SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY OKUW MASLAHATY
13-12-2022
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda kazylaryň we degişli kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda “Döwrebap hukuk özgertmeler – halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili” atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli halkymyzyň bähbitleriniň hatyrasyna alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmekde taryhy üstünlikler gazanylýandygy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň aňrybaş gymmatlyklary ornaşdyrylyp, hukuk döwletiniň berkarar edilýändigi we geçirilýän özgertmeleriň milli kanunçylykda öz beýanyny tapýandygy aýratyn bellenildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda täze kabul edilen birnäçe kanunlaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda kazyýet iş tejribesiniň kämilleşdirilmeginiň döwrebap usullarynyň işlenilip düzülmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin çykyşlar edildi. Berkarar döwletimizde adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýokary derejede goralmagy, bu ugurda hukuk goraýyş we ulanyş tejribesine döwrebap usullaryň we serişdeleriň ornaşdyrylmagy hem-de kazyýet edaralaryň işiniň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda milli kanunçylygyň halkara hukugynyň iň öňdebaryjy tejribesine laýyk gelýändigini, olaryň iş ýüzünde netijelidigini maslahatda çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Ondan başga-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýunyň bellenýän ýylynda geçirilen halkara maslahatlar, kabul edilen halkara resminamalary barada aýratyn nygtalyp, ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýly orny dogrusynda hem çykyşlar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda kazyýet edaralarynyň işiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin taýsyz tagallalar edýän Çuňňur hormatlanylýan Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri okuw maslahatynda belentden ýaňlandy!