Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, täze döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak we kabul etmek, öňki hereket dýänlerini kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda döwlet we ykdysady durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hereket edýär. Olar, ilkinji nobatda, maşgala abadançylygyna, onuň mizemezligine, bagtyýar durmuşyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilendir. Halkymyzda maşgala jemgyýetiň esasy söýesi, döwletiň mizemez binýady hasaplanylýar. Ol nesil daragtynyň gülläp, dowamata eýe bolmagyny üpjün edýär. Halkymyzyň durmuşynda asyrlaryň jümmüşinden bäri kämil maşgala däpleri aýawly saklanyp gelinýär. Bu ýörelge barha ösdürilýär we döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Türkmen maşgalasynda ata maşgalanyň galasy, goragy, ene ojagyň sütüni, egsilmez mähir-muhabbetiň eýesi hasaplanýar. Perzentleriň edep-terbiýeli, il-güne, ata Watana gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin her maşgalada söz ýeke, maksat bir bolýar. Çünki adamzat üçin maşgalasyndan, çagalaryndan, Watanyndan gymmatly mukaddeslik ýokdur.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen bagly wezipeleri döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirýär. Ýaş maşgalalary goldamak, olara durmuş ýeňilliklerini bermek, maşgalada sagdyn nesliň kemala getirilmegine ünsi has berkitmek bilen baglanyşykly tutumlar bu günki gün ýokary netijelerini berýär. Biz — kazyýet edaralarynyň işgärleri edara-kärhanalarda, halk köpçüliginiň arasynda ýygy-ýygydan bolup, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde, maşgala bilen baglanyşykly kanunçylygyň talaplaryny düşündirmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýäris. Duşuşyklarda ýaşuly nesliň wekilleriniň, kazylaryň çykyşlary guralyp, maşgala bagtyýarlygyny gorap saklamak, raýatlaryň arasynda nika bozulmagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat edýäris. Şonda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we borçludyklary, 54-nji maddasyna laýyklykda, ýaş maşgalalara, köp çagaly enelere, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet, jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldawyň we ýeňillikleriň berilýändigi barada hem giňişleýin düşündirilýär. Bu zatlaryň ählisi her bir maşgala, ýaş nesillere ynsanperwer alada bilen garamak duýgularyndan ybaratdyr.
Şeýle asylly işleriň başynda duran Arkadagly Serdarymyzyň adyna her bir türkmen maşgalasynda tükenik- siz alkyş aýdylýar.
Merdan GURBANOW, Akdepe etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Çeşme: Daşoguz habarlary gazeti - 22.12.2022ý