Metbugat neşirleri
Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji jildiniň çapdan çykmagy bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyny egsilmejek şatlyk duýgulary bilen doldurdy. Täze kitapda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda ýurdumyzda bolup geçen taryhy wakalar, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet dolandyryşynyň we ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny berkitmekdäki ynsanper we syýasy başlangyçlarynyň ähmiýeti, döwleti yzygiderli ösdürmekdäki maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli ýerine ýetirilişi giňden beýan
Düýn, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýsynyň Astrahan —Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Ýakynda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň hatarynda itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän hem-de tohum itleriniň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň bolmagy bu çygyrdaky gatnaşyklary döwrebap derejede düzgünleşdirmekde we ösdürmekde möhüm ädimdir. Türkmen halk seçgisi tarapyndan köp
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli kanunçylyk esaslarynyň barha kämilleşdirilmegine, onuň halkara standartlaryna doly laýyk getirilmegine we döwrebap özgerdilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalarynyň
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda merdana ata-babalarymyzyň däplerine we agzybir jemgyýetimiziň demokratik kadalaryna eýermek bilen, mukaddes Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň aýdyň maksatlary we anyk wezipeleri netijeli durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we herekete girizilmegi ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygyny döwrebap ösdürmek, sanly ykdysadyýeti has-da pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işlerde taryhy ädim boldy. Agzalan
Wagt. Munuň özi taryhdyr. Duşumyzdan geçirilen wagt — düýnümiz, ýaşap ýören döwrümiz — şu günümiz, uly arzuw-umyt bilen garaşýan günlerimiz bolsa ertirimiz. Adam ertirleriň häzirki günlerden hem bagtyýar bolmagyny nazarlap ýaşaýar. Diňe arzuwlamak ýa islemek bilen çäklenilmän, döwürden yza galman hereket etmek babatda tapgyrlaýyn hyýallaryny göz öňüne getirýän maksatnamalary bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji tomunyň
Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary bilen ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan taryhy özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy we zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda rejelenen görnüşde kabul edilen Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Çünki ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlaryny döwrebap ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipeleri öňe sürülýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ähli ulgamlaryň ylma esaslanyp, innowasiýa çemeleşmelerinden ugur alnyp ösdürilmegine
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan innowasion ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmagyny dowam edýär. Şunda jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlaryny kämilleşdirmäge we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen olaryň netijeliligini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. “Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Onuň maksady jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda gender çemeleşmeli