Mukaddes Garaşsyzlyk — halkymyzyň asyrlar arzuwlan döwletliligini, baky bagtyýarlygyny berkarar etdi, erkana gurmaga, döretmäge aýdyň ýollary açdy. Her bir gysym topragy merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjiligine, gahrymançylygyna, paýhas-parasadyna ýugrulan ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ýerde egsilmez joşgun, beýik işleriň rowaçlygy, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy höküm sürýär. Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň kämilleşmeginde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň ähmiýeti örän uludyr. Halkymyzda öňden bäri «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes», «Il agzy—keramat» ýaly pähimler bar. Çünki halkymyz geňeşli, maslahatly edilen işiň hemişe dürsdügine göz ýetiripdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan Watanymyz döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny pugtalandyrmakda dünýä nusgalyk tejribe toplady hem-de merdana ata-babalarymyzyň döwlet gurmak, ýurt dolandyrmak meselelerinde baý taryhy tejribesiniň bardygyny doly subut etdi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda döwlet dolandyrylyşynyň we häkimiýet edaralarynyň binýatlaýyn düzüm bölekleriniň döwrüň ösüşine görä yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi babatda öňdengörüjilikli teklibi döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyň barha kämilleýändigine şaýatlyk edýär.
Täze dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine ýurdumyzyň ähli wekilçilikli edaralaryndan agzalaryň girmeginiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine usulyýet guramaçylyk taýdan ýolbaşçylyk etmeginiň teklip edilmegi halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň bir bitewi we sazlaşykly ulgamyny emele getirer. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sözüň doly manysynda raýat jemgyýetiniň milli instituty we döwlet bilen halkyň jebisligini, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan däplerine, saýlanyp alnan parahatçylyk we döredijilik ýoluna ygrarlylygyny subut edýän gurluşdygyny ýene-de bir gezek tassyklar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty geljekde ýurdumyzyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek we makullamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek ýaly döwlet ähmiýetli wajyp meseleleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy ygtyýarlyklary hökmünde kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy, halkymyzyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy bellenilýär. Bu bolsa hukuk döwletini gurmagyň mizemez ýörelgesiniň döwletiň Esasy Kanunynda berkidilmesidir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi türkmen halkynyň demokratik däpleriniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgeleriniň täze taryhy şertlerde has netijeli görnüşde rowaçlanmagydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli demokratiýanyň barha dabaralanmagy, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň gurluşynyň we işiniň yzygiderli kämilleşmegi, adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwrebap üpjün edilmegi we goralmagy babatda netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, röwşen geljege gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!
Muhammet GURBANKULOW, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygy.
Çeşme: Esger gazeti - 19.01.2023ý