Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde halkara sungat festiwallarynyň, konsertleriň we sergileriň yzygiderli geçirilmegi Bitaraplyk ýörelgelerimiziň ähmiýetini dabaralandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýola goýlan medeniýet diplomatiýasy hormatly Prezidentimiziň paýhasly tagallalary bilen täze belent sepgitlere ýetýär. Bu sepgitler bolsa dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýär, parahatçylygy we abadançylygy ykdysady hyzmatdaşlyk bilen sazlaşykly ösdürýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylan «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp waspy boldy.
Bu halkara çäräniň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary — Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen günleriniň yzysüre geçirilmegi aýratyn buýsandyrýar.
Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işiniň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek babatda uly işler durmuşa geçirildi. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Kinematografiýa hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary milli medeniýetimizi ösdürmegiň kämil hukuk binýadyny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna goýulýan hormaty has-da artdyrdy. Ýakynda kabul edilen «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem milli medeniýetimizi has-da ösdürmek ugrunda yzygiderli durmuşa geçirilýän işleri dabaralandyrdy.
Milli medeniýetimiziň täze ösüşlere ýetmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başy aman bolsun.
Amantäç GURBANOWA,
Aşgabat şäher kazyýetiniň uly maslahatçysy.
Çeşme: Adalat gazeti - 02.12.2022ý