“BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE TÜRKMEN SPORTUNYŇ BELENT SEPGITLERI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
06-04-2023
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň gurnamagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde ýetilen sepgitleri bilen bagly “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň belent sepgitleri” atly maslahat ýokary derejede geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ýokary, Arbitraž we Aşgabat şäher kazyýetleriniň kazylary we kazyýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga berlen hem-de durmuşa geçirilen, täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň dünýädäki meşhurlygynyň barha artmagynyň sebäbiniň sport ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Şeýle hem ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ýokary netijeliligi gazanmak maksady bilen bu ulgamlaryň hukuk we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde birnäçe işler geçirilýär. Bu çygyrdaky kabul edilýän hukuk namalaryň esasy özeni adamyň saglygy hakdaky alada, sagdyn-durmuş ýörelgesini berkarar etmek we jemgyýetiň abadançylygyny gazanmak bolup durýar. Sportuň milli kanunçylyk namalarynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki zaman bedenterbiýe we sport ulgamlarynyň ösüşiniň esasynda durýan kadalaşdyryjy hukuk namalar, şol sanda köpçülikleýin we professional sportuň kanunçylygy döwrebap häsiýete eýedir. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşýandygy hem aýratyn bellenmäge mynasyp. Munuň şeýledigini sport hukugynyň milli kanunçylyk namalary, ýagny “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda” we “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň mysalynda görmek bolýar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda halkara sport abraýy artan ýurdumyzyň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze ýeňişlere gadam urýandygyna buýsanýandyklaryny hem-de hoşallyklarynyň çäksizdiklerini beýan etdiler.