• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň degişli ugurlar boýunça ylmy ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi hem-de amaly tarapdan netijeli işleriň geçirilmelidigi barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, 2021-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazylaryň we kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda “Adyl kazyýetligi döwrebap şertlerde amala aşyrmagyň ösüş ugurlary” atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatda adyl kazyýetligiň amala aşyrylyşynyň, kazyýet seljerişlerine taýýarlygyň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, bu ugurdaky kanunçylygy ulanmagyň ugurlary we aýratynlyklary, kazyýet iş tejribesi we ýörelgeleri, olaryň iş ýüzünde ulanylyşy, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny netijeli goramagyň usullary barada giňişleýin çykyşlar edildi.

Mundan başga-da, okuw maslahatynyň dowamynda, seredilýän işler boýunça kazyýetlerde önümçiligiň alnyp barlyşy, kazyýet işgärleriniň etikasy bilen bir hatarda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygyň adamyň saglygyna peýdasy, öňüni alyş, arassaçylyk çäreleri, watansöýüjilik, halallyk ruhunyň sarsmazlygynyň ähmiýeti barada aýdylanlar her bir çykyşyň esasy mazmunyny düzdi.

Şeýle hem, kazyýet seljerişiniň hilini has-da ýokarlandyrmak, hukuk goraýyş we ulanyş tejribesini ylmy esaslandyrmalaryň binýadynda pugtalandyrmak, halkara hukuk hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek we onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak dogrusynda pikir alyşmalar boldy.

Ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň guramaçylyk we iş dolandyryş esaslarynyň, adyl kazyýetligiň pugtalandyrylyşyna kompýuter we maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylmagynyň barşynda, kazyýet önümçiligiň elýeterliligini we açyklygyny üpjün etmekde ýöriteleşdirilen maksatnamalaýyn üpjünçilik serişdeleriniň taýýarlanyşy we iş tejribesinde ulanmagyň aýratynlyklary, kazyýet edaralaryna öňdebaryjy we umumy ykrar edilen dünýä tejribesiniň gazananlaryny ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler barada hem okuw maslahatynda giňişleýin çykyşlar edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watan goragçylarynyň işiniň pugtalandyrylmagy, döwrebap şertlerde netijeli işlemekleri we ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalar edýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz hoşallyk sözleri okuw maslahatynda belentden ýaňlandy!