Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek we onuň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň kazyýet iş tejribesinde ýüze çykýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, kazyýet ulgamynyň we kazyýet önümçiliginiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam etmek maksady bilen, şeýle hem “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 65-nji maddasyna laýyklykda 2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň kazylarynyň nobatdaky V maslahaty geçirildi.
Maslahatyň gün tertibinde göz öňünde tutulan meseleler boýunça çykyşlar diňlenilip, olar boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi. Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2022-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşylyp, bu işleri geljekde hem işjeň ýagdaýda dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmäge gönükdirilen meseleler boýunça, ýagny kanunyň hökmürowanlygyny, kazyýet mejlisleriniň iş ýörediş kanunçylygynyň talaplaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi arkaly geçirilmegini hem-de kazylaryň garaşsyzlygynyň olaryň jemgyýetiň öňünde jogapkärçiligini peseltmeli däldigi barada (hünär etikasynyň kadalarynyň we özüni alyp barşyň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini), kazyýet kararlarynyň hiline bildirilýän talaplary üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň kazyýet iş tejribesinde ýüze çykýan meseleler boýunça Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň, Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksiniň ulanylmagy hem-de ýerine ýetiriş namalarynyň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça kazylaryň maslahatynda berlen degişli teklipleri nazara almak bilen, kazyýetlere ugrukdyryjy düşündirişleri bermegi dowam etdirmek bellenildi.
Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda seredilen meseleriň ýene biri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky karary bilen tassyklanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 2023-nji ýylda öňde durýan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, olary guramaçylykly ýola goýmak hem-de berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahatynyň jemleri boýunça kazylaryň işini mundan beýläk hem ýokary derejede alyp barmak babatda birnäçe kararlar kabul edildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda kabul edilen çözgütler kazylary geljekde hem öz borçlaryny we öňlerinde goýlan wezipeleri ak ýürekden mynasyp ýerine ýetirmäge ruhlandyrar, kazyýet ulgamynda ýokary ahlak ýörelgeleriniň emele getirilmegi, jemgyýetiň kazyýet ulgamyna hormat bilen garamagy üçin esas bolup hyzmat eder, şeýle hem kazylaryň jemgyýetçilik aňyny we ahlagyny, olaryň öz-özlerine gözegçilik etmeklerini üpjün eder.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak hem-de halkara abraýyny pugtalandyrmak babatda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Belen Serkerdebaşymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!