• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

KAZYLARYŇ WE KAZYÝET IŞGÄRLERINIŇ HÜNÄR BILIMLERINI WE IŞ TEJRIBESINI ÝOKARLANDYRMAK BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARY GEÇIRILDI

KAZYLARYŇ WE KAZYÝET IŞGÄRLERINIŇ HÜNÄR BILIMLERINI WE IŞ TEJRIBESINI ÝOKARLANDYRMAK BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurlar boýunça ylmy ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi hem-de amaly tarapdan netijeli işleriň geçirilmelidigi, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna ata-watanymyza wepaly, ýokary aň-düşünjeli, päk ahlakly, halal, işbaşarjaň harby gullukçylary we işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär ussatlyklaryny we bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak barada öňde goýýan jogapkärli we ýagty geljegi nazarlaýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de iş tejribesini kämilleşdirmek, olaryň watansöýüjilik ruhuny güýçlendirmek boýunça ýörite meýilnama laýyklykda “Hünär ussatlygy – kämilligiň kepili” ady bilen geçirilen 2021-nji ýylyň 11-nji oktýabryndan 23-nji oktýabr aralygynda iki hepdelik okuw sapaklary geçirildi.

Meýilnama laýyklykda, döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen okuwlarda kazyýet ulgamynyň tejribeli işgärleri tarapyndan adyl kazyýetlik işiniň esaslary we aýratynlyklary, milli kanunçylygymyzy dogry we takyk ulanmagyň ýollary boýunça ýaş kazyýet işgärleriniň we kazylaryň arasynda okuw sapaklary alnyp baryldy. Okuwlaryň ýurdumyzda täze kabul edilýän kanunçylyk namalary we adyl kazyýetligiň halkara tejribesi bilen utgaşykly alnyp barylmagy bu işiň netijeliliginiň kepili bolup hyzmat edýär.

Şeýle-de, okuw sapaklarynyň dowamynda, kazyýet işgärleriniň etikasy bilen bir hatarda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygyň adamyň saglygyna peýdasy, keselleriň öňüni alyş we arassaçylyk çärelerini berjaý etmegiň wajyplygy, watansöýüjilik ruhunyň ähmiýeti dogrusynda ýörite mowzuklar we çäreler geçirildi.

Kazyýet ulgamynyň kämilleşdirilmegi, adyl kazyýetligiň elýeterliliginiň, açyklygynyň we aýanlygynyň üpjün edilmegi, kazyýet kararlarynyň kanuny we adalatly bolmagy ilkinji nobatda, kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryna, bilim derejelerine we özüni alyp barşynyň ýokary hukuk medeniýetine baglydyr. Her bir kazynyň we kazyýet işgäriniň hünär ussatlygyny we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň bu çygyrda zerur guramaçylyk işlerini geçirmegi adyl kazyýetligiň ýokary derejede amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir.

Ýurdumyzyň kazyýetlerine sanly ulgamyň tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylyşy, adyl kazyýetlik işini ösdürmekde kompýuter we maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň orny, kazyýet önümçiligiň elýeterliligini we açyklygyny üpjün etmekde ýöriteleşdirilen maksatnamalaýyn üpjünçilik serişdeleriniň taýýarlanyşy we iş tejribesinde ulanmagyň aýratynlyklary boýunça hem okuw sapaklaryna gatnaşyjylar bilim derejelerini ýokarlandyrdylar.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde geçirilen okuw sapaklarynyň jemleri boýunça diňleýjilere şahadatnamalaryň gowşurylmagy olary mundan beýläk-de has jogapkärçilikli we netijeli işlemeklige höweslendirdi.