• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ GURAMAGYNDA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ GURAMAGYNDA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurlar boýunça ylmy ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi hem-de amaly tarapdan netijeli işleriň geçirilmelidigi barada öňde goýýan jogapkärli we ýagty geljegi nazarlaýan wezipelerinden ugur alnyp, 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ýolunda» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylary we kazyýet işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň geçirilmeginiň esasy maksady Türkmen Bitaraplygynyň döwletimizde we halkara derejesindäki ornuny, onuň wajyp ugurlaryny we halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezmek boldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýandygy, ýurdumyzyň Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýändigi we häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi dogrusynda çykyşlar edildi.

Şeýle hem Maslahatda, 2021-nji ýyly 28-nji noýabrynda geçen YHG-niň 15-nji sammitiniň çözgütleriniň ähmiýeti barada aýdylyp, bu guramany sebitiň okgunly we netijeli ykdysady düzümine öwürmek maksady bilen, özara gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanylandygy bellenildi.

Maslahatda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-e başlyklyk etmegi bilen, degişli Konsepsiýa laýyklykda işjeň hem-de mazmunly çäreleri alyp barandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kazyýet ulgamynyň işiniň  maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, kazyýet işgärleriniň döwrebap şertlerde netijeli işlemekleri we ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalar edýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri ylmy-amaly maslahatda belentden ýaňlandy!