2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyçlary – parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, oňyn hyzmatdaşlygyň binýady” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahata kazyýet edaralarynyň kazylary we kazyýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ähmiýetli ornunyň ýokarlanmagy bilen bilelikde geosyýasy we geoykdysady strategiýasynyň hem has aýdyň görnüşe eýe bolýandygy, döwletimiziň dünýä syýasatyna işjeň goşulmagy onuň daşary syýasy strategiýasynyň açyklygynda we anyklygynda, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli tekliplerinde, şeýle hem sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmeginde öz beýanyny tapýandygy barada giňişleýin çykyşlar etdiler.
Maslahatda bellenilşi ýaly, ýurdumyz dünýä halklarynyň bähbidine ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda iri halkara guramalary, ozaly bilen, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň taryhyndaky ýeke-täk tejribe bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen biragyzdan tassyklanan ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesi ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, adamzadyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz meseleleri sazlaşykly çözmekde, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen netijeli gural bolup çykyş edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berip, bar bolan howplara we wehimlere garşy netijeli göreşmegiň ýollaryny işläp düzmäge goňşy döwletleriň hem-de halkara bileleşiginiň giňden gatnaşmagyny yzygiderli goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýasy esasynda Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýlip yglan edildi. Bu bolsa, syýasy nukdaýnazardan, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi derwaýys meseleler boýunça diplomatik gepleşikleri geçirmäge we sebitde parahatçylyga hem-de durnuklylyga zeper ýetirmezden dürli meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini ýene-de bir gezek subut edýär.
Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny belentliklere götermekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler.