BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT
11-04-2022
2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Garaşsyz Watanymyzyň sport döwleti hökmünde halkara abraýynyň artmagy hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda “Sagdynlygyň Watany – Türkmenistanym” atly maslahat geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladanyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň ählisiniň özenini düzýändigi barada giňişleýin çykyşlar edildi. Şeýle hem, maslahatda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary derejeli sportyň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegine bagyşlanan iri möçberli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti, bu ugurda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilýän halkara resminamalaryň ýurdumyzyň halkara abraýynyň gün-günden artýandygyna şaýatlyk edýändigi, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, ýene-de bir gezek halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşandygy barada aýratyn bellenilip geçildi. Maslahatda çykyş edenler her ýylyň 7-nji aprelinde bütindünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýändigi, ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýandygy, sporty we bedenterbiýäni ösdürmek bilen birlikde sport medeniýetini ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýändigi, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, bularyň ählisi her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýändigi barada aýratyn belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatymyzyň döwrebap şertlerde netijeli işlemekleri we ýaşamaklary, sagdyn jemgyýet howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, bedenterbiýe we ýokary derejeli sport bilen meşgullanmaklary ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi!