Halkara zenanlar güni – 8-nji mart
11-03-2022
2022-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň mejlisler jaýynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň kazyýet edaralarynda zähmet çekýän aýal-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak dabarasy boldy. Dabarada, hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýulýandygy, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary bolan eneleriň, gelin-gyzlaryň gül meňzinden zenan mertebesiniň belent tutulýandygy, gelin-gyzlarymyzyň ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşli menzillerine mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabara gatnaşyjylar biziň her birimiz üçin watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde, gaýduwsyzlykda, merdi-merdanalykda, halallykda nusgalyk görelde görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak sylaglary edýän hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, beýik başlangyçlarynyň mydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler!