“HÜNÄR USSATLYGY – KÄMILLIGIŇ KEPILI”
31-10-2022
2022-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan 22-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Türkmenistanyň kazyýetleriniň ýaş kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de iş tejribesini kämilleşdirmek, olaryň watansöýüjilik ruhuny güýçlendirmek boýunça ýörite meýilnama laýyklykda “Hünär ussatlygy – kämilligiň kepili” ady bilen iki hepdelik okuw sapaklary geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkyny kuwwatly we gülläp ösýän döwletde bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin röwşen geljege alyp barýan işleri we gazanylan ösüşler, milli kanunçylygymyzyň kämilleşmegi, täze kabul edilen kanunçylyk namalary bilen bagly çykyşlar okuwlaryň esasy özenini düzdi. Okuwlarda kazyýet, hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralarynyň tejribeli işgärleri milli kanunçylyk namalaryny dogry we takyk ulanmagyň ýollary, adyl kazyýetlik işiniň esaslary we aýratynlyklary, kazyýet etikasynyň ýörelgeleri, kazyýet edaralarynyň döreýiş taryhy we ösüşi, kazyýet-lukmançylyk we kazyýet-psihiatriki bilermenler seljermelerini bellemek, kazyýet iş tejribesinde sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça kazyýet işgärleriniň bilimini hem-de iş tejribesini ýokarlandyrdylar. Okuwlaryň barşynda, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur filosofiki mazmunly kitaplarynyň ähmiýeti dogrusynda birnäçe sapaklar geçirildi. Ondan başga-da, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygyň adamyň saglygyna peýdasy, keselleriň öňüni alyş we arassaçylyk çärelerini berjaý etmegiň wajyplygy barada okuw sapaklary geçirildi we pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem, okuwlarda kanunlaryň we kazyýet iş tejribesiniň düşündirilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen we awtordaşlygynda kabul edilen halkara resminamalaryň üstünde aýratyn durlup geçilip, eziz Watanymyzyň halkara arenasyndaky abraýly ornuny düşündirmek boýunça hem sapaklar alnyp baryldy. Okuwlaryň ýurdumyzda täze kabul edilýän kanunçylyk namalary we adyl kazyýetligiň halkara tejribesi bilen utgaşykly alnyp barylmagy bu işiň netijeliliginiň kepili bolup hyzmat edýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda geçirilen halkara maslahatlaryň, kabul edilen halkara resminamalaryň üstünde aýratyn durlup geçilip, döwletimiziň durmuş ulgamynyň halkara derejesinde döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlerde ähmiýetli orun eýeleýändigi, kazyýetlerde alnyp barylýan işleriň adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berk berjaý edilmegi, şonuň bilen baglylykda bu mazmundaky işlere aýratyn jogapkärçilik we ýokary hukuk düşünjelilik bilen garalmalydygy barada diňleýjilere ýörite ugrukdyryjy düşündirişler berildi. Bu okuw sapaklarynda ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasynyň we elektron hukuk maglumatlar binýadynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga şertleriň döredilmegi, işlenilip taýýarlanylýan maksatnamalaýyn üpjünçilik serişdeleri ulanmagyň düzgünleri we aýratynlyklary dogrusynda bilim derejeleriň ýokarlandyrylmagy hem okuw sapaklaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrdy. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde geçirilen okuw sapaklarynyň jemleri boýunça diňleýjilere şahadatnamalaryň gowşurylmagy, olary mundan beýläk-de has jogapkärçilikli we netijeli işlemeklige höweslendirdi.