HÜNÄR USSATLYGY – KÄMILLIGIŇ KEPILI
11-04-2022
2022-nji ýylyň 28-nji martyndan 9-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň we beýleki kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de iş tejribesini kämilleşdirmek, olaryň watansöýüjilik ruhuny güýçlendirmek boýunça ýörite meýilnama laýyklykda sanly wideoaragatnaşygy arkaly “Hünär ussatlygy – kämilligiň kepili” ady bilen iki hepdelik okuw sapaklary geçirildi. Okuwlarda kazyýet ulgamynyň tejribeli işgärleri adyl kazyýetlik işiniň esaslary we aýratynlyklary, milli kanunçylygymyzy dogry we takyk ulanmagyň ýollary, kazyýet etikasynyň ýörelgeleri, kazyýet edaralarynyň taryhy döreýşi boýunça ýaş kazyýet işgärleriniň we kazylaryň bilimini hem-de iş tejribesini ýokarlandyrdylar. Okuwlaryň ýurdumyzda täze kabul edilýän kanunçylyk namalary we adyl kazyýetligiň halkara tejribesi bilen utgaşykly alnyp barylmagy bu işiň netijeliliginiň kepili bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, okuwlarda kanunlaryň we kazyýet iş tejribesiniň düşündirilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen we awtordaşlygynda kabul edilen halkara resminamalaryň üstünde aýratyn durlup geçilip, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýly ornuny düşündirmek boýunça hem sapaklar alnyp baryldy. Okuwlarda kazyýetlerde alnyp barylýan işleriň adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berk berjaý edilmegi, döwletimiziň durmuş ulgamynyň halkara derejesinde döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlerde ähmiýetli orun eýeleýändigi, şonuň bilen baglylykda bu mazmundaky işlere aýratyn jogapkärçilik we ýokary hukuk düşünjelilik bilen garalmalydygy barada diňleýjilere düşündirişler berildi. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde geçirilen okuw sapaklarynyň jemleri boýunça diňleýjilere şahadatnamalaryň gowşurylmagy olary mundan beýläk-de has jogapkärçilikli we netijeli işlemeklige höweslendirdi.