TÄZE KANUNLAR — ÖSÜŞLERIŇ KEPILI
01-12-2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we goldanylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Hukuk namalarynyň kämilleşdirilmeginde durmuş adalaty, halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň ileri tutulmagy, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, kabul edilen kadalaşdyryjy namalaryň halkara ölçeglerine laýyklygy we döwrebaplygy üpjün edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-njy noýabrynda geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi munuň doly beýany boldy. Onda kanun çykaryjy häkimiýet edarasy bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykdygy makullanyldy. Makullanan kanunçylyk resminamalarynyň hatarynda «Notariat we notarial işi hakynda», «Sirk we sirk sungaty hakynda», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda», «Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakynda Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda», «Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», şeýle hem milli kanunçylygyň hereket edýän birnäçe hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary bu ugurda alnyp barylýan netijeli işlere şaýatlyk edýär. Kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Ýokarda agzalan kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmekde, raýatlaryň estetik taýdan terbiýelenmeginde, döredijilik islegleriniň ýokary derejede kanagatlandyrylmagynda, şeýle-de ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk binýatlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemekde, olaryň döwlet häkimiýet edaralary bilen gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmeginde, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, ugurdaş ulgamlaryň işiniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň depginli ösüşiniň hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döreýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun.
Mekan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.
Çeşme: Adalat gazeti - 25.11.2022ý