KAZYLAR KASAM KABUL ETDILER
06-04-2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň ulgamynyň işini maksadalaýyk guramak, kazyýet edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, kazylaryň we kazyýet edaralarynyň işgärlerini mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýokary hünär bilimli, hünär etikasyna laýyk gelýän raýatlary kazylyga hödürlemek işine aýratyn jogapkärli çemeleşilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde çykaran “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permany bilen baglylykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde ilkinji gezek wezipä bellenen kazylaryň kasam kabul etmek dabarasy geçirildi. Ilkinji gezek wezipä bellenen kazylar öz borçlaryny päk ýürekli we dogruçyl ýerine ýetirjekdikleri, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini gorajakdyklary, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdikleri barada dabaraly kasam etdiler.