Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegi uly üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biridir. Täze şäheriň «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzyň her bir raýatynda buýsanç we hoşallyk duýgularyny döretdi.
Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda täze şäher ägirt uly gurluşyk mekany bolup, ol ýerde Ahal welaýatynyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ahal atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ruhyýet we Bagt köşkleriniň, kitaphana, drama teatr, muzeý ýaly medeni-aň bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň, welaýat derejesindäki kärhanalardyr guramalaryň binalarynyň hem-de köp gatly ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözlerinden ruhlanyp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna halk bähbitli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Täze şähere ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan müňlerçe teklipleriň esasynda «Arkadag» adynyň dakylmagy milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk ruhuny we söýgüsini belende göterýär. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda nusgawy we häzirki zaman meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilip, kärhanalara, medeni, saglygy goraýyş we bilim edaralaryna, binalara dakylmagy milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany bolmak bilen, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bu asylly däbiň Arkadag şäherinde bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalary mynasyp atlandyrmak babatda hem dowam etdirilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik, döwletlilik ýörelgeleriň, «Halal zähmet — baky döwlet» ýaly dürdäne jümleleriň häzirki zaman derejesinde ösdürilýändigine we dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimizde halkymyzyň bagtyýar, abadan we asuda durmuşynyň binýatlarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Amangeldi ALLABERENOW, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy.
Çeşme: Adalat gazeti - 06.01.2023ý