Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
11-03-2022

Çap edildi 02.03.2022


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk derejesine ygrarly Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hemişe eýerýändigini belledi. Munuň özi üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinada aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň pugta berjaý edilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagy boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, edaranyň işiniň esasy ugurlarynyň biriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuror seljermelerini amala aşyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Kanunyň birkemsiz berjaý edilmegini üpjün etmek, adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, bu düzümiň işgärleri öz üstüne ýüklenen wezipeleri takyk we halal ýerine ýetirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de ýol-ulag hadysalaryny öňünden duýdurmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk düzgün-tertibini saklamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, IIM-niň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, täze usullary işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary has giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýangyna garşy düzgüni berjaý etmek boýunça çäreleri geçirmek Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça 2022-nji ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet işiniň kanunylygyň, adalatlylygyň we hukuk düzgüniniň üpjün edilmegine, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ähli ulgamlaryny özünde jemleýän döwlet tarapyndan goraglylygyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň eýeleýän ornuny belläp, kazylaryň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi. Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew howpsuzlygy üpjün etmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärçiliginiň olary döwletimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmazlyga borçlandyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk alyp barmagyň möhümdigi barada aýdyp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ata Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz tarapyndan kabul edilen Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini, munuň bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna kybap gelýändigini belledi. Biz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dost-doganlygyň serhedi diýip yglan edip, ähli döwletler, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen oňyn gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy saklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Gullugyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň çäk bitewüligini hem-de ykdysady bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmegiň hem-de serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, oňat dynç almagy we durmuşy üçin hemme şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Soňra adalat ministri M.Taganow geçen iki aýda täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlemek boýunça alnyp barlan işler hem-de raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde ilata hereket edýän kanunçylyk hukuk namalaryny düşündirmek babatda geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni işjeň öwrenmegiň zerurdygyny belläp, ministre ilata ýokary derejeli hukuk kömegini bermegi tabşyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna degişli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryk berlendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz adalat ministri M.Taganowa ýüzlenip, kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmagy hem-de olara degişli teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermegi tabşyrdy. Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri gullugyň alyp baran işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň köpelmegi bilen baglylykda, gullugyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ykdysady işjeňligiň artýandygyny hem-de halkara ýük daşalyşynyň möçberiniň köpelýändigini nazara alyp, ýurdumyza getirilýän harytlaryň has düýpli gözden geçirilmeginiň, onuň tassyklanan hil ölçeglerine doly kybap gelmeginiň üpjün edilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gullugyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň öňdebaryjy tejribelerini peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny hem-de döwrebaplaşdyrylmagyny, işde häzirki zaman usullary ulanmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu döwürde edaranyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ugurdaky döwlet syýasatynyň türkmenistanlylaryň bähbitlerini we howpsuzlygyny üpjün etmäge, olaryň ýurdumyz hem-de onuň çäklerinden daşarda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hereket etmeginiň hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilendigini nygtady. Gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýäniň oňyn tejribesini hem-de milli kanunçylygyň binýatlyk ýörelgelerini utgaşdyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy hem-de işi dolandyrmakda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň peýdalanmak barada degişli tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini belledi. Bu çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, onda türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda ähmiýetli ädimdir. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy häzir hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşýarlar hem-de olary maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. Şu ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni saýlawlar geçiriler. Saýlamak hukugyna eýe bolan her bir türkmenistanly ýaşaýan ýeri boýunça ses berer hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgäri saýlar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow ýurdumyzyň Konstitusiýasynda eks-prezident barada ýörite kada-kanunlaryň bardygyny belläp hem-de şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy hökmünde Konstitusiýanyň maddalary esasynda amala aşyrylmaly işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy bu tabşyryklary zerur derejede ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleriň görüljekdigine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri, gözegçilik edýän edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şahsy düzümiň arasynda düzgün-tertibi pugtalandyrmak, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we işjeň halkara hyzmatdaşlygyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenendigini belledi. Milli Liderimiz harby düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de olaryň hukuk taýdan habarlylygyna, häzirki zamanyň tehniki serişdelerine we tehnologiýalaryna erk edip bilmek başarnyklaryna gönüden-göni baglydygyny aýtdy hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň netijelerini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin alyp barmaly işleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ata Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň edaralarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň şu maksatlaryň durmuşa geçirilmegine hyzmat edýändigini nygtap, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy. Şunda harby özgertmeleriň durmuş ugruna aýratyn üns berildi. Bu bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mundan beýläk-de döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, bu resminamada bellenilen çäreleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek üçin kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryklaryň berlendigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni ýene-de bir gezek çekdi. Milli Liderimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby özgertmeleri hem-de bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Şu babatda milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam edip, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky”, “Goranmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky”, “Gümrük gullugy hakyndaky” Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy. Häzirki döwürde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça hem işleri dowam etdirmek zerurdyr. Kiberjenaýatçylyga, internet we maglumatlary goramak ulgamlaryndaky jenaýatçylyga garşy göreşmek işlerine hem aýratyn üns berilmelidir. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirmek, şol sanda bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşyp, degişli teklipleri we bellikleri bermek gerek diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň netijelerini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şu maksatlara esaslanyp, biziň kabul eden Harby doktrinamyz goranyş häsiýetine eýedir. Bu strategik resminamanyň düzgünlerinden ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz Watan goragçylary barada hemişe alada eder. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlap, oňa ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Agentligi (TDH)