Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
16-12-2022
Çap edildi 08.12.2022
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe geçirilen işler, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen harby-taktiki okuwlaryň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek barada-da aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny Ýaragly Güýçlerden gullukdan boşatmagyň we harby gulluga çagyrmagyň barşy barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny durmuşa geçirmek babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu strategik resminamanyň düzgünlerine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, harby gullukçylaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerimizi ösdürmek Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunylygyň berk we takyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy. Soňra Baş prokuror döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň galla kärhanalarynyň işi babatda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, käbir ýolbaşçylar we işgärler wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler. Türkmen halky çörege aýratyn sarpa goýýar, ony mukaddeslik hasaplaýar. Şeýle-de bolsa daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen mukaddeslige hyýanat edip, jenaýata ýüz urýan adamlaryň bardygy gynançly ýagdaýdyr. Geçirilen deslapky derňew işlerinde “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Balkanabat galla önümleri kärhanasynyň direktory wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda işlän J.Hojaýewiň wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna hyýanatçylykly peýdalanyp, kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işlän E.Baýjanow bilen döwletiň emlägini ogurlamak barada deslapdan dilleşip, özleriniň jogapkärçiligindäki galla önümlerini hiç bir resminamasyz, bikanun kärhananyň degirmen bölümine geçirip, olardan un we kepek önümlerini öndürip, kärhananyň hasabyna girdeji etmän, bikanun satypdyrlar. Şeýlelikde, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilipdir. Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän we şol bir wagtyň özünde kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren G.Sähedow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, bugdaýy bikanun satyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdir. Ol özüniň eden jenaýatyny ýaşyrmak üçin emele gelen azyklyk bugdaýyň ýetmezçiligini her aýdaky hasabatynda bar diýip ýalandan görkezip, resminamalara göz-görtele galp maglumatlary girizipdir. Maglumatlar esasynda şol adamlar wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, ynanylan emlägiň eýelenmegi, harç edilmegi ýaly agyr netijelere getiren etmişler zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekildiler. Olar kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň gazanan bikanun girdejileri, döwletiň emlägini eýelemekleri netijesinde ýetirilen zyýany ýerinde goýdurmak üçin olaryň haram ýol bilen gazanan serişdeleri, awtoulaglary, ýaşaýyş jaýlary gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna geçirildi. Şeýle-de prokuratura edaralary tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy. Hususan-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow howa gatnawlarynyň sany çäkli bolan peteklerini müşderileriň adyna berkitmäge öz gulluk ýagdaýy bilen täsirini ýetirip bilýändiginden peýdalanyp, tanyşlary A.Mommadow we Ç.Meredow bilen deslapdan dilleşip, dürli daşarky howa gatnawy boýunça her bir petegi müşderiniň adyna berkidip berendigi üçin, şeýle hem dürli raýatlardan uly möçberde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para alypdyr. Mundan başga-da, K.Kerimow wezipe borçlaryna laýyklykda, uçar peteklerini satyjylar tarapyndan satuwyň düzgünleriniň berjaý etmekleri boýunça işiň talabalaýyk alnyp barylmagyna borçly adam bolandygyna garamazdan, öz işine geleňsiz garap, gözegçiligi gowşadypdyr. Şeýlelikde, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň birinji derejeli awiapetekleriň satyjysy J.Goçgorgulyýewanyň raýat T.Artyknyýazow bilen bilelikde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para hökmünde pul alyp, agyr jenaýatyň amala aşyrylmagyna we raýatlaryň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna ýol berlipdir. Ýokarda beýan edilen maglumatlar esasynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow eden etmişleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Uçar peteklerini satýan bölümiň birinji derejeli satyjysy J.Goçgorgulyýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para alandygy üçin, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl 3 aý azatlykdan mahrum edildi. Şeýle hem jenaýatçylara şärik bolan we jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatlar A.Mommadow we Ç.Meredow kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl, T.Artyknyýazow bolsa 11 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileri, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýamagyň närsesi hökmünde döwletiň haýryna geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda döwletimiziň howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Çünki korrupsiýa döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini bökdeýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna zyýan ýetirýär. Şonuň üçin hem korrupsiýa baş goşup, döwletiň we halkyň emlägini ogurlaýan, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozýan şular ýaly parahor jenaýatkärlere kanun esasynda berk çäre görler. Olara hiç hili geçirimlilik bolmaz diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. Eden jenaýaty bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin. Bu ýagdaý hökman ýüze çykarylar we edilen etmiş üçin kanunyň öňünde jogap bermeli bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, olaryň netijelerini ýok etmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirmek babatda görkezme berildi. Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýörite ýol belgilerini täzelemek boýunça görlen anyk çäreler barada habar berildi. Içeri işler ministri neşekeşlige we çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyp, şu ýylyň 21 — 25-nji noýabrynda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde geçirilen nobatdaky 55-nji mejlisiň jemleri, şeýle hem 3-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýörite çäreleriň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini we bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek boýunça geçirilen çäre barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge gözegçilik etmek bilen bagly görkezmeleri berdi. Düzgün bozulmalaryň öňüni almak, düzümleýin edaralaryň işinde döwrebap usullary we sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, içeri işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşynyň barşy, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça guralýan çäreler barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwrüň talaplary we döwletimizi ösdürmegiň strategik ugurlary kazyýet-hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegini talap edýär diýip belledi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler edaranyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekildi. Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän edaralarynda döwrebap tehniki serişdeleri ulanmak hem-de işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaryň çäklerinde görlen çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanlylaryň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletiň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini pugtalandyrmak ministrligiň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem häzirki döwrüň ählumumy howplarynyň ýurdumyza aralaşmagyna ýol bermezlige aýratyn üns bermek, öňde duran wezipeleri çözmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen ysnyşykly gatnaşyk etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we milli howpsuzlyk ministrine degişli görkezmeleri berdi. Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça serhet goşunlarynyň ýerine ýetirýän işiniň wajypdygyna ünsi çekdi. Serhetlerimiz goňşy ýurtlaryň ählisi bilen dostluk serhetleri bolmagynda galmalydyr. Döwlet Baştutanymyz serhet galalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegini Döwlet serhet gullugynyň işiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, ilata hukuk kömegini bermek we türkmenistanlylaryň hukuk babatdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hereket edýän kadalaşdyryjy namalary yzygiderli seljermek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek esasy talaplaryň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew 2022-nji ýylyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzüminde Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr ýükleriň artýan akymyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möhüm üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygy hökmünde ýurdumyzyň soňky ýyllarda Ýewraziýa giňişliginde geostrategik ornunyň artýandygy bilen baglylykda, döwlet gümrük gullugynyň işiniň möçberiniň köpelýändigini belledi. Munuň özi edaranyň işgärlerinden öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we gümrük serhedi arkaly harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçmeginiň tertibiniň berjaý edilişini, halkara standartlaryň talaplaryna laýyklykda degişli çäreleriň amala aşyrylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew bu düzümi ösdürmegiň degişli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy we bu babatda öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berildi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan migrasiýa syýasaty demokratik, hukuk döwletimiziň Esasy Kanunynda berkidilen ýörelgeler, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda amala aşyrylýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady. Migrasiýa ulgamynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda, kanun bozulmalarynyň öňüni almakda we aradan aýyrmakda döwrebap sanly tehnologiýalaryň, maglumat-tehniki serişdeleriň ulanylmagy uly ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygy bellenildi. Şu ýörelgelere esaslanmak bilen, Harby doktrinamyz diňe goranmak häsiýetine eýedir. Harby doktrina laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş kuwwaty pugtalandyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Geljekde-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň amala aşyryljakdygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Agentligi (TDH)