HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINDE YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
13-12-2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Serdar Berdimuhamedowyň degişli ugurlar boýunça ylmy ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi hem-de amaly tarapdan netijeli işleriň geçirilmelidigi barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň gurnamagynda «Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylary we kazyýet işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň geçirilmeginiň esasy maksady hemişelik Bitaraplygyň döwletimizde we halkara derejesindäki ornuny, onuň wajyp ugurlaryny we halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezmek boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýandygy, ýurdumyzyň Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýändigi we häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi dogrusynda çykyşlar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda kazyýet edaralarynyň işiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, her bir harby gullukçy we işgär üçin döwrebap şertleriň döredilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri ylmy-amaly maslahatda belentden ýaňlandy!