• Русский
  • Türkmen
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti

Dabaraly çäre geçirildi

Dabaraly çäre geçirildi

2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazylaryň we kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanyna laýyklykda, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny we goranmak ukybyny, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli sylaglara mynasyp bolan Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň işgärleriniň birnäçesini döwlet sylaglary, tapawutlandyryş nyşanlary we hünär derejeleri bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň hatarynda uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekden we halal zähmet çekip gelýän hem-de adyl kazyýetligi üstünlikli amala aşyrmakda aýratyn tapawutlanan kazyýet işgärlerine döwlet sylaglary, tapawutlandyryş nyşanlary we hünär derejeleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny, garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizi döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça ösdürmekde gazanylan üstünlikler, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ornunyň we ähmiýetiniň artmagy dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwrebap şertlerde netijeli goralmagy üçin taýsyz tagallalar edýän we ähli mümkinçilikleri döredýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri dabaraly maslahatda belentden ýaňlandy!