• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE KAZYÝET OTURDAŞLARY BILEN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE KAZYÝET OTURDAŞLARY BILEN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyzyň kazyýet ulgamynyň işgärleriniň kanuna doly, berk we yzygiderli eýermelidigi, her bir anyk ýagdaýy düýpli seljermelidigi baradaky öňde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, 2021-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan bellenen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşlary bilen okuw-guramaçylyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň ygtybarly goragyny kepillendirmek babatda kazyýet edaralarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, kazyýet oturdaşlarynyň hukuk sowatlylygyny we bilim derejelerini ýokarlandyrmak, adyl kazyýetlik işiniň netijeli durmuşa geçirilmeginde kazyýet oturdaşlar institutynyň ornuny we ähmiýetini berkitmek barada giňişleýin çykyşlar etdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň täze bellenen kazyýet oturdaşlaryna “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan kazyýet oturdaşlarynyň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmeklige aýratyn üns berildi. Kazyýet oturdaşlarynyň etiki we ahlak kadalaryny berjaý etmeginiň wajyplygy dogrusynda aýdylanlar her bir çykyşyň esasy özenini düzdi.

Maslahatda kazyýet edaralarynyň tejribeli işgärleriniň milli kanunçylygyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny netijeli goramagyň usullary, kanunlaryň takyk we birmeňzeş ýerine ýetirilmegini ýokary derejede üpjün etmegiň döwrebap serişdeleri hem-de adyl kazyýetlik işiniň esasy ugurlary, watansöýüjilik ruhunyň sarsmazlygynyň ähmiýeti barada eden baý mazmunly çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.