KAZYÝET EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRMAK BOÝUNÇA MÖHLETLI OKUW GEÇIRILDI
15-04-2023
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 3-15-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň we beýleki kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de iş tejribesini kämilleşdirmek boýunça ýörite meýilnama laýyklykda möhletli okuw geçirildi. Kazyýet edaralarynyň tejribeli işgärleri tarapyndan geçirilen okuw sapaklary hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleri we özgerişleri, adyl kazyýetlik işiniň esaslary we aýratynlyklary, milli kanunçylygymyzy dogry we takyk ulanmagyň ýollary, kazyýet etikasynyň ýörelgeleri, sanly ulgam boýunça ýaş kazylaryň we kazyýet işgärleriniň bilimini hem-de iş tejribesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Okuwyň ýurdumyzda täze kabul edilýän kanunçylyk namalary we adyl kazyýetligiň halkara tejribesi bilen utgaşykly alnyp barylmagy bu işiň netijeliliginiň kepili bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, okuwda kanunlaryň we kazyýet iş tejribesiniň düşündirilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen we awtordaşlygynda kabul edilen halkara resminamalaryň üstünde aýratyn durlup geçilip, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýly ornuny düşündirmek boýunça hem sapaklar alnyp baryldy. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde geçirilen bu okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere şahadatnamalaryň gowşurylmagy olary mundan beýläk-de has jogapkärçilikli we netijeli işlemeklige höweslendirdi.