• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

MUKADDES GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI.

MUKADDES GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI.

2021-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde, kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy – taryhy sepgitleriň, beýik başlangyçlaryň we ählumumy ösüşiň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny, garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizi döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça ösdürmekde gazanylan üstünlikler, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ornunyň we ähmiýetiniň artmagy dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwrebap şertlerde netijeli goralmagy üçin taýsyz tagallalar edýän we işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri dabaraly maslahatda belentden ýaňlandy!