalaşygynyň baglaşylmagy bilen tamamlanýan bolsa, emma iş ýöredişe gatnaşyjylar çykdajylar barada hiç hili ylalaşyk baglaşmadyk bolsalar, onda kazyýet çykdajylary iş ýöredişiň her bir gatnaşyjysyna deň derejede ýüklenilýär. Kazyýet çykdajylaryndan daşary çykdajylary her bir gatnaşyjynyň özi çekýär.

5. Eger çykdajylar kazyýetiň ýalňyşy netijesinde dörän bolsa, onda kazyýet çykdajylarynyň öwezi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna dolunýar.

 

 

63-nji madda. Işiň düýp manysy boýunça tamamlanmagy

Eger iş ýöredişe gatnaşyjylar hukuk jedeliniň onuň düýp manysy boýunça tamamlanandygyny mälim edýän bolsalar, kazyýet iş ýöredişiň çykdajylary hakyndaky çözgüdi öz garaýşy boýunça kabul edýär.

 

64-nji madda. Üçünji tarapyň çykdajylary

1. Iş ýöredişe gatnaşmaga çekilen üçünji tarapyň üstüne, eger ol arza ýa-da şikaýat beren bolsa, çykdajylar ýüklenilip bilner. Barlyşyk ylalaşygynyň baglaşylan ýagdaýynda şu Kodeksiň 62-nji maddasynyň dördünji böleginiň düzgünleri ulanylýar.

2. Çekilen üçünji tarapyň kazyýetden daşary çykdajylarynyň öwezi, haçan-da kazyýet adalatlylyk garaýyşlary boýunça olary diňe utulan tarapyň üstüne ýüklän halatynda dolunýar.

 

ХI BAP. KAZYÝET KARARLARYNYŇ ÝERINE

ÝETIRILMEGI

 

65-nji madda. Kazyýet iş ýörediş çykdajylarynyň möçberini

                        bellemek

1. Birinji basgançakly kazyýet bergidaryň tölemäge degişli bolan bütin kazyýet iş ýöredişiniň çykdajylarynyň möçberini belleýär.

2. Kazyýet çykdajylarynyň möçberini bellemek hakynda kesgitnama onuň gowşurylan pursadyndan başlap, on günüň dowamynda şikaýat edilip bilner.

 

66-njy madda. Ýerine ýetirişiň närsesi

1. Ýerine ýetiriş kanuny güýje giren kazyýet kararlary esasynda amala aşyrylýar.

2. Algydaryň haýyşnamasy boýunça karar çykaran kazyýet çözgüdiň ýerine ýetirijiligini tassyklaýar (ýerine ýetiriş namasyny berýär).

 

67-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligi

1. Kazyýet ýerine ýetiriş resminamalary algydaryň haýyşnamasy boýunça birinji basgançakly kazyýet tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Kazyýet kazyýetiň bellän bir aýdan köp bolmadyk möhletiniň dowamynda çözgüdüň meýletin ýerine ýetirilmegini teklip etmek bilen, ýerine ýetirmek barada haýyşnamany bergidara gowşurmagy amala aşyrýar. Kazyýetiň deslapky buýrugy ýerine ýetirilen ýagdaýynda çözgüdiň meýletin ýerine ýetirilmegi üçin möhlet bellenilmeýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen möhletiň geçmegi bilen, kazyýet ýerine ýetirişi özbaşdak amala aşyryp ýa-da ýerine ýetirişi degişli döwlet edarasyna tabşyryp biler.

4. Ýerine ýetiriş tabşyrylan döwlet edarasy ýerine ýetirilmäge degişli kazyýet çözgüdini, ýerine ýetiriş namasynyň hukuga laýyklygyny we ýerine ýetirmek baradaky tabşyrygy şübhe astyna almaga hakly däldir. Eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, ýerine ýetiriş şu döwlet edarasy babatda hereket edýän ýerine ýetiriş kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Ýerine ýetiriş tabşyrylan döwlet edarasy ýerine ýetirmegi amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuk şertlerini özbaşdak döredýär.

6. Ýerine ýetiriji edaranyň çözgüdine şu maddanyň birinji böleginde görkezilen kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

68-nji madda. Döwlet edaralary babatynda çözgütleri

       ýerine ýetiriş

1. Eger ýerine ýetiriş haýsydyr bir döwlet edarasyna gönükdirilmeli bolsa, onda ýerine ýetirişiň jemagat wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin hökmany zerur bolan närselere gönükdirilmegine ýol berilmeýär. Oňa derek degişli möçberdäki pul serişdeleri girew hökmünde gozgamasyz edilip bilner.

2. Eger döwlet edarasy kazyýet çözgüdi bilen oňa ýüklenilen borçnamany ýerine ýetirmeýän bolsa, birinji basgançakly kazyýet, kazyýet ýerine ýetirijisiniň teklipnamasy boýunça şu döwlet edarasyna döwlet pajyny hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden ellisine çenli pul bilen mejbur etme çäresini ýükläp, zerur bolan möhlet geçenden soň bolsa, pul bilen mejbur etmäniň möçberini töledip biler. Kazyýet bergidar babatda pul bilen mejbur etmegi birnäçe gezek ulanyp biler.

3. Pul bilen mejbur etmek arkaly alnan pullar kazyýetiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

 

69-njy madda. Şikaýat etmegiň tertibi

1. Birinji basgançakly kazyýetiň ýerine ýetiriş önümçiliginiň meseleleri boýunça kazyýet kararlarynyň gowşurylan pursadyndan başlap, on günüň dowamynda nägilelik basgançakly kazyýete şikaýat berlip bilner.

2. Şikaýatyň gaýra goýujy hereketi ýokdur. Nägilelik basgançakly kazyýet şikaýatyň gaýra goýujy hereketini belläp biler.