TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
12-05-2022
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň ýaşyl tugy- parahatlyk baýdagy, Esasy Kanuny-berkararlyk binýady” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Esasy Kanunymyz ösen ykdysadyýeti we netijeli durmuş goragy ulgamy bolan hem-de ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça işjeň halkara syýasaty alyp barýan, dünýewi, demokratik, hukuk döwletini ynamly gurýan özygtyýarly Watanymyzyň üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň ygtybarly hukuk binýady bolup durýar. Döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribelerini, asylly däpleri we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýurdumyzyň Konstitusiýasy raýatlaryň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş syýasatyny alyp barýan döwletimiziň geljekki ösüşiniň möhüm wezipelerini kesgitleýär. Şeýle hem maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, esasy Kanunymyzda Döwlet Baýdagynyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi bu gymmatlyklaryň özara utgaşygyny emele getirýär, şol gymmatlyklarda ata-babalarymyzyň döwletlilik hakyndaky köpasyrlyk arzuwy we halkymyzyň mizemezligi, tebigata mahsus ýaşaýşyň we ösüşiň sazlaşygy jemlenýär, özygtyýarly we Garaşsyz Watanymyzyň esasy nyşany bolmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki döwürde tutuş dünýäde giňden bellidir. Maslahatyň dowamynda dabara gatnaşyjylar mähriban Watanymyzyň her bir raýaty hakynda alada edýän, Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmeginde we halkara derejesindäki abraýynyň barha arşa galmagynda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimize – Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.