• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň kazylaryň we degişli kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň kazyýet hakynda kanunçylygynyň ösüşi we tejribesi” atly okuw maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer mazmunly, ähli halkymyzyň bähbitleriniň hatyrasyna alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmekde taryhy üstünlikler gazanylýandygy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň aňrybaş gymmatlyklary ornaşdyrylyp, hukuk döwletiniň berkarar edilýändigi, geçirilýän beýik özgertmeleriň milli kanunçylyk taýdan yzygiderli goldanylýandygy aýratyn bellenildi.

Berkarar döwletimizde adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýokary derejede goralmagy, bu ugurda hukuk goraýyş we ulanyş tejribesine döwrebap usullaryň we serişdeleriň ornaşdyrylmagy, kazyýet edaralarynyň işiniň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi babatda uly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda kazyýet edaralarynyň işini kadalaşdyrýan kanunçylygyň halkara hukugynyň iň öňdebaryjy tejribesine laýyk gelýändigini, olaryň iş ýüzünde netijelidigini maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler.

Ondan başga-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýunyň bellenýän ýylynda geçirilen halkara maslahatlar, kabul edilen halkara resminamalaryň üstünde aýratyn durlup geçilip, ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýly ornuny düşündirmek boýunça hem çykyşlar edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň işiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, döwrebap şertlerde netijeli işlemekleri we ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalar edýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri okuw maslahatda belentden ýaňlandy!