Ýurduň kanunçylyk binýady berk bolanda, oňa hemişe ösüşler ýaran bolýar. Türkmenistan Watanymyzda hem ähli pudaklarda alnyp barylýan işler kanuna laýyklykda amala aşyrylyp, şonuň netijesindede sazlaşykly ösüşlere ýetilýändigi döwrümiziň buýsandyryjy hakykatydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip bellenilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar, ilkinji nobatda, adamlaryň hukuklaryny hemde bähbitlerini goramaga gönükdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunçylyk binýadymyz täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda barha kämilleşdirilýär. Raýatlaryň hukuklaryny kanunçylyk taýdan goramakda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde jemgyýetiň dürli ugurlaryny kadalaşdyrýan kanunlar kabul edilýär, ozalkylara döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Ol kanunlaryň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine ýardam edip, jemgyýetimiziň asudalygynyň mizemezligini kepillendirýändigini bellemek ýakymlydyr.
Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklarydyr görkezmeleri esasynda degişli edaralaryň wekilleri tarapyndan kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň güýçlendirilýändigi, ilatyň arasynda kanunçylygy düşündirmäge gönükdirilen wagyznesihat hemde düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr we şolaryň netijesinde uly öňegidişlikleriň gazanylýandygy guwandyryjydyr.
Halkymyzyň asuda hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ilýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Muhammet Gurbankulow, Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygy.
Çeşme: Balkan gazeti - 12.01.2023ý