Syýahatçylyk pudagy — täze wezipeler
05-12-2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşli, özgerişli, buýsançly we şöhratly ýollar bilen öňe barýar. Halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, ösüşleriň täze menzillerine beslenýär. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi, milli kanunçylygyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi ähli ulgamlar bilen bir hatarda, häzirki zaman syýahatçylyk pudagyny düýpli ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň kanunçylyk esaslary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alýar. Esasy Kanunymyzyň 15-nji maddasynda: «Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär», 56-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär» diýlip, binýatlaýyn konstitusion kadalar kesgitlenýär. «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurduň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegi we syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegi, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, altyn puluň gelmeginiň artmagy, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin hukuk esaslaryny döretmek syýahatçylyk işini düzgünleşdirýän kanunçylygyň maksady bolup durýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. Munuň özi syýahatçylyk we beýleki möhüm ykdysady ugurlary ösdürmegiň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda döredilen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan netijeli ösdürilýän Hazar deňziniň kenaryndaky syýahatçylyk merkezi «Awaza» hukuk ýagdaýy boýunça milli syýahatçylyk zolagydyr. Ýagny, «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, milli syýahatçylyk zolagy – munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenen edara ediş-çäk serhetleri anyk görkezilen we aýratyn hukuk, salgyt we gümrük düzgünli ýörite bölünip berlen ýer bolup, olar halkara ülňülerine laýyk gelýän syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryny döretmek, syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmek we durkuny täzelemek hem-de syýahatçylygy ösdürmek boýunça wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen maýa goýum işini höweslendirmek maksady bilen döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, iş maslahatynyň barşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak, migrasiýa, gümrük ugurlarynyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde halkara kadalara laýyklykda ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meselelerini öwrenmek başlangyjynyň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ÝUNESKO bilen bilelikde 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda «Syýahatçylyk arkaly parahatçylyk medeniýetini berkitmek» atly sebitleýin forumy geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklibiniň öňe sürülmegi syýahatçylyk pudagyny döwrebap ösdürmekde anyk işleriň geçirilýändigine şaýatlyk edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda adamlaryň asuda we abadan durmuşynyň, mynasyp derejede zähmet çekmekleriniň we dynç almaklarynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Döwlet BABAÝEW,
Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy.
Çeşme: Adalat gazeti - 02.12.2022ý