• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

KAZYÝET IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

KAZYÝET IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

10-njy maýda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Çuňňur Hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly maslahata ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň kazylary we kazyýet işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda täze eserini döretmeginiň halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyryp, dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan paýhasly pederlerimiziň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesi bolup durýandygy, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Alym Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň gözel keşbine, taryhy gymmatlygyna, şu günki ösüşine we paýtagtymyzyň keşbini gözelleşdirmekde öňde goýulan wezipelere bagyşlanan täze kitabyny sowgat bermegi bütin türkmen halky, şol sanda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri üçin buýsandyryjy waka bolandygyny belläp geçdiler.

Dabara gatnaşyjylar biziň her birimiz üçin watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde, gaýduwsyzlykda, merdi-merdanalykda, halallykda nusgalyk görelde görkezýän, ujypsyz edilen işler üçin bahasyna ýetip bolmajak sylaglary edýän hormatly Prezidentimize – Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.