2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda “Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginde sanly tehnologiýalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylary we kazyýet işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň netijeli goragyny pugtalandyrmak babatda kazyýet edaralarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, kazyýet ulgamyna kompýuter we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, maksatnamalaýyn üpjünçilik serişdeleri yzygiderli ornaşdyrmak we bu işleriň kanunçylyk esaslaryny döwrebap derejede berkitmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini adyl kazyýetligiň elýeterliligini, açyklygyny we aýanlygyny üpjün etmekde giňden ulanmak, olaryň ulanylmagynyň we goraglylygynyň ygtybarlylygyny kepillendirmek barada giňişleýin çykyşlar etdiler.
Maslahatda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan innowasion ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmagyny dowam edýär. Şunda jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlaryny kämilleşdirmäge we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen olaryň netijeliligini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň pugta ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşinde mynasyp şöhlelenýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasy” häzirki wagtda döwletimizde sanly ulgam babatda geçirilýän işleriň esasy ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipeleri we amala aşyrylmaly çäreleri kesgitleýär.
Kazyýet ulgamyna maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalaryny ornaşdyrmak “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” esasy wezipeleriniň biridir.
Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, tapgyrlaýyn işleriň alnyp barylmagy netijesinde, adyl kazyýetligiň netijeliligini gazanmak üçin kazyýet ulgamyna maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, kazyýet edaralarynda “Elektron adyl kazyýetlik” ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmegi kazyýet ulgamyny ösdürmegiň ähmiýetli ugurlary hökmünde kesgitlenilýär.
Kazyýet edaralarynda sanly ulgamyň ähmiýetini, ýokary derejede ulanylyşyny we ygtybarlylygyny üpjün etmegiň ilkinji nobatda, kazylaryň we kazyýet işgärleriniň bilim derejelerine we hünär ussatlyklaryna, ylmy-tehnologiki ösüşiň soňky gazananlaryna erk etmek başarnyklaryna baglydygy hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli maksadalaýyk görnüşde meýilnamalaýyn alnyp barylmalydygy barada edilen baý mazmunly çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda adyl kazyýetligiň ähli tapgyrlarynda sanly tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary, tärleri we halkara hukuk ulanyş tejribesiniň öňdebaryjy gazananlary dogrusynda pikir alyşmalar boldy.
Mundan başga-da, ylmy-amaly maslahatyň dowamynda, kazyýet seljerişiniň hilini has-da ýokarlandyrmak, hukuk goraýyş we hukuk ulanyş tejribesini ylmy esaslandyrmalaryň binýadynda pugtalandyrmak, ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň we ylmy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan utgaşykly işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle ylmy-amaly maslahatlary geçirmekligi mundan beýläk-de döredijilikli görnüşde dowam etmek dogrusynda pikir alyşmalar boldy.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan goragçylarynyň işiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, döwrebap şertlerde mynasyp işlemekleri we ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalar edýän Çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri ylmy-amaly maslahatda belentden ýaňlandy!