Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny pugtalandyrmakda dünýä nusgalyk tejribe toplady. Şeýle hem merdana ata-babalarymyzyň döwlet gurmak, ýurt dolandyrmak meselelerinde baý taryhy tejribesiniň bardygyny doly subut etdi. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň wekilçilikli edaralary barada aýdylanda, şöhratly taryhymyzyň köklerinden tä häzirki günlere çenli baý taryhy maglumatlar bar.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy türkmen halkynyň jemgyýetçilik durmuşyny guramagyň milli ýörelgelerini we döwlet gurluşynda adamzadyň iň oňat gazananlaryny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Esasy Kanunymyza mundan beýläk-de öňdebaryjy demokratik taglymatlary, umumadamzat gymmatlyklaryny we halkyň döwleti emele getiriji baý mirasyny giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň demokratiýa ýolundaky ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda eden çykyşynda, il bähbitli meseleler çözülende, türkmen halkynyň maslahata ýa-da geňeşe ýygnanyşyp, ykbal kesgitleýji çözgütleri kabul edendikleri baradaky aýdanlary we milli ýörelgelerdir häzirki zaman tejribelerini sazlaşdyryp, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak barada öňe süren başlangyjy öňde täze wezipeleri goýýar. Milli Liderimiziň döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň raýatlary Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň, durmuşa geçirýän işleriniň, öňdengörüjilikli tutumlarynyň her biriniň täze taryhy döwrüň rowaçlygy bilen baglydygyna, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, zamananyň öňe çykarýan talaplaryny nazarlaýandygyna durmuş hakykatynda anyk göz ýetirýäris.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy, halkymyzyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy bellenilýär. Munuň özi hukuk döwletini gurmagyň mizemez ýörelgesiniň döwletiň Esasy Kanunynda berkidilmesidir. Şu nukdaýnazardan, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi türkmen halkynyň demokratik däpleriniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgeleriniň täze taryhy şertlerde has netijeli görnüşde rowaçlanmagydyr.
Jumamyrat AÇYLOW, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy.
Çeşme: Adalat gazeti - 20.01.2023ý