Sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi
22-07-2022
2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň kazylarynyň we degişli kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli halkymyzyň bähbitleriniň hatyrasyna alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmekde taryhy üstünlikleriň gazanylýandygy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň aňrybaş gymmatlyklary ornaşdyrylyp, hukuk döwletiniň berkarar edilýändigi, geçirilýän beýik özgertmeleriň milli kanunçylyk taýdan yzygiderli goldanylýandygy aýratyn bellenildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda täze kabul edilen birnäçe kanunlaryň durmuşa geçirilmegi, şunuň bilen baglylykda kazyýet iş tejribesiniň kämilleşdirilmeginiň döwrebap usullarynyň işlenilip düzülmeginiň ähmiýeti, hukuk döredijilik işi, kanunylyk, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, durmuş adalatlylygy, aýanlyk hem-de jemgyýetçilik pikirini hasaba almak ýörelgelerinde amala aşyrylýandygy barada giňişleýin çykyşlar edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek hem-de onuň hukuk we guramaçylyk esaslaryny pugtalandyrmak, kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda öňümizde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işleriň netijeli dowam etdirilýändigini, kazyýet edaralarynyň işini kadalaşdyrýan kanunçylygyň halkara hukugynyň iň öňdebaryjy tejribesine laýyk gelýändigini, olaryň iş ýüzünde netijelidigini maslahatda çykyş edenler belläp geçdiler. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen kazyýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmeginde, onuň milli kanunçylyk we guramaçylyk işiniň häzirki döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda özgerdilmeginde, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginde adyl kazyýetligi amala aşyrmagyň we kazyýet önümçiligini guramagyň binýatlaýyn ýörelgelerini döwrebap şertlerde üpjün etmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, işgärleriň döwrebap şertlerde netijeli işlemekleri we ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri okuw maslahatynda belentden ýaňlandy!