• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazylaryň we kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde bütin türkmen halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgadyna öwrülen “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaraly maslahatda çykyş edenleriň buýsançly belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan bu täze kitap, merdana ata-babalarymyzyň dünýä nusgalyk döwlet gurmak tejribesi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadymy gözbaşlary, milli kökleri, gahryman pederlerimiziň parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan şöhratly taryhy ýoly barada ygtybarly taryhy çeşmelere esaslanýan hem-de Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň häzirki zaman ähmiýeti, garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda eziz Diýarymyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş, bilim-ylym we beýleki ugurlarda gazanylan ägirt uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin maglumatlary özünde saklaýar.

Mukaddes Watanymyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň her bir ulgamynda alnyp barlan işleriň, döwlet özygtyýarlylygyny, bitewiligini we syýasy-ruhy jebisligi üpjün etmekde durmuşa geçirilen özgertmeleriň anyk we takyk maglumatlaryň üsti bilen beýan edilmegi, olar babatda deňeşdirme-seljeriş usulynda hemmetaraplaýyn garaýyşlaryň, oňyn tejribeleriň kitapda aýratyn orun eýelemegi onuň ylmy döredijilik ähmiýetini has hem artdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bir hatarda kazyýet edaralarynyň hem maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, kazyýet işgärleriniň döwrebap şertlerde netijeli zähmet çekmekleri we ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalar edýän, ajaýyp kitaplaryny baýramçylyk sowgatlary hökmünde halkyna sowgat berýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza kazyýet işgärleriniň alkyşlary we hoşallyklary çäksizdir.