2022-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň işgärleri tarapyndan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna sowgat gowşurmak boýunça çäreler geçirildi.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşuna gatnaşan ata-babalarymyza, şol döwürleriň şaýady bolan watandaşlarymyza sowgatlaryň gowşurylmagy döwletimizde ýaşuly nesile goýulýan uly sarpanyň subutnamasydyr.
Weteranlaryň öýlerine barylyp, olaryň hormatlanmagy ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup çykyş edýär.