BAŞ WEZIPE — RÖWŞEN GELJEK
13-12-2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmak, döwlet ösüşini uzak möhletleýin meýilleşdirmegiň döwrebap usullaryny we serişdelerini tejribä ornaşdyrmak hem-de halkara ölçeglerine laýyk getirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri degişli ugurlarda sazlaşykly dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öýüň keşbiniň bu çäräniň nyşany bolmagy döwletliligiň we agzybirligiň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ilatynyň sany, demografik düzümi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky doly maglumaty almak ilat ýazuwynyň esasy maksadydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň başyny başlan döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň giň gerimli strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň röwşen geljeginiň binýadydyr. Çäräniň dowamynda toplanan maglumatlar durmuş ulgamy we ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin çaklamalar, uzak möhletleýin taslamalardyr maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda hasaba alnar. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu giň gerimli çärä taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, onuň halkara ölçeglerine laýykdygyny alamatlandyrýar. Ýazuwyň ähli tapgyrlarynda, şol sanda maglumatlary ýygnamakda, işlemekde we ulgamlaşdyrmakda ugurdaş programma üpjünçiligi ornaşdyrylan döwrebap enjamlar ulanylar. Bu çäre ilata sowal bermek we elektron ýazuw kagyzlaryny doldurmak usuly arkaly geçiriler. Şeýlelikde, sanly format has takyk görkezijileri almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýazuwyň deslapky we gutarnykly netijelerini öz wagtynda, dolulygyna çap etmäge ýardam berer. Ilat ýazuwa meýletin gatnaşýar. Şonuň bilen birlikde, her bir ýaşaýjy özüniň jemgyýetçilik ähmiýetine anyk düşünmelidir hem-de raýat jogapkärçiligine eýerip, bu çärä hut özüniň gatnaşmagynyň wajypdygyny ykrar etmelidir. Şu ýylyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi boljak ilat ýazuwy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ylmy taýdan esaslanan ösüşlerimiziň ugurlaryny işläp taýýarlamaga, şunuň bilen birlikde, gazanylan netijeleri jemlemäge mümkinçilik berer. Bitarap Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyga taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Serdar AGAÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň maglumatlar merkeziniň müdiri.
Çeşme: Adalat gazeti - 09.12.2022ý