Belent abraýyň kepili
15-12-2022
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly özgerişlere eýe bolýar. Ol özgerişler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap almak bilen, ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan ähli işler, ilkinji nobatda, dünýä halklarynyň parahat, abadan hem eşretli ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Şeýlelikde, baky Bitarap döwletimiz dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşyp, okgunly ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Bitaraplyk berkarar döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgesidir. Bu gün türkmen Bitaraplygy dünýä halklarynyň özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklarynyň ýolunda ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň Bitarap ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, berkarar döwletimizde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň kepili bolup durýar. Dünýäde, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, ähli döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarlylyk ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy özenini düzýär. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde berkarar döwletimiz tarapyndan öňe sürlen başlangyjyň goldanylyp, «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan üstünlikleriniň ýene-de biri boldy. Munuň özi tutuş halkymyzy begendiren buýsançly wakadyr. Goý, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesini has-da belende götermekde, dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Myrat Garaýew, Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.
Çeşme: Balkan gazeti - 15.12.2022ý