Metbugat neşirleri

Taryha nazar salsak, her bir halkyň geljegi ýaş nesilleriň jemgyýetde tutýan orny, olara döwlet tarapyndan berilýän goldawyň derejesi bilen kesgitlenýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini ygtybarly goraýan, olaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunçylyk namalary hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul


Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy bütin dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu günki gün eziz Diýarymyzda zenanlaryň hukuklarynyň deňligini kepillendirmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi üçin deň mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Zenanlaryň okamaga, işlemäge, döretmäge bolan hukuklary we olary amala aşyrmakdaky ähli mümkinçilikleri


Döwrebap, milli äheňde giňden dabaralanýan hukuk syýasaty ýurduň sarsmaz binýadynyň baky şamçyragydyr. Hukuk taýdan berk, adalatyň kada-kanunlaryna ygrarly döwletiň ösüşlere, özgerişlere beslenjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Ine, biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem kämil hukuk namalary esasynda raýatlarymyzy, ýurdumyzyň öňegidişliklerini parahatçylyga, abadançylyga gönükdiren ajaýyp mekan hökmünde at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky: «Halkymyzyň köp asyrlyk tejribesine daýanyp,


Ykbaly göterilen türkmen halky bu gün eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy başlangyçlaryny, beýik özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen ulus-ilimiz Watanymyzyň taryhy ösüşlerine saldamly goşandyny goşýar. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda joş alýan döredijilikli we netijeli zähmetiň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ildeşlerimiziň eziz Diýaryna, milli Liderine, ajaýyp döwrüne bolan söýgüsiniň,


«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. 25-nji maýda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylan güni hem bütin halkymyz bilen agzybirlikde, jebislikde, uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine Halkara güwänamanyň berilmegi aýratyn many mazmuna


2022-nji ýylyň 31-nji martynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýer serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak boýunça Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksadyndaky tekliplere garaldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara, gurluşyk hem-de önümçilik maksatlary üçin ýer bölekleri hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmaga bermek boýunça teklipler makullanyldy. Geçirilýän şeýle işler