TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 31 ÝYLLYK BAÝRAMÇYLYGY MYNASYBETLI YLMY – AMALY MASLAHAT
04-10-2022
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgünde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly dabaralar bilen bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň gurnamagynda kazylaryň we kazyýet işgärleriniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Döwlet Garaşsyzlygy – bagtyýar durmuşyň kämil binýady” atly dabaraly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde ata – Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş we abadançylyk derejesini halkara derejesine götermekde gazanylan üstünlikler, adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilişi we üpjün edilişi dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny, garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizi döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça ösdürmekde gazanylan üstünlikler, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ornunyň we ähmiýetiniň artmagy dogrusynda buýsançly çykyşlar dabaraly maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Täze taryhy eýýamda türkmen jemgyýeti Garaşsyzlyk we Bitaraplyk, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy, raýatlaryň agzybirligi we ylalaşygy ýaly mizemez ýörelgeler esasynda gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasynda adamlar, olaryň abadançylygy, asudalygy, jany we saglygy hakynda aladalar durýar, jemgyýetimizde maşgala binýatlarynyň berk bolmagyna döwletimiz tarapyndan wajyp ähmiýet berilýär. Özbaşdak ösüş ýyllarynda ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň ösüş ugurlary, kazyýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we işgärler düzüminiň barha kämilleşdirilişi, kazyýet edaralaryna sanly tehnologiýalaryň we ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşy, adyl kazyýetligiň raýatlar üçin elýeterliliginiň häzirki zaman döwrebap şertlerde üpjün edilişi baradaky çykyşlara hem ylmy-amaly maslahatda uly orun berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň netijeli goralmagy, kazyýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän we ähli mümkinçilikleri döredýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda belentden ýaňlandy!