• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

MÖHÜM WAKALAR MYNASYBETLI MASLAHAT

MÖHÜM WAKALAR MYNASYBETLI MASLAHAT

2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Garaşsyz Watanymyzyň sport döwleti hökmünde halkara abraýynyň artmagy bilen bagly hem-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, «Türkmen bedewiniň milli baýramy» we «Türkmen alabaýynyň güni» mynasybetli «Parahatçylygyň, dostlugyň, sagdynlygyň mekany – Türkmenistanym» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda  çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan ägirt uly işler özüniň oňyn netijelerini berýändigi, Türkmenistan döwletimiziň halkara we dünýä derejesinde sport abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygy, soňky ýyllarda Türkmenistan watanymyzyň dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigi dogrusynda çykyşlar edildi.

Şeýle hem maslahatda Milli Liderimiziň tagallalary bilen türkmen bedewleri we türkmen alabaýlary baradaky alada döwlet derejesindäki wezipeleriň birine öwrülendigi, ýurdumyzda atçylyk pudagyny we itşynaslygy ösdürmekde, bedewleri we türkmen alabaý itlerini amatly şertlerde saklamakda, idetmekde, baş sanyny köpeltmekde hem-de atşynaslara, seýislere, itşynaslara türgenlere üstünlikli işlemekde döwletimiz tarapyndan ähli amatly şertleriň we täze sepgitlere ýetmäge ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada belläp geçdiler.

Maslahatyň barşynda, türkmen bedewiniň milli baýramynyň we türkmen alabaýynyň gününiň ýetip gelmegi mynasybetli kazyýet işgärleri Hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, halkymyzy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen bellenilýän bu baýram bilen gutladylar we biziň her birimiz üçin watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde, gaýduwsyzlykda, merdi-merdanalykda, halallykda nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimize – Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.