TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETI

 

 

 

Türkmenistanyň

Ýokary kazyýetiniň

Giňişleýin mejlisiniň

Kararlarynyň ýygyndysy

 

 

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli

girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Aşgabat – 2021 ýyl

 

M A Z M U N Y

                                                                                               Sah.

1. Serhoşluga, arakhorluga we ýasama arak gaýnatmalara garşy göreşi güýçlendirmek baradaky kanunçylygy ulanmak boýunça kazyýetleriň  iş  ýörelgeleri  hakynda

(24.12.1985 ýyl)......................................................................................................8-10

 

2. Görnetin jenaýat ýoly arkaly edinilen spirtden ýasalan

içgiler bilen baglanyşykly jenaýatlary maddalaşdyrmaklygyň

käbir meseleleri hakynda

(30.05.1991 ýyl, karar № 5)....................................................................................11

 

3. Söwda düzgünleriniň bozulanlygy üçin jenaýat jogapkärçiligi

barasyndaky kanunçylygyň Türkmenistanyň kazyýetleri

tarapyndan ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

(19.12.1991 ýyl).....................................................................................................12-13

 

4. Boş gaplary we harytlary, önümleri halkdan kabul

etmekligi amala aşyrýan işgärler tarapyndan edilýän

jenaýatlaryň dogry maddalaşdyrylyşy hakynda

(20.10.1995 ýyl).................................................................................................... 14

 

5. Ok atýan ýaragyň harsal saklanmagy, ýaragyň,

ok-däriniň ýa-da partlaýjy maddalaryň ogurlanmagy

bilen bagly jenaýatlary maddalaşdyrmagyň käbir

 meseleleri hakynda 

(20.10.1995 ýyl).................................................................................................... 15

 

6. Parahorçylyk baradaky işler boýunça

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(28.04.1997 ýyl, karar № 5)....................................................................................16-21

 

7. Jenaýat işleriniň goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna

gaýtarylyşyny düzgünleşdirýän kanunçylygyň Türkmenistanyň

kazyýetleri tarapyndan ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

(25.12.1997 ýyl, karar № 14)...................................................................................22-29

 

8. Miras almak baradaky işlere garalanda, Türkmenistanyň

kazyýetleri tarapyndan kanunçylygyň ulanylyş iş ýörelgeleri hakynda

(25.12.1997 ýyl, karar № 15)....................................................................................30-36

 

9. Kazyýet mejlislerini guramaklygy gowulandyrmak we

olary alyp barmak medeniýetini ýokarlandyrmak hakynda

(30.07.1998 ýyl, karar № 5).......................................................................................37-39

 

10. Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan jeza çäresiniň birnäçe

jenaýat edilende we birnäçe höküm boýunça bellenilişiniň

iş ýörelgeleri hakynda

(30.07.1998 ýyl, karar № 6).......................................................................................40-44

 

11. Atalygy anyklamak baradaky işlere garalanda

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan kanunçylygyň

ulanylyş iş ýörelgeleri hakynda

(30.07.1998 ýyl, karar № 9).......................................................................................45-48

 

12. Azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk

jeza çäreleriniň bellenişiniň iş ýörelgeleri hakynda

(22.07.1999 ýyl, karar № 5).......................................................................................49-57

 

13. Jelepçilik bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin

jogapkäçiligi göz öňünde tutýan kanunçylygyň

ulanylyşy boýunça iş ýörelgeleri hakynda

(22.07.1999 ýyl, karar № 6).......................................................................................58-62

 

14. Bilkastlaýyn adam öldürmek baradaky

işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasy)

(3.11.2000 ýyl, karar № 2).........................................................................................63-71

 

15. Jenaýat netijesinde ýetirilen maddy zyýany töledip

almak baradaky kanunçylygyň ulanylyşynyň

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(3.11.2000 ýyl, karar № 4).........................................................................................72-78

 

16. Iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmagynyň we

aýrylyşynyň käbir meseleleri hakynda

(3.08.2001 ýyl, karar № 2)..........................................................................................79-80

 

17. Jenaýatlaryň residiwi baradaky kanunçylygy

ulanmagyň kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(3.08.2001 ýyl, karar № 3)..........................................................................................81-84

 

18. Azatlykdan mahrum edilenlere, düzediş

edarasynyň görnüşini bellemegiň kazyýet iş

ýörelgeleri hakynda

(3.08.2001 ýyl, karar № 4)...........................................................................................85-89

 

19. Jenaýat jezasy bellenilende kazyýetler tarapyndan

kanunçylygyň berjaý edilişi hakynda

(3.08.2001 ýyl, karar № 5)...........................................................................................90-94

 

20. Ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmagyň

düzgünleriniň bozulmagy baradaky işler boýunça

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(01.09.2003 ýyl, karar № 3)..........................................................................................95-101

 

21. Aýal-gyzlary zorlamak baradaky işler

boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(12.08.2006 ýyl, karar № 1).........................................................................................102-109

 

22. Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan daşary ýurtly 

düzgünnamaly şahslaryň we telekeçileriň gatnaşmaklary

bilen baglanyşykly jedellere seretmekde Türkmenistanyň

kanunçylygynyň berjaý edilişi boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

 (25.01.2008ýyl, karar № 2) ....................................................................................... 110-112

 

23. Notarial  hereketleri  ýa-da notarial hereketlerini

amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi barada bildirilen

şikaýatlara garalanda kazyýetler tarapyndan

kanunçylygyň  berjaý  edilişi  hakynda

(25.01.2008 ýyl, karar № 3) .........................................................................................113-117

 

24. Zähmet şertnamasyny baglaşmagy, üýtgetmegi we

ýatyrmagy düzgünleşdirýän kanunçylygyň kazyýetler

tarapyndan ulanylyş iş ýörelgeleri hakynda

(18.12.2010 ýyl, karar № 7)...........................................................................................118-130

 

25. Ikinji basgançakly kazyýetde nägilelik şikaýatlar we

teklipnamalar boýunça jenaýat işine garamaklygyň

iş ýörelgeleri hakynda

(18.12.2010 ýyl, karar № 8).......................................................................................... 131-138

 

26. Jenaýat işlerine kazyýetde garalanda jenaýat iş ýörediş

kanunçylygynyň berjaý edilişi hakynda

(30.11.2011 ýyl, karar № 2)..........................................................................................139-146

 

27. Işgäriň iş berijiniň öňündäki maddy jogapkärçiligini

düzgünleşdirýän kanunçylygyň kazyýetler

tarapyndan ulanylyşy hakynda

(30.11.2011 ýyl, karar № 3) .........................................................................................147-152

 

28. Jenaýat işini kazyýet seljerişine bellemek baradaky

jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň talaplarynyň

kazyýetler tarapyndan berjaý edilişi hakynda

(28.07.2012 ýyl, karar № 2) .........................................................................................153-159

 

29. Nikany bozmak hakyndaky işlere garalanda,

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan

kanunçylygyň ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

(28.07.2012 ýyl, karar № 3) ..........................................................................................160-167

 

30. Bozgakçylyk baradaky işler boýunça kazyýet iş

ýörelgeleri hakynda

(19.04.2014 ýyl, karar № 1)............................................................................................168-174

 

31 Ýaşaýyş öýüne raýatlaryň eýeçilik hukugy bilen

baglanyşykly jedelleri çözmek boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

 (19.04.2014 ýyl, karar № 2) ..........................................................................................175-181

 

32. Kontrabanda baradaky işler boýunça

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(12.11.2014 ýyl, karar № 6) ...........................................................................................182-190

 

33. Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň kazyýetler

tarapyndan ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

(25.07.2015 ýyl, karar № 3) ...........................................................................................191-200

 

 

 

34.Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmagyň

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(16.07.2016 ýyl, karar № 1) ............................................................................................ 201-210

 

35.Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara

baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly

kanunçylygyň kazyýetler tarapyndan ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

(16.07.2016 ýyl, karar № 2) ............................................................................................ 211-215

 

36. Jenaýatlaryň we beýleki kanun bozmalaryň öňüni almak baradaky

kanunçylygy ulanmak boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(16.07.2016 ýyl, karar № 3) .............................................................................................216-218

 

37. Raýat işlerini kazyýet seljerişine taýýarlamak hakynda

(27.12.2016 ýyl, karar № 5) .............................................................................................219-227

 

38. Birinji basgançakly kazyýetde raýat işlerine seredilende

 iş ýörediş kanunçylygynyň ulanylyşy hakynda

(27.12.2016 ýyl, karar № 6) .............................................................................................228-239

 

39. Kazyýet çözgüdi hakynda

(27.12.2016 ýyl, karar № 7) .............................................................................................240-245

 

40. Nägilelik basgançakly kazyýetlerde raýat işlerine

seretmekligiň iş ýörelgeleri hakynda

(27.12.2016 ýyl, karar № 8) .............................................................................................246-251

 

41. Gözegçilik basgançakly kazyýetde raýat iş ýörediş

hukuk kadalarynyň ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

(27.12.2016 ýyl, karar № 9) .............................................................................................252-257

 

42. Ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak hakyndaky

işler boýunça Türkmenistanyň kazyýetleriniň iş ýörelgeleri hakynda

(27.12.2016 ýyl, karar № 10) ...........................................................................................258-266

 

43. Harby jenaýatlar boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(26.08.2017 ýyl, karar № 2)..............................................................................................267-278

 

44. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň käbir

kararlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(26.08.2017 ýyl, karar 3)...............................................................................................279-281

 

45. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň käbir

kararlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(14.04.2018 ýyl, karar 3)...............................................................................................282-283

 

46. Wezipe bilen baglanyşykly jenaýatlar barasynda jenaýat işleri boýunça

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(08.12.2018 ýyl, karar № 4)................................................................................................284-293

 

47. Aliment töletmek bilen baglanyşykly işlere seredilende Türkmenistanyň

kazyýetleri tarapyndan kanunçylygyň ulanylyşynyň  iş ýörelgeleri hakynda

(08.12.2018 ýyl, karar № 5).................................................................................................294-304

 

48. Arbitraž işleri kazyýet seljerişine taýýarlananda iş ýörediş kanunynyň ulanylyşynyň

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(08.12.2018 ýyl, karar № 6)...................................................................................................305-313

 

49.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň käbir kararlaryna

üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(08.12.2018 ýyl, karar 7)...................................................................................................314-319

 

50. Emlägi muzdsuz almak baradaky kanunçylygyň ulanylyşynyň kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.08.2019 ýyl, karar № 2)....................................................................................................320-323

 

51. Administratiw gözegçilik kadalarynyň bilkastlaýyn bozulmagy baradaky jenaýat işleri boýunça kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.08.2019 ýyl, karar № 3)....................................................................................................324-329

 

52. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinde hem-de iş beriji – fiziki şahslarda işleýän işgärleriň zähmetini düzgünleşdirýän kanunçylygyň ulanylyşynyň kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.08.2019 ýyl, karar № 4).....................................................................................................330-337

 

53. Awtoulag serişdeleri bilen ýolagçylary gatnatmak, ýükleri we goşlary, el goşlary daşamak baradaky şertnama boýunça kanunçylygy ulanmakda ýüze çykýan käbir meseleler barada

(17.08.2019 ýyl, karar № 5)......................................................................................................338-342

 

54. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň dowamynda ýüze çykýan käbir meseleler boýunça kanunçylygyň ulanylyşy hakynda

(17.08.2019 ýyl, karar № 6)......................................................................................................343-353

 

55. Kazyýetiň hökümi hakynda

(19.12.2019 ýyl, karar № 8)......................................................................................................354-368

 

56. Zähmeti goramagyň kadalarynyň we dag-magdan, gurluşyk ýa-da beýleki işler

 ýerine ýetirilende howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy baradaky jenaýat işleri

boýunça kazyýet iş tejribesi hakynda

(19.12.2019 ýyl, karar № 9)......................................................................................................369-375

 

57. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň buýruk önümçiligi baradaky

düzgünleri ulanmakda käbir meseleler hakynda

(19.12.2019 ýyl, karar № 10)....................................................................................................376-380

 

58. Neşe serişdeler, psihotrop we psihoaktiw maddalar bilen baglanyşykly kanun

bozulmalara garşy göreş boýunça kanunçylygyň ulanylyşynyň  kazyýet iş tejribesi

hakynda

(17.04.2020 ýyl, karar № 1)......................................................................................................381-392

 

59. Adamy ogurlamak, adamy bikanun azatlykdan mahrum etmek we adam söwdasy

hakyndaky işler boýunça kazyýet iş tejribesi barada

(17.04.2020 ýyl, karar № 2)......................................................................................................393-397

 

 

60. Çagalary terbiýelemek bilen baglanyşykly jedeller çözülende kazyýetler

tarapyndan kanunçylygyň ulanylyş iş ýörelgeleri hakynda

(17.04.2020 ýyl, karar № 3)......................................................................................................398-407

 

61. Kesekiniň emläginiň ogurlanmagy baradaky işler boýunça kazyýet

iş tejribesi hakynda.

(17.10.2020 ýyl, karar № 4)......................................................................................................408-422

 

62. Emlägi gozgamasyz etmekden boşatmak baradaky işlere seredilende,

 kanunçylygyň ulanylyşy boýunça kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.10.2020 ýyl, karar 5)......................................................................................................423-428

 

63. Kazyýetler tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine

almakdan we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeleri,

goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmekden RÝNÝ edaralarynyň ýüz

döndermegine berlen şikaýatlary seretmekligi düzgünleşdirýän kanunçylygyň

ulanylyş iş tejribesi hakynda

(17.10.2020 ýyl, karar № 6)......................................................................................................429-433

 

64. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýat jogapkärçiliginiň we jezasynyň

aýratynlyklary, şeýle hem olary jenaýata ýa-da jemgyýete garşy hereketleri

etmäge çekmek baradaky işler boýunça kanunçylygyň kazyýetler tarapyndan

ulanylyşynyň kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.10.2020 ýyl, karar 7)......................................................................................................434-444

 

65. Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylyk ulanylanda,

ýüze çykýan käbir meseleler boýunça kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.10.2020 ýyl, karar 8)......................................................................................................445-460

 

66. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak kadalarynyň ulanylmagy bilen

 bagly kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.10.2020 ýyl, karar 9)......................................................................................................461-465

 

67. Jenaýat netijesinde ýetirilen maddy zyýany töletmek baradaky kazyýet

kararlarynyň ýerine ýetirilmegini düzgünleşdirýän kanunçylygyň ulanylmagy

bilen bagly kazyýet iş tejribesi hakynda

(17.10.2020 ýyl, karar 10).....................................................................................................466-473

 

68. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň käbir

kararlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(17.10.2020 ýyl, karar 11)......................................................................................................474-475

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

 GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

K A R A R Y

 

1985-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-i                                                     Aşgabat şäheri

 

Serhoşluga, arakhorluga we ýasama arak gaýnatmalara

garşy göreşi güýçlendirmek baradaky kanunçylygy ulanmak

boýunça kazyýetleriň iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 22.07.1999 ý. №4, 12.08.2006 ý. №3, 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015 ý. №2, 16.07.2016 ý. №4, 08.12.2018 ý. №7 kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Serhoşluk adamyň saglygyna zyýan ýetirýär, maşgalanyň dargamagyna getirýär, çaganyň terbiýelenişine erbet täsir edýär. Spirtli içgileriň täsiri astynda adamlar özleriniň jemgyýet we döwlet öňündäki jogapkärçilik duýgularyny ýitirýärler, jenaýatçylykly hereketlere we beýleki kanunçylygy bozmalara ýol berýärler. Serhoşluk zähmet düzgün-nyzam bozulmalaryna getirýär we döwlete zyýan berýär.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi kazyýet iş ýörelgeleriniň umumulaşdyrmasynyň netijesini ara alyp maslahatlaşyp, kazyýetleriň arakhorluga garşy kanunçylygy ýerine ýetirmekde anyk işleri alyp barýandyklaryny belläp geçýär. Şonuň bilen birlikde spirtli içgileriň çendenaşa köp ulanylmagynyň netijesinde dörän işlere seredilende, düýpli kemçiliklere we kanun bozulmalaryna ýol berilýär.

Öýde taýýarlanylýan güýçli spirtli içgileriň taýýarlanmagy we saklanmagy hem-de olary öndürýän gurallaryň saklanmagy baradaky işlere seredilende, hemme ýagdaýlarda olary öndürmegiň we saklamagyň maksatlary anyklanmaýar.

Kanunyň talaplary bozulyp, hereketler yzygiderli bolman, bir gezek bolsa-da adamlaryň kämillik ýaşyna ýetmedikleri serhoşluga çekenligi üçin jogapkärçilige çekilmegine ýol berilýär.

Arakhorlykdan mejbury bejermeklige ibermek baradaky iş toplumlarynda köplenç halatlarda arakhoruň meýletin bejerişden ýüz dönderýändigi ýa-da onuň bejerişden soň serhoşlugyň dowam edýändigi we mejbury bejerişiň  onuň saglygyna garşydygy barasynda maglumatlar ýok. Kazylar bolsa şular ýaly iş toplumlaryna seredýärler.

Spirtli içgileri çendenaşa köp içmek bilen baglylykda dörän zähmet, nika-                -maşgala, ýaşaýyş jaý we beýleki raýat işlerine seredenlerinde kazylar hemme ýagdaýlarda olary kazyýet seljerişine ýeterlik taýarlamaýarlar, dogry çözgüt kabul etmek üçin gerek bolan subutnamalary talap edip almaýarlar.

Zähmetde şikes alanlygy ýa-da beýleki ýagdaýlarda saglyga zyýan alanlygy bilen jebir çekene ýeten zyýany töledip almak baradaky meseläni çözenlerinde hemme halatlarda jebir çekeniň özüniň içgili ýagdaýda bolmagynyň zyýanyň döremegine ýa-da köpelmegine getirendigini nazara almaýarlar.

Serhoşluk sebäpli dörän zähmet, nika bozmak, aliment almak we beýleki işlerde kazylar degişli edaralaryň öňünde önümçilikde spirtli içgileri içmeklige ýol beren wezipeli adamlary jogapkärçilige çekmek baradaky meseläni seýrek goýýarlar.

Jenaýat işlerinde-de, raýat işlerinde-de kazyýetler köp halatlarda jenaýata we kanuny bozulmalara getirýän ýagdaý hökmünde serhoşlugyň sebäplerini we şertlerini anyklamaýarlar we olary aradan aýyrmak üçin degişli edaralaryň we wezipeli adamlaryň öňlerinde mesele goýmaýarlar. Şeýle görnüşli işlere göçme kazyýet mejlisinde heniz az seredilýär. Kazyýet mejlisiniň maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde az peýdalanylýar. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

 

 

K A R AR        E D Ý Ä R:

1. Bellenip geçilen kemçilikleri aradan aýyrmak üçin ahyrky çäreleriň görülmelidigine, serhoşluga we arakhorluga garşy göreşi güýçlendirmeklige gönükdirilen kanunçylygyň talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigine kazyýetleriň ünslerini çekmeli.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedigi serhoşluga çekmeklik diýilip, diňe kämillik ýaşyna ýetmedik bilen bile spirtli içgileriň içilmegine düşünilmän, eýsem ondan başga-da bilkastlaýyn usullar bilen serhoş ýagdaýa eltilmegine-de  düşünmeli, mysal üçin, ynandyrma, razy etme, oňa içmek üçin spirtli içgileri alyp bermek ýoly bilen. Şunda Türkmenistanyň JK-nyň 156-njy maddasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedigiň bir gezek serhoş halyna eltilmeginiň jenaýat jogapkärçilikli hereketleriň düzümini döretmeýändigine üns berilmelidir.

3. Öýde ýasalýan spirtli içgileri taýýarlamak, saklamak, ýerlemek baradaky, şeýle hem şol maksatlara niýetlenen enjamlary ýasamak ýa-da saklamak baradaky işlere seredenlerinde kazyýetler hökmany suratda haýsy maksatlar bilen spirtli içgileriň we ony taýýarlaýan enjamlaryň ýasalandygyny anyklamalydyrlar – ýerlemek maksady bilenmi ýa-da özi ulanmak maksady bilenmi, munuň üçin diňe bir taýarlanylan spirtli içgileriň möçberini däl, eýsem turşama önümleriň möçberi-de nazara alynmaga degişlidir.

     Şunda ýerlemek diýip, diňe ýokarda görkezilen spirtli içgileriň we enjamlaryň satylmagyna däl, eýsem olaryň beýleki islendik muzdly usul bilen ýerlenmegine-de düşünmeli.

4. Işde serhoş halda peýda bolanlygy üçin işden çykarylan adamlaryň işe dikeltmek barasyndaky zähmet jedellerine seretmek bilen baglanyşykly işleriň zähmet düzgün-nyzamynyň we işçi-gullukçylaryň kanuny hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen bolmalydygyna kazyýetleriň ünslerini çekmeli.

5. Türkmenistanyň RIÝK-nyň 314-nji maddasynda görkezilýän, spirtli içgileri içmeklikden hyýanatly ulanýan raýatlaryň kämillik ukybyny çäklendirmek baradaky işleri gozgap bilýän adamlaryň we edaralaryň sanawy gutarnyklydyr we ol giňişleýin düşündiriş berilmäge degişli däldir.

Bu görnüşdäki işler raýatyň ýaşaýan ýerindäki kazyýetler tarapyndan aýratyn iş önümçiligi tertibinde, şol adamyň özüniň, prokuroryň, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň gatnamaklarynda seredilýär.

6. Raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek baradaky işler boýunça çözgüdiň netije böleginde spirtli içgileri hyýanatly ulanýan adamynyň kämillik ukybyny çäklendirilen hasap etmeli ýa-da arzany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermeli diýip görkezmek ýeterlikdir.

Kämillik ukybyny çäklendirilmek bilen baglanyşykly beýleki meseleler (mysal üçin, howandarlyk bellemek) kazyýetiň garamagyna girmeýär.

7. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 93-nji maddasynyň 5-nji bendine laýyklykda arakhorlukdan ejir çekmeklik ata-enäni ata-enelik hukugyndan mahrum etmeklige esas bolýar. Bu ýagdaý hökmany suratda degişli lukmanlaryň netijesi bilen tassyklanan bolmalydyr. Raýatyň kämillik ukybynyň çäklendirilen diýlip bilinmegi, onuň şol bir esaslarda ata-enelik hukugyndan mahrum edilmegine päsgelçilik döretmeýär.

8. Türkmenistanyň RK-nyň 425-nji maddasyna laýyklykda, jebir çekeniň hereketleri zyýan ýetmegine ýardam eden bolsa, onda zeleli tölemek borjy we tölegiň möçberi taraplaryň haýsy biriniň günäsi bilen zyýanyň köp möçberde ýetirilendigine baglydyr, şoňa görä-de kazyýetler zeleli töletmek meselesini çözenlerinde, jebir çekeniň serhoş ýagdaýda bolandygyny, eger-de ol ýagdaý zeleliň döremegine ýa-da köpelmegine ýardam beren bolsa, hökmany suratda nazarda tutmalydyrlar.

9. Spirtli içgileri hyýanatly ulanýandygy üçin raýat bilen  bir öýde ýaşamaklyk mümkinçiliginiň ýoklugy sebäpli ony jaýdan göçürmek baradaky işlere seredilende, kazyýetler ol adamlar barasynda öň duýduryş çäreleriniň, jemgyýetçilik täsiriniň we bejerişiň ulanylandygyny anyklamalydyrlar.

10. Kazyýetler özleriniň hususy kesgitnamalary (kararlary) bilen arakhorlyga garşy göreşi güýçlendirmek baradaky kanunçylygyň her bir bozulmalaryna, şonuň bilen birlikde edilen jenaýat ýa-da hukuk bozulmalar bilen gönüden-göni arabaglanyşygy bolmadyk ýagdaýlara hem hökmany suratda üns bermelidirler, şunda çäreleriň öz wagtynda we täsirli görülmegine gözegçiligi hem güýçlendirmelidirler.

Kararyň 11-nji bendiniň talaplary kazyýetler tarapyndan raýat iş tertibinde işlere seredilende ulanylmaga degişli däldir.

11. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň kazyýet kollegiýalary kazyýetleriň serhoşluga we arakhorlyga garşy göreş alyp barmak baradaky kanunçylygy ýerine ýetirmekdäki işlerine gözegçiligi güýçlendirmeli.

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                            B.Muhammetgulyýew

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

kazyýetiniň kazysy                                                 B.Nurmuhammedow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y № 5

 

1991-nji ýylyň maý aýynyň 30-y.                                                       Aşgabat şäheri.

 

Görnetin jenaýat ýoly arkaly edinilen spirtden ýasalan

içgiler bilen baglanyşykly jenaýatlary maddalaşdyrmaklygyň

 käbir meseleleri hakynda

 

    (Giňişleýin mejlisiň 12.08.2006ý. №6 we 25.07.2015ý.№2 kararlary bilen  

                                       üýtgetmeler girizilen)

 

Görnetin jenaýat ýoly arkaly edinilen spirtden ýasalan içgiler bilen baglanyşykly jenaýatlary etmeklikde günäkär adamlaryň hereketlerini maddalaşdyrmaklygyň dogrulygy hakyndaky kazyýet iş ýörelgesinde ýüze çykan  soraglar bilen baglanyşyklylykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi kazyýetlere şu aşakdaky düşündirişleri bermekligi

 

 

K A R A R     E D Ý Ä R:

 

1.Haçan-da şeýle usul bilen edinilen spirtden hususy şahs tarapyndan galp güýçli spirtli içgileriň ähli görnüşleri taýarlansa we zawod etiketkalary ýelmenip ýerlense, onda onuň bu hereketlerini Türkmenistanyň JK-nyň 237-nji (görnetin jenaýatçylyk ýoly arkaly edinilen emlägiňsatyn alynmagy ýa-da satylmagy) we 247-nji (haryt nyşanynyň bikanun ulanylmagy) maddalary bilen jenaýatlaryň jemi boýunça maddalaşdyrmaly.

2.Haçan-da görnetin jenaýat ýoly arkaly edinilen spirtiň alynmagy onuň ogurlyga meçew berilmegi ýa-da ogurluk edilmezinden öň ýa-da ogurlyk edilýän wagty ýerine ýetirijä söz bermek bilen baglanyşykly bolsa, şeýle hem ogurlyk zatlaryň şol bir ogrudan yzygiderli alnyp gelinýänligi üçin, ol adamlaryň hereketleri ogurlyga bile gatnaşyjy diýlip bilner.

 

 

           Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     H.Ataýew

 

         Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                       

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          Ýu.Bondarew

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ 

 

K A R A R Y

 

1991-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-y                                                 Aşgabat şäheri.

 

Söwda düzgünleriniň bozulanlygy üçin jenaýat jogapkärçiligi

barasyndaky kanunçylygyň Türkmenistanyň kazyýetleri

tarapyndan ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 12.08.2006 ý. №3, 18.12.2010 ý. №6, 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 08.12.2018 ý. №7  kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan söwda düzgünleriniň bozulmagy barasyndaky işler boýunça kanunçylygyň ulanylyşynyň iş ýörelgesini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi kazyýetleriň jenaýat we jenaýat iş ýörediş kanunlarynyň dogry ulanmagyny esasan üpjün edýändiklerini belläp geçýär. Şonuň bilen birlikde käbir kazyýetleriň şu işlere seredenlerinde goýberýän düýpli kemçilikleri we ýalňyşlyklary  hem bar. Käbir kazyýetler satylan we alyjylardan gizlenýän harytlaryň möçberlerini (uly möçberde, aýratyn uly möçberde) kesgitlänlerinde, Türkmenistanyň JK-nyň 265-nji maddasynda olaryň azyk önümlerine we beýleki harytlara bölünip tapawutlandyrylýandygyny göz öňünde tutmaýarlar. Derňew edaralary we kazyýetler Türkmenistanyň JK-nyň 265-nji maddasynda görkezilen hereketleriň gaýtadan edilendigi barasyndaky soraglary hemme halatlarda barlamaýarlar we bu maddalaşdyryş alamaty jogapkärçilige çekilýäne ýöňkemeýärler. Jeza çäresini bellänlerinde, kazyýetler edilen jenaýatyň häsiýetini, jemgiýetçilik üçin howplulyk derejesini, etmişiň maksadyny, günäkäriň şahsyýetini, ýetirilen zeleliň häsiýetini hem-de möçberini we işiň beýleki ýagdaýlaryny hemme halatlarda göz öňünde tutmaýarlar.

Beýan edilenler bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

K A R A R    E D Ý Ä R :

 

  1.Türkmenistanyň JK-nyň 265-nji maddasynda gizlenýän we satylýan harytlaryň möçberiniň baha çäkleriniň takyk kesgitlenendigine, şeýle hem söwda düzgünleriniň bozulanlygy üçin jogapkärçiligiň güýçlendirilendigine Türkmenistanyň kazyýetleriniň ünslerini çekmeli.

 2.Kazyýetler Türkmenistanyň JK-nyň 265-nji maddasynyň belliklerinde beýan edilen gizlenen we satylan harytlaryň haýsy ýagdaýlarda uly we aýratyn uly möçberler hasap edilýändigi barasyndaky düşündirişlerinden gyşarnyksyz ugur almalydyrlar. Şundan ugur alyp, jenaýaty dogry maddalaşdyrmak maksady bilen kazyýetler gizlenen we satylan harytlaryň görnüşiniň degişliligini we bahasyny aýdyň kesgitlemelidirler, şunda käbir azyk harytlarynyň (mysal üçin, spirtli içgiler, temmäki önümleri we ş.m.) iýmit önümleriniň hasabyna girmeýändigini-de göz öňünde tutulmalydyr.

3. Günäkäriň hereketleri söwda düzgünleriniň bozulmagynyň gaýtadan edilenlik alamaty boýunça şeýle ýagdaýlarda maddalaşdyrmaga degişli, haçan-da Türkmenistanyň JK-nyň 265-nji maddasynda sanalyp geçilen hereketler, günäkär tarapyndan her hili utgaşykda-da iki ýa-da ondan-da köp gezek edilen bolsa (mysal üçin, ammardan (bazadan) iki ýa-da ondan köp sypatnamalar esasynda alnan harytlaryň dürli wagtlarda gizlenmegi, ýa-da harydyň bikanun satylmagy bilen bir wagtda soňra harydyň gizlenmegi, şeýle hem şol bir adama bolsa-da, harytlaryň aýry-ayry watglarda söwda düzgünleriniň bozulyp satylmagy).

4. Söwda düzgünlerini bozmakda günäkär adamlara jeza çäresini kesgitlänlerinde, kazyýetler jenaýatyň jemgiýetçilik üçin howplulyk derejesini, günäkäriň şahsyýetini, jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary nazara alyp, aratapawutlandyryp çemeleşmäni gyşarnyksyz üpjün etmelidirler. Şonuň bilen birlikde kazyýetler Türkmenistanyň JK-nyň 265-nji maddasynyň 1-nji bölegi esasynda günäkäre belli bir wezipede işlemek ýa-da meşgul bolmak hukugyndan mahrum etmeklik görnüşindäki goşmaça jeza çäresini bellemekligiň hökmanydygyny we onuň ulanylmazlygyna, diňe Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasynda görkezilen şertleriň barlygynda, hökümde gelnen netijäni delillendirmek bilen ýol berilýändigine üns bermelidirler.

5. Türkmenistanyň JIÝK-nyň 434-nji maddasyna laýyklykda, kazyýetler her bir şeýle görnüşli işler boýunça jenaýatyň edilmegine ýardam beren sebäpleri we şertleri aýdyňlaşdyrmalydyrlar we hususy kesgitnama (karar) çykarmak arkaly jemgyýetçilik iýmiti we söwda kärhanalarynyň işlerini gurnamakdaky goýberilen kemçiliklere ünsi çekmelidirler.

6. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleriniň jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýalary söwda düzgünleriniň bozulandygy üçin jenaýat jogapkärçiligi hakyndaky kanunçylygyň kazyýetler tarapyndan dogry ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmeli. Şu maksat bilen kazyýet iş ýörelgesini ýzygiderli umumylaşdyrmak hökmanydyr we kazyýetleriň işlerindäki kemçilikleri we ýalňyşlyklary aradan aýyrmak üçin beýleki çäreleri hem görmeli.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                   H.Ataýew

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                              

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                        Ýu.Bondarew

 

 

 

                 TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ 

                                   GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

                                                                                                       

K A R A R Y

 

 1995-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-si                                                           Aşgabat şäheri

 

Boş gaplary we harytlary, önümleri halkdan kabul etmekligi amala

aşyrýan işgärler tarapyndan edilýän jenaýatlaryň dogry

maddalaşdyrylyşy hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 12.08.2006 ý. №3 karary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Iş ýörelgesinde çig maly, önümleri, harytlary, şonuň bilen birlikde çüýşe gaplary kabul edýän we tabşyryjylar bilen hasaplaşanlarynda olara hakykat ýüzündäki bermelisinden az pul töleýän söwda we söwda däl guramalarynda işlän günäkär adamlaryň hereketlerini maddalaşdyrmak bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykdy. Kazyýetleriň biri şeýle adamlaryň hereketlerini Türkmenistanyň JK-niň 264-nji maddasy bilen, hasapda aldamak hökmünde maddalaşdyrsa, beýlekiler Türkmenistanyň JK-niň 228-nji maddasy bilen, kezzapçylyk hökmünde maddalaşdyrypdyrlar.

Kazyýet ýalňyşlyklaryny duýdurmak we aradan aýyrmak maksady bilen, şeýle hem kanunçylygyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

 

K A R A R      E D Ý Ä R :

 

 

1.Çig maly, boş gaplary, önümleri we harytlary kabul edýän bölümleriň, söwda we söwda däl taýarlaýyş guramalarynyň işgärleriniň şol kabul eden harytlary üçin tölemeli  hakyky bahasyny doly tölemedik ýagdaýlarynda, olaryň hereketlerini Türkmenistanyň JK-nyň 228-nji maddasy bilen, kezzapçylyk, ýagny aldaw ýa-da ynamy hyýanatly peýdalanmak arkaly, tabşyryjy harydy tabşyrýan wagty onuň hakyky bahasy barasynda ýalňyşdyrylyp, başga biriniň emlägini eýelemek ýa-da emläge bolan hukugy eýelemek hökmünde maddalaşdyrmaga degişlidigini kazyýetlere düşündirmeli.

 

          Türkmenistanyň Ýokary

kazyýetiniň başlygy                                                          A.Kakabaýew

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

kazyýetiniň kazysy                                                           R.Jepbarow

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

K A R A R Y

 

1995-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-si                                                  Aşgabat şäheri

 

Ok atýan ýaragyň harsal saklanmagy, ýaragyň, ok-däriniň

ýa-da partlaýjy maddalaryň  ogurlanmagy bilen bagly jenaýatlary maddalaşdyrmagyň käbir meseleleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 12.08.2006 ý. №3, 19.04.2014 ý. №3  kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

Kazyýet iş ýörelgesinde ok-ýaragyň harsal saklanmagy, ýaragyň, ok-därileriň ýa-da partlaýjy maddalaryň ogurlanmagy diýen düşünje we maddalaşdyrma bilen baglanyşykly käbir soraglar ýüze çykdy.

Kazyýet ýalňyşlyklaryny goýbermezlik maksady bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

 

K A R A R        E D Ý Ä R :

 

1.Ok atýan ýaragyň eýesi tarapyndan hukuk namalarynda we ýaragy saklamaklygyň umumy kabul edilen düzgünlerinde görkezilen seresaplylyk çäreleriniň berjaý edilmezligi, eger-de bu ýagdaý ýaragyň ulanylmagyna şert döredip, agyr netijelere getiren bolsa, ýaragy harsal saklamaklyk diýip düşünmeligini kazyýetlere düşündirmeli. Harsal saklama hereketsizligiň birnäçe görnüşinde bolup biler, mysal üçin, ýaragy el ýüzünde, şkafda, stolda we başga elýeter ýerde goýmak we ş.m., ýagny haçan-da onuň  alynmagyna mümkinçilik döredilende. Türkmenistanyň JK-nyň 289-njy maddasy bilen jogapkärçilik, haçan-da eýesi ýaragy başga birine  bikanun beren halatynda hem ýüze çykýar.

2.Kanunda görkezilen netijelere getiren halatynda ok atýan ýaragy harsal saklanlygy üçin jogapkärçilige, ony kanuny eýelik edýän adam bilen bir hatarda, ýylmanak nilli ok atýan aw ýaragyny bikanun eýelik edýän adamlar hem çekilmäge degişlidir.

3.Türkmenistanyň JK-nyň 289-njy maddasynda görkezilen jenaýatyň düzüminiň barlygy beýleki adamynyň eden jenaýatynyň  seresapsyzlykda ýa-da bilkastlaýyn amala aşyrylandygyna bagly däldigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar. Eger-de eýesi öňünden bilip, ýaragyny başga birine bilkastlaýyn jenaýat etmeklik  üçin beren bolsa ýa-da öňünden şeýle mümkinçiligiň bolup biljekdigine  düşünen bolsa,  onda onuň hereketleri, ondan ýarag alan adamyň eden jenaýatyna gatnaşyjy  hökmünde seredilmäge degişli.

 

           Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     A.Kakabaýew

         Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                       

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Jepbarow

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 5

 

1997-njy ýylyň  aprel aýynyň 28-i                                                      Aşgabat şäheri

 

Parahorçulyk baradaky işler boýunça kazyýet

iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 12.08.2006ý. №3, 18.12.2010ý. №6, 28.07.2012ý. №1,   

 25.07.2015ý. №2, 26.08.2017ý. №3, 08.12.2018 ý. №7  kararlary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen)

 

Parahorçulyk baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgesini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi kazyýetleriň şu görnüşli işlere seredende, kanunçylygy esasan dogry ulanýandyklaryny belleýär.

Şonuň bilen birlikde kazyýetleriň işinde düýpli kemçilikler hem bar.

Kazyýetler käbir halatlarda deslapky derňewiň hiline ýeterlik talap bildirmeýärler. Kazyýetde seredilende hem işleriň ýüzleý barlanan ýagdaýlarynyň üsti hemişe doldurylmaýar, netijede parahorçulyk üçin jogapkärçilik baradaky kanunçylygyň kadalaryny ulanmakda ýalňyşlyklar goýberilýär.

Aýry-aýry kazyýetler tarapyndan jeza çäresi bellenende, edilen jenaýatyň ähli ýagdaýlary we günäkäriň şahsyýeti nazara alynmaýar, kä wagtlar bolsa günäkärlere özüni ödemeýän eglişik edilýär hem-de para berijileriň esassyz jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan ýagdaýlary ünsden galdyrylýar.

Birnäçe halatlarda kazyýetler, parahorçulyk edilmegine getiren sebäpleri we şertleri doly ýüze çykarmaýarlar we olary aradan aýyrmak üçin kanunda göz öňünde tutulan çäreleri görmeýärler.

Bellenilen kemçilikleri düzetmek hem-de parahorçulyk üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan kanunçylygy birmeňzeş ulanmaklygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

 

K A R A R     E D Ý Ä R:

 

1. Kazyýetler işiň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsizlikli barlamak barada kanunyň talaplaryny ýerine ýetirip, işiň hakyky boluş ýagdaýlarynyň hemmesini, şol sanda para almakda aýyplanýan adamlaryň gulluk ýagdaýyny, jenaýat etmekde olaryň her biriniň hakyky ornuny, para almaklygyň, bermekligiň ýa-da para almak-bermekde arada durmaklygyň maddalaşadyryjy ýagdaýlaryny doly takyklamaga borçludyrlar.

 

2. Jogapkärçiligiň gutulgysyzdygy baradaky garaýşy yzygiderli durmuşa geçirmekligi gazanmak üçin, deslapky derňew edaralary tarapyndan jenaýata gatnaşyjylaryň hemmesini we aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly hereketleriniň hemmesini ýüze çykarmak üçin ähli çäreleriň görlendigini, para berijileriň jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyşynyň kanunylygyny, jenaýat işiniň bölünenliginiň ýa- -da maglumatyň aýratyn önümçilige bölünip aýrylanlygynyň dogrulygyny barlamaklyk zerurdyr.

Para alýan we para berýän barasyndaky işe aýry-aýrylykda garamaklyga diňe şeýle etmek işiň hemme taraplaýyn, doly we tarapgöýsizlikli barlanmagyna we çözülmegine täsir etmeýän bolsa ýol berilýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

 

 

 

 

 

 

3. Kanuna laýyklykda, para almaklyk üçin jenaýat jogapkärçiligine wezipeli adamlar we şonuň ýaly-da wezipeli adamyň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirýän adamlar, hat-da olar şol wezipä bellemäge ygtyýarly ýolbaşçynyň dilden buýrugy bilen bellenen mahalynda hem özüniň şu wagtlaýyn borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda para alan bolsa, jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidir.

Wezipeli adam para berijiniň bähbitleri üçin degişli hereketleri etmäge özüniň ygtyýary bolmasa-da, ýöne öz gulluk ýagdaýyna laýyklykda beýleki bir wezipeli adamlaryň para berijiniň isleýän hereketlerini etmegine täsir edýän çäreleri görüp bilýän bolsa, onda şeýle wezipeli adamlar hem para almaklyk baradaky jenaýatyň şahsy (subýekti) diýip hasap edilmäge degişlidir.

 

4. Paranyň närsesi (predmeti) diýip, pullar (nagt we nagt däl), gymmatlygy bolan kagyzlar, maddy gymmatlyklar, şeýle hem aslynda tölenmäge degişli bolan, ýöne mugtuna edilen hyzmatlar (meselem, dynç alyş öýüne, syýahatçylyga ýollamalary, ýolagçylyk biletlerini alyp bermek, bejeriş, täzeden dikeltmek, gurluşyk we beýleki işleri edip bermek) hasap edilýär. Maddy häsiýeti bolmadyk peýdalar para almaklygyň närsesi bolup bilmeýärler. Mysal üçin, bir adamyň öz meýli boýunça ýa-da wezipeli adamyň haýyşy boýunça ol barasynda ýa-da onuň işleýşi barasynda hakykata göz-görtele gabat gelmeýän seslenmäni metbugatda çap etdirmegi para almak we bermek diýip maddalaşdyrylyp bilinmez.

 

5. Kazyýet wezipeli adamyň para berijiniň bähbitlerini arap, nähili hereketleri edendigi ýa-da etmekden saklanandygy üçin para alandygyny aýdyňlaşdyrmalydyr. Şunda paranyň haçan, ýagny islenilýän hereketiň ýerine ýetirileninden öň ýa-da soň berlendigine, paranyň öňünden şertleşilendigine, para berijiniň bähbitlerine laýyklykda haýsydyr bir işiň bitirilendigine garamazdan, jenaýat jogapkärçiliginiň ýüze çykýandygy nazara alynmalydyr.

Wezipeli adam tarapyndan özüniň tabynlygyndaky ýa-da gözegçiligindäki adamlardan oňa howandarlygy ýa-da gulluk boýunça geçirilmegi üçin, ol barasynda öz ygtyýaryna degişli meseleleri onuň çözýändigi üçin pul serişdeleriniň ýa-da başga gymmatlyklaryň alynmagy para almak diýip hasap edilmelidir.

Gymmatlyklaryň alynmagynyň ýa-da hyzmat edilýänliginiň şertleri ýörite gürleşilmedik bolsa-da, ýöne jenaýata gatnaşyjylar para berijiniň isleglerini ödemek maksady bilen para berilýändigine düşünýän ýagdaýlarynda günäli adamlaryň hereketleri hem para almak-bermek diýip hasap edilmelidir.

 

6. Para bermek, para almak we para almak-bermekde arada durmak jenaýatlary paranyň iň bolmanda bir böleginiň wezipeli adam tarapyndan kabul edilen pursatynda ahyryna ýetirilen diýip hasap edilýär. Hödürlenen para kabul edilmedik ýagdaýlarynda, para berijiniň hereketi para bermeklige synanyşmak, arada durujynyň hereketleri–para almak-bermeklikde arada durmaklyga synanyşmak diýip hasap edilmelidir. Eger para almaklygyň başa barmazlygy para alyjynyň erkine bagly bolmadyk şertler sebäpli ýüze çykan bolsa, onda onuň etmişi para almaklyga synanyşmak diýip maddalaşdyrylmalydyr.

 

7. Gulluk boýunça öz tabynlagyndaky işgäre başga bir wezipeli adama para berip, onuň islenilýän bir işi bitirmegini ýa-da bir hereketi etmezligini gazanmagy teklip eden wezipeli adam para beriji hökmünde, para üçin şertleşilen hereketi ýerine ýetirmek barada başga bir wezipeli adam bilen gürleşen we parany gowşuran işgär bolsa para bermeklige gatnaşyjy hökmünde jogapkärçilige çekilýär. Eger şol işgär özüne berlen tabşyrygyň häsiýetine düşünip, diňe parany eltip beren bolsa, onda onuň hereketi para almak-bermekde arada durmak diýip hasap edilmäge degişlidir.

 

8. Kazyýetler para almak-bermekde arada durmaklygy para bermekden we para almakdan çäklendirmelidirler we şunda para berýäniň ýa-da para alýanyň tabşyrygy boýunça hereket edip, paranyň närsesini gös-göni geçirýän adamyň para almak-bermekde arada durujy bolýandygy nazara alynmalydyr. Şunda arada durujynyň para berijiden ýa-da para alyjydan arada durandygy üçin hak alanlygy ýa-da almanlygy onuň hereketiniň Türkmenistanyň JK-nyň 186-njy maddasy boýunça maddalaşdyrylmagyna täsir etmeýär.

Para bermekligi ýa-da almaklygy guraýan, oňa yrýan ýa-da para bermeklige hem-de almaklyga ýardam berýän we şol bir wagtyň özünde arada durujylyk hereketlerini ýerine ýetirýän adam para bermeklige ýa-da para almaklyga gatnaşyjy hökmünde jogapkärçilige çekilýär.

Şu ýagdaýda jenaýata gatnaşyjynyň hereketini maddalaşdyrmak meselesi onuň kimiň tarapynda durup, kimiň bähbitleri üçin, kimiň, ýagny para berijiniňmi ýa-da para alyjynyň meýline görä hereket edýändiginden ugur alnyp, onuň maksadynyň nirä gönükdirilendigine baglylykda çözülmelidir. Şunda onuň hereketlerini Türkmenistanyň JK-nyň 186-njy maddasy bilen goşmaça maddalaşdyrmak talap edilmeýär.

 

9. Bir topar adam tarapyndan öňünden dilleşilip para alynmagy diýip, şeýle jenaýaty etmek barasynda öňünden dilleşen wezipeli adamlaryň ikisiniň ýa-da birnäçesiniň gatnaşmagyna aýdylýar. Wezipeli adamlaryň iň bolmanda biri tarapyndan paranyň kabul edilen pursatyndan jenaýat ahyryna ýetirilen diýip hasap edilýär. Şunda para almaklyga birnäçe wezipeli adamyň gatnaşýandygyna para berijiniň göz ýetiren-ýetirmändiginiň ähmiýeti ýokdur.

Öňünden başga wezipeli adam bilen dilleşmän para alan, soňra para berijiniň bähbitlerini yzarlap, alan parasynyň bir bölegini şol wezipeli adama geçiren wezipeli adam para almak we para bermek jenaýatlarynyň jemi boýunça jogapkärçilige çekilýär.

 

10. Para almaklygyň, para bermekligiň ýa-da para almak-bermeklikde arada durmaklygyň telim gezek edilmegi diýip, şu jenaýatlaryň biriniň iki we ondan köp gezek edilmegi hasap edilýär, eger şunda kanun tarapyndan bellenen jenaýat jogapkärçiligine çekmek wagtynyň möhleti geçip gutarmadyk bolsa.

Şol bir wagtyň özünde birnäçe adamdan para alynmagy, eger şol para berijileriň her biriniň bähbidi üçin aýratyn iş bitirilýän bolsa, birnäçe adama para berilmegi ýa-da şeýle ýagdaýlarda arada durulmagy jenaýatyň telim gezek edilmegi hökmünde maddalaşdyrylmalydyr.

Islenilýän netijäniň ýüze çykmagyny üpjün edýän işiň bitirilmegi ýa-da bir hereketi etmekden saklanylmagy üçin paranyň birnäçe gezekde berilmegi ýa-da alynmagy, ýa-da şeýle ýagdaýlarda para almak-bermekde arada durulmagy, şonuň ýaly-da öz aralarynda dilleşip jenaýat edýän wezipeli adamlaryň bir toparyna para berilmegi jenaýatyň telim gezek edilmegi diýip hasap edilip bilinmez.

 

11. Gorkuzyp para almak diýip wezipeli adamyň para berijiniň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek hereketleri etmek howpuny salyp, para talap etmegine ýa-da para berijiniň özüniň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerine zyýanly netijeleriň öňüni almak maksady bilen para bermäge mejbur bolmak ýagdaýyna bilkastdan düşürilmegine aýdylýar.

Wezipeli adamyň öz ygtyýarlygynyň çäginden çykman, para berijiniň kanuny haýyşyny bitirmäge borçly bolup, şol haýyşy kanagatlandyrmak üçin para talap etmegi hem gorkuzyp para almak diýip hasap edilýär.

 

12. Jenaýatyň maddalaşdyrylyşynyň paranyň möçberine baglydygy nazara alnyp, islendik paranyň närsesi döwlet satuw nyrhy, hyzmatlaryň nyrhlary ýa-da nyrhlaryň (tarifleri) esasynda, şularyň bolmadyk mahaly bolsa, bilermenleriň gelen netijesi esasynda pul görnüşindäki baha eýe bolmalydyr.

Eger bikanun alnan uly ýa-da aýratyn uly möçberdäki para bölekleýin alnan bolsa, ýöne şol hereketler dowam edýän şol bir jenaýatyň dürli-dürli bölekleri bolup durýan bolsa, onda bu etmiş Türkmenistanyň JK-nyň 184-nji maddasynyň belliginiň 1-nji bölegine laýyklykda uly ýa-da aýratyn uly möçberde para almak diýip hasap edilmelidir.

13. Para almakda aýyplanýan wezipeli adamyň jogapkär wezipelilik derejesi baradaky mesele onuň eýeleýän wezipesi, onuň ýerine ýetirýän gulluk borçlarynyň we wezipeleriniň (funksiýalarynyň), oňa berlen hukuklarynyň we ygtyýarlygyň ähmiýetliligi, onuň işleýän edarasynyň häsiýeti nazara alnyp çözülmelidir.

Günäkär jogapkär wezipäni eýeleýän wezipeli adam diýip bilnen mahalynda, kazyýet maddalaşdyryşyň şu alamatynyň bardygy barasynda şeýle netijä gelmeginiň delillerini hökümde görkezmelidir.

 

14. Jenaýatyň jemgyýet üçin has ýokary howplulygyny häsiýetlendirýän maddalaşdyryş alamatlary (gorkuzyp para almak, paranyň möçberiniň uly ýa-da aýratyn uly bolmagy, para alýanyň jogapkär wezipäni eýeleýänligi), eger jenaýat edilende beýleki para almaklyga gatnaşyjylar tarapyndan göz öňünde tutulyp edilen bolsa, onda şu alamatlar boýunça olara hem aýyp bildirilmelidir.

Ýöne jenaýata gatnaşyjylaryň hereketleri maddalaşdyrylanda, olaryň her birleriniň şahsyýetini häsiýetlendirýän ýagdaýlar (gaýtadan para alynmagy, berilmegi, para almak-bermekde arada durulmagy) şol jenaýata gatnaşyjylaryň başgalarynyň hereketleri maddalaşdyrylanda hasaba alynmaly däldir.

 

15. Arada durmak, para bermek we almak üçin jogapkärçilik şol bir wagtyň özünde parahorçulyk bilen baglanyşyklydygyna seretmezden, özbaşdak jenaýaty emele getirýän hereketler, ýagny wezipeden hyýanatly peýdalanmak, döwletiňki ýa-da döwletiňki däl emlägi iýmeklige gatnaşmak (meselem, para alýanyň meçew bermegi boýunça ogurlanan emlägiň para hökmünde alynmagy) we ş.m. boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekmeklige päsgel bermeýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda etmişli hereketler jenaýatlaryň jemi boýunça maddalaşdyrylmalydyr.

 

16. Eger bir adam para berijiden puly ýa-da başga bir gymmatlygy wezipeli adama para hökmünde bermek bahanasy bilen alyp, ony hakykatda bermekçi hem bolman özi alsa ýa-da ony para bermäge yryp, jenaýat etmäge meçew berse, onda şeýle etmişli hereket diňe kezzapçylyk hökmünde maddalaşdyrylmalydyr.

17. Kanunyň manysyndan gelip çykyşyna görä, jenaýatyň edilendigi barasynda meýletin habar berilende, jenaýat jogapkärçiliginden diňe bir para beriji däl-de, eýsem para bermeklige gatnaşyjylar hem boşadylýarlar.

Polisiýa, prokuratura, kezyýete ýa-da başga bir döwlet edaralaryna para berlendigi hakynda habar berilmegi (dilden ýa-da ýazmaça), habar berijiniň näme sebäbe görä şeýle edendigine garamazdan, meýletin habar bermek diýip bilinmelidir. Para berlendigi barasynda häkimiýet edaralaryna mälim bolandygy bilen baglylykda habar berilmegi meýletin habar bermek diýip hasap edilip bilinmez.

 

18. Paranyň gorkuzyp alnandygy ýa-da paranyň berlendigi barada meýletin arzanyň bolmagy sebäpli para berijiniň jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy (Türkmenistanyň JK-nyň 185-nji maddasyndaky bellik) para berijileriň hereketlerinde jenaýat alamatlarynyň ýoklugyny aňlatmaýar. Şonuň üçin hem olar jebir çeken diýip bilinmäge degişli däldirler we para hökmünde berlen gymmatlyklary gaýtaryp almaklyga dalaş etmäge hukuksyzdyrlar. Şol gymmatlyklar döwlet haýryna geçirilmäge degişlidir.

Eger-de para beriji babatynda gorkuzmaklyk bolan bolsa we ol bu barasynda para berilmänkä meýletin habar beren bolsa, onda para hökmünde berlen pul we beýleki gymmatlyklar onuň eýesine gaýtarylyp berilýär.

Eger para hökmünde berlen pullar ýa-da başga gymmatlyklar tapylmadyk bolsa, onda bu ýagdaýyň aýyplanýanyň esassyz baýamagyna getirýändigi (Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1016-njy maddasy) we onuň jenaýatçylykly hereketler bilen bagly bolýandygy üçin ödelmeýändigi (agzalan Kodeksiň 14-nji maddasy) sebäpli, şol zatlar kazyýet tarapyndan döwletiň haýryna öndürilip alynýar.

Para berlendigi baradaky meýletin arzanyň şol bir wagtyň özünde wezipeli adam tarapyndan para alnandygy barada arza bolup durýandygy sebäpli, kazyýetler arzaça Türkmenistanyň JIÝK-nyň 208-209-njy maddalaryna laýyklykda, göz-görtele ýalan habar üçin jogapkärçiligiň düşündirilen-düşündirilmändigine üns bermelidir. Eger-de arzanyň göz-görtele ýalandygy anyklanylsa, onda kazyýet arzaçyny kanuny jogapkärçilige çekmek üçin çäre görmelidir.

 

19. Parahorçylyk baradaky işlere garalanda, kazyýetler para almakda we bermekde, şeýle hem para almak-bermekde arada durmakda günäkär adamlara esassyz ýeňil, şonuň ýaly-da etmişe görä has agyr jeza çäreleriniň bellenmegine ýol bermezlik üçin kanunyň jeza çäresiniň her bir günäkäre aýrybaşgalaşdyryp bellenmelidigi baradaky talaplaryny berk berjaý etmelidirler.

Türkmenistanyň JK-nyň 48-nji maddasyna laýyklykda, kazyýetler para almakda, günäli bilnenlere belli bir wezipäni eýelemek ýa-da belli bir iş bilen meşgul bolmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini ulanmak baradaky meseläni hem ara alyp maslahatlaşmalydyr.

 

20. Parahorçulyk baradaky işlere garalanda kazyýetler şu jenaýatlaryň edilmegine getiren sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga we hususy kesgitnamanyň (kararyň) üsti bilen jenaýatyň edilmegine sebäp bolan we şert döreden ýagdaýlary ýok etmegi degişli döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryndan talap etmäge borçludyrlar.

Kazyýetler parahorçulyk baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgesini yzygider umumylaşdyryp, şu görnüşli işlere garalanda goýberilýän ýalňyşlyklary öz wagtynda ýüze çykaryp, olaryň düzedilmegini gazanmalydyrlar.

 

21. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işler kazyýet kollegiýasy welaýatlaryň kazyýetleri we Aşgabat şäher kazyýeti şu görnüşli işlere nägilelik we gözegçilik tertibinde seredenlerinde birinji basgançakly kazyýetleriň goýberýän ýalňyşlaryny öz wagtynda düzetmelidirler we olaryň goýberen kemçilikleri we säwlikleri barada netije çykarmalydyrlar.

22. Şu Kararyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1995-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-däki “Wezipä daýanylyp edilen jenaýatlaryň käbir görnüşleri boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakyndaky” Kararynyň 4-nji bendini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     A.Rahmanow

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 14

 

        1997-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-i                                                     Aşgabat şäheri

 

Jenaýat işleriniň goşmaça derňew geçirmek üçin

 yzyna gaýtarylyşyny düzgünleşdirýän kanunçylygyň

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan

ulanylyşynyň iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 16.07.2016ý. №4, 08.12.2018 ý. №7  kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Jenaýatçylyga we hukuk bozulmalara garşy göreşi mundan beýläk hem güýçlendirmek boýunça wezipeleriň çözülmegi jenaýatlaryň üstüni tiz we doly açmagy we derňemegi üpjün etmek boýunça hukuk goraýyş edaralarynyň ýakyndan özara ylalaşykly hereketlerini, kazyýet seljerişiniň jenaýat eden her bir adamyň adalatly jezalandyrylmagyny we ýekeje-de bigünä adamyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmezligini we oňa iş kesilmezligini üpjün edýän ýokary derejesini talap edýär.

 

Işler derňelende we olara garalanda anyklaýyş, deslapky derňew edaralary we kazyýetler tarapyndan kanunçylygyň berk berjaý edilmegi, anyklaýşyň we deslapky derňewiň hiline kazyýetleriň talabedijiliginiň ýokarlanmagy, kanunyň bozulmalaryny öz wagtynda ýüze çykarmagy we olara täsir etmegi şu wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Jenaýat işleriniň goşmaça deslapky derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarylyşyny düzgünleşdirýän kanunçylygyň Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan ulanylyşynyň iş ýörelgesini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi kazyýetleriň jenaýat iş ýörediş kodeksiniň jenaýat işleriniň goşmaça deslapky derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarylyşyny düzgünleşdirýän talaplaryny, esasan, dogry ulanýandyklaryny belleýär.

 

Şonuň bilen birlikde käbir kazyýetleriň doly derňelmedik jenaýat işleri öz önümçiligine kabul edýän we seretmäge belleýän halatlary duş gelýär, netijede şol işler goşmaça derňew geçirmek üçin kazyýet mejlisinden ýa-da nägilelik we gözegçilik tertibinde yzyna gaýtarylýar.

 

Anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň düýpli suratda doly däldiginiň üstüni kazyýet seljerişiniň dowamynda doldurmak mümkinçiliginiň bar wagtynda hem munuň üçin çäreler hemişe görülmeýär. Kazyýetde işine seredilýäniň, jebir çekeniň ýa-da şaýadyň diňe görkezmelerini üýtgetmeginiň özüniň işi goşmaça derňew geçirmek üçin ibermäge ýeterlik esas diýip hasap edilýän wagty seýrek däl.

 

Şol bir wagtyň özünde-de kazyýetler doly däl we birtaraplaýyn ýa-da kanunyň düýpli bozulmasy bilen derňelen jenaýat işleriniň maglumatlaryna köplenç tankydy nazar bilen garamaýarlar, netijede soňundan sökülýän we üýtgedilýän esassyz hökümler çykarylýar.

 

Nägilelik we gözegçilik kazyýet basgançaklary aşakdaky kazyýetleriň goýberýän ýalňyşlyklaryny hemişe öz wagtynda düzetmeýärler we olara jenaýat işleriniň goşmaça derňewe gaýtarylyşyny düzgünleşdirýän kanunyň kadalaryny dogry ulanmakda möhüm amaly kömek bermeýärler.

 

Bellenilip geçilen we beýleki kemçilikleri aradan aýyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

 

 

K A R A R    E D Ý Ä R :

 

 

1. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň talaplaryna doly laýyklykda geçirilen anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň işiň ýagdaýlaryny kazyýet mejlisinde hemmetaraplaýyn, doly, tarapgöýsüz barlanmagyny üpjün edýän zerur şertleriň biridigini, şonsuz kanuny we esasly hökümiň çykarylmagynyň mümkin däldigini nazara alyp, kazyýetleriň öz garamagyna gelip gowuşýan işleri dykgat bilen öwrenmekleri zerurdyr. Geçirilen anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň kazyýet mejlisinde üstüni dolup bolmajak derejede doly däl bolan, jenaýat iş ýörediş kanunynyň düýpli bozulan ýagdaýynda ýa-da Türkmenistanyň JIÝK-nyň 342-nji maddasynda göz öňünde tutulan başga esaslaryň bar mahalynda, işleriň kazyýet seljerişine bellenmegine ýol berilmän, olar goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarylmaga degişlidir.

Kazyýet mejlisini bellemek işiniň kanuna doly laýyklykda geçirilmeginiň köp derejede kazyýet seljerişiniň hilini kesgitleýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar we şol sebäpli hem jenaýat işini kazyýet seljerşine bellemek hakyndaky meseläni çözmeklige ýüzleý we ýönekeýçemeleşmek ýagdaýyna ýol berilmeli däldir.

Aýyplanýanyň günälidigi hakyndaky meseläni öňünden çözmezden, kazy ýa kazyýet Türkmenistanyň JIÝK-nyň 337-nji maddasynyň 3-nji we 9-njy bentlerine laýyklykda, işiň maglumatlarynda onuň kazyýet mejlisinde garalmagy üçin ýeterlik subutnamalaryň bardygyny, aýyplaw netijenamasynyň Jenaýat iş ýörediş kanunynyň talaplaryna laýyklykda düzülendigini barlamaga borçludyr.

Eger gelip gowşan maglumatlarda işiň ýagdaýlarynyň kazyýet tarapyndan hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüz barlanmagy üçin zerur maglumatlar ýok bolsa we anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň bu doly däldiginiň üsti kazyýet mejlisinde doldurylyp bilinmejek bolsa, iş Türkmenistanyň JIÝK-nyň 342-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, jenaýat işini kazyýet seljerşine bellemek döwründen goşmaça derňew geçirmek üçin iberilmäge degişlidir. Türkmenistanyň JIÝK-nyň 23-nji maddasynyň işiň kazyýete bermek döwründen goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarylmagyna getirýän bozulmasy diýip, aýyplanýana jenaýat kanunynyň dürli maddalarynyň hereket täsirine düşýän birnäçe jenaýaty etmeklik ýöňkelýän bolsa, ýöne aýyplanýan hökmünde jogapkärçilige çekmek hakyndaky kararda aýyplanýana jenaýat kanunynyň her bir maddasy boýunça haýsy anyk hereketleriň ýöňkelýändigi görkezilmedik ýa-da jenaýata gatnaşyjylaryň hereketleriniň aýyl-saýyl edilmedik ýagdaýlary hem hasap edilmäge degişlidir.

Eger ozal goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarylan iş boýunça jenaýat işini kazyýet seljerşine bellemek anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edaralary tarapyndan işiň möhüm ýagdaýlaryny derňemekde goýberilen kemçilikleriň üstüni doldurmak barada kazyýetiň beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilmänligi takyklansa, bu ýagdaý işiň goşmaça derňew geçirmek üçin gaýtadan iberilmegine esas bolup biler. Şunda işiň ýagdaýlaryny goşmaça derňemek hakynda ozal berlen görkezmeleri kazyýetiň näme üçin ýerine ýetirilmedik diýip hasap edýändiginiň kesgitnamada beýan edilmegi zerurdyr.

Işi kazyýet seljerşine bellemek işinde goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarmak hakyndaky meseläni çözenlerinde kazylar Türkmenistanyň JIÝK-nyň 230-njy, 337-nji, 342-nji maddalarynyň talaplaryny berk gollanmalydyrlar.

 

2.Anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edaralary tarapyndan toplanylan subutnamalaryň “kazyýetde üsti doldurylyp bilinmejek doly dälligi” diýip, üsti doldurylmagy üçin täze subutnamalary gözläp tapmak ýa jenaýatyň edilmegine gatyşan başga adamlary anyklamak bilen baglanyşykly bolan derňew-gözleg hereketleriniň geçirilmegi ýa-da başga ýerde ýa has uly möçberdäki derňew hereketleriniň geçirilmegi talap edilýän kemçilikler hasap edilip bilner.

 

3.Anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň doly dälligi ýüze çykarylanda, kazyýet Türkmenistanyň JIÝK-nyň 23-nji, 133-nji maddalaryna laýyklykda, iş üçin möhüm ähmiýeti bolan, ýöne anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edaralary tarapyndan doly aýdyňlaşdyrylmadyk ýagdaýlary barlamak arkaly, şol doly dälligiň üstüni doldurmak üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr, şeýle hem kazyýet seljerişiniň dowamynda belli bolan täze ýagdaýlary-da barlamalydyr.

Derňewiň gelip gowşan maglumatlaryna, aýyplaw netijenamasyndaky netijelere, şeýle-de kazyýet mejlisinde alnan goşmaça maglumatlara kazyýetiň tankydy nazar bilen garamazlygyna ýol berilmezligi zerurdyr.

Şunda Türkmenistanyň JIÝK-nyň 136-njy maddasynyň kazyýet üçin hiç hili subutnamalaryň öňünden bellenen güýjüniň ýokdugy hakyndaky talaplaryndan ugur alynmagy möhümdir.

 

4.Subutnamalaryň özleriniň çeşmesi, alnyşynyň we berkidilişiniň şertleri, usuly babatynda kanunyň talaplaryna laýyk gelmelidiklerine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Kazyýetler anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň dowamynda subutnamalar toplanan wagty goýberilen iş ýörediş kanunçylygynyň bozulmalary barada hususy kesgitnama çykarmak bilen täsir etmelidirler.

 

5.Eger anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň doly dälliginiň üstüni doldurmak üçin bilermenleriň seljermesini geçirmek talap edilýän bolsa, onda kazyýet şu maksat bilen işi goşmaça derňew geçirmek üçin diňe şeýle ýagdaýlarda, ýagny, haçan-da bilermenleriň seljermesini geçirmek, goşmaça resminamalary, maddy subutnamalary we nusgalary gözläp tapmak we almak zerurlygy bilen, şeýle hem ýüklenen aýby aýyplaw netijenamasynda beýan edilen aýypdan has agyr ýa-da hakykat ýüzündäki ýagdaýlary boýunça düýpli tapawutlanýan aýyplama bilen çalşyrmaklyga getirip biljek täze maglumatlary takyklamak bilen baglanyşykly bolanda iberýär.

 

6.Haçan-da jenaýat sebäpli ýetirilen maddy zyýanyň möçberi derňew tarapyndan takyklanmadyk bolsa we ony kazyýet mejlisinde kesgitlemek mümkin bolmasa, kazyýet işi goşmaça derňewe şu şertlerde, ýagny, şu jenaýatyň düzüminiň bardygy ýa-da ýokdugy, etmişli hereketleriň maddalaşdyrylyşy ýa-da jeza çäresi hakyndaky meseläniň çözülmegi maddy zyýanyň möçberine bagly bolanda iberýär.

 

7.Aýyplanýanyň şahsyýeti hakyndaky maglumatlaryň (ýaşy, saglyk ýagdaýy, işe ýarawlylygy, işleýän işiniň görnüşi we häsiýeti, ozal günälilik aýbynyň bardygy we şuňa meňzeş) jenaýatyň maddalaşdyrylyşy, jezanyň görnüşini we möçberini bellemek baradaky meseleleri çözmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nazara alyp, kazyýetler şeýle maglumatlaryň işde bolmazlygynyň, olary kazyýet mejlisinde doldurmagyň mümkin däl wagty işiň goşmaça derňewe iberilmegi üçin esas bolup biljekdigini göz öňünde tutmalydyrlar.

8.Türkmenistanyň JIÝK-nyň 412-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, kazyýet hökümi kazyýet mejlisinde hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüz barlanan ygtybarly subutnamalara esaslandyrýar. Şundan ugur alyp, kazyýet işdäki bar bolan gapma-garşylyklary aýdyňlaşdyrmak üçin hemme zerur çäreleri görmäge we olara degişli baha bermäge borçludyr.

Işiň düýpli ýagdaýlaryna degişli gapma-garşylykly subutnamalaryň barlygy bilen baglanyşyklylykda derňew doly däl diýen esas bilen iş goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarylmaga diňe şeýle ýagdaýlarda, ýagny, işiň maglumatlaryndan şu subutnamalara baha bermäge kazyýete mümkinçilik berýän başga tarapgöýsiz maglumatlar bolmasa ýa-da kazyýetiň özi tarapyndan aýdyňlaşdyrylyp bilinmejek täze ýagdaýlaryň barlanylmagy zerur bolanda degişlidir.

Anyklaýşyň ýa deslapky derňewiň doly däldigi we birtaraplylygy ýa-da subutnamalarda aýdyňlaşdyryp we aradan aýryp bolmajak düýpli gapma- garşylyklaryň bardygy üçin diýen esaslar bilen, eger şol wagta çenli anyklaýşyň ýa deslapky derňewiň mümkinçilikleri doly gutaran bolsa, işiň goşmaça derňew geçirmek üçin iberilýän ýagdaýlaryny kazyýetleriň iş ýörelgesinden aýyrmaklary zerurdyr. Şunuň ýaly ýagdaýlarda kazyýet toplanan subutnamalara degişli baha berip, aklaýyş hökümini ýa-da diňe subut bolýanlygy şübhe döretmeýän aýyp boýunça aýyplaýyş hökümini çykarmaga borçludyr.

 

9.Kazyýetleriň jenaýat işi gozgalanda we onuň derňelen döwründe anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň talaplarynyň berjaý edilişini barlamaklary gerek.

Işi Türkmenistanyň JIÝK-nyň 342-nji maddasynyň 2-nji böleginde (jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň düýpli bozulmasy) göz öňünde tutulan esas boýunça goşmaça derňewe ibermek, eger anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edaralary tarapyndan goýberilen jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň bozulmalary mejlise gatnaşyjylaryň kanun tarapyndan kepillendirilen hukuklaryndan mahrum edilmegine ýa-da çäklendirilmegine getiren bolsa ýa-da iş boýunça derňewiň hemmetaraplylygyna, dolulygyna we tarapgöýsüzligine başga bir ýol bilen täsir eden bolsa, ýa-da täsir edip biljek bolan bolsa we olary kazyýet mejlisinde düzetmäge mümkinçilik bolman, diňe goşmaça derňewde düzedip bolýan bolsa, mümkindir.

 

Iş aşakdaky ýagdaýlaryň ählisinde goşmaça derňew geçirmek üçin aýyplanýany kazyýet seljerşine bellemek meselesi çözülýärkä yzyna gaýtarylmaga degişlidir:

 

-Türkmenistanyň JIÝK-nyň 223-nji maddasynyň talaplary bozulan bolsa, ýagny, deslapky derňewiň ýerine anyklaýyş geçirilen bolsa;

 

-deslapky derňew başga işden aýratyn önümçilige aýrylyşdyrylan maglumatlar boýunça başga adam babatynda täze aýyp boýunça jenaýat işi gozgalmazdan geçirilen bolsa;

 

-aýyp yglan edilende Türkmenistanyň JIÝK-nyň 245-nji maddasynyň talaplarynyň bozulmagyna ýol berlen bolsa (JK-nyň maddasy, bölegi, bendi, aýyplanýanyň anyk hereketleri görkezilmedik bolsa ýa-da birnäçe jenaýat edilen wagty olaryň her birine hukuk taýdan baha berilmedik bolsa we başgalar);

 

-aýyplamanyň aýyplaw netijenamasynda beýan edilen kesgitnamasy yglan edilen aýyplamadan düýpli suratda tapawutlanýan we aýyplanýanyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan bolsa;

 

-aýyplaw netijenamasy  prokuror tarapyndan tassyklanmadyk bolsa, ýöne aýyplaw netijenamasynyň ony tassyklamaga hukugy bar bolan prokuroryň özi tarapyndan düzülen ýagdaýlary muňa girmeýär.

Eger Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň şu görkezilen düýpli bozulmalary aýyplanýany kazyýete bermek döwründe öz wagtynda ýüze çykarylmadyk bolsa, iş şu esaslar boýunça goşmaça derňew geçirmek üçin kazyýet mejlisinden ýa-da oňa nägilelik ýa gözegçilik tertibinde seredilende yzyna gaýtarylmaga degişlidir.

 

Jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň işi goşmaça derňewe yzyna gaýtarylmagyna getirýän düýpli bozulmalarynyň hataryna aşakdaky ýagdaýlar hem girýär:

-derňew Türkmenistanyň JIÝK-nyň 103-nji maddasyna laýyklykda, garşylyk berilmäge degişli adamlar tarapyndan geçirilen bolsa;

-Türkmenistanyň JIÝK-nyň 82-nji maddasynyň deslapky derňew geçirilende adwokatyň gatnaşmagynyň hökmänylygy hakyndaky talaplary bozulan bolsa;

-bähbitleriniň arasynda gapma-garşylyk bar bolan iki ýa-da ondan hem köp adamy bir adwokatyň goraýan ýagdaýy;

-aýyplanýanyň işiň ähli maglumatlary bilen tanyşmaga bolan hukugy üpjün edilmedik bolsa;

 

-Türkmenistanyň JIÝK-nyň 28-nji maddasynyň işiň ýöredilýän dilini bilmeýän aýyplanýany terjimeçi bilen üpjün etmek hakyndaky talaplary bozulan bolsa we başgalar.

 

10. Adwokatyň jenaýat edendir öýdülýäniň tutulyp saklanan pursatyndan başlap işde bolmazlygy jenaýat–iş ýörediş kanunyň bozulmasydygyny, ýöne munuň işi goşmaça derňewe ibermek üçin esas bolup bilmejekdigini, sebäbi derňewiň bu kemçiligini düzetmegiň eýýäm mümkin däldigini kazyýetlere düşündirmeli, şoňa görä, eger derňewiň mundan soňraky dowamynda kanuna laýyklykda adwokatyň gatnaşmagy üpjün edilen bolsa we şeýlelikde, tutulyp saklananyň goranmaga hukugy dikeldilen bolsa, onda kazyýet işi goşmaça derňewe gaýtarman, hususy kesgitnama (karar) çykarmak ýoly bilen görkezilen kanun bozulmasyna ünsi çekmelidir.

 

11. Jenaýat-iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda, eger kazyýet aýyplanýana ozal yglan edilen aýyp bilen baglanyşykly başga aýby ýüklemek üçin ýa-da ýüklenen aýby aýyplaw netijenamasynda beýän edilen aýypdan has agyr ýa-da hakykat ýüzündäki ýagdaýlary boýunça düýpli tapawutlanýan aýyplama bilen çalşyrmaga esaslar bar diýip, şeýle hem şol iş boýunça başga adamy jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin esaslar bolup, şol adam barada işi aýratyn önümçilige aýrylyşdyrmak mümkin däl diýip netijä gelse, onda iş goşmaça derňewe iberilmäge degişlidir.

Şunda täze aýyp bilen ozal yglan edilen aýbyň arasynda, şonuň ýaly-da şol iş boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamyň aýby bilen başga adama ýüklenilip bilinjek aýyplamanyň arasynda baglanyşygyň bardygy diňe şeýle ýagdaýlarda, ýagny şol ýagdaýlar bilelikde derňelmese, işiň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüz barlamak, edilen etmişi dogry maddalaşdyrmak ýa-da günäkärleri jezalandyrmak meselesini çözmek mümkin däl bolanda, işi goşmaça derňewe ibermäge esas bolup bilýändigi göz öňünde tutulmalydyr.

 

12. Kazyýetleriň has agyr aýyplama diýip, has berk jeza çäresini göz öňünde tutýan ýa-da başga bir ýaramaz jenaýat-hukuk netijelerine getirip biljek kanun boýunça maddalaşdyrylan aýyplamanyň, mysal üçin, eger edilen etmiş gutarylan jenaýat bolup, ýöne ol ýalňyşlyk bilen jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da onuň kastyna düşmek hökmünde maddalaşdyrylan bolsa, şeýle hem jenaýaty gös-göni eden ýa-da etmegi guran adam ýalňyşlyk bilen jenaýaty etmäge yran adam ýa-da jenaýat edilmegine ýardam beren adam diýip bilnen bolsa hasap edilýändiginden ugur almaklary gerek.

 

13. Hakykat ýüzündäki ýagdaýlary boýunça ilkibaşdakydan düýpli tapawutlanýan aýyplama diýip, başga manyly jenaýaty günä bildirmek we aýyplamanyň beýän edilişini aýyplanýanyň özüni goramaga bolan hukugyny bozýan aýba çalşyrmak bilen baglanyşykly aýyplama hasap edilmelidr.

 

14. Jenaýat işlerini bölüp aýyrmak we olary bir önümçilige birleşdirmek meseleleri Türkmenistanyň JIÝK-nyň 44-45-nji maddasyna laýyklykda çözülmelidir.

Öz aralarynda niýetleriniň umumylygy bilen berk baglanyşykly bolan adamlaryň jenaýatçylykly hereketlerini bir işde derňemegiň we seretmegiň maksada laýykdygyny düşündirmeli. Mysal üçin, haçan-da aýyplanýanlaryň biriniň günälidiginiň derejesi hakyndaky mesele beýlekisiniň günälidigi hakyndaky meseläniň çözülişine bagly bolsa, onda ýöredilýän önümçilikleri birleşdirmek maksada laýykdyr. Şunda üstlerine günä ýüklenilýän hereketleriň umumylygy bilen öz aralarynda baglanyşykly adamlar baradaky iki işiň aýry-aýrylykda seredilmeginiň şu işleriň her biri boýunça çykarylýan hökümiň esaslylygyna täsir edip biljekdigi göz öňünde tutulmalydyr.

Işleriň esassyz birleşdirilmegi ýa-da aýrylyşdyrylmagy olaryň goşmaça derňewe iberilmegine getirýär.

 

15. Kazyýetiň kesgitnamasynda ýa-da kazynyň kararynda, işi goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarmaga esas bolup hyzmat eden ýagdaýlara baglylykda, yglan edilen aýbyň gysgaça manysynyň beýanyndan başga-da, aşakdaky ýagdaýlar görkezilmelidir:

 

-geçirilen anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň doly dälliginiň anyk nämeden durýandygy we onuň üstüni kazyýet mejlisinde doldurmaga näme üçin kazyýetiň mümkinçiliginiň ýokdugy, haýsy ýagdaýlaryň goşmaça aýdyňlaşdyrylmalydygy;

 

-jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň nähili düýpli bozulmasynyň düzedilmelidigi;

 

-aýyplanýana ozal yglan edilen aýyp bilen baglanyşykly başga aýby ýüklemek üçin ýa-da ýüklenen aýby aýyplaw netijenamasynda beýan edilen aýypdan has agyr ýa-da hakykat ýüzündäki ýagdaýlary boýunça düýpli tapawutlanýan aýyplama bilen çalşyrmak üçin esaslaryň bardygyna, şeýle hem başga adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmegiň zerurdygyna nähili maglumatlaryň şaýatlyk edýändigi we olar baradaky maglumatlary näme üçin aýratyn önümçilige bölüp aýryp bolmaýandygy;

 

-kazyýetiň işleriň nädogry birleşdirilendigi we aýrylaşdyrylandygy hakyndaky pikiriniň nähili delillere esaslandyrylandygy.

Işiň anyk ýagdaýlaryny nazara alyp, kazyýet derňew döwründe goýberilen ýalňyşyň häsiýetine görä talap edilýän mahalynda, ol ýa-da başga iş ýörediş hereketleri geçirmekligi teklip edip biler (meselem, täze aýyp yglan etmegi, bilermenleriň seljermesi, ýüzleşdirmeler geçirmegi, TJIÝK-nyň kadalarynyň düýpli bozulmalaryny düzetmegi, raýat hak islegini ýa-da bolup biläýjek emlägi muzdsuz almaklygy üpjün etmeklige degişli çäreleri görmegi we ş.m.).

Işi goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarmak hakyndaky kesgitnamanyň ýa-da kararyň netije böleginde işiň ady, onuň goşmaça derňew geçirmek üçin prokurora iberilýändigi barada, aýyplanýan babatynda seçilip alnan ätiýaçsyzlandyryş çäresi barada we olara garşylyknama we şikaýat bildirmegiň tertibi barada görkezilmelidir.

 

16. Kazyýetler işi goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarmak baradaky kesgitnamada aýyplamanyň subut bolýandygy, ol ýa beýleki subutnamanyň ygtybarlydygy we subutnamalaryň birleriniň beýlekilere garanda artykmaçlygy hakyndaky meseleleriň öňünden çözülmegine, şeýle hem deslapky derňewiň dowamynda barlanylmaga degişli ýagdaýlaryň anyklanan diýip hasap edilmegine ýol berilmesizdigini göz öňünde tutmalydyrlar.

 

17. Işe işi goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarmak baradaky kesgitnamanyň üstünden getirilen hususy garşylyknama ýa-da şikaýat boýunça seredip, nägilelik basgançakly kazyýet birinji basgançakly kazyýetiň ol ýa beýleki görkezmelerini ýatyrmaga we üýtgetmäge ýa-da edilen jenaýatyň hakykat ýüzündäki ýagdaýlarynyň çäginde täze görkezme bermäge haklydyr. Kazyýet kesgitnamalaryna şeýle üýtgetmeler gözegçilik basgançakly kazyýetler tarapyndan hem girizilip bilner.

 

18. Iş goşmaça derňew geçirmek üçin yzyna gaýtarylanda, kazyýetler oňa sebäp bolan jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň bozulmasy barada, şonuň ýaly hem anyklaýyş we deslapky derňew döwründe kanunyň we raýatlaryň hukuklarynyň bozulan halatlary barada hususy kesgitnamalar (kararlar) çykarmalydyrlar. Şunuň ýaly hususy kesgitnamalar (kararlar) serenjam mejlisinde hem çykarylyp bilinýändir.

Ýokarda durýan kazyýetleriň anyklaýyş, deslapky derňew geçirilendäki, şonuň ýaly-da işe birinji basgançak boýunça garalandaky kanun bozulmalara hem üns bermekleri zerurdyr. Eger esaslaryň bardygyna we ýeterlikdigine garamazdan, birinji basgançakly kazyýet muňa üns bermedik bolsa, onda ýokarda durýan kazyýetiň özi anyklaýşyň, deslapky derňewiň adyna, şonuň ýaly-da kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmedik kazyýetiň adyna-da hususy kesgitnama (karar)  çykarmalydyr.

19. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy welaýat kazyýetleri we Aşgabat şäher kazyýeti işleri goşmaça derňewe ibermegi düzgünleşdirýän kanunçylygyň dogry ulanylmagyna berk gözegçiligi üpjün etmelidirler, işleriň goşmaça derňewe iberilmeginiň sebäplerine yzygiderli syn etmelidirler we Türkmenistanyň JIÝK-nyň 342-nji we 366-njy maddalary ulanylanda kazyýetler tarapyndan goýberilýän ýalňyşyň öňüni almak üçin çäreler görmelidirler.

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     A.Rahmanow

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 15

 

        1997-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-i                                                     Aşgabat şäheri

 

Miras almak baradaky işlere garalanda, Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan kanunçylygyň ulanylyş iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 01.09.2003ý. №4, 28.07.2012ý. №1, 25.07.2015ý. №2,

16.07.2016ý. №4, 27.12.2016ý. 11, 14.04.2018ý. № 3, 08.12.2018 ý. №7   kararlary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar  girizilen)

 

 

Miras almak baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgesini öwrenmeklik kazyýetler tarapyndan miras almaklygyň möhletini uzaltmak hakyndaky, miras almak hukugy, miras galan emlägi paýlaşmak, kanun boýunça we wesýetnama boýunça miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany hakyky däl diýip bilmek, mirasyň kabul edilenliginiň ýagdaýyny takyklamak boýunça jedeller hakyndaky işlere seredilýändigini görkezdi.

Şu işler iş ýörediş we maddy hukuk kadalaryny berjaý etmek bilen, kanun tarapyndan bellenilen möhletlerde, esasan dogry çözülýär.

 

Şonuň bilen birlikde şeýle işlere seredilişiniň hilini pese gaçyrýan ýalňyşlyklar we kemçilikler hem bar.

 

Käbir halatlarda işleri kazyýet seljerişine degişli derejede taýýarlamak kazyýetler tarapyndan geçirilmeýär, arza berijileriň talaplary anyklanylmaýar, şonuň bilen baglylykda bolsa, jedeliň esasy, işiň haýsy kazyýetde seredilmäge degişlidigi, kazyýet mejlisine çagyrylmaly adamlar nädogry kesgitlenilýär.

 

Kazyýetleriň hukuk hakyndaky jedeliň bar mahalynda hem arzalara hak islegi önümçiligi tertibinde däl-de, eýsem aýratyn önümçilik tertibinde garaýan halatlary-da bar.

 

Kazyýetleriň döwlet pajyny nädogry tutup alýan we kazyýet harajatlaryny taraplaryň arasynda nädogry paýlaýan halatlary bar. Kazyýetleriň işinde şu görnüşli işlere garamakda başga-da ýalňyşlyklar bar.

 

Miras almak baradaky işlere garalanda, kanunçylygyň dogry we birmeňzeş ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

K A R A R    E D Ý Ä R :

1. Kazyýetler miras almak baradaky işler boýunça jedelleri çözenlerinde miras almak hakyndaky kanunçylygyň ölen adamyň emläginiň kanun tarapyndan göz öňünde tutulan ýagdaýlaryna laýyklykda geçmeli bolan raýatlaryň eýeçilik hukugyny, şeýle hem döwletiň we hukuk taýdan taraplaryň hukuklaryny we emläk bähbitlerini goramagy maksat edinýändigini göz öňünde tutmalydyrlar.

2. Kazy arza kabul edilende we işler kazyýet seljerişine taýýarlanylanda arza berijiniň talaplaryny takyklamalydyr, nähili resminamalaryň talap edilip alynmalydygyny, kazyýet mejlisine çagyrylmaly adamlary kesgitlemelidir.

3. Türkmenistanyň RK-nyň 1098-nji maddasyna laýyklykda, miras galdyryjynyň eklenjinde bolan we özbaşdak özlerini ekläp bilmeýän zähmete ukypsyz şahslar, eger olar wesýetnamada agzalmadyk bolsa, mirasdan saklamak üçin hossar haklary talap etmäge haklydyr. Saklamak görnüşinde tölenmäge degişli jeminiň (summanyň) möçberi miraslyk emläginiň işjeňliginiň (aktiwiniň) möçberini hasaba almak bilen azaldylyp bilner.

Miras galdyryjynyň ekläp-saklamagynda bolan adamlar diýip, miras galdyryjynyň doly ekläp-saklamagynda bolan ýa-da miras galdyryjydan alan kömegi olaryň ýaşaýyş serişdesiniň esasysy we hemişelik çeşmesi bolan işe ýarawsyz adamlar hasap edilmelidir.

4. Perzentlige alnanlar we olaryň nesilleri perzentlige alan we onuň ganybir garyndaşlary ölende miras almak hukugy boýunça perzentlige alanyň çagalary we olaryň nesli bilen deň hasap edilýärler, edil şonuň ýaly-da, perzentlige alanlar we olaryň ganybir garyndaşlary perzentlige alnan we onuň nesli ölende ganybir garyndaşlaryň hukuklary bilen deň hasap edilýär.

Öweý ogullar we öweý gyzlar kakalygyň we ejeligiň mirasdarlary bolmaýarlar, edil şonuň ýaly-da kakalyk we ejelik öweý ogullaryň we öweý gyzlaryň mirasdarlary bolup bilmeýärler, ýöne olaryň miras galdyryjynyň ölmezinden öň azyndan bir ýyllap ekläp-saklamagynda bolan işe ýarawsyz adam hökmünde miras almaga gatnaşdyrylýan ýagdaýy muňa girmeýär.

5. Türkmenistanyň RK-nyň 1237-nji, 1238-nji maddalaryna laýyklykda, emläge umumy eýeçilikde miras galdyryjy bilen bilelikde hukugy bolan mirasdarlar umumy eýeçilige girýän emläge artykmaç hukukdan peýdalanýarlar. Miras ýüze çykýança miras galdyryjy bilen azyndan bir ýyl bilelikde ýaşan mirasdar emläk bölünende mirasdan ýaşaýyş jaýyny, öýi ýa-da bolmasa ýaşalýan jaýy, şeýle hem öý goş esbaplaryny almaga artykmaç hukukdan peýdalanýar. Kanunyň manysy boýunça bu ýerde miras galdyryjy bilen bile ýaşap, gündelik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin, şu görkezilen närselerden peýdalanan mirasdarlar göz öňünde tutulýar.

Şonuň bilen birlikde ýokarda sanalyp geçilen emlägiň we adaty öý goşlarynyň umumy esaslarda wesýetnama boýunça miras galdyrylyp bilinýändigi göz öňünde tutulmalydyr.

6. Kazyýetlere Türkmenistanyň RK-nyň 1157-nji maddasyna laýyklykda, täze wesýetnamanyň ozalky wesýetnamany ýa-da onuň täze wesýetnama ters gelýän bölegini gös-göni ýatyrýandygyny, wesýet edijiniň notarial edara arza bermek bilen, wesýetnamanyň nusgalyklarynyň ählisiniň onuň özi tarapyndan ýa-da notariusynyň buýrugy bilen ýok edilmegi netijesinde wesýetnamany hemişe üýtgedip ýa-da ýatyryp bilýändigini düşündirmeli.

7. Türkmenistanyň RK-nyň 1130-njy maddasyna laýyklykda, miras galdyryjynyň çagalaryna, onuň ene-atasyna we ärine (aýalyna) wesýetnamanyň mazmunyna garamazdan, kanun boýunça miras edinmekde (hökmany paý) olara degişli paýyň ýarysyny düzmeli bolan hökmany paý degişlidir.

Eger mirasdan hökmany paýy almaga hukugy bolan mirasdar miras galdyrylan emlägi bellenen möhletde kabul etmese ýa-da mirasdan ýüz dönderse, onda emläk wesýetnama boýunça mirasdara geçýär.

Mirasdarlaryň mirasdan hökmany paýy almaga bolan hukugy bozulan mahalynda, kazyýet wesýetnamanyň diňe hökmany paýa degişli böleginiň hakyky däldigi hakyndaky meseläni çözýär.

Hökmany paýyň möçberi kesgitlenende miras almaklyga gatnaşdyrylmaly bolan kanun boýunça mirasdarlaryň hemmesi nazara alynmalydyr (şol sanda miras galdyryjynyň agtyklary we çowluklary, eger olaryň mirasdar bolup biljek ata-enesi miras ýüze çykan wagtynda diri bolmasa) we mirasdarlaryň kimdir biriniň miras galdyryjy bilen bile ýaşandygyna garamazdan, adaty öý goşlaryny we güzeran närselerini hem goşup, miraslyk emläginiň ählisiniň bilelikdäki gymmaty nazara alynmalydyr.

8. Türkmenistanyň RK-nyň mirasdan hökmany paýy almaga hukugy bar bolan adamlaryň gutarnykly sanawy görkezilen 1130-njy maddasy ulanylanda aşakdakylar nazara alynmalydyr:

a) hökmany paýy almaga bolan hukuk beýleki mirasdarlaryň ony bermäge razydyklaryna bagly edilip bilinmez, sebäbi kanun olaryň razyçylygynyň zerurdygyny göz öňünde tutmaýar;

 

b) miras ýüze çykmanka ata-enesi ölen agtyklaryň we çowluklaryň, şeýle hem ikinji nobatly mirasdarlaryň mirasdan hökmany paýy almaga hukuklary ýokdur, ýöne şol adamlaryň öleniň ekläp-saklamagynda bolan halatlary muňa girmeýär; 

ç) Türkmenistanyň RK-nyň 1130-nji maddasy kanunyň şu kadasynda sanalyp geçilen adamlaryň mirasdan hökmany paýy almaga bolan hukugynyň ýüze çykmagyny olaryň miras galdyryjy bilen bile ýaşamagyna we onuň bilen umumy hojalyk ýöretmegine bagly etmeýär;

d) ölen adamyň emlägini miras almaga hukugy bolan çagalar ol adam ölenden soň perzentlige alnan ýagdaýynda, kanun boýunça mirasdar hökmünde paý almaga bolan hukugyny-da, emläk başga adama wesýet edilen ýagdaýynda hökmany paýy almaga bolan hukugyny-da ýitirmeýärler, sebäbi miras açylan wagtyna çenli olaryň ata-enesi bolup duran miras galdyryjy bilen olaryň hukuk gatnaşyklary kesilmeýär.

Ata-eneleriň diri wagty perzentlige alnan çagalaryň şol ata-eneleriniň we onuň garyndaşlarynyň emlägini miras almaga hukuklary ýokdur, sebäbi olar perzentlige alnanlarynda öňki ata-eneleri bilen şahsy we emläk gatnaşyklaryny ýitirýärler (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 119-njy maddasynyň 1-nji bölegi ýöne ata-enäniň biriniň ölen mahalynda beýlekisi bilen ýa-da ölen ata-enäniň garyndaşlary bilen olaryň haýyşy boýunça, eger perzentlige alýan garşy bolmasa, hukuk gatnaşyklarynyň saklanyp galdyrylmagynyň mümkinçiligini göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 119-njy maddasynyň 5-nji böleginde görkezilen ýagdaýlar muňa girmeýär.

 

9. Kazyýetler mirasy kabul etmek bilen bagly jedelleri çözenlerinde, aşakdakylary göz öňünde tutmalydyrlar:

a) miras galdyrylan emlägiň bir bölegine eýelik etmäge hakykat ýüzünde girişilmegi, şol miras galdyrylan emlägiň nämelerden ybaratdygyna we onuň nirede ýerleşendigine garamazdan, miras galdyrylan emlägiň hemmesiniň kabul edilendigini aňladýar;

b)  mirasyň şert goýlup kabul edilmegine ýol berilmeýär;

ç) mirasy kabul etmekligiň geçirilen möhletini uzaltmak meselesi, eger başga mirasdar ýok bolsa ýa-da hak isleýjiden beýleki mirasdarlar mirasdan ýüz dönderen bolsalar, onda maliýe edarasynyň wekilini üçünji tarap hökmünde işe gatnaşdyrmak bilen mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça kazyýet tarapyndan çözülýär;

d) beýleki mirasdarlar tarapyndan kabul edilen ýa-da döwlete geçirilen miras galdyrylan emlägi kabul etmekligiň möhletini onuň geçirilmeginiň sebäbiniň esaslydygy üçin uzaldanda kazyýet zat (natura) görnüşinde saklanyp galan emläkden oňa düşýän bölege ýa-da emläk satylan bolsa, onda pul serişdelerine hak isleýjiniň hukugyny ykrar etmek meselesini hem çözmelidir.

10. Mirasy kabul etmek üçin bolan möhleti uzaltmak meselesini çözende, şu möhletiň esassyz sebäplere görä geçirilmeginiň hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz döndermäge esas bolýandygy üçin, kazyýetleriň ygtyýarynda mirasy kabul etmek üçin bolan alty aýlyk möhletiň esasly sebäplere görä geçirilendigini tassyklaýan subutnamalar bolmalydyr.

Mirasy kabul etmek üçin bolan möhleti uzaltmak baradaky talaplar mirasyň kabul edilenlik ýagdaýyny takyklamak baradaky talaplardan we notarial edarasynyň miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany bermekden ýüz döndermegine bildirilen şikaýatlar baradaky talaplardan tapawutlandyrylmalydyrlar.

Şu mynasybetli, eger mirasdar mirasy Türkmenistanyň RK-nyň 1180-nji maddasynda görkezilen usullaryň birine laýyklykda hakykat ýüzünde kabul eden bolsa, ýöne haýsydyr bir sebäbe görä, notarial edarasy tarapyndan miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany bermekden ýüz dönderilen bolsa, onda notarial hereketler bilen ylalaşmaýan arza berijiniň talaplarynyň aýratyn önümçilik tertibinde seredilýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Mirasdar mirasy hakykat ýüzünde kabul edip, Türkmenistanyň Döwlet notarial edaralary tarapyndan notarial hereketleriň amala aşyrylyşynyň tertibi hakyndaky gözükdirmäniň 95-nji bendinde sanalyp geçilen resminamalary notarial edara getirip beren bolsa, emma oňa miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany bermekden ýüz dönderilen bolsa, onda onuň notarial hereketleri etmekden ýüz dönderilmegine bildiren şikaýatyna Türkmenistanyň RIÝK-nyň 28-nji babynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça seredilýär.

Eger mirasy hakykat ýüzünde kabul eden mirasdarda miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany almak üçin zerur bolan, ýokarda görkezilen resminamalar bolmasa we şolary başga ýol bilen almaga hem mümkinçiligi bolmasa, onda mirasyň kabul edilenlik ýagdaýyny takyklamak baradaky arza Türkmenistanyň RIÝK-nyň 31-nji babynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça seredilýär.

Mirasy kabul etmek üçin bolan möhleti uzaltmak hakyndaky we mirasyň kabul edilenlik ýagdaýyny takyklamak baradaky meseleler miras galdyrylan emlägi kabul eden adamlary işe gatnaşdyrmak bilen kazyýet tarapyndan çözülýärler, şeýle adamlaryň ýok halatynda maliýe edarasynyň wekili işe gatnaşdyrylýar.

11. Mirasyň kabul edilenlik ýagdaýy arza berijiden başga mirasdar bolmadyk ýa-da olaryň mirasdan ýüz dönderen halatlarynda aýratyn önümçilik tertibinde takyklanylyp bilner.

Mirasyň kabul edilenligini tassyklaýan miras galdyrylan emläge eýelik etmäge hakykat ýüzünde girişilmegi diýip (Türkmenistanyň RK-nyň 1180-nji maddasy), mirasdaryň şu emlägi dolandyrmak, peýdalanmak, oňa ygtyýar etmek, ony gowy ýagdaýda saklamak ýa-da salgytlary, ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek, miras galdyrylan emlägiň hasabyna Türkmenistanyň RK-nyň 1186-njy maddasynda göz öňünde tutulan çykdajylary çykarmak ýa-da miras galdyryjynyň bergilerini üzmek we şuňa meňzeşler boýunça eden islendik hereketleri göz öňünde tutulmalydyr. Şunda şu görkezilen hereketleriň miras açylan gününden başlap alty aýyň dowamynda mirasdaryň özi tarapyndan hem, onuň tabşyrygy boýunça başga adam tarapyndan hem edilip bilinýändigi göz öňünde tutulmalydyr.

12. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1193-nji maddasyna laýyklykda, mirasdar miras edinmäge özüniň degişlidigini bilen ýa-da bilmeli wagtyndan başlap, mirasy kabul etmekden üç aýyň dowamynda ýüz dönderip biler. Esasly sebäbi bolan mahalynda, şol möhlet kazyýet tarapyndan iki aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner.

Şunda kazyýetler aşakdaky ýagdaýlary göz öňünde tutmalydyrlar:

 

a) mirasdar kimiň peýdasyna mirasdan ýüz dönderýändigini saýlap alanda, ol onuň miras almak nobatyna bagly däldir;

b) miras galdyryjynyň agtygynyň ýa-da çowlugynyň peýdasyna mirasdan ýüz döndermek, eger olar kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça mirasdarlar bolup durýan bolsalar mümkindir;

ç)  mirasdan ýüz dönderen mirasdar, soňra miras almaga hukuksyzdyr;

d) miras almakdan ýüz döndermeklik aldawyň, zorlugyň, gorkuzmagyň täsiri astynda, şeýle hem geleşigiň hakyky däldigi hakynda Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan başga esaslar boýunça bolan bolsa, onda kazyýet miras almakdan ýüz döndermegi hakyky däl diýip ykrar edip biler.

13. Mirasy kabul etmek üçin bolan möhleti uzaltmak hakyndaky we miras galdyrylan emläge hukuk hakyndaky işler kazyýet seljerişine taýýarlanylanda mirasy kabul etmegi gijikdiren mirasdara beýleki mirasdarlar tarapyndan alnan ýa-da döwletiň eýeçiligine geçen emläkden näme galan bolsa, zat (natura) görnüşinde onuň paýynyň berilýändigini, şonuň ýaly-da emlägiň oňa degişli galan böleginiň gymmatynyň jeminiň (summasynyň) geçirilýändigini (Türkmenistanyň RK-nyň 1185-nji maddasy) göz öňünde tutup, kazyýetler haýsy emlägiň zat (natura) görnüşinde saklanyp galandygyny, haýsynyň näçe baha satylandygyny aýdyňlaşdyrmalydyr.

131. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1102-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, ne kanun boýunça, ne wesýetnama boýunça mirasdarlary bolmadyk ýa-da mirasdarlaryň hiç biri tarapyndan alynmadyk, şeýle-de miras edinmek hukugyndan mahrum edilen mirasdarlardan galan emläk mirasdarlary bolmadyk emläk hasap edilýär we ol gazna geçýär. Eger  miras galdyryjy garrylar, inwalidler, kesel bejeriş edaralarynyň, terbiýeçilik edaralarynyň we sosial üpjünçilik edaralarynyň saklanmagynda bolan bolsa, şolaryň eýeçiligine geçýär. Şunda mirasdarlary bolmadyk emlägiň kanun boýunça mirasdarlyk tertibinde döwlet gaznasyna ýa-da agzalan edaralara geçýändigi notarial edaralary tarapyndan degişli tertipde tassyklanylmalydyr. Bu ýagdaýlaryň kazyýetiň çözgüdini talap etmeýändigine, eger-de notarial edarasy tarapyndan, mirasdarlary bolmadyk emlägiň kanun boýunça mirasdarlyk tertibinde gazna ýa-da agzalan edaralara geçýändigini tassyklamakdan ýüz dönderilen ýagdaýynda, notarial hereketlerine şikaýat bilen kazyýete ýüz tutup bilinýändigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Kazylar Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 2061-njy maddasynda göz öňünde tutulan, eýesiz galan gozgalmaýan zat bilen, şol Kodeksiň 1102-nji maddasynda göz öňünde tutulan mirasdary bolmadyk emlägiň, birinjide zadyň eýesiniň ýokdugy ýa-da onuň eýesiniň näbellidigi, ikinjide bolsa emlägiň mirasdarynyň ýokdugy ýa-da mirasdarlaryň mirasy almandyklary ýa olaryň miras edinmek hukugyndan mahrum edilendikleri bilen tapawutlanýandygyny ünsden düşürmeli däldirler.

Eýesiz galan gozgalmaýan zat diýip hiç-hili resminamasy bolmadyk, kanun esasynda resmileşdirilip hasaba alynmadyk zatlara düşünilmelidir. Mysal üçin bikanun gurlan gurluşyklar, binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlar bolup biler, ýagny şol zadyň ne fiziki ne ýuridiki şahsa degişlidigi ykrar edilmedik ýagdaýda  bolup galýan  gozgalmaýan zatdyr. Mirasdary bolmadyk emläk diýip, emlägiň belli-bir fiziki şahsa degişli bolup, ol ölenden soň Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1102-nji maddasynyň 1-nji böleginde anyk sanalyp görkezilen ýagdaýda miras galan we emlägi resmi taýdan kabul edere  hiç-bir fiziki şahsyň ýok ýagdaýynda galýan emläge düşünilmelidir.

14. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1180-nji maddasynda göz öňünde tutulan mirasy kabul etmeklik düzgünlerini berjaý etmekligiň kanun we wesýetnama boýunça mirasdarlar üçin-de, mirasdan hökmany paýy almaga hukugy bolan adamlar üçin-de deň derejede hökmandygyny göz öňünde tutmalydyrlar.

15. Kanuna görä, eger goýumçy ölmek ätiýajy üçin süýşirintgiler bankyndaky goýumyny islän adamsyna ýa-da döwlete bermek hakynda süýşürintgiler bankyna buýruk beren bolsa, onda şol goýum miras galdyrylan emlägiň düzümine girmeýär we ol barada miras almak tertibi hakyndaky düzgünler ulanylmaýar.

Ölmek ätiýajy üçin goýumyň berilmegi baradaky buýruk bu barada wesýetnamada görkezmek arkaly edilen mahalynda hem goýum miras galdyrylan emlägiň düzümine girmeýär. Şeýle ýagdaýda goýum babatynda miras almak hukugy hakynda şahadatnama berilmeýär.

16. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1074-nji, 1075-nji maddalarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça raýatlar kazyýet tertibinde miras almak hukugyndan mahrum edilip bilner.

Şeýle işleri çözenlerinde, kazyýetler aşakdakylary göz öňünde tutmalydyrlar:

a) Mirasdar tarapyndan miras galdyryja ýa-da onuň mirasdarlarynyň birine garşy jenaýat kanuny esasynda yzarlanýan etmişiň edilendigi kanunda bellenen tertipde tassyklanan bolmalydyr;

b) mirasdaryň ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilendigi kazyýetiň ozal çykaran çözgüdi bilen tassyklanylan bolmalydyr;

ç) miras galdyryjyny ekläp-saklamak boýunça borçlary ýerine ýetirmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylanlygy kazyýetiň hökümi ýa-da aliment tutup almak hakyndaky raýat işiniň maglumatlary bilen ýa-da miras galdyryjyny ekläp-saklamak boýunça borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmagyň bilkastlaýyn häsiýetini tassyklaýan beýleki getirilip berlen subutnamalar bilen tassyklanylan bolmalydyr.

17. Bergidarlaryň miras galdyryjynyň bergilerini mirasy kabul eden mirasdarlardan tutup almak baradaky talaplaryna garalanda, kazyýetler aşakdakylary göz öňünde tutmalydyrlar:

a) miras galdyrjynyň bergidarlar tarapyndan miras galdyrylan emläge talap bildirilmegi üçin Türkmenistanyň RK-nyň 1245-nji maddasynda bellenilen alty aýlyk möhlet miras galdyryjynyň borçlaryndan gelip çykýan talaplara degişlidir.

Bu möhlet üçünji taraplaryň emläge eýeçilik hukugyny ykrar etmek we özüne degişli emlägi alyp bermek hakyndaky hak isleglerine degişli däldir;

 

  1. miras galdyryjy kesellän wagtynda oňa seretmek, ony jaýlamak, şeýle hem miras galdyrylan emlägi goramak we dolandyrmak üçin edilen çykdajylaryň öwezini dolmak hakyndaky talaplar babatynda hak islemek wagtynyň Türkmenistanyň RK-nyň 147-nji maddasynyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulan umumy möhletleri ulanylýar.

18. Ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hak islegi boýunça jogap beriji bolup durýan adamyň ölmegi iş boýunça önümçiligi ýöretmegiň Türkmenistanyň RIÝK-nyň 259-njy maddasynyň 6-njy bendi esasynda ýatyrylmagyna esas bolup bilmez, sebäbi Türkmenistanyň RK-nyň 1241, 1249-njy maddalary şu hukuk gatnaşygy boýunça hukuk kabul edijilige ýol berýär we mirasy kabul eden mirasdarlar miras galdyryjynyň bergidarlarynyň bähbitlerini dolulygyna, emma olaryň her biriniň alnan aktiwdäki paýyna laýyklykda kanagatlandyrmaga borçludyrlar.

19. Mirasdarlaryň emläge hukugy barlygy hakynda çözgüt çykarylanda, döwlet pajy emlägiň umumy gymmatyndan ugur alnyp hasaplanylýar we her bir mirasdardan onuň emläkden alýan paýyna deň ölçeglerde tutulyp alynýar.

20. Kazyýetler miras almak hukuklarynyň notarial edaralary tarapyndan nädogry resmileşdirilen ýa-da Türkmenistanyň RK-nyň 1118-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda öz üstlerine ýüklenen borçlaryna laýyklykda wezipeli adamlar tarapyndan wesýetnamanyň nädogry tassyklanan ýagdaýlaryna ünsi çekmelidirler, sebäbi şu ýagdaýlar raýatlaryň, döwletiň we hukuk taýdan taraplaryň kanun tarapyndan goralýan hukuklarynyň we bähbitleriniň bozulmagyna getirýär.

21. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kolllegiýasy welaýalaryň we Aşgabat şäheriniň kazyýetleri miras almak baradaky işlere dogry garalmagyny üpjün etmek we raýatlaryň eýeçilik hukuklarynyň, şeýle hem kanuna laýyklykda miras almak hukugy boýunça emläk geçmeli bolan döwletiň we hukuk taýdan taraplaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň bozulmagyna getirýän ýalňyşlyklary aradan aýyrmak üçin çäreler görmelidirler.

22.Şu kararyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1991-nji ýylyň aprel aýynyň 19-daky “Miras almak baradaky işlere garalanda Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan kanunçylygyň ulanyş iş ýörelgesi hakyndaky” № 2 we 1995-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-däki belgisiz “Wesýetnama galdyryjynyň arzasy esasynda soňky wesýetnamanyň ýatyrylmagynyň netijeleri barada” kararlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1996-njy ýylyň dekabr aýynyň 18-däki “Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kararlaryna üýtgemeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” № 2 kararyndan 10-njy bendi aýyrmaly.

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     A.Rahmanow

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

kazyýetiniň kazysy                                                           R.Ergeşow

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 5

 

        1998-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y                                                       Aşgabat şäheri

 

Kazyýet mejlislerini guramaklygy gowulandyrmak we

olary alyp barmak medeniýetini ýokarlandyrmak hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 18.12.2010 ý. №6, 25.07.2015ý. 2, 16.07.2016ý. 4 kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanda adyl kazyýetligiň netijeliligini üpjün etmegiň möhüm şerti kanunçylygyň berk berjaý edilmeginde kazyýet mejlislerini dogry guramakdan we alyp barmakdan, kazyýet işiniň medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň kazyýetleriniň köpüsi adyl kazyýetligi kanuna jikme-jik laýyklykda kazyýet kararlarynyň öňüni alyş we terbiýeçilik täsirini üpjün etmek bilen amala aşyrýarlar.

Emma bu wajyp işde kazyýet işleriniň çözülişine zyýanly täsir edýän we kazyýet mejlisleriniň terbiýeçilik ähmiýetini peseldýän ýetmezçilikler hem bar.

Käbir kazyýetler kazyýet mejlislerini taýýarlamaga ýeterlikli jogapkärçilik bilen çemeleşmeýärler, kazyýetiň garamagyna berlen işleri ýüzleý öwrenýärler. Kazyýet mejlisine gatnaşmagy zerur bolmadyk raýatlaryň şaýat hökmünde çagyrylýandygy seýrek däl. Kähalatda, birnäçe işleriň seredilmegi şol bir wagta bellenilýär, kazyýet mejlisleri hiç bir esassyz gijikdirilip başlanýar, işlere we dolandyryş işlerine garamaklygyň kanunda bellenen möhletleri bozulýar.

Kazylaryň kazyýet seljerişiniň kanun tarapyndan bellenen düzgünlerini, ylaýta-da kazyýet mejlisiniň taýýarlyk döwründe berjaý etmeklige biperwaýlyk edýän halatlary, kanunyň mejlise gatnaşýan adamlaryň arzalaryny we haýyşlaryny çözmek baradaky talaplarynyň ýerine ýetirilmeýän halatlary duşýar.

Kazyýet mejlisini göwnejaý alyp barmaýan kazylar hem bar, işiň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüz barlanmagyny üpjün etmeýärler, şeýle hem kazyýet mejlisine gatnaşyjylaryň käbiriniň gödek hereketlerine çäre görmegiň ýerine, kähalatda özleri hem kazyýet mejlisinde gelşiksiz hereketlere ýol berýärler.

Kazyýetler tarapyndan ýeterlikli delillendirilmedik hökümleriň, çözgütleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň çykarylýan halatlary has ýygy duşup başlady. Köplenç ýagdaýda olarda jenaýatyň maddalaşdyrylyşy esaslandyrylmaýar, kabul edilen çözgüdiň hukuk taýdan delillendirilmesi getirilmeýär.

Kazylaryň kazyýet mejlisiniň teswirnamasynyň doly we takyk düzülmelidigine üns bermeýän halatlary heniz hem bar. Köplenç teswirnamalarda RIÝK-nyň 268-nji maddasynda we JIÝK-nyň 121-nji maddasynda aýdylýan ýagdaýlaryň hemmesi görkezilmeýär.

Jenaýatlaryň we beýleki bir kanun bozmalaryň edilmegine ýardam beren sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak we öwrenmek üçin çäreler kazyýet derňewiniň dowamynda hemme işler boýunça görülmeýär.

Işlere göçme kazyýet mejlisinde garamak meselesi çözülende, kazylar köplenç şol işiň jemgyýetçilik ähmiýetini we möhümligini (aktuallygyny), raýat jedeliniň ýa-da edilen jenaýatyň häsiýetini, kazyýetde işine seredilýäniň, hak isleýjiniň, jogap berijiniň şahsyýetini we başga wajyp ýagdaýlary nazara almaýarlar, şol sebäpli hem aslynda göçme kazyýet mejlisinde seredilmegi maksada laýyk bolmadyk işler göçme kazyýet mejlisinde garamaklyga bellenilýär. Göçme kazyýet mejlisleriniň, olara taýýarlygyň ýaramazlygy sebäpli bökdelmegi adyl kazyýetligiň abraýyna uly zeper ýetirýär.

Ýokarda durýan kazyýetleriň kazylary ýerlerde bolanlarynda kazyýet mejlislerine seýrek gatnaşýarlar we kazylara kazyýet mejlisleriniň terbiýeçilik wezipesini üpjün etmek üçin zerur kömegi hemişe bermeýärler.

Käbir kazyýetler işlere nägilelik we gözegçilik tertibinde garanlarynda aşakdaky durýan kazyýetler tarapyndan maddy we iş ýörediş kanunçylygynyň bozulan ýagdaýlaryna hemişe täsir etmeýärler we olaryň özleriniň hem ýalňyşlyklara we kanun bozmalara ýol berýän halatlary az däl.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R    E D Ý Ä R :

 

 

1. Kazylar kazyýet mejlislerini guramakda we geçirmekde bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak, kanun bozmalaryň öňüni almak, kazyýet işini kämilleşdirmek, işiň medeniýetliligini ösdürmek boýunça çäreler görmelidirler.

Işlere garamaklyk we çözmeklik kazyýetler tarapyndan kanunçylygyň berk berjaý edilmegi esasynda, maddy we iş ýörediş kanunçylyga doly laýyklykda geçirilmelidir.

2. Her bir işiň dogry we öz wagtynda çözülmegini üpjün etmek maksady bilen hemme işler boýunça taýýarlyk çäreleriň degişli derejede geçirilmeginiň hökmanydygyny kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Işlere garamaklyk olaryň çylşyrymlylygy we kazyýet mejlisine çagyrylmaly adamlaryň sany nazara alnyp, belli bir sagada bellenilmelidir. Şunda diňe işiň ýagdaýlaryny doly, hemmetaraplaýyn we tarapgöýsüz barlamak üçin hakykatdan hem zerur bolan adamlary kazyýete çagyrmak gerek. Kazyýet mejlisini edil bellenen wagtynda açmak zerurdyr.

3. Iş boýunça başlyklyk edýäniň iş ýörediş kanunçylygynyň ähli talaplaryny berjaý etmeginiň, kazyýet mejlisini başarnykly, oýlanyşykly we edepli alyp barmagynyň diňe bir iş boýunça ýagdaýlaryň degişli derejede barlanmagyny we hakykatyň anyklanmagyny üpjün etmän, eýsem kazyýet mejlisiniň terbiýeçilik ähmiýetini hem üpjün edýändigine kazylaryň ünsüni çekmeli.

Iş boýunça başlyklyk ediji kazyýet mejlisine gatnaşýan adamlaryň kanun tarapyndan özlerine berlen hukuklaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmaklaryny üpjün etmäge, mejlise gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deňligini kepillendirýän maddalary gyşarnyksyz berjaý etmäge borçludyr.

4. Kazyýetleriň hökümleri, çözgütleri, kesgitnamalary we kararlary diňe bir kanuny we esasly bolman, eýsem delillendirilen, sowatly düzülen hem-de mejlise gatnaşyjylaryň we kazyýet mejlisiniň jaýyndaky raýatlaryň hemmesine düşnükli bolmalydyr.

Kazylar kätipler tarapyndan düzülýän teswirnamanyň hiliniň gowulanmagy, onda kazyýetiň kazyýet seljerişiniň bütin dowamynda eden hereketleriniň ählisiniň jikme-jik görkezilmegi üçin çäreleri görmelidirler.

5. Göçme mejlisleriň terbiýeçilik täsirini ýokarlandyrmagyň zerurlygyna kazylaryň ünsüni çekmeli. Şeýle mejlisiň her biri ykjam taýýarlanylmalydyr, onda garaljak iş dogry seçilip alynmalydyr (olaryň jemgyýetçilik ähmiýeti we möhümligi (aktuallygy), raýat jedeliniň ýa-da edilen jenaýatyň häsiýeti, kazyýetde işine seredilýäniň, hak isleýjiniň, jogap berijiniň şahsyýeti, beýleki wajyp ýagdaýlar nazara alynmalydyr) we şol işler kanuna doly laýyklykda çözülmelidir.

       Jenaýat işlere garamak boýunça göçme kazyýet mejlisleri kanun bozmanyň bolan ýerinde, kazyýetde işine seredilýäniň işleýän ýa-da ýaşaýan ýerinde geçirilmelidir, olar barada raýatlara we jemgyýetçilige giňden habar berilmelidir.

Kazyýetiň göçme mejlisiniň terbiýeçilik we öňüni alyş täsirini ýokarlandyrmak üçin şol mejlise prokuroryň ýa-da onuň orunbasarynyň gatnaşmaklarynyň ähmiýeti uludyr.

6. Kazyýet derňewiniň dowamynda jenaýatlaryň edilmegine ýa-da raýat jedelleriniň döremegine ýardam eden sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaklyga we barlamaklyga üns berilmegi möhümdir.

7. Nägilelik we gözegçilik kazyýet basgançaklary kanun bozmalaryň, iş ýörediş ýöntemleşdirmegiň, kazylaryň özüni edepsiz alyp baryşynyň bir ýagdaýynahem göz ýummaly däldirler we olaryň geljekde gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin çäreleri görmelidirler.

8. Ýokarda durýan kazyýetleriň kazylary ýerlerde bolanlarynda, kazyýet mejlislerine ýygy-ýygydan gatnaşmalydyrlar, kazyýet mejlisiniň geçirilişiniň medeniýetine, kazyýetler tarapyndan iş ýörediş kanunçylygynyň kadalarynyň berjaý edilişine, iş ýörediş resminamalarynyň düzülişiniň dogrulygyna köpräk üns berip, kazylara zerur kömekleri bermelidirler

 

 

          Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň başlygy                                               A.Rahmanow

    

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                                                 

Türkmenistanyň Ýokary

kazyýetiniň kazysy                                                 R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 6

 

        1998-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y                                                         Aşgabat şäheri

 

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan jeza çäresiniň

birnäçe jenaýat edilende we birnäçe höküm boýunça

bellenilişiniň iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 12.08.2006ý. №3, 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 08.12.2018ý. №7 kararlary bilen üýtgetmeler we  goşmaçalar  girizilen)

 

Giňişleýin mejlis jenaýat kanunynyň jenaýatlaryň jemi boýunça we hökümleriň jemi boýunça jeza bellemegiň esaslaryny we düzgünlerini göz öňünde tutýan kadalaryny Türkmenistanyň kazyýetleriniň, esasan, dogry ulanýandyklaryny belleýär.

Şonuň bilen birlikde-de, käbir işler boýunça birnäçe jenaýat etmekde günäkär bolan ýa-da öňki höküm boýunça bellenen jezasyny doly çekip gutarmanka täze jenaýat eden adamlara jeza bellenilende kazyýetler tarapyndan ýalňyşlyklar goýberilýär.

Kazyýetler käwagtlar bir adam tarapyndan birnäçe jenaýatyň edilmeginiň jemgyýet üçin howplulygynyň has ýokarydygyna üns bermeýärler, şol sebäpli hem olaryň kanun tarapyndan berlen, aýry-aýry jenaýatlar üçin bellenilýän jezalary doly ýa-da kem-käsleýin goşmak mümkinçiligini ulanmaýan halatlary-da bar.

Birnäçe höküm boýunça jeza bellenilende, kähalatda ozalky we soňky edilen jenaýatlaryň häsiýeti we jemgyýet üçin howplulyk derejesi, günäkäriň şahsyýeti hem-de jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan we ýeňilleşdirýän beýleki ýagdaýlar kazyýetler tarapyndan ýeterlik derejede nazara alynmaýar. Käbir halatlarda kanunyň täze edilen jenaýat üçin bellenilen jezanyň üstüne öňki höküm boýunça bellenilen jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegini dolulygyna ýa-da kem-käsleýin goşmak hakyndaky talaby ýerine ýetirilmeýär.

Jenaýatlaryň jemini hökümleriň jeminden tapawutlandyrmakda, jezalar birikdirilende hem-de goşulanda öňki höküm boýunça bellenilen jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegini hasaplap çykarmakda ýalňyşlyklar goýberilýär. Kazyýetler jenaýatlaryň jemi boýunça jeza bellänlerinde dürli görnüşli jezalary goşmak, şeýle hem Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji we 64-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jeza bellemegiň beýleki käbir düzgünlerini ulanmak meselelerini dürlüçe çözýärler.

Işlere nägilelik we gözegçilik tertibinde garaýan kazyýetleriň jenaýatlaryň we hökümleriň jemi boýunça jeza bellenilende kazyýetler tarapyndan goýberilýän ýalňyşlyklary ýüze çykarmaýan, düzetmeýän halatlary-da bar.

Ýalňyşlyklary aradan aýyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji we 64-nji maddalaryny ulanmakda birmeňzeşligi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

 

 

 

K A R A R    E D Ý Ä R :

 

1. Kazyýetleriň Türkmenistayň JK-nyň jenaýatlaryň jemi boýunça we hökümleriň jemi boýunça jeza bellemegiň esaslaryny we düzgünlerini göz öňünde tutýan 63-nji we 64-nji maddalarynyň talaplaryny berk berjaý etmekleri zerurdyr, sebäbi jenaýat kanunynyň şu kadalarynyň gyşarnyksyz ulanylmagy, birnäçe jenaýat etmekde ýa-da öňki höküm boýunça bellenilen jezasyny doly çekip gutarmanka täze jenaýat etmekde günäkär adamlar babatynda jezany tapawutlandyrmak we aýrybaşgalaşdyrmak ýörelgelerini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir.

 

 

2. Jeza bellemegiň Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünleriniň bir adam tarapyndan edilen etmişli hereketleriň Jenaýat kodeksiniň aýratyn böleginiň dürli maddalary boýunça maddalaşdyrylan halatynda, şonuň ýaly hem Türkmenistanyň JK-nyň şol bir maddasynyň özbaşdak jenaýat düzümini we jeza çäresini göz öňünde tutýan dürli bölekleri ýa-da bentleri boýunça maddalaşdyrylan halatynda-da ulanylýanlygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli. Bir adam tarapyndan edilen hereketleriň biriniň gutarnykly jenaýat hökmünde, beýlekileriň bolsa jenaýata taýýarlyk, jenaýat kastyna düşmek ýa-da jenaýata şärikçilik hökmünde maddalaşdyrylan halatynda-da şu düzgünler boýunça jeza bellenilmelidir.

 

3. Onçakly berk bolmadyk jezany has berk jezanyň gurşap almagy ýa-da olaryň dolulygyna ýa-da kem-käsleýin goşulmagy arkaly jenaýatlaryň jemi boýunça jeza bellemek meselesi çözülende, kazyýetler jenaýatlaryň her biriniň häsiýetini we jemgyýet üçin howplulyk derejesini, günäkärleriň şahsyýetini, jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary, şeýle hem şol adam tarapyndan edilen jenaýatlaryň hemmesi bilelikde alnanda howplulygyň has ýokarydygyny nazara almalydyrlar.

         Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, eger jenaýatlaryň jemine uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýatlar girýän bolsa, onda jenaýatlaryň jemi boýunça jeza bellenilende, onçakly berk bolmadyk jezany has berk jeza bilen gurşap almak, şonuň ýaly-da olary dolulygyna ýa-da kem-käsleýin goşmak ýörelgeleriniň ikisi hem ulanylyp bilner. Şunda gutarnykly jezanyň amala aşyrylan jenaýatlaryň iň agyry üçin göz öňünde tutulýan jezanyň iň ýokary möhletinden ýa-da möçberinden ýokary bolup bilmeýändigi baradaky şert üýtgewsiz galýar.

Agyr we aýratyn agyr jenaýatlaryň jemi boýunça jeza bellemek (Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasynyň 3-nji bölegi) hakyndaky mesele başgaça çözülýär. Şeýle ýagdaýda azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza diňe jezalaryň dolulygyna ýa-da kem-käsleýin goşulmagy arkaly bellenilýär we azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza amala aşyrylan jenaýatlaryň iň agyry üçin göz öňünde tutulan iň ýokary jezadan ýokary bolup bilmez.

Birnäçe jenaýat ýa-da höküm boýunça düzediş işleri görnüşindäki jeza bellenende, Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji, 64-nji maddalarynda göz öňünde tutulan düzgün boýunça düzediş işleriniň diňe möhletleri goşulyp bilner. Zähmet hakyndan tutulýan möçberleri goşulmaga degişli däldir.

 

 

4. Kazyýetde işine seredilýäni birnäçe jenaýaty etmekde günäkär diýip bilende kazyýet Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasyna we Jenaýat kodeksiniň 424-nji maddasyna laýyklykda, hökümiň karara gelinýän böleginde esasy we goşmaça jezanyň görnüşini we möçberini her bir jenaýat üçin aýratyn görkezmelidir.

        Şunda jenaýatlaryň jemi boýunça jeza bellenilende Türkmenistanyň JK-nyň 65-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça kanunyň dürli görnüşli jezalary goşmaga mümkinçilik berýänligini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

 

 

5. Kazyýetler birnäçe höküm boýunça jeza bellenilende, Türkmenistanyň JK-nyň 64-nji maddasyna laýyklykda, täze höküm boýunça bellenilen jeza çäresine öňki höküm boýunça bellenilen jeza çäresiniň çekilip gutarylmadyk böleginiň dolulygyna ýa-da bölekleýin birikdirilýändigini nazara alyp, jezanyň iş kesilen tarapyndan çekilip gutarylmadyk bölegini dogry anyklamalydyrlar.

         Kazyýet Türkmenistanyň JK-nyň 64-nji maddasynyň düzgünleri boýunça jeza bellände, hökümiň karara gelinýän böleginde täze amala aşyrylan jenaýat üçin, jezanyň görnüşini we möçberini, jenaýatlaryň jemi boýunça bolsa gutarnykly jezany görkezmelidir.

         Hökümleriň umumy jemi boýunça azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza, soňky höküm boýunça jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jezanyň iň ýokary möhletinden artyk bolup biler, ýöne on bäş ýyldan, hökümler boýunça jenaýatlara aýratyn agyr jenaýat girýän bolsa, ýigrimi bäş ýyldan köp bolmaly däldir.

Eger iş boýunça höküm çykarylandan soň iş kesilen adamyň birinji iş boýunça höküm çykarylmazyndan öň başga jenaýat etmekde hem gunäkärdigi takyklanylsa, onda jeza bermek edil şol düzgünler boýunça bellenilýär. Şu halatda birinji höküm boýunça çekilen jeza möhleti berlen jezanyň gutarnykly möhletine hasap edilýär (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 63-nji maddasynyň 5-nji bölegi).

Kazyýet hökümleriň jemi, şonuň ýaly hem agyr we aýratyn agyr jenaýatlaryň jemi boýunça-da jeza bellemek hakyndaky meseläni çözende has agyr jenaýat üçin jezanyň iň ýokary möhleti bilen çäklendirilen däldir. Hökümleriň jemi boýunça jeza bellenilende gutarnykly jezanyň täze amala aşyrylan jenaýat üçin bellenilen jezadan, şeýle hem öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk böleginden köp bolmalydygy baradaky düzgün saklanylýar.

Eger adam iş kesilenden soň, onuň şu höküm çykarylmazyndan biri öň, biri bolsa soň amala aşyrylan jenaýatlarda günäkärdigi takyklansa, täze höküm boýunça jeza jenaýatlaryň jemi (Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasy) şeýle-de hökümleriň jemi boýunça (Türkmenistanyň JK-nyň 64-nji maddasy) bellenilýär.

 

 

6. Öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegini täze höküm boýunça bellenilen jeza çäresine dolulygyna ýa-da kem-käsleýin birikdirmek meselesi çözülende, kazyýetler kanunyň jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegi diýip hasap etmekligi kesgitleýän aşakdaky talaplaryny gollanmalydyrlar:

adamyň täze jenaýaty amala aşyrandygy üçin saklanan we tussag astyna alnan pursatyna çenli hakyky azatlykdan mahrum etmekligiň çekilmän galan bölegi;

Türkmenistanyň JK-nyň 68-nji maddasy ulanylyp, şertleýin iş kesileninde, şeýle hem Türkmenistanyň JK-nyň 78-nji maddasy ulanylyp, hökümi ýerine ýetirmeklik yza süýşürilende, bellenilen jezanyň hemme möhleti (ätiýaçlyk ýa-da saklamak tertibinde tussag astynda saklanylan wagty muňa girmeýär);

iş kesilen jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylanda jezanyň onuň boşadylan gününe çenli çekilmän galan bölegi;

Günä geçmek namasy netijesinde ýa-da Türkmenistanyň JK-nyň 76-njy, 77-nji maddalarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça iş kesileniň jezasynyň çekilmän galan bölegi jezanyň has ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrylan iş kesilene hökümleriň jemi boýunça jeza bermek şu has ýeňilräk jeza nazara alnyp bellenilýär.

 

 

7. Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasyna laýyklykda, jenaýatlaryň jeminde kazyýet her bir jenaýat üçin aýratynlykda jeza belleýär.

Eger kazyýet her bir jenaýat üçin aýratynlykda jeza kesgitläp, ýöne jenaýatlaryň jemi boýunça gutarnykly jeza bellemedik bolsa, onda kazyýetiň hökümi şu esas boýunça diňe, iş kesilene bellenilen jeza iň ýokary däl bolsa we jezalaryň kem-käsleýin ýa-da doly goşulmagy iş kesileniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna we onuň goranmaga bolan hukugynyň bozulmagyna getirýän bolsa sökülip bilner.

Eger birinji basgançakly kazyýet her bir jenaýat üçin jeza bellän bolsa, ýöne şunda jenaýatlaryň jemi boýunça gutarnykly jezany kesgitlemedik bolsa, kazyýetiň hökümdäki bu ýetmezçiligi höküm çykaran kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň JIÝK-nyň 480-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde, eger şonda iş kesileniň ýagdaýy ýaramazlaşmaýan we onuň goranmaga bolan hukugy bozulmaýan bolsa, düzedilip bilner.

Hökümleriň jemi boýunça jeza bellemek zerur bolanda hem, eger hökümleriň biri boýunça iş kesilene bellenen jeza öňki ýa-da soňky höküm boýunça kesgitlenen onçakly berk bolmadyk jezany dolulygyna gurşap alýan bolsa, onda mesele ýokardaka meňzeş çözülýär.

Mundan başga-da, kazyýetler ýerine ýetirilmedik birnäçe höküm bolup, munuň özi wagty boýunça iň soňky hökümi çykaran kazyýete mälim bolmadyk mahalynda, hökümi ýerine ýetirmegiň tertibiniň Türkmenistanyň JIÝK-nyň 474-nji maddasy tarapyndan kesgitlenendigi göz öňünde tutmalydyrlar.

 

 

8. Nägilelik ýa-da gözegçilik kazyýet basgançaklary höküm boýunça ulanylan jezany gurşap almak düzgüniniň ýerine olary goşmak düzgünini diňe şu kazyýet basgançaklary tarapyndan bir ýa-da birnäçe jenaýat üçin berlen jeza ýeňledilýän bolsa haklydyr. Şunda soňky kazyýet basgançaklary tarapyndan girizilen üýtgetmeleri nazara alyp bellenilen gutarnykly jeza höküm boýunça bellenilen jezanyň möçberinden ýokary bolmaly däldir.

Eger birinji basgançakly kazyýet tarapyndan birnäçe höküm boýunça jeza kesgitlenende, bir jezany beýleki jeza bilen gurşap almaklyk kanunyň tersine gidilip ýa-da jezanyň çekilip gutarylmadyk möhletini goşmak mümkin däldigi üçin ulanylan bolsa, nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýet soňky höküm boýunça jezany ýeňleden mahalynda, soňky kazyýet basgançaklary tarapyndan girizilen üýtgetmeler nazara alnyp bellenilen jezanyň höküm boýunça bellenilen jezadan ýokary bolmazlyk şerti bilen, öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegini kem-käsleýin ýa-da dolulygyna goşmaga haklydyr.

 

 

9. Jenaýatly etmişli hereketler jenaýat kodeksiniň bir maddasyndan onçakly agyr bolmadyk jenaýatlar üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan birnäçe maddasyna geçilip maddalaşdyrylan mahalynda, bu hem iş kesileniň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmaýan we onuň goranmak hukugyny bozmaýan bolsa, nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýet jeza hakyndaky meseläni çözende Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünleri ulanýar. Şunda jenaýatlaryň jemi boýunça bellenilen gutarnykly jeza birinji basgançakly kazyýet tarapyndan bellenilen jezadan berk bolmaly däldir.

 

 

10. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işler boýunça kazyýet kollegiýasy welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri goýberilýän ýalňyşlyklary öz wagtynda ýüze çykarmagy we düzetmegi üpjün etmek bilen, jenaýat kanunynyň birnäçe jenaýat edilende we birnäçe höküm boýunça jeza bellemegi göz öňünde tutýan kadalarynyň aşakdaky kazyýetler tarapyndan dogry ulanylmagyna degişli derejedäki gözegçiligi üpjün etmelidirler.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     A.Rahmanow

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 9

 

1998-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y                                                                  Aşgabat şäheri

 

Atalygy anyklamak baradaky işlere garalanda

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan kanunçylygyň

ulanylyş iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012ý. №1,  25.07.2015ý. №2, 16.07.2016ý. 4, 08.12.2018ý. 7, 17.10.2020ý. №11   kararlary  bilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen)

 

Kazyýetler tarapyndan garalýan nika we maşgala gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedelleriň içinde atalygy anyklamak hakyndaky işler möhüm orny tutýar. Olara garalyşynyň iş ýörelegesini öwrenmeklik kazyýetleriň atalygy anyklamak meselelerini düzgünleşdirýän kanunçylygy esasan dogry ulanýandyklaryny görkezdi. Şonuň bilen birlikde-de kazyýetleriň şu görnüşli işlere garamak boýunça alyp barýan işinde düşündirilmegini talap edýän meseleler ýüze çykdy. Şonuň üçin atalygy anyklamak hakyndaky işler boýunça kanunçylygyň kazyýetler tarapyndan birmeňzeş we dogry ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R    E D Ý Ä R:

 

1. Kazyýetler Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, atalygy anyklamagyň kazyýet tertibiniň nikada durmaýan ata-eneden bolan çagalar barada ulanylýandygyny, eger olar çaganyň kimden bolanlygy hakynda Raýat ýagdaýy namalar ýazgysy RÝNÝ edaralaryna bilelikde arza bermedik bolsalar şeýle edilýändigini düşündirmeli.

Atalygy anyklamak hakyndaky arza kazyýetiň önümçiligine çaganyň doglanlygy RÝNÝ edaralarynda resmileşdirilenden soň we onuň atasy baradaky ýazgy Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 69-njy maddasyna laýyklykda, ýagny çaganyň atasy hakyndaky ýazgy ejesiniň familiýasy boýunça, çaganyň kakasynyň we atasynyň ady ejäniň görkezmegi boýunça ýazylan dogluş hakyndaky şahadatnama getirilip berlen mahalynda kabul edilip bilner.

2. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 74-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilişine görä, RÝNÝ edaralary tarapyndan ýazylan çaganyň atasy hakyndaky ýazgy çaganyň şol adamdan bolandygynyň subutnamasy bolup durýar. Şonuň üçin hem kazyýetler dogluş hakyndaky ýazgyda çaganyň atasy diýip belli-anyk bir adam görkezilen bolsa, onda atalygy anyklamak baradaky arzany öz önümçiligine almaly däldirler.

 

3. Eger-de käbir ýagdaýlara görä, çaganyň atasy diýip başga biri ýazylan bolsa, onda atalygy anyklamak baradaky arza diňe şol ýazgyny hakyky däl diýip bilmek baradaky talap arza bilen bilelikde ýa-da ondan soňra berlip bilner.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda hak islegi çaganyň atasy diýip ýazylan adama bildirilmelidir.

    4. Atalygy anyklamak hakyndaky işlere kazyýetler Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 71-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen adamlaryň arzasy boýunça hak islegi önümçiligi tertibinde garaýarlar. Şundan gelip çykyşyna görä, bu işler biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan çaga doglan halatynda we olaryň bilelikdäki arzasy ýa-da çaganyň kakasynyň arzasy bolmadyk mahalynda atalyk ata-enäniň biriniň ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň) ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň arzasy boýunça ýa-da on sekiz ýaşyna ýeten çaganyň özüniň arzasy boýunça kazyýet tertibinde anyklanylýar. Şeýle adamlar hökmünde çaganyň ýakyn hossarlary (atasy, babasy, enesi, mamasy, daýzasy we ş.m.) ýa-da çagany hakykat ýüzünde terbiýeleýän başga adamlar bolup bilerler.

5. Eger kazyýete ýüz tutulan pursatyna çenli çaganyň atasy bolandygy anyklanýan adam ölen bolsa, ýöne şunda hukuk hakynda jedel ýüze çykmaýan bolsa, onda işe aýratyn önümçilik tertibinde atalygyň ykrar edilendigi baradaky fakty takyklananda garalmalydyr. Eger şeýle jedel (meselem, miras hakynda, ekleýjiniň ölenligi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini doldurtmak hakynda we ş.m.) ýüze çykýan bolsa, arza kazy tarapyndan garalman galdyrylýar we gyzyklanýan adamlara olaryň umumy esaslarda hak islegini bildirmäge hukuklydyklary düşündirilýär.

Şu görnüşli işler boýunça hak islegini bildirmek möhletiniň kanun tarapyndan bellenilmändigi sebäpli, çaga doglandan soň islendik wagt kazyýet tarapyndan atalygy anyklamak bolar. Ýöne şunda kämillik ýaşyna ýeten adamyň atalygyny anyklamaklyga diňe onuň öz razyçylygy bilen, eger ol kämillik ukyby ýok diýip ykrar edilen bolsa, onda onuň hossarlarynyň ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razyçylygy bilen ýol berilýändigi göz öňünde tutulmalydyr.

6. Atalygyň ykrar edilendiginiň fakty takyklananda Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, kazyýet çaganyň ejesi bilen jogap berijiniň çaga dogulýança we ondan soň bile ýaşandyklary we umumy hojalyk ýöredendikleri ýa-da çagany bile terbiýeländikleri ýa-da ekläp-saklandyklary ýaly ýagdaýlar ýa-da jogap berijiniň çaganyň atasynyň özüdigini boýun alandygyny ynandyryjylyk bilen tassyklaýan subutnamalar göz öňünde tutulmalydyr.

Jogap berijiniň çaga dogulmanka onuň ejesi bilen bile ýaşanlygy we umumy hojalyk ýöredenligi maşgala gatnaşyklaryna mahsus bolan ýagdaýlaryň: bir jaýda ýaşandyklary, bilelikde naharlanandyklary, biri-biri barada alada edendikleri, bilelikde ulanmak üçin emläk edinendikleri we ş.m. ýagdaýlaryň bolandygy şeýle hem çaganyň anyk belli bir adamdan gelip çykyşyny tassyklaýan subutnamalar bilen tassyklanyp bilner. Taraplaryň şeýle gatnaşyklarynyň çaga dogulmanka bes edilendiginiň bir özi, eger ol göwrelilik başlamanka bes edilmedik bolsa, atalygy anyklamak hakyndaky hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek üçin öz-özünden esas bolup bilmez.

Haçan-da çaga ejesi we jogap beriji bilen bile ýaşaýan bolsa ýa-da jogap beriji çaga bilen gatnaşyp, ol barada atalyk aladasyny edýän we oňa üns berýän bolsa, onda bu çaganyň bilelikde terbiýelenýändigi bolýar.

Çagany ejesiniň we jogap berijiniň bilelikde saklamagy diýip çagany olaryň ekläp-saklamagyna ýa-da jogap berijiniň çagany eklemäge, edýän çykdajysynyň möçberiniň näçedigine garamazdan, kömek bermegine düşünilmelidir.

Atalygyny boýun alandygynyň subutnamalary diýip jogap berijiniň hatlary, onuň anketalary, arzalary we jogap berijiniň özüni çaganyň atasy diýip boýun alandygyny ynandyryjylyk bilen tassyklaýan beýleki hakykatda bar bolan maglumatlar hasap edilip bilner. Şonuň ýaly boýun almaklyk çaganyň ejesiniň göwreli wagty (meselem, çaga edinmek höwesi, boljak çaganyň ejesi baradaky alada we başgalar), şeýle-de çaga doglandan soň ýüze çykarylyp bilner.

Zerur ýagdaýlarda, çaganyň kimden bolandygy bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleleri düşündirmek üçin, kazyýet iş boýunça ýagdaýlary nazara alyp, kazyýet-lukmançylyk bilermenler seljermesini belläp biler.

7. Çaganyň atalygyny anyklamak hakyndaky hak islegi bilen bir wagtda çaga üçin aliment töledip almak hakyndaky talap hem bildirilip bilner. Şeýle ýagdaýlarda aliment töletdirip almak hak islegi bildirilen gününden başlap alnyp berilýär.

Atalygy anyklamak we aliment töletdirip almak hakyndaky hak islegi bilen hak isleýji jogap berijiniň ýaşaýan ýerindäki kazyýete hem, öz ýaşaýan ýerindäki kazyýete hem ýüz tutmaga haklydyr.

Eger atalygy anyklamak we aliment töletdirip almak hak islegi bildirilen adamyň bolýan ýeri belli bolmasa, hak isleýiş arzasyndan we onuň ýanyna goşulan resminamalardan bolsa Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 71-nji maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen ýagdaýlaryň bardygy görünýän bolsa, onda kazyýet şol adamy gözlemegi yglan edip biler (Türkmenistanyň RIÝK-nyň 115-nji maddasy).

8. Atalygy anyklamak ýa-da aliment  töletdirip almak hakyndaky hak islegi nikada durmaýan kämillik ýaşyna ýetmedik eje tarapyndan bildirilende, şonuň ýaly-da bu baradaky hak islegi kämillik ýaşyna ýetmedik adama bildirilende, kazyýet hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň kanuny wekilini olara kömek bermek üçin işe gatnaşmaga çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşmalydyr (Türkmenistanyň RIÝK-nyň 119-njy maddasy).

9. Atalygy anyklamagyň şertleri we tertibi kanun tarapyndan kesgitlenendir, şol sebäpli hem kazyýetler atalygy anyklamak hakyndaky işler boýunça barlyşyk ylalaşygyny tassyklamaly däldirler.

Eger kazyýet mejlisinde jogap beriji özüni çaganyň atasy diýip bilmek üçin raýat ýagdaýlary namalarynyň ýazgysy edaralaryna arza bermäge razyçylyk bildirse, onda kazyýet şol işe garamaklygy belli bir möhlet bilen gaýra goýmaga haklydyr. Atalygy anyklamak hakyndaky ýazgy esasynda berlen dogluş hakyndaky şahadatnama kazyýete getirilip berlen mahalynda, Türkmenistanyň RIÝK-nyň 259-njy maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda, iş boýunça önümçiligi ýöretmeklik bes edilmäge degişlidir, ýöne kazyýet hak islegini bildiren adamyň talaby boýunça aliment töletdirip almak hakyndaky jedeli çözmäge haklydyr.

10. Kazyýet çözgüdiniň karara geliş böleginde atalygy anyklamak namasyny raýat ýagdaýlary namalarynyň ýazgysy edaralarynda resmileşdirmek üçin zerur bolan maglumatlar hem (çaganyň kakasynyň we atasynyň ady, kakasynyň familiýasy, doglan güni, aýy, ýyly, milleti, hemişelik ýaşaýan ýeri we işleýän ýeri baradaky) bolmalydyr.

Atalygy anyklamak we aliment töletdirip almak hakyndaky bir wagtda garalan talaplar kanagatlandyrylanda, çözgüdiň aliment töletdirip almak baradaky bölegini derrew ýerine ýetirmek meselesi Türkmenistanyň RIÝK-nyň 250-nji maddasynyň düzgünleri nazara alnyp çözülýär.

11. Biri-biri bilen baglanyşykly bolan, çaga üçin aliment töletdirip almak hakyndaky we atalyk hakyndaky ýazgy barada jedel gozgamak hakyndaky hak isleglerine, düzgün bolşuna görä, bir önümçilikde garalmalydyr.

Atasy anyklanan çagalar üçin aliment töletdirip almak, töletdirilip alynýan alimentiň möçberini azaltmak hakyndaky ähli meseleler umumy esaslarda çözülýär.

12. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işler boýunça kazyýet kollegiýasy welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri atalygy anyklamak hakyndaky işlere garalyşynyň iş ýörelgesini yzygiderli derňew etmelidirler we şu görnüşli işlere garalanda kazyýetler tarapyndan goýberilýän ýalňyşlyklary düzetmek boýunça çäreleri görmelidirler.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     A.Rahmanow

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 5

 

        1999-njy ýylyň iýul aýynyň 22-si                                                       Aşgabat şäheri

 

Azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk

jeza çäreleriniň bellenişiniň iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 03.11.2000ý. 12.08.2006ý. №3, 28.07.2012ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 16.07.2016ý. 4, 08.12.2018ý. 7 kararlary bilen üýtgetmeler we

 goşmaçalar girizilen)

 

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza çäreleriniň bellenişiniň iş ýörelgesini umumylaşdyrmagyň netijelerini ara alyp maslahatlaşyp, Giňişleýin mejlis kazyýetleriň şu görnüşli jeza çärelerini bellemekligi düzgünleşdirýän kanunçylygy, esasan, dogry ulanýandyklaryny belleýär.

Şonuň bilen birlikde birnäçe kazyýetleriň işinde şeýle jeza çärelerini bellemek boýunça düýpli kemçilikler we säwlikler bar.

Kanunyň edilen jenaýatlaryň häsiýetini we agyrlygyny (ony amala aşyrmagyň maksadyny we äheňlerini, getiren netijelerini), günäkäriň şahsyýetini we işiň jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan we ýeňilleşdirýän ýagdaýlaryny nazara alyp, jeza çäresini bellemegiň zerurdygy baradaky talaplarynyň berk berjaý edilmeýän halatlary hem bar.

          Ozal birnäçe gezek iş kesilenlere we jenaýaty guramaçylykly topar bolup eden adamlara-da Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny ulanmak bilen, şeýle hem kanunyň jezalandyryş böleginde dürli (alternatiw)jeza hökmünde göz öňünde tutulan halatlarynda, azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza çäresiniň esassyz bellenilýän halatlary bar.

Şunuň bilen bir hatarda jemgyýetçilik howplulygy uly bolmadyk jenaýaty eden we jemgyýetden çetleşdirilmegi zerur bolmadyk adamlara azatlykdan mahrum etmekligiň esassyz bellenilýän halatlary hem duşýar.

          Aýry-aýry kazyýetler, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-ndäki “Türkmenistanyň jenaýat-hukuk syýasatyny ynsanperwerleşdirmek baradaky çäreler hakyndaky” Permany bilen türkmen halkynyň ynsanperwerlik we adamkärçilik taglymatyna esaslanan taryhy däplerini ösdürmek, ynsanperwer hukuk babatda ulanarlykly iş usullaryny emele getirmek, şeýle hem jenaýat eden adamlaryň düzelmegi hem-de gaýtadan terbiýelenmegi boýunça işiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak maksadynda, kazyýet iş ýörelgelerine girizmek teklip edilen, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza çäresini ulanmaga şertler bar hem bolsa, ony ulanmagyň maksada laýykdygy barada degişli edaralaryň pikirlerini ýazmaça talap etmändirler.

        Kazyýetler jeza çäresiniň ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşini örän seýrek ulanýarlar.

 

Hökümlerde düzediş işiniň ýerine ýetirilmeli ýeriniň görkezilmeýän ýa-da özüniň gulluk ýa hunär borçlaryny ýerine ýetirmek bilen gös-göni baglanyşykly jenaýat eden adamlara düzediş işi görnüşindäki jezany onuň öňki işleýän ýerinde çekdirmekligiň bellenilýän ýagdaýlary hem bar.

 

           Kämahal bolsa, hökümleriň karara gelinýän böleginde belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmeklige höküm edilen adamyň haýsy wezipede işlemekden ýa-da nähili iş bilen meşgullanmakdan mahrum edilendigi anyk görkezilmeýär, şeýle hem kazyýetler şu görnüşli jeza çäreleriniň şol jenaýat üçin jeza hökmünde kanunyň jezalandyryş böleginde görkezilmedik ýagdaýynda-da, zerur bolsa ony goşmaça jeza hökmünde bellemäge kanun tarapyndan berilýän mümkinçilikden seýrek peýdalanýarlar.

 

          Kazyýetler tarapyndan jeza çäresiniň azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk beýleki görnüşleri, ýagny harby gulluk boýunça çäklendirme, jerime, emlägi muzdsuz almak, döwlet sylaglaryndan, harby ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek ýaly görnüşleri bellenilende-de ýalňyşlyklar goýberilýär.

 

         Welaýat kazyýetleri we Aşgabat şäher kazyýeti azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza çäresiniň kazyýetler tarapyndan dogry ulanylyşyna, olaryň goýberýän ýalňyşlyklaryny ýüze çykaryp, öz wagtynda düzetmeklige ýeterlik derejede üns bermeýärler. Bu ýagdaýy jeza çäreleriniň esasy maksady jemgyýetçilik howpy uly bolmadyk jenaýaty edenligi üçin iş kesilen adamlary düzetmek we terbiýelemek bolan şu görnüşiniň peýdaly netijeleriniň bardygyna kembaha garalýandygyndan gelip çykýar diýip düşündirmek mümkin.

         Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R    E D Ý Ä R :

 

          1. Kazyýetlere şu bellenip geçilen kemçilikleri aradan aýyrmak üçin çäreleri görmekligi, kanunçylygy gyşarnyksyz berjaý etmekligi we azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza çäresini ulanmaly bolan halatda iş kesileni düzetmek we terbiýelemek, şeýle hem iş kesilenleriň we başga adamlaryň täze jenaýat etmekleriniň öňüni almak maksatlaryndan ugur almaklygy teklip etmeli.

          2. Edilen jenaýatyň agyrlygyna we günäkäriň şahsyýetine laýyk gelmeýän jeza çäresiniň bellenilmeginiň ýol berilmesizdigine, onuň Türkmenistanyň JK-nyň jeza çäresini aýrybaşgalaşdyrmak hakyndaky 56-njy maddasynyň 3-nji, 4-nji bölekleriniň talaplaryny berk berjaý etmek bilen ulanylmalydygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli. Şunda agyr jenaýat edenler, residiw jenaýat edenler, şeýle hem jenaýatçylykly toparyň guramaçylary, işjeň gatnaşyjylary barada kanun tarapyndan göz öňünde tutulan berk jeza çäreleri ulanylmalydyr.

          Şonuň bilen birlikde-de, kanunyň jemgyýetçilik howpy uly bolmadyk jenaýaty eden adamlar barada azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza çäresini ulanmaklyga berýän mümkinçiliklerinden doly peýdalanylmalydyr.

          3. Edilen jenaýat üçin kanun tarapyndan göz öňünde tutulan aşak çäkden-de pes bolan jezanyň bellenilmeginiň ýa-da jezanyň has ýeňil, ýagny azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk görnüşine geçilip bellenilmeginiň diňe iş boýunça bar bolan aýratyn ýagdaýlar bilen günäkäriň şahsyýeti hakyndaky maglumatlary birlikde alanyňda mümkinçilik bar bolsa ulanylýandygy üçin, kazyýet öz höküminde Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny näme üçin ulanýandygynyň anyk esaslaryny görkezmezden, şu görkezilen ýeňillikleriň ulanylmagyna ýol bermäge haksyzdyr.

          4. Jeza çäresini bellemek meselesine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini nazara alyp, esas bar halatlarynda jeza çäreleriniň ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşini hem ulanmaklygy kazyýetlere maslahat bermeli.

          Türkmenistanyň JK-nyň 46-njy maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, ýetirilen zyýany düzetmek borjunyň ýetirilen zyýany hakykatdan-da aradan aýyrmakdan, maddy we ahlak (moral) taýdan zyýanyň öwezini dolmakdan we ejir çekenden jemagat öňünde ötünç soramakdan ybaratdygy üçin, kazyýet şeýle jeza çäresini bellände, hökümiň karara gelinýän böleginde onuň haýsy görnüşde bolmalydygyny anyk görkezmelidir. Şunda şeýle jezany diňe öz ýetiren zyýanyny düzetmäge günäkäriň ukyplydygyna kazyýetiň göz ýetiren halatynda belläp bolýandygy nazara alynmalydyr. Şu sebäbe görä, kazyýet soňundan hökümiň degişli suratda ýerine ýetirilmeginde bökdençilik bolmazlygy üçin, günäkäriň şol borjy ýerine ýetirip biljekligini-bilmejekligini aýdyňlaşdyrmaga borçludyr.

Ýetirilen zyýany düzetmek borjunyň terbiýeçilik täsirli mejbury çäre hökmünde ulanylýan halatyndan başga ýagdaýda, kämillik ýaşyna ýetmediklere jenaýat jezasy hökmünde bellenip bilinmeýändigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

          5. Jerimäniň jeza hökmünde JK-nyň aýratyn böleginiň maddalarynyň jezalandyryş böleklerinde göz öňünde tutulan çäklerde we möçberlerde, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenen, jeza bellenilýän pursatyndaky kesgitli mukdaryna laýyklykda bellenilýändigi sabäpli, kazyýetler hökümde zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberinden başga-da, bellenilen jerimäniň gutarnykly möçberini hem görkezmelidir.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 47-nji maddasynyň 5-nji bölegine laýyklykda, eger kazyýet tarapyndan esasy jeza çäresi hökmünde bellenilen jerimäni tölemekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylan halatynda, jerime kazyýet tarapyndan Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda ýa-da onuň degişli böleginde görkezilen jezanyň görnüşleri bilen çalşyrylyp bilner. Goşmaça jeza hökmünde bellenilen jerimäni bolsa, jezanyň başga hiç bir görnüşi bilen çalyşmaga ýol berilmeýär.

         Jerimäniň özbaşdak girdejisi bolmadyk adamlara jeza hökmünde ulanylmaýandygyny nazara alyp, kazyýetler jerime bellejek bolnanda günäkäriň girdejisiniň bardygy-ýokdugy baradaky maglumaty almalydyrlar.

6. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza bellänlerinde, kazyýetler jezanyň şu görnüşiniň iş kesilene düýpli täsir edýändigini, onuň hukuklaryny we mümkinçiliklerini çäklendirýändigini, döwlet gullugyny we işiň başga bir görnüşlerini jemgyýete we aýry-aýry raýatlara uly zyýan ýetirýän adamlardan arassalamaga ýardam edýändigini nazara almalydyrlar. Şonuň üçin, haçan-da adam wezipesi boýunça borçlaryny ýerine ýetirmek bilen ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak bilen bagly bolan jenaýaty edende, şol jenaýat üçin kanunyň jezalandyryş böleginde şeýle jeza göz öňünde tutulmadyk bolsa-da, kazyýet her bir halatda edilen jenaýatyň häsiýetini nazara alyp, günäkäri belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga borçludyr, sabäbi Türkmenistanyň JK-nyň 48-nji maddasynyň 3-nji bölegi şoňa mümkinçilik berýär.

         Şu jeza bellenende hökümiň karara gelinýän böleginde wezipe ýa-da işiň görnüşi anyk görkezilmelidir. Hususan-da, haýsy wezipelerde işlemäge hukuksyzdygyny kesgitlemezden, iş kesileniň halk hojalygynyň ol ýa-da beýleki bir pudagynda işlemek hukugyndan mahrum edilmegine ýol berilmesizdir.

         7. Günäkäriň höküm çykarylýan pursatynda eýýäm öz eden jenaýaty bilen baglanyşykly bolan wezipede işlemeýändigi ýa-da şeýle iş bilen meşgullanmaýandygy agzalan goşmaça jezanyň ulanylmagyna päsgel bermeýär.

Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyndan mahrum etmeklik, şol adamyň eýýäm dolandyryş tertipde şeýle hukukdan mahrum edilendigine garamazdan, kazyýet tarapyndan goşmaça jeza hökmünde bellenilip bilner.

        8. Kazyýetler belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmekligiň esasy jeza hökmünde bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete, goşmaça jeza hökmünde bolsa bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete bellenilýändigi baradaky Türkmenistanyň JK-nyň 48-nji maddasynyň 2-nji böleginiň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmelidirler.

        Türkmenistanyň JK-nyň 84-nji maddasynyň manysyna görä, jezanyň şu görnüşi kämillik ýaşyna ýetmedikler babatynda ulanylmaýar.

        9. Düzediş işlerini ulanmak meselesini, esasan-da, kanun şeýle jeza bilen bir hatarda jezanyň başga görnüşlerini hem göz öňünde tutýan halatlarynda, dogry çözmek köp derejede hökümiň hem ýerine ýetirilmegi üçin möhüm ähmiýeti bolan iş kesileniň şahsyýeti hakyndaky maglumatlaryň jikme-jik aýdyňlaşdyrylmagyna baglydyr.

        Türkmenistanyň JK-nyň 50-nji maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen, iş kesileniň düzediş işlerinde işlemekligine päsgel berip biljek ýagdaýlaryň bardygyny anyklan halatynda, kazyýet oňa jezanyň azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk başga bir görnüşini bellemek baradaky meseläni çözmelidir.

       10. Kazyýetler, düzgün bolşuna görä, gulluk borçlaryny ýa-da hünär borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly jenaýaty eden adamlara (alyjylary aldandyklary üçin iş kesilen satyjylara, özlerine ynanylan maddy gymmatlyklary ýa-da pul serişdelerini eýelän adamlara we başgalara) düzediş işlerini öňki iş ýerinde çekmekligi bellemeli däldirler, sebäbi günäkäriň öňki iş ýerinde galdyrylmagy jezanyň terbiýeleýjilik we oňüni alyjylyk ähmiýetini peseldýär.

       Düzediş işlerini administratiw temmisi hökmünde çekip ýören adama höküm boýunça hem düzediş işleri bellenende, hökümiň öňki dolandyryş temmisi gutarandan soň, özbaşdak ýerine ýetirilýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

       Birnäçe jenaýat ýa-da höküm boýunça düzediş işleri görnüşindäki jeza bellenende, Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji, 64-nji maddalarynda göz öňünde tutulan düzgün boýunça düzediş işleriniň diňe möhletleri goşulyp bilner. Zähmet hakyndan tutulýan möçberleri goşulmaga degişli däldir.

      11. Türkmenistanyň JK-nyň 50-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, düzediş işlerinde işlemekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrylan mahalynda, kazyýet düzediş işleriniň çekilip gutarylmadyk möhletini onuň üç gününi azatlykdan mahrum etmekligiň bir gününe deň diýip hasaplamak bilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bilen çalşyryp biler.

         Şunuň bilen baglylykda, düzediş işlerinde işlemekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan adam diýip, düzgün bozmanyň nähilidigine seretmezden, ýagny ozal hasaba goýlan gününden ýa-da öňki işini goýan pursatyndan soň 15 günüň dowamynda esassyz sebäbe görä işe girmänligi; täze ýere ýaşamaga geçeninden soň 15 günüň dowamynda esassyz sebäbe görä, düzediş işlerini ulanmaklygy alyp barýan edara gelmänligi; bellenen jeza möhletiniň dowamynda sebäpsiz işe gelmänligi; işe alkogol, narkotiki ýa-da zäherli maddalardan serhoş ýagdaýda gelenligi we başgalar, ýazmaça görnüşde duýduryş yglan edilenden soň jeza çekmekligiň tertibini we şertlerini gaýtadan bozan adam, şeýle hem bolýan ýeri näbelli bolan, ýaşaýan ýerinden gaçyp gizlenen adamlaryň hasap edilýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

        Şonuň bilen birlikde-de, boýun gaçyrmaklygyň bolanlygyny-bolmanlygyny, onuň zannyýamanlyk bilen edilenligini ýa-da zannyýamanlykly däldigini we düzediş işleri görnüşindäki jezanyň azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyrylmalydygyny-däldigini kazyýet işiň ýagdaýlarynyň jemi boýunça özbaşdak çözýär.

        Türkmenistanyň JIÝK-nyň 480-nji maddasyna laýyklykda, düzediş işleriniň çekilip gutarylmadyk möhletini azatlykdan mahrum etmeklik bilen çalşyrmak hakyndaky işlere kazyýet mejlisinde, düzgün bolşuna görä, iş kesileniň gatnaşmagynda garalmalydyr. Diňe iş kesileniň gizlenýändigi ýa-da kazyýete gelmekden boýun gaçyrýandygy barada işde ýeterlik maglumat bar mahalynda, bu mesele kazyýet tarapyndan iş kesileniň ýoklugynda çözülip bilner.

12. Düzediş işlerini ýerine ýetirmegi alyp barýan edaralar tarapyndan kesgitlenilýän ýerlerde çekmeklige bellenen düzediş işlerini ýerine ýetirmek iş kesilen adamyň zähmete ukypsyzlygy üçin däl-de, başga bir sebäbe görä ýerine ýetirip bolmaýan mahalynda, şol düzediş işleri höküm çykaran ýa-da hökümiň ýerine ýetirilýän ýerindäki kazyýet tarapyndan öňki iş ýerinde işletmek bilen çalşyrylyp bilinmez, sebäbi şeýle etmek kanun tarapyndan göz öňünde tutulmandyr. Şeýle çalşyk diňe nägilelik ýa-da gözegçilik tertibinde ýokarda durýan kazyýet tarapyndan geçirilip bilner.

          13. Türkmenistanyň JK-nyň 85-nji, 86-njy maddalarynyň umumy düzgünlerden tapawutlylykda, kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin jerimäniň we düzediş işleriniň bellenilişiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýandyklaryna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

          14. Harby gulluk boýunça çäklendirmäniň düzediş işlerinden tapawudy, onuň birinjisiniň diňe ofiser düzümine degişli bolan şeýle hem şertnama boýunça harby gullugy geçýän işine seredilýän harby gullukçylara bellenilip bilinýändiginden ybaratdyr. Jezanyň şu görnüşi ýokarda görkezilen görnüşli iş kesilenlere-de, haçan-da, kazyýet işiň ýagdaýlaryny we iş kesileniň şahsyýetini nazara alyp, iki ýyldan köp bolmadyk möhlete azatlykdan mahrum etmegiň ýerine şol möhlete gulluk boýunça çäklendirilmegini maksada laýyk diýip hasap eden mahalynda ulanylyp bilner.

           Kazyýetler kazyýetde işine seredilýäniň aýratyn hukuk ýagdaýy bilen Türkmenistanyň JK-nyň aýratyn böleginiň maddasynda jenaýat edilenligi üçin düzediş işleri görnüşindäki jezany görkezýän jeza çäresiniň (sanksiýanyň) bardygy gabat gelip we düzediş işlerini bellemek maksada laýyk diýip hasap edilen mahalynda, şol jezanyň harby gulluk boýunça çäklendirmek görnüşine çalşylyp bellenip bilinýändigini göz öňünde tutmalydyrlar.

Türkmenistanyň “Harby borç we harby gulluk hakyndaky” Kanunynyň 27-nji maddasyna laýyklykda, şertnama boýunça harby gullugy geçýän adamlar diýip, Türkmenistanyň Goranmak Ministrligi (harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikler, döwlet komitetleri we pudaklar (wedomstwolar) bilen harby gullugy geçmek hakynda ýazmaça şertnama baglaşan raýatlar hasap edilýärler.

15. Emlägi muzdsuz almak, döwlet sylaglaryndan, harby we beýleki atlardan mahrum etmek azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jezalaryň görnüşleri bolmak bilen, diňe goşmaça jeza hökmünde ulanylýar (Türkmenistanyň JK-nyň 45-nji maddasynyň 3-nji bölegi).

Emlägi muzdsuz almak kazyýetiň garaýşy boýunça jezanyň görnüşi hökmünde diňe Türkmenistanyň JK-nyň aýratyn böleginiň degişli maddalary tarapyndan göz öňünde tutulan halatlarynda ulanylýar. Ol jerime, pul görnüşindäki töleg ýa-da emläk tutumlary bilen çalşyrylyp bilinmez.

Türkmenistanyň JK-nyň 52-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, iş kesileniň eýeçiligine degişli bolan we kanun tarapyndan gadagan usul bilen edinilen emläk muzdsuz alynmaga degişli emläk bolup biler.

Şonuň üçin, şu ýagdaýlar kazyýet tarapyndan jikme-jik barlanylmalydyr we hökümiň karara gelinýän böleginde muzdsuz alynýan zatlar anyk görkezilmelidir.

Günäkäriň öz eýeçiligine degişli däl emlägiň ýa-da onuň kanuny usul bilen edinen emläginiň tussag edilendigine şaýatlyk edýän maglumatlar bar mahalynda, şol emlägiň kime degişlidigi barada jedel ýok bolsa, kazyýet şeýle emlägi ýazgydan çykarmak, tussaglykdan boşatmak we ony kanuny eýesine gaýtaryp bermek barada karar kabul etmäge borçludyr.

16. Emläk Türkmenistanyň JIÝK-nyň 228-nji maddasyna laýyklykda, deslapky derňew döwründe tussaga alnan halatlarynda, kazyýet işe garamak bilen Türkmenistanyň JK-nyň 52-nji maddasynyň 3-nji böleginiň muzdsuz alynmaga degişli däl emläk hakyndaky talaplarynyň berjaý edilendigini-edilmändigini barlamalydyr we şeýle emlägiň ýazga goşulan halatynda, öz kesgitnamasy bilen ony ýazgydan çykarmalydyr we tussagdan boşatmalydyr.

17. Muzdsuz alynmaly edilen halatynda eýesiniň elinden onuň öýüniň alynmagynyň onuň maşgala agzalaryny we başga adamlary şol öýde kireýne alyjy hökmünde ýaşamak we ýaşaýyş jaý kadalarynyň çäklerinde ýaşaýyş jaý meýdanyndan peýdalanmak hukugyndan mahrum etmeýändigini kazyýetlere düşündirmeli. Maşgala agzalary we beýleki adamlar öýdäki eýeleýän ýaşaýyş jaý meýdanlaryndan diňe umumy kanuny esaslarda göçürilip bilner.

18. Döwlet sylaglaryndan, harby, ýörite ýa-da başga atlardan mahrum etmeklik günäkäriň şahsyýetini nazara alyp, diňe agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat edilen mahalynda, kazyýetiň garamagyna baglylykda ulanylýar. Şeýle jezanyň Türkmenistanyň JK-nyň Aýratyn böleginiň kadalarynda göz öňünde tutulmanlygy sebäpli, ol Türkmenistanyň JK-nyň 49-njy maddasyna salgylanylyp ulanylmalydyr.

Türkmenistanyň döwlet sylaglarynyň ählisinden we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylan atlardan mahrum etmek hakyndaky teklibiň Türkmenistanyň Prezidentine berilýändigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli. Başga halatlarda atlardan mahrum etmek baradaky höküm iş kesilene şol ady dakan wezipeli adama iberilýär, ol bolsa bellenen tertipde degişli resminamalara iş kesileniň görkezilen hormatly atdan mahrum edilendigi barada ýazgy girizýär, şeýle hem ony şeýle ady göterýän adamlar üçin göz öňünde tutulan hukuklardan we ýeňilliklerden mahrum etmek boýunça çäreleri görýär.

Türkmenistanyň döwlet sylaglarynyň we hormatly atlarynyň sanawy “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, harby atlar “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenendir.

Ýörite atlar diýip, içeri işler edaralarynyň, gümrük we salgyt gulluklarynyň, diplomatik gullugynyň işgärlerine dakylýan atlaryň we käbir başga atlaryň hasap edilýändigi göz öňünde tutulmalydyr.

Käbir başga atlara prokurorlara, kazylara berilýän hünär derejeleri we başgalar girýärler.

19. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalarynda belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza esasy jeza hökmünde göz öňünde tutulyp, şol maddalarda görkezilen jenaýatlary eden döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda, guramalarynda, jemgiýetçilik guramalarynda wezipe eýeleýän adamlar, şeýle hem harby gullukçylar barasyndaky işlere garalanda 2000-nji ýylyň mart aýynyň 23-däki “Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jenaýat jeza çäresini ulanmagyň tertibi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň talabyna görä, kazyýetde işine seredilýäniň işlän ulgamyndaky edaranyň ýolbaşçysy (mysal üçin, eger işi kazyýetde seredilýän gümrük gullugynda işleýän bolsa, onda Döwlet gümrükhanasynyň başlygy, eger işi kazyýetde seredilýän harby gullukçy bolsa, onda goranmak ministri ýa-da eger işi kazyýetde seredilýän kärdeşler arkalaşygynyň işgäri bolsa, onda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň merkeziniň başlygy), şeýle hem işe seredilýän ýerdäki welaýatyň ýa-da Aşgabat şäheriniň häkimi tarapyndan gol çekilen, şeýle jezany ulanmagyň maksadalaýykdygy baradaky, günä bildirilenden soň deslapky derňew edaralary tarapyndan alynmaga degişli ýazmaça pikir (onuň nähili atlandyrylýandygynyň ähmiýeti ýok: pikir, netije, haýyşnama, ýüzlenme we ş.m.) kazyýetlerde bolmalydyr.

Eger haýsy hem bolsa bir sebäbe görä, işde şeýle pikir bolmasa, onda kazyýet maslahat jaýyna gitmezden öň ony almalydyr. Şeýle jeza çäresini ulanmagyň maksadalaýykdygy baradaky pikir bilen razylaşmadyk ýagdaýynda, kazyýet belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşli jeza çäresini ulanmandygynyň delillerini hökümde görkezmäge borçludyr.

Ýokarda görkezilen talaplar azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolan jeza çäresiniň çekilmän galan bölegi belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşli jeza bilen çalşyrylanda hem berjaý edilmelidir.

20. Eger ýeterlik esas bar bolsa, esasy jeza hökmünde ulanylmagy mümkin bolan azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jezalaryň ähli görnüşini-de, Türkmenistanyň JK-nyň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda göz öňünde tutulan jezadan has ýeňil görnüşli jeza hökmünde Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny ulanyp bellemek bolar.

Şunda eger tussaglykda saklanýan iş kesilene düzediş işleri ýa-da harby gulluk boýunça çäklendirme görnüşindäki jeza bellenende, azatlykdan mahrum etmekligiň bir güni düzediş işleriniň ýa-da harby gulluk boýunça çäklendirmegiň üç gününe ýöreýän bolsa (Türkmenistanyň JK-nyň 65-nji maddasynyň 1-nji bölegi), şeýle tussaglykda saklanan iş kesilene jerime, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jezany bellände, kazyýet onuň tussaglykda saklanan möhletini nazara alyp, bellenen jezany ýeňilleşdirýär ýa-da ony şol jezany çekmekden boşadýar (Türkmenistanyň JK-nyň 66-njy maddasynyň 5-nji bölegi).

Haçan-da haýsydyr bir goşmaça jeza Türkmenistanyň JK-nyň Aýratyn böleginiň maddasynyň jezalandyryş böleginde hökmany bellenilmeli diýip görkezilen halatynda-da, kazyýet Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny ulanyp, şeýle jezany bellemezlige haklydyr.

21. Kanunyň jezalandyryş böleginde azatlykdan mahrum etmek bilen bir hatarda haýsydyr bir azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza hem göz öňünde tutulan jenaýat edilen halatynda, eger kazyýet günäkäre azatlykdan mahrum etmekligi bellemek zerur diýip netijä gelse, onda ol öz höküminde azatlykdan mahrum etmek hakyndaky karary kabul etmegine esas bolan sebäpleri görkezmelidir.

22. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 480-nji maddasyna laýyklykda, zerurlyk ýüze çyksa, kazyýet azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza bellenende goýberilen aşakdaky kemçilikleri düzetmek hakyndaky meseläni JIÝK-nyň 482-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde çözmäge haklydyr, sebäbi bu ýagdaýlar hökümiň düýp manysyna täsir etmeýär we iş kesileniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirmeýär, ýagny kazyýet şeýle tertipde:

-ýetirilen zyýany düzetmek borjunyň görnüşini we bellenen jerimäniň anyk möçberini kesgitlemek barada, eger jeza bellenen wagtynda olar görkezilmedik bolsa;

-eger kazyýetiň höküminde belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek jezasy bellenende wezipe ýa-da işiň görnüşi anyk kesgitlenmedik bolsa, onda wezipäni ýa-da işiň görnüşini aýdyňlaşdyrmak hakyndaky;

-eger höküm çykarylan wagtynda görkezilmedik bolsa, düzediş işlerine iş kesileniň şol jezany çekmeli ýerini we onuň zähmet hakyndan döwletiň haýryna alynmaly tutumyň möçberini kesgitlemek hakyndaky;

-emlägi muzdsuz almagy üpjün etmek çäresi emläk muzdsuz alynmadyk bolsa-da, höküm çykarylanda ýatyrylmadyk bolsa, onda şol çäräni ýatyrmak hakyndaky;

-eger düzediş işleri ýa-da harby gullukda çäklendirme görnüşindäki jezalar bellenende deslapky tussaglykda saklanylan wagt jeza möhletiniň hasabyna alynmadyk bolsa ýa-da hasaplanylanda nätakyklyk goýberilen bolsa, onda tussaglykda saklanylan wagty jeza möhletiniň hasabyna almak hakyndaky we başga meseleleri çözmäge haklydyr.

23. Kazyýetler kazyýet kararlarynyň, şol sanda belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, jerime, ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, emlägi muzdsuz almak, şeýle hem döwlet sylaglaryndan, harby we beýleki atlardan mahrum etmek ýaly, azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jezalara iş kesilen adamlar hakyndaky hökümleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmelidirler (Türkmenistanyň Jenaýat Ýerine ýetiriş kodeksiniň 17-nji maddasy).

24. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işler boýunça kazyýet kollegiýasy welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jezalary bellemekligi düzgünleşdirýän kanunçylygyň ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmelidirler, hökümde goýberilen ýalňyşlyklary öz wagtynda ýüze çykaryp düzetmelidirler. Kazyýetlere azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza çäreleriniň bellenilişiniň iş ýörelgesini yzygiderli öwrenmekligi we umumylaşdyrmagy maslahat bermeli.

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ö.Ataýew

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 6

 

        1999-njy ýylyň iýul aýynyň 22-si                                      Aşgabat şäheri

 

Jelepçilik bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin

jogapkäçiligi göz öňünde tutýan kanunçylygyň

ulanylyşy boýunça iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 27.12.2016ý. №11, 08.12.2018ý. 7 kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Jelepçilik bilen baglanyşykly işler boýunça kazyýet iş ýörelgesini umumylaşdyrmagyň netijelerini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi şu görnüşli işleri kazyýetleriň, esasan, kanuna laýyk çözýändiklerini belleýär.

Şonuň bilen birlikde, kazyýetleriň işinde görkezilen görnüşli işlere garamak boýunça henizem kemçilikler bar we ýalňyşlyklar goýberilýär. Kazyýetler türkmen halkynyň ahlak ýörelgelerine we däp-dessurlaryna ters gelýän, biziň jemgyýetimiziň ruhy sütünlerine howply bolan şeýle jenaýatlaryň jemgyýetçilik howpuna häzire çenli hem kembaha garaýarlar we şeýle jenaýatlary etmekde günäkär adamlara kämahal esassyz ýeňil jeza çärelerini belleýärler.

 

Kazyýetleriň jelepçilik bilen baglanyşykly jenaýatlaryň edilmeginiň sebäplerini we şertlerini öwrenmeýän we olary aradan aýyrmak üçin anyk çäreleri görmeýän halatlary bar.

 

Nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetler birinji basgançakly kazyýetler tarapyndan goýberilýän ýalňyşlyklary öz wagtynda ýüze çykarmaýarlar, olary şeýle işler baradaky kanunçylyga dogry we birmeňzeş düşünmeklige hemişe gönükdirmeýärler.

 

Bellenip geçilen ýetmezçilikleri aradan aýyrmak we jelepçilik bilen baglanyşykly işler boýunça kanunçylygyň birmeňzeş we dogry ulanylmagyny üpjün etmek maksatlary bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R    E D Ý Ä R :

 

1.Jelepçilik bilen meşgullanmak, jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek, azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik etmek bilen meşgullanmak üçin jelephanalary guramak ýa-da saklamak, duşuşdyryjylyk etmek, sutenýorlyk (oýnaşyň hasabyna ýaşamak) etmek ýaly jenaýatlaryň biziň jemgyýetimiziň ruhy sütünlerine howp salýandygyny nazara alyp, şeýle jenaýatlary eden adamlar barasyndaky jogapkärçiligiň esassyz gowşadylmagyna ýol bermän, şeýle jenaýatlaryň garşysyna aýgytly göreş alyp barmaklygyň zerurdygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

 

2.Kazyýetler jelepçilik bilen baglanyşykly işlere garalanda, Türkmenistanyň JIÝK-nyň 23-nji maddasyny berk gollanyp, jelepçilik bilen baglanyşykly jenaýatlary etmekde günäli adamlaryň hemmesiniň jogapkärçilige çekilmelidigine aýratyn üns berip, işiň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüz barlamak üçin, kanunda göz öňünde tutulan hemme çäreleri görmelidirler.

 

3.Türkmenistanyň JK-nyň 138-nji maddasynda göz öňünde tutulan, jelepçilik bilen meşgullanmak diýip, pul ýa-da başga bir peşgeş üçin, başga bir adam bilen her hili görnüşde jyns gatnaşygyna girişmeklige, eger ol administratiw temmi berlenden soň bir ýylyň içinde gaýtadan edilen bolsa, düşünmelidigini kazyýetlere düşündirmeli. Şunda günäkäriň hereketlerini maddalaşdyrmak üçin peşgeşiň möçberiniň we häsiýetiniň ähmiýeti ýokdur.

 

4.Jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek-bu adamda jelepçilik bilen meşgullanmaga isleg döretmeklik, aýallary öz tenleriniň söwdasyny etmeklige çekmek, yrmak, meýil döretmek, mejbur etmekdir.

Türkmenistanyň JK-nyň 139-njy (jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek), 140-njy (azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin jelephanalary guramak ýa-da saklamak), 141-nji (duşuryjylyk etmek), 142-nji sutenýorlyk (oýnaşyň hasabyna ýaşamak) maddalarynda gaýtalanan diýip, şol maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň haýsydyr birini öň eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär. Şunda eger jenaýat eden adam ozalky eden jenaýaty üçin jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezasyndan boşadylan bolsa, ýa-da şol jenaýatlary üçin iş kesilenlik aýby öz-özüňden ýa-da kanun tarapyndan bellenen tertipde aýrylan bolsa, onda şeýle jenaýatyň Türkmenistanyň JK-nyň 17-nji maddasyna laýyklykda, gaýtalanan diýip hasap edilmeýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

 

5.Türkmenistanyň JK-nyň 139-njy maddasynyň 2-nji böleginiň “b” bendinde göz öňünde tutulan, jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmeklik, eger muňa jenaýaty etmek barada deslapky dilleşen iki ýa-da ondan köp adam gatnaşan bolsa, deslapky dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen diýlip hasap edilýär.

 

6.Kazyýetler Türkmenistanyň JK-nyň 139-njy maddasynyň 2-nji böleginiň “ç” bendinde göz öňünde tutulan, kämillik ýaşyna ýetmedikleri jelepçilik bilen meşgullanmaga çekenligi üçin, özüniň hereketleri bilen hut kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy şonuň bilen meşgullanmaga çekýändigini bilen ýa şony çak eden, ýa-da muny öňünden bilmegi mümkin bolan we bilmeli bolan adamyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişlidigini göz öňünde tutmalydyrlar. Şunda kazyýetler diňe aýyplanýanyň görkezmelerini nazara alyp oňman, eýsem olaryň işiň ähli anyk ýagdaýlary boýunça gabat gelýändigini jikme-jik barlap, günäkäriň kämillik ýaşyna ýetmedikleri jelepçilik bilen meşgullanmaga çekenligi üçin jogapkärçilikden boşadylmagyna ýol bermeli däldirler.

 

7.Günäkärleriň hereketleri jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmekligi zorlugy ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbaty bilen edilen hökmünde Türkmenistanyň JK-nyň 139-njy maddasynyň 2-nji böleginiň “d” bendi boýunça maddalaşdyrylanda, kazyýetler aşakdakylary göz öňünde tutmalydyrlar.

Jelepçilik bilen meşgullanmaklyga çekilende fiziki zorlugy ulanmak diýip, adama mejbur ediji täsir etmek maksady bilen urmaklyga, saglyga şikes ýetirmeklige, bikanun azatlykdan kesmeklige we fiziki güýjüň başga-da görnüşlerde ulanylmagyna düşünmelidir. Eger fiziki zorluk aýallary jelepçilik bilen meşgullanmaklyga çekilende horlamak, saglyga bilkastdan ýeňil ýa-da orta agyrlykdaky şikes ýetirmek görnüşinde ýüze çykan bolsa-da, günäkäriň şu hereketlerini Türkmenistanyň JK-nyň 108,111,113-nji maddalary, 139-njy maddasynyň 1-nji we 2-nji bölekleri boýunça goşmaça maddalaşdyrmaklygyň zerurlygy ýok, çünki şol hereketler Türkmenistanyň JK-nyň 139-njy maddasynyň 2-nji böleginiň “d” bendi tarapyndan gurşap alynýar.

Zorluk ulanmak haýbaty ruhy taýdan täsir etmek (zorluk) bolup, ol meşgullanmaklyga çekilýän adama fiziki zorlugy ulanmak hyýalynyň dilden, hat üsti bilen, telefon boýunça we ş.m. görnüşinde aýdylmagynda ýüze çykýar. Şunda zorluk we ony ulanmak haýbaty meşgullanmaklyga çekilýän adamyň diňe bir özüne däl-de, eýsem onuň ýakyn garyndaşlaryna hem degişli bolup bilýärler. Zorluk ulanmak haýbaty jenaýat häsiýetli jezalandyryşa, haçan-da jebir çekende onuň amala aşyrylmagyndan gorkmaga esas bar bolsa degişlidir, sebäbi diňe hakykat ýüzünde amala aşyrylyp bilinjek haýbat gorkuzyjy täsir etmäge ukyplydyr. Zorlugy ulanmak haýbaty jelepçilik bilen meşgullanmaga çekilýän adamyň gös-göni özüne ýa-da başga biriniň üsti bilen aýdylyp bilner.

 

8.Türkmenistanyň JK-nyň 139-njy maddasynyň 2-nji böleginiň “e” bendi haýbaty (şantažy) ýa-da aldawy ulanyp, jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmegi göz öňünde tutýar.

Haýbat (şantaž) diýip, jelepçilik bilen meşgullanmaga çekilýän adamyny masgaralaýan nähilidir bir maglumaty, onuň hakykata gabat gelýändigine ýa-da gabat gelmeýändigine garamazdan, başgalara, mysal üçin, ata-enesine, goňşularyna, işdeş ýoldaşlaryna, döwlet edaralaryna ýa-da başga bir gurama aýan etmek howpuny salmaklyga düşünilmelidir.

Jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmegiň usuly hökmündäki aldaw meşgullanmaga çekilýäne bilgeşleýin ýoýlan ýagdaýy habar bermekden ýa-da hakyky ýagdaýlary, ýagny aldaýan adamyň şol aýaly jelep hökmünde ulanmagy niýet edinýändigi barasynda dymmakdan ybaratdyr. Netijede, adam şu işiň häsiýeti ýa-da başga ýagdaýlar (meselem, jebir çekeniň kimdir biri bilen jyns gatnaşygyna gireni üçin, meşgullanmaga çeken adam tarapyndan pul alnandygy we ş.m.) babatynda ýalňyş pikirde bolmak ýagdaýynda jelepçilik bilen meşgullanmaga çekilýär.

 

9.Günäkäriň gollanan äheňleriniň ýa-da onuň nähili maksadyň hatyrasyna jenaýatly etmişi edenliginiň (betnebislik, ar almak, göriplik we ş.m.) onuň hereketleriniň Türkmenistanyň JK-nyň 139-njy maddasy boýunça maddalaşdyrylmagyna täsiri ýokdur.

 

10.Kazyýetler Türkmenistanyň JK-nyň 140-njy maddasy boýunça iki sany özbaşdak jenaýat: 1) azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin jelephanalaryň guralanlygy we 2) şeýle maksatlar bilen jelephanalaryň saklananlygy üçin jogapkärçiligiň bellenendigine aýratyn üns bermelidirler.

Jelephana diýip, jelepçilik bilen meşgullanmak üçin ýörite abzallaşdyrylan ýa-da şol maksat bilen yzygiderli ulanylýan jaýa ýa-da başga ýerlere düşünilmelidir.

Jelephana hökmünde ýaşaýyş jaýlary (öý, jaý, daça) we gulluk jaýlary, ýörite abzallaşdyrylan tehniki we kömekçi jaýlar, ýerzeminler we ş.m. ulanylyp bilnerler.

 

11.Jelephanany guramak ony döretmeklige degişli işden, meselem, jaýy saýlap almakdan, şol jaýy kireýne almakdan, ony jelephananyň maksatlaryna laýyklaşdyrmakdan, jelepçilik bilen ýa-da azgynlyk etmek bilen meşgullanýan adamlary we olaryň müşderlerini saýlap tapmakdan we ş.m. ybaratdyr.

Jelephanany saklamak diýip, tölegli ýa-da olar üçin başga bir peşgeş berilmeginiň hökmanylygynda jyns gatnaşyklaryna girýän adama onuň tölegli ýa-da mugt berilmegine düşünilmelidir. Şunda ony saklaýanyň şol ýerde ýaşamagy hökman däldir.

Eger jelephanalary guramak ýa-da saklamak wezipeli adam tarapyndan ýa-da täjirçilik ýa başga bir guramada dolandyryjylyk wezipesini ýerine ýetirýän adam tarapyndan, olaryň ygtyýarlyklary hyýanatly peýdalanylyp amala aşyrylýan bolsa, onda şeýle etmişli hereketler degişlilikde Türkmenistanyň JK-nyň 140-njy we 181-nji ýa-da 140-njy we 267-nji maddalary boýunça maddalaşdyrylmaga degişlidirler.

Şeýle jelephanalary guramakdan we saklamakdan girdeji alynmagy ýa-da onuň başga, betnebissiz esaslar boýunça amala aşyrylmagy şu jenaýatyň maddalaşdyrylyşyna täsir etmeýär.

Türkmenistanyň JK-nyň 140-njy maddasynda göz öňünde tutulan jenaýat şu kararyň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlaryndan başga-da, haçan-da azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin jelephanalar iki ýa-da birnäçe ýerlerde (jaýlarda) guralýan ýa saklanýan bolanda, ýa-da şol bir ýerde (jaýda), ýöne ozal şeýle jenaýat edenligi üçin iş kesilen adam tarapyndan guralan ýa-da saklanýan halatynda-da gaýtalanan jenaýat diýip hasap edilýär.

 

12.Türkmenistanyň JK-nyň 141-nji maddasynda göz öňünde tutulan duşuryjylyk etmek – bu azgynlyk etmekde ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmakda arada durmakdyr, ýagny betnebisli niýetler bilen ýa-da başga bir şahsy bähbitleri yzarlap, jyns gatnaşyklary üçin erkegiň we aýalyň arasynda duşuşyk guramak, adamlary şeýle işleri etmeklige yrmakdyr.

 

13.Türkmenistanyň JK-nyň 142-nji maddasynda göz öňünde tutulan sutenýorluk (oýnaşyň hasabyna ýaşamak) diýip, bir adamyň jelepçilik bilen meşgullanýan beýleki bir adamy peýdalanmak we onuň jelepçilik bilen meşgullanyp gazanýan girdejisini ýa-da girderjisiniň bir bölegini eýelemek boýunça amala aşyrýan işine aýdylýar.

 

14.Türkmenistanyň JK-nyň 139-142-nji maddalary boýunça 16 ýaşa ýeten aýal, şeýle-de erkek jynsly adam, 138-nji madda boýunça bolsa diňe 16 ýaşa ýeten aýal adam jogapkärçilige çekilip bilner.

 

15.Şeýle jenaýatlar üçin jeza çäresi bellenende, kazyýetler şol jenaýatyň amala aşyrylanyndaky hemme ýagdaýlaryň umumy jemini, günäkäriň şahsyýetini, jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary nazara almaga borçludyrlar. Jenaýatyň bu görnüşiniň ýokary howpludygyny nazara alyp, kazyýetler jelepçilik bilen meşgullanýan adamlara berk jeza çärelerini ulanmaklygyň gowşadylmagyna ýol bermeli däldirler.

 

16.Jelepçiligiň ýaýramagynyň öňüni almak maksatlary bilen kazyýetler Türkmenistanyň JIÝK-nyň 242-nji, 434-nji maddalarynyň talaplaryny berk berjaý edip, şeýle jenaýatlaryň edilmegine ýol açan sebäpleri we şertleri jikme-jik aýdyňlaşdyrmalydyrlar we olar barada hususy kesgitnamalar (kararlar) bilen täsir edip, olary ýok etmek boýunça anyk çäreleriň görülmegini gazanmalydyrlar.

17.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy welaýatlaryň kazyýetleri we Aşgabat şäher kazyýeti jelepçilik bilen baglanyşykly işler boýunça kazyýet iş ýörelgesini yzygiderli öwrenmelidirler we şu görnüşli işlere garalanda goýberilýän ýalňyşlary öz wagtynda ýüze çykarmalydyrlar we düzetmelidirler hem-de aşakda durýan kazyýetlere amaly kömek bermek işini güýçlendirmelidirler.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ö.Ataýew

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 2

 

2000-nji ýylyň noýabr aýynyň 3-i                                                     Aşgabat şäheri

 

Bilkastlaýyn adam öldürmek baradaky

işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

(Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasy)

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015 ý. №2, 08.12.2018 ý. №7 kararlary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar  girizilen)

 

Bilkastlaýyn adam öldürilenligi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan kanunçylygyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen we kazyýet işinde düşündiriş berilmegi zerur bolan meseleleriň ýüze çykandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

  K A R A R    E D Ý Ä R :

 

1. Bilkastlaýyn adam öldürmegiň agyr we aýratyn agyr jenaýatlardygyny hem-de şeýle jenaýatlaryň edilendigi üçin has berk jeza çäresiniň göz öňünde tutulandygyny nazara alyp, şeýle işlere garanlarynda kazyýetler işiň ýagdaýlaryny hemme taraplaýyn, doly we hakyky barlamak baradaky kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge borçludyr.

Her bir iş boýunça günäniň görnüşi, adam öldürmegiň delili, maksady we usuly anyklanmalydyr hem-de günäkäriň etmişlerine hukuk taýdan dogry baha bermek we oňa adyl jeza çäresini bellemek üçin ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar barlanylmalydyr.

2. Eger Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynda göz öňünde tutulan bilkastlaýyn adam öldürmek babatdaky gutarylan jenaýat gönümel hem-de gyýtaklaýyn niýet bilen amala aşyrylyp bilinýänem bolsa, adam öldürmegiň kastyna düşmek diňe gönümel niýet bilen amala aşyrylyp bilinýär, ýagny haçan-da günäkäriň etmişli hereketleri onuň öz hereketleriniň jemgyýetçilik howplulygyna düşünendigine, şol hereketleriň netijesinde başga adamyň ölmeginiň mümkindigine ýa-da gutulgysyzdygyna öňünden göz ýetirendigine şaýatlyk edýän bolsa, ýöne günäkäriň özüne bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli, jebir çeken ölmän galan bolsa (jenaýatyň pidasy bolanyň işjeň garşylyk görkezmegi, başga adamlaryň päsgel bermegi, jebir çekene wagtynda saglyk kömeginiň berilmegi we ş.m), bilkastlaýyn adam öldürmek kastyna düşülen diýip hasap edilýär.

Günäkäriň hereketlerinde adam öldürmegiň kastyna düşmegiň bardygy subut bolan ýagdaýynda, onuň hereketlerini jebir çekene hakykat ýüzünde ýetirilen zyýanyň netijesi boýunça goşmaça maddalaşdyrmak talap edilmeýär.

 

3. Bilkastlaýyn adam öldürilende günäkäriň niýetiniň jebir çekeni janyndan mahrum etmeklige gönükdirilendiginden, Türkmenistanyň JK-nyň 107-nji maddasynyň 3-nji böleginde görkezilen jenaýat edilende bolsa, jebir çekeniň ölmeginiň günäkäriň seresapsyzlygy sebäpli ýüze çykýandygyndan ugur alyp, bilkastdan adam öldürmegi adamyň saglygyna onuň ölmegine getiren agyr şikesi bilkastlaýyn ýetirmekden çäklendirmek zerurdyr.

Günäkäriň niýetiniň nämä gönükdirilendigi hakyndaky meseläni çözenlerinde kazyýetler jenaýatyň amala aşyrylyşynyň ähli ýagdaýlarynyň jeminden ugur almalydyrlar we şunda, ylaýta-da, jenaýatyň ediliş usulyny we ýaragyny, ten şikesleriniň sanyny, häsiýetini we ýerleşen ýerlerini (meselem, adamyň ýaşaýşy üçin zerur agzasyna ýara salynmagy), günäkäriň öz hereketlerini bes etmeginiň sebäplerini we ş.m., şeýle hem günäkäriň we jebir çekeniň jenaýat edilmänkä we ondan soňky özlerini alyp baryşlaryny, olaryň özara gatnaşyklaryny nazara almalydyrlar.

4. Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen maddalaşdyryjy alamatlaryň we Türkmenistanyň JK-nyň 102-nji, 103-nji we 104-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň bolmadyk ýagdaýlarynda adam öldürilmegi, meselem, bozgakçylyk äheňleri bolmazdan dörän özara dawada we uruşda, gabanjaňlyk, ar almak äheňleri boýunça, özara gatnaşyklar esasynda ýüze çykan göriplik, oňşuksyzlyk we ýigrenç sebäpli, bilkastlaýyn adam öldürilmegi Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 1-nji bölegi bilen maddalaşdyrylýar.

5. Eger iki we şondan-da köp adam öldürilende, günäkäriň hereketleri onuň umumy bir maksadynyň içine girýän bolsa we adatça, şol bir wagtyň özünde ýa-da gysga wagt aralygynda edilen bolsa, onda bu etmişli hereketler Türkmenistanyň      JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “a” bendi bilen maddalaşdyrylýar.

Bir adamyň öldürilmegi we başga bir adamyň janyna kast edilmegi jenaýatyň iki adamy öldürmek diýen görnüşi boýunça ahyryna ýetirilen jenaýat diýip hasap edilip bilinmez. Şeýle ýagdaýlarda jenaýatly hereketleriň haýsysynyň öňürti edilendigine garamazdan, şol etmişli hereketler Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 1-nji ýa-da 2-nji bölegi bilen we 14,101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “a” bendi bilen maddalaşdyrylmalydyr.

6. Adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny kanunalaýyk amala aşyrmagyna ýol bermezlik ýa-da onuň şeýle işi üçin ar almak maksady bilen onuň özi ýa-da onuň ýakyn adamlary bilkastlaýyn öldürilen bolsa, bu hereketler Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “b” bendi bilen maddalaşdyrylýar.

Gulluk borjuň amala aşyrylmagy diýip, adamyň döwlet we eýeçiligiň görnüşine garamazdan, başga kärhanalar we guramlar bilen zähmet şertnamasyndan gelip çykýan borçlary bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagyna, jemgyýetçilik borjuň ýerine ýetirilmegi diýip bolsa, jemgyýetiň bähbidi ýa-da aýry adamlaryň kanuny bähbidi üçin, raýatyň öz üstüne ýörite ýüklenen borçlarynyň amala aşyrylmagyna, şeýle hem jemgyýet üçin peýdaly bolan beýleki hereketleriň edilmegine (kanun bozulmalaryň öňüni almaklyga, edilen ýa-da taýynlanylýan jenaýat barada ýa-da kanun bozandygy üçin gözlenilýän adamyň bolýan ýeri barada häkimiýet edaralaryna habar berilmegine, şaýat ýa-da jebir çeken tarapyndan adamyň jenaýat edendigini paş edýän görkezme berilmegine we ş.m) düşünilmelidir.

Jebir çekeniň ýakyn adamlarynyň sanyna onuň ýakyn garyndaşlary bilen bir hatarda, onuň bilen garyndaşlyk we gudaçylyk garyndaşlygynda (aýalynyň garyndaşlary) durýan, şeýle hem şahsy gatnaşyklary boýunça jany, saglygy we abadançylygy jebir çekene gymmatlydygy günäkäre göz-görtele äşgär bolan başga adamlar hem girýär.

7. Günäkär adam öldürýän wagty jebir çekeniň öz beden, güýç-kuwwaty ýa-da ruhy ýagdaýy sebäpli özüni goramaga we oňa işjeň garşylyk görkezmäge ukypsyzdygyna akyl ýetiren bolsa, onda onuň bu hereketleri Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “ç” bendi bilen (garawsyzlygy günäkäre görnetin bolup duran adamy öldürmek) maddalaşdyrylmalydyr. Garawsyz ýagdaýdaky adamlar diýip, agyr keselliler we garrylar, kiçi ýaşly çagalar, uklap ýatan adam, töwereginde bolup geçýän hadysalara dogry düşünmek ukybyndan mahrum edýän aň bulaşmasyndan ejir çekýän adamlar, şeýle hem agyr serhoş haldaky adamlar hasap edilip bilner.

Günäkäriň hereketleri “adamy ogurlamak ýa-da girewine almak bilen baglanyşyklylykda öldürmek” diýen alamat boýunça maddalaşdyrylanda, kanunyň manysyndan gelip çykyşyna görä, Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň şu bendi boýunça jogapkärçiligiň diňe bir ogurlanan ýa-da girewine alnan adam bilkastlaýyn öldürilende däl-de, eýsem adamy ogurlamak ýa-da girewine almak bilen baglanyşyklylykda günäkär tarapyndan başga adamlar öldürilende hem ýüze çykýandygyny göz öňünde tutmaly. Şeýle etmişli hereketler adam öldürmekden başga-da, Türkmenistanyň JK-nyň 126-njy ýa-da 130-njy maddasynda görkezilen jenaýatlaryň umumy jemi boýunça maddalaşdyrylmalydyr.

8. Kazyýetde işine seredilýän adamy Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň  2-nji böleginiň “d” bendi bilen günäli bilmek üçin, jebir çekeniň göwrelidigini onuň şübhesiz bilmegi gerek, şunda göwreliligiň möhletiniň we göwredäki çaganyň ýaşaýşa ukyplylygynyň ähmiýeti ýokdur.

9. Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “e” bendinde görkezilen zorlamak bilen ýa-da seksual häsiýetli zorlukly herektler bilen baglanyşyklylykda adam öldürmek diýip, görkezilen jenaýatlar edilýän wagty ýa-da olary ýaşyrmak maksady bilen, şeýle hem şu jenaýatlar edilen mahaly görkezilen garşylyk üçin ar almak esasynda adam öldürmeklige düşünilmelidir.

Zorlamak ýa-da seksual häsiýetli zorlukly hereketler bilen baglanyşyklylykda bilkastdan adam öldürilende, iki sany özbaşdak jenaýatyň edilýändigini nazara alyp, şu etmişli hereketler Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “d” bendi we işiň anyk ýagdaýlaryna baglylykda, Türkmenistanyň JK-nyň 134-nji ýa-da 136-njy maddasynyň degişli bölekleri bilen maddalaşdyrylmalydyr. Şunda günäkäriň hereketlerini Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “j” bendi bilen maddalaşdyrmak talap edilmeýär.

10. Adam öldürmek Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “ä” bendi bilen maddalaşdyrylanda, aýratyn zalymlyk diýen düşünjäniň adam öldürmegiň usuly bilen, şeýle hem günäkär tarapyndan aýratyn zalymlyk edilendigine şaýatlyk edýän beýleki ýagdaýlar bilen baglanyşyklydygyndan ugur alynmalydyr.

Meselem, şu ýagdaýlarda, ýagny haçan-da adam öldürmegiň öň ýanynda ýa-da öldürmegiň dowamynda jebir çekýän barasynda gynamak, horlamak ýa masgaralamak ulanylan bolsa ýa-da jebir çekene aýratyn azap berilýändigi günäkäre açyk mälim bolan usul bilen adam öldürilende (kän sanly ten şikesleriniň salynmagy, zäheriň azap beriji täsir edýän görnüşiniň ulanylmagy, diriligine ýakmak, uzak wagtlap iýmitden, suwdan kesmek, bogmak, gark etmek we ş.m), aýratyn zalymlygyň alamatlary bardyr. Adam öldürmek jebir çekeniň ýakyn adamlarynyň barlygynda we şolary öz hereketleri bilen aýratyn gynandyrýandygyna günäkäriň düşünýän ýagdaýynda edilende hem aýratyn zalymlyk alamaty ýüze çykyp biler.

Jesediň diňe masgaralanmagy öz-özünden adamyň aýratyn zalymlyk bilen öldürilendigine şaýatlyk edýän ýagdaý diýip hasap edilip bilinmez. Şeýle ýagdaýlarda bu etmişli hereketler, eger jebir çeken janyndan mahrum edilmezden öň ýa-da edilýän mahaly günäkär tarapyndan aýratyn zalymlyk edilendigi barada başga maglumat ýok bolsa, onda Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň degişli bölegi we Türkmenistanyň JK-nyň 165-nji maddasynyň meýdiň hormatynyň gaçyrylandygy üçin jogapkärçilik göz öňünde tutýan 2-nji bölegi bilen maddalaşdyrylmalydyr.

Jenaýaty gizlemek maksady bilen jesedi ýok etmek ýa-da böleklemek adamy aýratyn zalymlyk bilen öldürmek diýip maddalaşdyrmak üçin esas bolup bilmez.

11. Adamy köp adamlaryň jany üçin görnetin howply usul bilen öldürmek (Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “f ” bendi) diýip, şeýle usul bilen, ýagny diňe bir jebir çekeniň jany üçin däl-de, eýsem hiç bolmanda ýene-de bir adamyň jany üçin howp salýandygy günäkäre äşgär bolan mahaly bilkastlaýyn adam öldürilmegine düşünilmelidir, mysal üçin, partlatmak, ýangyn tutaşdyrmak, adamlaryň üýşüp duran tarapyna ok atmak arkaly, jebir çekenden başga adamlar tarapyndan hem ulanylýan suwy we iýmiti zäherlemek arkaly adam öldürilmegine düşünilmelidir.

Eger günäkäriň adam öldürmek üçin şeýle usuly ulanmagy netijesinde diňe belli bir adam däl-de, eýsem başga adamlar hem ölen bolsa, şu etmişli hereketler Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “ž” bendinden başga-da, Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “a” bendi bilenem, başga adamlaryň saglygyna şikes ýetirilende bolsa-Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “ž” bendi we JK-nyň bilkastlaýyn saglyga şikes ýetirilendigi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy bilen hem maddalaşdyrylmalydyr.

Partlatmak, ýangyn tutaşdyrmak ýa-da başga köpçülikleýin howply usul bilen adam öldürmek başga biriniň emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamak bilen baglanyşykly bolsa, şeýle etmişli hereketler Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “ž” bendi bilen bir hatarda Türkmenistanyň JK-nyň 235-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “a” bendi bilen hem maddalaşdyrylmaga degişlidir.

12. Adam öldürmek Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “g” bendi bilen maddalaşdyrylanda, jenaýatyň deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar we jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilendigi baradaky düşünjäniň Türkmenistanyň JK-nyň 34-nji maddasyndaky kesgitlemesinden başga-da, şu bent bilen iki ýa-da köp adam tarapyndan deslap dilleşmezden bilkastlaýyn adam öldürmek üçin jogapkärçiligiň göz öňünde tutulýandygyny nazara almak zerurdyr.

Haçan-da adam öldürilýän wagty ýüze çykan niýete laýyklykda, iki ýa-da köp adam bilelikde hereket edip, jebir çekene zorluk ulanmak bilen, ony janyndan mahrum etmäge gös-göni gatnaşan bolsalar, onda adam öldürmek iki ýa-da köp adam tarapyndan deslap dilleşmezden edilen diýip hasap edilýär. Şunda jebir çekeniň ölmegine getiren şikesleriň olaryň her biri tarapyndan ýetirilmegi hökmany däldir (mysal üçin, biri jebir çekeniň garşylygyny basyp, ony goranmakdan mahrum eden bolsa, beýlekisi bolsa oňa ölüm howply şikes ýetiren bolsa).

Bilkastlaýyn adam öldürmäge gönükdirilen hereketler bir adam tarapyndan edilýän mahaly, oňa şol maksat bilen başga adam (adamlar) birigen ýagdaýynda hem, adam öldürmek iki ýa-da köp adam tarapyndan deslap dilleşmezden edilipdir diýip hasaplanmalydyr.

Günäkäriň hereketleri adam öldürmek adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen diýen alamatlar boýunça maddalaşdyrylanda, kazyýetler Türkmenistanyň JK-nyň 34-nji maddasynyň düzgünlerini gollanmalydyrlar.

Adam öldürmek guramaçylykly topar we jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilipdir diýip bilnende, oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň hereketleri hem jenaýatly hereketleriň haýsysynyň ýerine ýetirilendigine garamazdan, bilelikde ýerine ýetirijiler hökmünde, Türkmenistanyň JK-nyň 33-nji maddasyna salgylanmazdan maddalaşdyrylmaga degişlidir.

13. Günäkäriň ýa-da başga bir adamyň maddy bähbitleri (pul, emläk ýa-da şolary almaga hukuk, ýaşaýyş jaý meýdanyna hukuk we ş.m) üçin ýa-da maddy çykdajylardan (emläk gaýtaryp bermekden, bergiden, edilen hyzmat üçin tölegden, emläk borçlaryny ýerine ýetirmekden aliment tölemekden we başgalardan) dynmak üçin, bilkastlaýyn adam öldürmek Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “h” bendi bilen maddalaşdyrylmalydyr.

Emma şunuň bilen birlikde bergidaryň maddy zyýany tölemek borçlaryny ýerine ýetirmänligi sebäpli öldürilmegi Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “h” bendi bilen maddalaşdyrylyp bilinmez.

Eger adamy öldürmek garakçylykly çozuş edilen mahaly ýa-da emälgi gorkuzyp almak bilen baglanyşyklylykda edilen bolsa, şeýle etmişli hereketler şol jenaýatlaryň umumy jemi boýunça maddalaşdyrylmalydyr (Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “h” bendi we degişlilikde 231-nji ýa-da 232-nji maddasy boýunça).

Jenaýaty ýerine ýetiriji tarapyndan maddy ýa-da başga bir sylag almak barada şertleşilip adam öldürmek hakyna tutma boýunça adam öldürilen hökmünde maddalaşdyrylmaga degişlidir.

Sylaga adam öldürmekligi gurnan, ony etmeklige meçew beren ýa-da şeýdip adam öldürmäge ýardam eden adamlar Türkmenistanyň JK-nyň 33-nji maddasynyň degişli bölegi we 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “h” bendi bilen jogapkärçilige çekilýärler.

14. Günäkäriň özüni alyp barşy onuň jemgyýetçilik tertibine aç-açan garşy çykýandygyna we özüni töweregindäkilere garşy goýmak isleýändigine, özüniň olara äsgermezçilikli garaýandygyny aç-açan görkezmekçi bolýandygyna güwä geçýän mahalynda, ýagny bilkastlaýyn adam öldürmek jemgyýetçiligi we ählumumy ykrar edilen ahlaklylyk kadalaryny göz-görtele äsgermezlik bilen edilen bolsa, bu hereketler Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “i” bendi bilen maddalaşdyrylmalydyr. Köp halatlarda bu jenaýat sebäpsiz ýa-da ujypsyz sebäbi adam öldürmek üçin bahanalap edilýär.

Eger günäkär bozgakçylyk niýeti bilen adam öldürmekden başga-da, raýatlara zorluk ulanmak ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atmak, şonuň ýaly-da kesekiniň emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamk bilen baglanyşyklylykda jemgyýetçilik tertibini gödek bozýan we jemgyýetçiligi göz-görtele äsgermezçilik edýändigini aňladýan başga bir bilkastlaýyn hereket eden bolsa, onda onuň etmişli hereketleri Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “i” bendi we Türkmenistanyň JK-nyň 279-njy maddasynyň degişli bölegi bilen maddalaşdyrylmaga degişlidir.

Özara gatnaşyklar esasynda ýüze çykan dawada, gabanjaňlykdan, ar almak we başga itergiler sebäpli, günäkär tarapyndan bilkastlaýyn adam öldürilmegi, onuň nirede edilendigine garamazdan, Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “i” bendi bilen maddalaşdyrylmaly däldir.

Bozgakçylyk niýeti bilen adam öldürilmegini dawada ýa-da uruşda adam öldürmekden dogry tapawutlandyrmak üçin, dawanyň we urşuň başyny başlaýjynyň kimdigi, dawanyň günäkär tarapyndan ony adam öldürmäge bahana hökmünde ulanmak üçin guralan dawadygy ýa-da däldigi anyklanmalydyr. Eger dawany ýa-da urşy başlaýjy jebir çekeniň özi bolsa, şeýle hem dawanyň döremegine onuň özüni nädogry alyp barmagy sebäp bolan bolsa, günäkär bozgakçylyk niýeti bilen adam öldüripdir diýip jogapkärçilige çekilip bilinmez.

15. Başga bir jenaýaty ýaşyrmak ýa-da başga haýsy hem bolsa bir jenaýaty etmegi ýeňilleşdirmek maksady bilen adam öldürmekde günäliniň hereketleri maddalaşdyrylanda, Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “j” bendini ulanmak üçin, adam öldürmegiň netijesinde günäkäriň beýleki jenaýaty etmek baradaky maksadyna ýeten bolmagy talap edilmeýär (başga bir jenaýaty etmegi ýeňilleşdirdimi, ýaşyrdymy ýa-da ýok), munuň üçin diňe adam öldürmegiň şu maksat bilen edilendigini anyklamak ýeterlikdir. Adam öldürmek bilen ýaşyryljak bolnan ýa-da edilmegi ýeňilleşdiriljek bolnan jenaýat özbaşdak maddalaşdyrylmaga degişlidir.

Kanunyň manysyndan gelip çykyşyna görä, günäkär tarapyndan başga bir jenaýaty ýaşyrmak ýa-da haýsy hem bolsa bir jenaýatyň edilmegini ýeňilleşdirmek maksady bilen belli bir adamyň öldürilmeginiň Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “j” bendi bilen maddalaşdyrylmagy, şol jenaýaty görkezilen bentden başga Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji bölegindäki beýleki maksat ýa-da äheň bilen adam öldürilmegini göz öňünde tutýan bent bilen maddalaşdyrmaklygy aradan aýyrýar. Şonuň üçin hem, eger jebir çekeniň, mysal üçin, betnebislik ýa-da bozgakçylyk niýetden öldürilendigi anyklanylsa, onda şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “j” bendi bilen maddalaşdyrylyp bilinmez.

16. Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “ž” bendini ulanmak üçin kanunda ady tutulýan ýörite äheňlerden takyk birini anyklamak zerurdyr (sosial, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylykly garamak niýeti). Şu äheňiň beýleki niýetler (ar almak, betnebislik, bozgakçylyk) bilen baglanyşmagy mümkin, ýöne şol wagt olaryň arasynda ol äheň agdyklyk etmelidir.

Şunda günäkäriň jebir çekeniň sosial, milli ýa-da jynsy degişliligi ýa-da dine ynanmak azatlyklary bilen baglanyşkylylykda zorlukly öç almak bilen, belli bir milletiň, jynsyň ýa-da diniň namysyny we mertebesini kemsitmäge gönükdirilen niýeti agdyklyk edýär. Şuňa sosial, milli, jynsy we dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy tutaşdyrjak, gižželejek bolmak islegi hem degişlidir (mysal üçin, adam öldürmek arkaly milletara gatnaşyklarda dartgynlylygyň, köpçülikleýin tertipsizlikleriň döredilejk bolunmagy we ş.m). Muňa milletparazçylygy ýa-da dini kemsitmeleri goldamagy islemändigi üçin jebir çekenden ar almak hem degişli bolup biler.

17. Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “k” bendi diňe adam öldürmek günäkäriň garyndaşynyň öldürilendigi üçin ar almak maksady bilen edilen mahalynda ulanylmalydyr.

18. Günäkäriň heketelerini JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “l” bendi bilen maddalaşdyrmak üçin, onuň öň gazaplanma ýagdaýynda ýa-da zerur goranyş çäklerinden çykmak ýa-da jenaýat eden adamy tutmak üçin zerur çäklerden çykmak bilen adam öldürmekden başga sebäpli bilkastlaýyn adam öldürendigi esas bolup bilýär. Şunda günäkäriň öňki jenaýat üçin iş kesilendigine-kesilmändigine, onuň öň gutarylan jenaýat edendiginiň ýa-da jenaýat etmegiň kastyna düşendiginiň, onuň jenaýaty ýerine ýetiriji ýa-da oňa başga gatnaşyjy bolandygynyň ähmiýeti ýokdur.

Eger günäkär öň adam öldürip, Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň   1-nji bölegine ýa-da 14,101-nji maddasynyň 1-nji bölegine düşýän etmişli herektleri üçin iş kesilmedik bolsa, onda onuň bu etmişli hereketleri aýratynlykda maddalaşdyrylmaga, soňky jenaýatyň bolsa onuň gutarylan jenaýat ýa-da kastyna düşmekdigine baglylykda, Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “o” bendi ýa-da 14,101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “o” bendi bilen maddalaşdyrylmaga degişlidigini kazyýetlere düşündirmeli.

Etmişli hereketleri maddalaşdyrmagyň şeýle tertibi aşakdaky ýagdaýlarda hem ulanylmalydyr:

a) ilki günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda adam öldürmäge synanyşylan, soňra bolsa günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ýa-da şeýle ýagdaýlaryň ýoklugynda ahyryna ýetirilen bilkastdan adam öldürmek jenaýaty edilen mahalynda;

b) ilki ahyryna ýetirilen günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda adam öldürmek jenaýaty edilen bolsa, soňra bolsa günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlaryň barlygynda ýa-da ýoklugynda adam öldürmäge synanyşyk edilen mahalynda.

Eger günäkär dürli wagtlarda iki gezek günäni agylaşdyrýan ýagdaýlarda adam öldürmäge synanyşyk eden ýa-da iki gezek günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda adam öldüren bolsa, olaryň birinjisi üçin hem iş kesilmedik bolsa, onuň etmşili hereketleriniň hemmesi umumylykda Türkmenistanyň JK-nyň 14,101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “o” bendi ýa-da 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “o” bendi bilen we onuň üstüne wakalaryň ikisi boýunça hem agyrlaşdyrýan ýagdaýlary göz öňünde tutýan bentleri bilen maddalaşdyrylmalydyr.

Eger öňki gezek adam öldürendigi üçin iş kesilenlik aýby öz-özünden aýrylan bolsa, şeýle hem öňki gezek adam öldürendigi üçin, ony eden adam jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezadan boşadylan bolsa, onuň soňky hereketleri Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “o” bendi bilen maddalaşdyrylyp bilinmez.

19. Adam öldürmek aýratyn howply residiwde (Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “m” bendi) edilen-edilmändigi baradaky mesele Türkmenistanyň JK-nyň 19-njy maddasynyň 3-nji böleginiň talaplaryndan ugur alnyp çözülýär.

20. Türkmenistanyň JIÝK-nyň 360-njy,464-nji, 493-nji maddalaryna laýyklykda, eger öň bildirilen günäniň beýan edilişi özüniň hakyky ýagdaýlary boýunça üýtgedilmeli bolsa we şunda ol aýyplaw netijesinde öňki beýan edilişinden düýpli tapawutlanmaýan, kazyýetde işine seredilýäniň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmaýan we onuň goranmaga bolan hukugyny bozmaýan bolsa, kazyýet işi goşmaça derňewe gaýtarmazdan, günäkäre ozal bildirilen günäni Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň bir bendinden başga bir bendine geçip, onuň hereketleriniň maddalaşdyrylyşyny üýtgetmäge haklydyr.

21. Kanunyň manysyndan gelip çykyşyna görä, eger adam öldürmek gaty gazaplanma ýagdaýynda ýa-da mejbury goranyşyň çäklerinden çykmak bilen edilen bolsa, onda oňa Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “a,d,ä,g,l,m” bentlerinde görkezilen maddalaşdyryjy alamatlar bilen edilen jenaýat hökmünde baha berip bolmaz.

22. Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň iki ýa-da ondan köp bentlerinde görkezilen maddalaşdyryjy alamatlar bilen edilen adam öldürmek, şol bentleriň ählisi bilen maddalaşdyrylmalydyr. Şunda jeza her bir bent esasynda aýratynlykda bellenilende birnäçe maddalaşdyryjy alamatlaryň bardygyny göz öňünde tutmak zerurdyr.

23. Erkiň ýa-da gulluk ygtyýarlyklarynyň çäginden çykyp, bilkastdan adam öldürmek günäkär adamyň hereketleri bilkastdan adam öldürilenligi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan madda bilen we Türkmenistanyň JK-nyň 182-nji maddasynyň 2-nji bölegi bilen jenaýatlaryň umumy jemi boýunça maddalaşdyrylmalydyr.

24. Banda gatnaşyjylar tarapyndan çozuş edilende bilkastdan adam öldürmek banditçilik we bilkastdan adam öldürmek hökmünde jenaýatlaryň umumy jemi boýunça maddalaşdyrylmaga degişlidir.

25. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekýän ýa-da tussaglykda saklanylýan adam tarapyndan azatlykdan mahrum ediş ýerleriniň ýa-da tussag saklanylýan ýeriň işgäriniň ýa-da jeza çekýäniň düzelmegine päsgel bermek maksady bilen ýa-da onuň jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýändigi üçin ar almak maksady bilen öldürilmegi Türkmenistanyň JK-nyň 101-nji maddasynyň degişli böleginden başga-da, jemgyýetden üzňelikde saklamagy üpjün edýän edaranyň kadaly işinde bidüzgünçiligiň döredilmegi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan Türkmenistanyň JK-nyň 213-nji maddasy bilen hem maddalaşdyrylmaga degişlidir.

 

26. Adam öldürilendigi üçin jeza çäresi bellenilende, jenaýatyň edilişiniň ähli ýagdaýlaryny: günäkäriň niýetiniň görnüşini, jenaýatyň äheňini we maksadyny, nähili usulda, şertlerde edilendigini we haýsy derejä ýetirilendigini (gutarylan ýa-da gutarylmadyk jenaýat), şeýle hem günäkäriň şahsyýetini, onuň öz etmişine garaýşyny, jezany ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak zerurdyr. Şular bilen deň derejede jebir çekeniň şahsyýetine degişli maglumatlar, onuň kazyýetde işine seredilýän bilen aragatnaşygy, şeýle hem jenaýatyň oň ýanynda onuň özüni alyp barşy hem barlanylmalydyr.

27. Bilkastlaýyn adam öldürmek baradaky her bir iş boýunça jenaýatyň edilmegine ýol açan sebäpler we ýardam beren şertler anyklanmalydyr we esas bolan wagty hususy kesgitnama (karar) çykarmak arkaly, şeýle şertleriň aradan aýrylmagy barada degişli ýolbaşçynyň öňünde mesele goýulmalydyr.

28. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasy welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri bilkastdan adam öldürmek baradaky jenaýat işleriniň garalyşyna degişli derejedäki gözegçiligi üpjün etmelidirler, çykarylan hökümleriň kanunylygyny we esaslylygyny çintgäp barlamaly, goýberilen kanun bozmalary we ýalňyşlyklary öz wagtynda ýüze çykarmaly we aradan aýyrmalydyrlar, şu topara degişli işler boýunça kazyýet iş ýörelgelerini wagtly-wagtynda öwrenmeli we umumylaşdyrmalydyrlar.

29. Şu kararyň kabul edilmegi bilen Türkmensitanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1997-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 28-indäki №14 sanly “Bilkastdan adam öldürmek baradaky işler boýunça kazyýet praktikasy hakyndaky” kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                              Ö.Ataýew

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                        

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                  R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y     № 4

 

        2000-nji ýylyň noýabr aýynyň 3-i                                     Aşgabat şäheri

 

Jenaýat netijesinde ýetirilen maddy zyýany töledip

 almak baradaky kanunçylygyň ulanylyşynyň

kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 12.08.2006ý. №3, 20.05.2010ý. №4, 28.07.2012ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 16.07.2016ý. № 4, 08.12.2018ý. 7, 17.10.2020ý. №11  kararlary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen)

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi jenaýat netijesinde ýetirilen maddy zyýany töledip almak boýunça kazyýet iş ýörelgeleriniň umumylaşdyrmasyny ara alyp maslahatlaşyp, kazyýetleriň şu mesele boýunça kanunçylygy, esasan, dogry ulanýandyklaryny belleýär. Emma maddy zyýan ýetiren jenaýat işleriniň seredilişinde heniz düýpli kemçiliklere ýol berilýär.

Aýry-aýry kazyýetler raýat talabyny üpjün etmek çärelerini geçirmeýärler, derňew edaralary tarapyndan emlägi gozgamasyz etmek işleriniň gijikdirilýändigine üns bermeýän halatlary bar, zyýanyň häsiýeti we möçberi baradaky subutnamalary doly derňemeýärler, aýyplaw hökümlerini çykaranlarynda raýat hak isleglerini seretmän galdyrýarlar, emläkleriň jenaýat ýoly bilen gazanylan serişdeleriň hasabyna edinilen—edinilmändigini anyklamaýarlar.

Raýat hak islegi bildirilmedik bolsa-da, jenaýat netijesinde ýetirilen zyýany töledip almak baradaky meseläni öz başlangyjy boýunça çözmek üçin özlerine kanun esasynda berlen hukugyny käbir kazyýetler ulanmaýarlar. Käbir hökümlerde bolsa maddy zyýany töledip almaly diýip gelnen netije degişli derejede delillendirilmeýär, töledilmegi talap edilýän zyýanyň kazyýetde günäli bilnip iş kesileniň haýsy hereketi ýa-da hereketsizligi bilen ýetirilendigi, nähili subutnamalar bilen onuň tassyk bolýandygy, zyýanyň jemi möçberi we onuň nämälerden jemlenýändigi görkezilmeýär.

Jenaýat işinden gelip çykýan talaba raýat kazyýet iş ýörediş tertibinde seredilende, jenaýat işiniň maglumatlarynyň göz öňünde tutulmaýan, zerur bolanda kazyýetleriň özleriniň başlangyjy esasynda subutnamalary talap edip almaýan, şol bir zyýanyň ýetirilmeginde günäkär adamlaryň käbirini maddy jogapkärçilige çekmän galdyrýan halatlary bar.

Işe nägilelik we gözegçilik tertiplerinde seredýän kazyýetler birinji basgançakly kazyýetiň maddy zyýany töledip almak baradaky çözgüdiniň kanunylygyna we esaslydygyna hemişe ýeterlik üns bermeýärler, käwagtlar goýberilen kemçilikleri düzetmek üçin çäre görmeýärler.

Şu beýan edilen ýagdaýlary nazara alyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R    E D Ý Ä R :

 

1. Maddy zyýany töledip almak baradaky kanunçylygy dogry we gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň zerurdygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Kazyýet maddy zyýan ýetirilen her bir jenýat işi boýunça höküm çykaranda, raýat hak islegini çözmelidir. Şonuň üçin hem edilen hereketlerde jenaýatyň alamatlarynyň ýokdugyna esaslanýan aklaw hökümi çykarylman, başga ýagdaýlara esaslanýan hökümiň çykarylmagy bilen tamamlanan jenaýat işleri boýunça raýat hak islegini seretmän galdyrmaga kazyýet haksyzdyr.

Aýratyn ýagdaýlarda, Türkmenistanyň JIÝK-nyň 428-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, ýagny haçan-da işi seljermegi gaýra goýmazdan ýa-da goşmaça maglumatlary almazdan, raýat hak isleginiň möçberi barada jikme-jik hasaplaşyk geçirmek mümkin bolmasa we şunda zyýanyň möçberi etmişli hereketleriň maddalaşdyrylyşyna we jeza çäresiniň görnüşiniň we möhletiniň seçilip alnyşyna täsir etmeýän bolsa, onda kazyýet jebir çekeniň hak isleginiň kanagatalandyrylmalydygy baradaky hukugyny ykrar edensoň, hak isleginiň möçberleri hakyndaky meseläni raýat kazyýet iş ýörediş tertibinde garamaga berýär.

2. Jenaýat işinde raýat hak isleýjisi diýip şol jenaýat sebäpli maddy zyýan çeken we ony töledip almak barada talap bildiren raýat, şeýle hem eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalar, guramalar we edaralar hasap edilýär.

Emläge eýelik edýäne (daşaýjy, kireýine alyjy, emläk saklaýjy we ş.m) kanuny esaslarda saklanýan maddy gymmatlyklar ogurlananda, zaýalananda ýa-da ýoklananda gymmatlyklaryň eýesi, şeýle hem oňa eýelik edýän adam hak islegini bildirmäge haklydyr.

Eger maddy zyýan hälekçilik çekeniň jenaýat bilen baglanyşyklylykda ölmegi netijesinde ýetirilen bolsa, onda ýetirilen maddy zyýany töledip almak baradaky raýat hak islegini, Türkmenistanyň RK-nyň 1041-nji maddasyna laýyklykda, ekleýjisini ýitirendigi sebäpli ýetirilen maddy zyýany töledip almaga hukukly adamlar bildirip bilerler.

Raýat hak isleýjisi diýip bilmek barada anyklaýyşy alyp barýan adam, sülçi, prokuror we kazy karar çykarýar, kazyýet bolsa kesgitnama çykarýar.

3. Kämillik ýaşyna ýetmegiň jenaýatçylykly hereketleri bilen maddy zyýan ýetirilende, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1029-njy maddasy esasynda raýat jogap berijisi hökmünde işe çekilen ata-ene we kämillik ýaşyna ýetmedige gözegçilik etmäge jogapkär şahslar diňe kanunda görkezilen şertler bar ýagdaýynda maddy jogapkärçilik çekmelidirler.

4. Aýyplanýanyň işi kazyýet önümçiligine geçirilende jenaýat netijesinde ýetirilen zyýany töledip almak barada raýat hak isleginiň bildirilen-bildirilmändigini, ony üpjün etmek üçin çäre görlen-görülmändigini takyklamak zerurdyr. Eger anyklaýşy alyp barýan ýa-da sülçi zyýanyň töledilip alynmagyny üpjün etmek üçin çäre görmedik bolsa, onda kazy ýa-da kazyýet şeýle çäreleri öz başlangyjy boýunça görmelidirler ýa-da karar (kesgitnama) çykaryp, degişli edaralary şeýle işi geçirmäge borçly etmelidirler (Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 196-njy maddasy).

Deslapky derňew döwründe raýat hak islegi bildirilmedik jenaýat işlerine garanlarynda kazy ýa-da kazyýet maddy zyýan çeken adamlara özlerine ýetirilen maddy zyýany töledip almak barada işi kazyýetde seredilýäne ýa-da kanun boýunça maddy jogapkärçiligi çekmeli adamlara raýat hak islegini bildirmek hukugynyň bardygyny düşündirmelidirler.

Eger raýat hak islegi bildirilmedik bolsa, onda kazyýet jenaýat netijesinde ýetirilen zyýany töledip almak baradaky meseläni Türkmenistanyň JIÝK-nyň196-njy maddasynyň  3-nji böleginiň talaplaryna laýyklykda, öz başlangyjy boýunça çözmäge haklydyr.

5. Maddy zyýan işi kazyýetde seredilýäniň we özleri baradaky jenaýat işi Türkmenistanyň JIÝK-nyň 31-nji maddasynyň 2-10 bentleri we Türkmenistanyň JK-nyň 71-nji, 73-nji maddalary esasynda ýatyrylan adamlaryň bilelikdäki hereketleri bilen ýetirilen bolsa, onda kazyýet işi kazyýetde seredilýäne maddy zyýany doly möçberde tölemek borjuny ýükleýär we maddy zyýany işi kazyýetde seredilen bilen işi ýatyrylanlardan raýdaşlyk tertibinde töledip almak barada raýat kazyýet iş ýörediş tertibinde hak islegini bildirmek hukugynyň bardygyny hak isleýjä düşündirýär.

Eger maddy zyýan işi kazyýetde seredilýän adam bilen özi barada jenaýat işi aýratyn önümçilige bölünip aýrylan başga adamlaryň bilelikdäki hereketleri netijesinde ýetirilen bolsa, onda kazyýet işi kazyýetde seredilýäniň üstüne maddy zyýany doly mukdarda tölemek borjuny ýükleýär. Ýöne soňundan şol özi barada jenaýat işi aýratyn önümçilige bölünip aýrylan adam barada aýyplaw hökümi çykarylan halatynda, kazyýet oňa şol maddy zyýany öňki günäli bilnen adam bilen raýdaşlyk tertibinde tölemek borjuny ýüklemelidir.

6. Jenaýat wakasynyň bolandygynyň ýa-da edilen jenaýata işi kazyýetde seredilýän adamyň gatnaşandygynyň subut bolmandygy sebäpli aklaw hökümi çykarylanda, şeýle hem işi kazyýetde seredilýäniň hereketleriniň mejbury goranyşyň çäginde edilendigi üçin, onuň şol hereketlerinde jenaýatyň alamaty ýok diýip hasap edilip ol aklananda, kazyýet raýat hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderýär.

Işi kazyýetde seredilýän adam barada onuň hereketlerinde jenaýatyň alamatlary ýok diýen esas bilen aklaw hökümi çykarylanda, şeýle hem Türkmenistanyň JIÝK-nyň 31-nji maddasynyň 3-10-njy bentlerinde we Türkmenistanyň JK-nyň 71-nji, 73-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça jenaýat işi ýatyrylanda, kazyýet hak islegini seretmän galdyrýar. Jenaýat işine nägilelik we gözegçilik tertibinde seredilip, jenaýat işi şu esaslar boýunça ýatyrylanda hem raýat hak islegi barada şeýle netijä gelinýär.

7. Türkmenistanyň JIÝK-nyň 423-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, kazyýet öz höküminde maddy zyýany töledip almaly diýip gelen netijesini delillendirmelidir we maddy zyýanyň nähili hereket ýa-da hereketsizlik bilen ýetirilendigini, onuň nähili subutnamalar bilen tassyk bolýandygyny, şeýle-de maddy zyýanyň möçberiniň hasaplanyp çykarylyşyny, raýat hak isleginiň haýsy kanuna esaslanyp çözülendigini görkezmelidir.

8. Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 230-njy maddasyna laýyklykda, öz jenaýatçylykly hereketleri bilen özleriniň zähmet gatnaşygynda durýan kärhanasyna zyýan ýetiren işçileriň şol ýetiren zyýany üçin doly möçberde maddy jogapkärçilik çekýändiklerini, eger olaryň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly eden hereketleri bilen üçünji tarapa maddy zyýan ýetirilen bolsa, onda jenaýat işi boýunça ejir çekene ýa-da raýat hak isleýjisine ýetirilen zyýany) raýat kodeksiniň 1032-nji maddasynyň talabyna laýyklykda, şol işçiniň zähmet gatnaşyklarynda durýan kärhanasynyň tölemäge borçludygyny kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

9. Jenaýat netijesinde ýetirilen maddy zyýanyň möçberi hasaplanylyp çykarylanda raýat hak isleýjisiniň kimdigine we onuň eýeçiliginiň görnüşine seretmezden, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasarynyň 1999-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 9-ndaky № 27 sanly buýrugy gollanylmalydyr. Şol buýrukda görkezilişine görä, harytlar we hyzmatlar boýunça zyýan ýetirmekde günäli bilnen adam tarapyndan tölenmeli zyýanyň möçberi şoňa meňzeş harytlaryň we hyzmatlaryň zyýan tölenilýän wagtyndaky bazar (hakyky) bahasy barada Türkmenistanyň “Türkmenmillihasabat” Döwlet komiteti tarapyndan berlen maglumaty esasynda kesgitlenilýär.

Eger maddy zyýan milli walýutadaky pul serişdelerini ogurlamak we ş.m. jenaýatlar netijesinde ýetirilen bolsa, onda töledilmäge degişli puluň möçberini hasaplamak üçin, halkyň sarp edýän harytlarynyň sarp ediş bahalarynyň ortaça görkezijisi barada Türkmenistanyň “Türkmenmillihasabat” Döwlet komiteti tarapyndan berilýän maglumatdan ugur alynmalydyr.

Kazyýetler emläkleriň we başga gymmatlyklaryň ogurlanmagy, kem çykmagy, zaýalanmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň möçberini, zerurlygyň ýüze çykyşyna baglylykda, bilermenleriň netijeleri esasynda kesgitleýärler.

10. Eger jenaýatyň närsesi bolan emläk bellenilen bahadan ýokary baha satylan bolsa, onda Türkmenistanyň raýat kodeksiniň 3-nji böleginiň 3-nji bölüminiň 3-nji babynyň düzgünlerine laýyklykda, onuň günäkärden alnan aratapawudy döwlet haýryna däl-de, jebir çekeniň peýdasyna geçirilýär.

11. Türkmenistanyň raýat kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, jenaýat eden adamyň günäsiniň görnüşine seretmezden, jenaýatly hereketlerden jebir çeken raýatlaryň saglygyny dikeltmek üçin harçlanan serişdeleriň öweziniň doldurylmaga degişlidigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Döwlet hassahanalarynda ýatymlaýyn görnüşde bejergi alnandygy üçin töledilip alynmaly puluň möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 25-nji aprelindäki № 3130 sanly “Jenaýatçylykly hereketlerden jebir çeken raýatlary stasionarda (ýatymlaýyn) bejermäge harçlanylýan serişdeleri hasaplamak üçin stawkalary (kesgitli möçberi) bellemek hakyndaky” Kararyny gollanmak arkaly hasaplanylmaly. Şol Kararda görkezilişine görä, töledilmeli puluň möçberi jebir çekeniň saglygy bejeriş edarasynda bolmagynyň bir gije-gündizi üçin ortaça aýlyk iş hakynyň 0,5 möçberine bellenilmeli. Şunda jebir çekeniň saglygy bejeriş edarasyna getirilen we ondan çykan günleriniň her biri aýratynlykda doly bir gije-gündiz diýip hasap edilmeli.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1037-nji maddasynyň manysyndan gelip çykyşyna görä, şu maksat bilen alynmaly puluň möçberi azaldylyp bilner, ýöne şu ýagdaýda kazyýet haýsy delillere esaslanyp şeýle netijä gelendigini hökümde (çözgütde) görkezmäge borçludyr.

12. Birnäçe adamyň bilelikde eden jenaýatçylykly hereketleri bilen maddy zyýan ýetirilen bolsa, şeýle zyýany tölemek boýunça şol adamlaryň hemmesi-de raýdaşlyk tertibinde deň jogapkärçilik çekýärler. Şunuň ýaly ýagdaýda kazyýetler:

-birnäçe adamlar tarapyndan birden köp wakaly (epizodly) jenaýat edilende, olaryň diňe özleriniň gatnaşandygy takyklanan jenaýatçylykly wakasy sebäpli ýetirilen maddy zyýany tölemek boýunça şoňa gatnaşan adamlar bilen bile raýdaşlyk tertibinde jogapkärçilik çekýändiklerini;

-şol bir jenaýat iş önümçiligi boýunça günäli bilnip iş kesilenem bolsa, ýöne niýetleri boýunça biri-birine umumy baglanyşygy bolmadyk aýry-aýry jenaýatlar üçin, şeýle hem biri betnebislikden edilen jenaýat üçin, meselem, ogurlyk üçin, beýlekileri bolsa sowuk-salalyk üçin iş kesilen adamlara ýetirilen maddy zyýany raýdaşlyk tertibinde tölemek jogapkärçiligiň ýüklenip bilinmeýändigini;

-günäli bilnip iş kesileniň jenaýatçylykly hereketleri üçin kanun boýunça maddy jogapkärçiligi çekýän raýatlaryň we edaralaryň jenaýat sebäpli ýetirilen zyýany raýdaşlyk tertibinde däl-de, paýlary boýunça tölemelidiklerini göz öňünde tutmalydylar.

Günäli bilnip iş kesilen adamlar maddy zyýany özleriniň bilelikde eden jenaýatçylykly hereketleri bilen ýetiren bolsalaram, eger raýat hak isleýjisiniň bähbitlerine laýyk gelýän we zyýanyň öweziniň dolunmagyny gowy üpjün edýän bolsa, onda kazyýetiň olara şol ýetiren maddy zyýanlaryny raýdaşlyk tertibinde däl-de, onuň kesgitli paýy tertibinde tölemek jogapkärçiligini ýüklemäge haklydygyny düşündirmeli.

Birnäçe adamlar tarapyndan ýetirilen zyýany töledip almak barada çözgüt kabul edende, kazyýet hökümiň karara gelinýän böleginde işi kazyýetde seredilýänleriň haýsylaryna raýdaşlyk tertibinde, haýsylaryna bolsa paý görnüşinde maddy jogapkärçilik ýüklenýändigini, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin alynmaly puluň kimiň peýdasyna we näçe möçberde töledilip alynmalydygyny görkezmäge borçludyr.

13. Biri-biri bilen raýdaşlyk tertibinde maddy jogapkär bolan adamlar barada çykarylan höküm olaryň biri barada sökülip, işiň şol bölegi täzeden seretmek üçin iberilende, ýetirilen maddy zyýany şol iş boýunça günäli bilnip iş kesilenleriň özleri barada höküm öňküligine galdyrylanlary doly möçberde tölemeli edilmelidirler.

Eger işe täzeden seredilende şol adam barada aýyplaw hökümi çykarylsa, onda ol ýetirilen maddy zyýany şu jenaýat boýunça öňki günäli bilnenler bilen raýdaşlyk tertibinde tölemäge borçly edilýär.

14. Işe nägilelik ýa-da gözgeçilik tertibinde seredilende, iş boýunça maddy zyýanyň ýetirilendigi baradaky ýagdaýlar doly hem dogry takyklanan bolup, şu mesele boýunça goşmaça subutnama toplamak we barlamak zerurlygy bolmasa, ýöne şunda maddy hukuk kadalaryny ulanmakda ýalňyşlyk goýberilen bolsa, kazyýet hökümiň maddy zyýanyň öwezini doldurmak baradaky bölegine üýtgetmeler girizmezden, ýagny töledilip alynmaly tutumyň möçberini azaltmaga ýa-da köpeltmäge haky bardyr.

Haçan-da maddy zyýanyň möçberiniň üýtgedilmegi işi kazyýetde seredilýäne bildirilen jenaýatçylykly hereketleriň maddalaşdyrylyşynyň ýa-da aýbyň göwrüminiň onuň ýagdaýyny ýaramzlaşdyrýan tarapyna üýtgetmegine getirýän bolsa we şu esaslar boýunça prokuror tarapyndan garşylyknama getirilen ýa-da jebir çeken tarapyndan şikaýat berlen bolsa, onda kazyýetiň hökümi sökülip, jenaýat işi täzeden derňemek ýa-da seretmek üçin iberilmäge degişlidir.

15. Hökümiň raýat hak islegi baradaky bölegi sökülende, işiň şol bölegi raýat kazyýet iş ýörediş tertibinde seretmek üçin iberilýär. Şonuň üçin hem işiň şu bölegini öz önümçiligine kabul edip alan kazyýet jenaýat işinden aýratyn raýat işini açýar, jenaýat işini bolsa ondaky zerur maglumatlary kazyýet mejlisinde barlap görenden soň, hökümi çykaran kazyýete saklamak üçin gaýtarýar.

16. Jenaýat işinden gelip çykýan raýat hak islegine kazyýet raýat iş ýörediş tertibinde seredilende, kazyýet jenaýat işinde bar bolan, şeýle hem taraplar tarapyndan goşmaça getirilen we kazyýetiň öz başlangyjy boýunça toplanan subutnamalara esaslanyp çözgüt çykarýar.

Eger kazyýet ýetirilen zyýanyň raýat kazyýet iş ýörediş tertibinde takyklanan möçberinden ugur alyp, höküme ýaňadan garamak zerur diýip netijä gelse, onda ol özüniň barlan hemme subutnamalary esasynda raýat hak islegi boýunça çözgüt çykarýar we şonuň bilen birlikde-de jenaýat işini gözegçilik tertibinde barlamak barada mesele goýmalydyr.

17. Hökümiň raýat hak islegi baradaky bölegi Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji maddasynda bellenilen möhletleriň çäginde ýerine ýetirmek üçin berlip bilner.

Geçirilen möhlet hökümi çykaran kazyýet ýa–da zyýany töledip almak baradaky çözgüdiň ýerine ýetirilýän ýerindäki kazyýet tarapyndan dikeldilip bilner (Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunynyň 29-njy maddasy).

18. Haçan-da günäli bilnip iş kesilen adama ýetiren maddy zyýanynyň öwezini doldurmak borjuny ýüklemek bilen bir wagtda onuň emlägini muzdsuz almak hem ulanylan bolsa, onda ol baradaky höküm ýerine ýetirilende, Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunynyň 71-nji maddasyna gollanylyp, onuň emläginiň hasabyna ilkinji nobatda ýetirilen maddy zyýanyň öwezi doldurylmalydyr.

19. Ýazga alnan ýa-da gozgamasyz edilen emlägiň dargadylandygy, satylandygy, gizlenendigi ýa-da bikanun berlendigi anyklananda, kazyýet şol emläk ynanylan adamy kanun tarapyndan bellenilen jogapkärçilige çekmek baradaky meseläni çözmelidir (Türkmenistanyň JK-nyň 206-njy maddasy).

20. Kazyýetler kanunyň maddy zyýanyň öwezini doldurtmagy üpjün etmäge gönükdirilen talaplarynyň anyklaýyş we deslapky derňew döwründe goýberilen her bir bozulmasyna degişli baha berip, täsir ediş çärelerini görmelidirler.

21. Hökümleriň raýat hak islegi baradaky böleginiň kanunylygyna we esaslylygyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyna nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Jenaýat işlerine garalan wagtynda zerur şertleriň bolandygyna garamazdan, zyýany töledip almak barada çözgüt çykarylmadyk bolsa, ýokary basgançakly kazyýet hususy kesgitnama çykarmak bilen bu kemterlige şol hökümi çykaran kazyýetiň ünsüni çekmeli we şol bir wagtyň özünde raýat kazyýet iş ýörediş tertibinde hak islegini bildirmekleri üçin bu ýagdaýy ejir çekenleriň, raýat hak isleýjileriniň ýa-da degişli prokurorlaryň dykgatyna ýetirmelidir.

22. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýasy welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri jenaýat netijesinde ýetirilen maddy zyýany töledip almak baradaky kanunçylygyň ulanylyşynyň iş ýörelgelerini yzygiderli öwrenmeli we kemçilikleri düzetmek üçin çäreleri görmeli.

 

 

 

 

23. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1995-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-ndäki “Ilata ýeňilleşdirilen baha boýunça satylýan käbir görnüşli ogurlanan harytlaryň bahasynyň möçberini kesgitlemek hakyndaky” kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ö.Ataýew

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

  kazyýetiniň kazysy                                                         R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y № 2

 

2001-nji ýylyň awgust aýynyň 3-i                                     Aşgabat şäheri

 

Iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmagynyň we

aýrylyşynyň käbir meseleleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 19.04.2014ý. №3 karary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Düşündiriş berilmegi talap edilýän, iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmagy we aýrylyşy bilen baglanyşykly meseleler kazyýet ýörelgelerinde ýüze çykdy. Şuňa baglylykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R         E D Ý Ä R:

 

1.Kanunyň adamyň iş kesilenlik aýbynyň aýrylmagyny esasy we goşmaça jeza çäresiniň çekilmegi bilen baglaşdyrýandygy sebäpli, adamyň jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy günäliligi döretmeýär. Wagt möhletiniň geçmegi we günä geçişligiň ulanylmagy (haçan-da ol jezanyň ulanylmagyny aradan aýyrýan bolsa) sebäpli jezadan boşatmak arkaly aýyplaw höküminiň çykarylan halatlary hem günäliligi döretmeýär, sebäbi aýyplanylýan garşy bolmadyk ýagdaýynda, bu esaslar boýunça iş önümçilikden ýatyrylmaga degişlidir.

2.Düzediş işlerine ýa-da belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklemeklige iş kesilip, Türkmenistanyň JK-nyň 50-nji maddasynyň  3-nji bölegine ýa-da 51 1-njimaddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda ol jezalar azatlykdan mahrum etmeklige çalşylan adamlar barada iş kesilenlik aýby Türkmenistanyň JK-nyň 81-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “b” bendinde görkezilen esaslar boýunça, ýagny azatlykdan mahrum etmekden has ýeňil jeza çäresine iş kesilen hökmünde öz-özünden aýrylýar.

3.Haçan-da iş kesileniň aýbyny aýyrmaýan günä geçmek ýa-da rehim etmek namasy boýunça jeza çekmekden boşadylanda ýa-da kazyýetiň şertleýin möhletinden öň boşatmak hakyndaky kesgitnamasy bilen jezadan boşadylanda, onuň aýby Türkmenistanyň JK-nyň 81-nji maddasynda görkezilen möhletiň çäginde, degişlilikde ol möhleti günä geçişligiň ýa-da rehim edişligiň ulanylan gününden ýa-da kazyýet tarapyndan şertleýin möhletinden öň boşatmak hakyndaky kesgitnamanyň çykarylan gününden başlap hasaplamak bilen öz-özünden aýrylýar. Eger şunda goşmaça jeza çäresi çekmäge degişli bolup galsa, onda iş kesilenlik aýbynyň aýrylmagy üçin möhleti goşmaça jeza çäresiniň çekilip tamamlanan gününden hasaplamaly.

Eger-de adam jezany çekmekden Türkmenistanyň JK-nyň 75-nji maddasynda (şertleýin möhletinden öň) görkezilen tertipde boşadylan bolsa ýa-da Türkmenistanyň JK-nyň 80-nji maddasynda (günä geçişlik ýa-da rehim edişlik boýunça) görkezilen tertipde şertli boşadylan bolsa we çekilmän galan möhlet iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmagy üçin Türkmenistanyň JK-nyň 81-nji maddasynda görkezilen möhletden uly bolsa, onda çekilmedik jeza möhleti geçip gutarýança iş kesilenlik aýby öz-özünden aýrylmaýar, sebäbi şunda jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegi synag möhleti bolup durýar.

4.Özleri barada Türkmenistanyň JK-nyň 78-nji maddasyna laýyklykda jezany çekmek yza süýşürilen göwreli aýallar we kiçi ýaşly çagalary bolan aýallar, eger olar çaga sekiz ýaşyna ýetýänçä täze jenaýat etmedik bolsalar we çaga sekiz ýaşyna ýetensoň kazyýet iş kesileni galan jezany çekmekden boşadandan soň, olar iş kesilenlik aýby ýok diýip hasap edilmeli.

5.Aýyplaw höküminiň ýerine ýetirilmeginiň wagt möhletiniň geçirilmegi bilen jeza çekmekden boşadylan (Türkmenistanyň JK-nyň 79-njy maddasy) pursatdan başlap, adam iş kesilenlik aýby ýok diýip hasap edilýär.

6.Kazyýet tarapyndan bellenilen azatlykdan mahrum etmek jezasynyň çekilmedik bölegi Türkmenistanyň JK-nyň 76-njy we 80-nji maddalarynda görkezilen tertipde has ýeňil jeza bilen çalşylanda, iş kesilenlik aýby azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hökmünde öz-özünden aýrylýar we onuň möhleti has ýeňil jezanyň çekilip gutaran gününden başlap hasaplanmalydyr.

7.On sekiz ýaşy dolmanka jenaýat edenler üçin Türkmenistanyň JK-nyň 93-nji maddasynda iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylyşynyň gysgaldylan möhletiniň göz öňünde tutulýanlygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

8.Eger-de jeza çäresini çeken adam iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmak möhleti geçýänçä ýene-de jenaýat etse, onda möhletini soňky jenaýat üçin jezany (esasy we goşmaça) çekenden soň hasaplamak bilen, olardan has agyr jenaýat üçin günälilik aýbynyň öz-özünden aýrylmak möhleti geçýänçä ol adam iki jenaýat üçin hem iş kesilen diýip hasap edilýär.

9.Adamyň jezadan şertleýin möhletinden öň boşadylmagynyň we şertleýin rehim ediş namasy bilen boşadylmagynyň, çekilmän galan jeza möhleti geçip gutarýança iş kesilenlik aýbyny möhletinden öň aýyrmaga kazyýetlere hukuk bermeýändigini, sebäbi kanunyň manysyna görä bu möhletiň synag möhleti bolup durýandygyny kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

10.Iş kesilenlik aýbyny möhletinden öň aýyrmak baradaky meseläni çözende, jezany çekenden soň geçen wagty nazara almak bilen, adamyň düzelendigini tassyklaýan jemgyýetçilik guramalary tarapyndan berilýän haýyşnamalary we maglumatlary kazyýetler hemmetaraplaýyn barlamalydyrlar. Şunda, iş kesilenlik aýbynyň möhletinden öň esassyz aýrylmagynyň, şeýle adamalar tarapyndan täze jenaýat ediläýende onuň hereketleriniň maddalaşdyrylyşyna täsir edýändigini we has ýeňil jeza ulanmaklyga getirýändigini nazara almaly.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ö.Ataýew

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

     kazyýetiniň kazysy                                                       R.Ergeşow

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

 GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y   № 3

 

2001-nji ýylyň awgust aýynyň 3-i                                                     Aşgabat şäheri

 

Jenaýatlaryň residiwi baradaky kanunçylygy

ulanmagyň kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 08.12.2018ý. №7    kararlary  bilen üýtgetmeler we goşmaçalar  girizilen)

 

Öwrenilen maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, köp halatlarda has howply jenaýatlar, başgalaryň jenaýatly ýola çekilmegi bilen öň kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlar tarapyndan edilýär.

Şu mesele boýunça kazyýet iş ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşyp, kazyýetleriň öň kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlar tarapyndan edilen jenaýatlar baradaky işlere seretmeklige ünsi güýçlendirendiklerini, jenaýatlaryň residiwi baradaky kanunçylygy ulanmakda goýberilýän ýalňyşlyklaryň azalýandygyny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi belleýär.

Şunuň bilen birlikde esasan hem residiwiň ýa-da onuň görnüşiniň kesgitlenilmegi bilen baglylykda, käbir kazyýetler öň birnäçe gezek kazyýet jogapkärçiligine çekilen we täzeden jenaýat eden adamlara ýeňil jeza çäresini belleýärler, azatlykdan mahrum edilenlere düzediş edarasynyň görnüşini kesgitlände ýalňyşlyk goýberýärler.

Işi kazyýetde seredilýäniň öň kazyýet jogapkärçiligine çekilendigi baradaky maglumatlary doly we hemme taraplaýyn aýdyňlaşdyrmaklyga ýeterlik üns berilmeýändigini, jenaýatyň resiwidiniň görnüşi baradaky meseläni çözmekde käwagt ýalňyşlyga getirýär. Şunda residiw üçin başga GDA döwletleriniň kazyýetleriniň SSSR ýatyrylmazdan öňki we soňky hökümlerini kabul etmek baradaky meseleler, kimi azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen hasap etmelidigi baradaky meseleler, ähli kazyýetler tarapyndan bir hili çözülmeýär.

Neşekeşlik, zähmet çekmegi islemezlik we başga-da şuňa meňzeş hadysalar hem-de edara ediş gözegçiligiň kanagatlanarsyz geçirilýändigi baradaky ýagdaýlar we jeza çekip gelenler bilen terbiýeçilik işini guramakda goýberilýän säwlikler ýaly, öň kazyýet jogapkärçiligine çekilenleriň jenaýat etmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri doly aýdyňlaşdyrmaklyga we aradan aýyrmaklyga kazyýetler häli az üns berýärler.

Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri işlere nägilelik we gözegçilik tertibinde seredenlerinde görkezilen kemçilikleri aradan aýyrmak üçin ähli çäreleri görmeýärler.

Bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak we ýalňyşlyklary goýbermezlik hem-de jenaýatlaryň residiwi hakyndaky kanunçylygyň birmeňzeş ulanylyşyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

 

 

K A R A R     E D Ý Ä R:

 

1.Günälilik aýby bar adamlar tarapyndan jenaýat edilmeginiň öňüni almaklygyň we ony ýok etmekligiň wajypdygyny nazara alyp, jenaýatlaryň residiwi hakyndaky kanunçylygy berk berjaý etmekleri esasynda özleriniň işini geljekde kämilleşdirmeklige kazyýetleriň aýratyn üns bermekleri zerurdyr.

2.Günälilik aýby bar adamlar barada residiwi dogry kesgitlemek hem-de jeza bellemekde we düzediş edarasynyň görnüşini kesgitlemekde goýberilýän ýalňyşlyklaryň öňüni almak maksady bilen, ilerki derňewiň we kazyýet seljerişiniň dowamynda olaryň günäliligi baradaky maglumatlary ykjam barlamaly.

3.Türkmenistanyň JK-nyň 19-njy maddasyna laýyklykda jenaýatlaryň residiwi diýip bilmek üçin her bir aýrylmadyk ýa-da öz-özünden aýrylmadyk günälilik aýbynyň esas bolup bilmän, olardan diňe adamyň on sekiz ýaşyna ýetenden soň bilgeşleýin jenaýatlar üçin iş kesilmegi bilen baglanyşyklylarynyň esas bolup bilýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar. Oňa görä-de, şeýle çözgüde gelmek üçin päsgelçilik döredýän ýagdaýlaryň bar-ýokdugyny kazyýetler barlamalydyrlar (öňki jenaýatlary näçe ýaşyndaka edipdir, olar üçin günälilik aýby aýrylypmy, ýokardaky kazyýet tarapyndan jezanyň görnüşi ýa-da etmişiniň maddalaşdyrylyşy üýtgedilmändirmi we ş.m)

4.Hukuk kömegi we raýat, maşgala we jenaýat işler boýunça hukuk gatnaşyklary hakyndaky 1993-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 22-sindäki Minsk Konwensiýasyna laýyklykda, başga GDA döwletleriniň kazyýetleriniň SSSR ýatyrylandan soňky çykarylan hökümleri Türkmenistanyň çäginde diňe ýetirilen zyýany öndürip almak baradaky bölegi kabul edilýär. Oňa görä-de, olary jenaýatlaryň residiwi baradaky meseläni çözende göz öňünde tutup bolmaz.

5.Eger adam birnäçe gezek jenaýat edip diňe onuň biri üçin iş kesilen bolsa we beýleki jenaýatlaryň üsti günäkäre birinji iş üçin höküm çykarylandan soň açylan bolsa, onda Türkmenistanyň JK-nyň 19-njy maddasyna görä görkezilen jenaýatlar üçin günälilikler jenaýatlaryň residiwi baradaky meseläni çözende, diňe bir günälilik diýip göz öňünde tutulýandygyny kazyýetlere düşündirmeli.

6.Türkmenistanyň JK-nyň 19-njy maddasynyň 2-nji we 3-nji bölekleriniň “a” bendi ulanylanda, öň azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen adam diýip, öň kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşli bellenen jeza: düzediş edaralarda ýa-da türmede çekmäge degişli, şol sanda haçan-da adam Türkmenistanyň JK-nyň 79-njy maddasyna laýyklykda aýyplaw hökümiň wagt möhletiniň geçmegi sebäpli jezany çekmekden boşadylandan başga ýagdaýlarda jezany çekmedik bolsa (Mysal üçin, ony çekmekden boýun gaçyrýan ýa-da Türkmenistanyň JK-nyň 80-nji maddasy esasynda günä geçmek ýa-da rehim etmek namasy boýunça ony çekmekden şertli boşadylan) ; şertli bellenilen (Türkmenistan SSR-niň JK-synyň 44-nji maddasy ýa-da Türkmenistanyň JK-nyň 68-nji maddasy); hökümiň ýerine ýetirilmegini ýa-da jezanyň çekdirilmegini yza süýşürmek bilen bellenilen (Türkmenistan SSR-iň JK-synyň 451-nji maddasy ýa-da Türkmenistanyň JK-nyň 78-nji maddasy); zähmete çekmek bilen şertli bellenilen (Türkmenistan SSR-iň JK-synyň 241-nji maddasy ýa-da Türkmenistanyň JK-nyň häzirki wagtda aýrylan 691-nji maddasy) adamlar hasap edilýär.

Şunuň bilen baglylykda azatlykdan mahrum etmek jezasy şertli ýa-da onuň ýerine ýetirilmegi we çekilmegi yza süýşürilmek, ýa-da zähmete çekmek bilen şertli bellenilen adam, eger synag möhletiniň, ýa-da zähmete çekilýän möhletiniň ýa-da hökümiň ýerine ýetirilmeginiň jeza çekilmeginiň yza süýşürilen döwrüniň dowamynda täze jenaýat eden bolsa, onda onuň aýrylmadyk günälilik aýby residiw diýip bilmek üçin göz öňünde tutulmaga degişlidir.

Şunda kazyýetleriň hökümi bilen bellenen jeza (düzediş işleri, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek) Türkmenistanyň JK-nyň 50-nji maddasynyň 3-nji böleginde we 511-nji maddasynyň  4-nji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça azatlykdan mahrum etmeklik bilen çalşyrylan adamlar; Türkmenistanyň JK-nyň 54-nji maddasyna laýyklykda edilen jenaýat üçin kazyýet tarapyndan azatlykdan mahrum etmekligiň ýerine harby-düzediş bölüminde saklamaklyk ulanylan harby gullukçylar; bilkastdan we seresapsyzlykdan edilen jenaýatlaryň jeminde bilkastdan edilen jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza bellenilen adamlar-azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen hökmünde seredilip bilinmez.

7.Türkmenistanyň JK-nyň 19-njy maddasynyň 1-nji bölegi, 2-nji we 3-nji bölekleriniň “b” bentleri ulanylanda, öňki höküm boýunça bellenilen jezanyň görnüşiniň ähmiýeti ýokdyr.

8.Jenaýatyň residiwiniň görnüşiniň kesgitlenilmeginiň diňe seredilýän işiň özi boýunça hukuk ähmiýetiniň bardygy sebäpli, hökümiň beýan ediş-delillendiriş böleginde onuň delillendirilmegi we görkezilmegi ýeterlikdir.

9.Kazyýetleriň haýsy hem bolsa bir residiwde jenaýat eden adamlar üçin Türkmenistanyň JK-nyň 62-nji maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen jezalaryň mukdarynyň çägini berk saklamaklary gerek. Doly amala aşyrylmadyk jenaýatda, hat-da haýsy hem bolsa bir residiwiň bardygyna seretmezden, jezanyň ýokary çägi Türkmenistanyň JK-nyň 60-njy maddasynda görkezilen möçberden köp bolup bilmez. Bu ýagdaýlarda jeza Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny ulanmak bilen bellenilýär.

10.Neşekeşlik, zähmet çekmegi islemezlik we başga-da şuňa meňzeş hadysalar, şeýle hem edara ediş gözegçiligiň kanagatlanarsyz geçirilýänligi baradaky ýagdaýlar we jeza çekip gelenler bilen terbiýeçilik işini guramakda goýberilýän säwlikler ýaly, öň kazyýet jogapkärçiligine çekilenleriň jenaýat etmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri ykjam ýüze çykarmagyň we olary aradan aýyrmak maksadynda öz wagtynda seredilmegine we görlen çäreler barada habar berilmegine degişli gözegçiligi üpjün etmek bilen hususy kesgitnamalary (kararlary) çykarmagyň zerurdygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

11.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasy welaýatlaryň we Aşgabat şäher kazyýetleri jenaýatlaryň residiwi baradaky kanunçylygyň ulanylyşynyň kazyýet ýörelgelerini yzygider öwrenmeli, öň kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlaryň jenaýat etmeklerine ýardam edýän sebäpler we şertler baradaky maglumatlaryny gözden geçirip we umumylaşdyryp, olary aradan aýyrmak barada degişli edaralaryň öňünde mesele goýmaly.

 

 

 

 

 

12.Şu kararyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1992-nji ýylyň Gorkut aýynyň 17-sindäki №6 sanly “Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan residiw jenaýatlar baradaky işler boýunça kanunçylygy ulanmagyň iş ýörelgeleri hakyndaky” kararyny güjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ö.Ataýew

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

 GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y  № 4

 

2001-nji ýylyň awgust aýynyň 3-i                                     Aşgabat şäheri

 

Azatlykdan mahrum edilenlere, düzediş

 edarasynyň görnüşini bellemegiň kazyýet iş

ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 08.12.2018ý. №7, 17.10.2020ý. №11  kararlary bilen üýtgetmeler  we goşmaçalar girizilen)

 

Kazyýet ýörelgelerini umumylaşdyrmagyň maglumatlaryna seredip, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi kazyýetleriň azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilenlere düzediş edarasynyň görnüşini, Türkmenistanyň JK-nyň 67-nji maddasyna laýyklykda, esasan, dogry kesgitleýändirklerini belleýär.

Şonuň bilen birlikde kazyýetler edilen jenaýatyň agyrlygyna we günäkäriň şahsyýetine baglylykda azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri aýry-aýrylykda saklamagyň tertibini göz öňünde tutýan kanunyň bozulmagyna getirýän ýalňyşlyklary käwagt goýberýärler.

Kanunda ýol berilmeýändigine seretmezden, kazyýetleriň öz ygtyýarlary boýunça düzediş edarasynyň ol ýa-da beýleki görnüşini belleýän halatlary duş gelýär.

Kämillik ýaşyna ýetmediklere seresapsyzlykdan eden jenaýaty üçin we öň azatlykdan mahrum etmek görnüşli jezany çekenlere iş kesilende, hem-de bilkastdan we seresapsyzlykdan edilen jenaýatlar üçin bilelikde iş kesilen günäkärlere düzediş edarasynyň görnüşini kazyýet tarapyndan bellemek ýörelgelerinde birmeňzeşlik ýok.

Kanunda esaslandyrylmandygyna seretmezden, käbir kazyýetler kämillik ýaşyna ýetmediklere azatlykdan mahrum etmekligi terbiýeleýiş edarasynda bellänlerinde, olar on sekiz ýaşyna ýetenlerinden soň jezany çekmeli düzediş edarasynyň görnüşini hökümlerde görkezýärler.

Käwagtlar kazyýetler, düzediş edarasynyň görnüşini dogry bellemek üçin ähmiýeti bolan, işi kazyýetde seredilýäniň şahsyýeti, onuň öň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde bilkastdan edilen jenaýat üçin jeza çekendigi baradaky maglumatlary ykjam barlamaýarlar.

Birinji basgançakly kazyýet tarapyndan goýberilýän şu we başga ýalňyşlyklara nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýet tarapyndan ýeterlik üns berilmeýär.

Görkezilen kemçilikleri aradan aýyrmak maksady bilen we düşündiriş berilmegini talap edýän, kazyýet iş ýörelgelerindäki meseleler bilen baglylykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

 

 

 

K A R A R       E D Ý Ä R:

 

1.Azatlykdan mahrum edilenlere jeza çäresini çekmeli düzediş edarasynyň görnüşini bellemegiň tertibini kesgitleýän, Türkmenistanyň JK-nyň 67-nji maddasynyň  talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň zerurdygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli. Şunda kazyýetiň ygtyýary boýunça düzediş edarasynyň ol ýa-da beýleki görnüşini bellemek mümkinçiligini kanunyň aradan aýyrýandygyny göz öňünde tutmaly.

Düzediş edarasynyň höküm boýunça bellenen görnüşini üýtgetmek, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 86-njy, 88-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda we Türkmenistanyň JIÝK-nyň 479-njy maddasyna laýyklykda kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Bilkastlaýyn edilen uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar, jynsyna garamazdan jenaýaty amala aşyrandan soň kämillik ýaşyna ýeten we azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar umumy düzgünli düzediş edarasynyň bellenýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

3.Jenaýatlaryň jemi ýa-da hökümleriň jemi boýunça azatlykdan mahrum etmek görnüşli jeza bellenende, düzediş edarasynyň görnüşi ýa bolmasa jezanyň belli bir bölegini türmede çekdirmegi kazyýet her jenaýat üçin aýry bellemeli däl-de, diňe gutarnykly jezany kesgitlände bellemeli.

Birisi bilgeşleýin, beýlekileri bolsa seresapsyzlykdan edilen jenaýatlaryň jeminde diňe bilgeşleýin edilen jenaýat üçin, azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza bellenen ýagdaýynda, kazyýet jezany çekmegi göçürilip eltilen ýerlerde belläp biler.

4.Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedige azatlykdan mahrum etmäge iş kesilende kazyýet, onuň on sekiz ýaşyna ýetenden soň jeza çekmek üçin geçirilmeli edarasynyň görnüşini kesgitlemezden, jezany terbiýeleýiş edarasynda çekmegi belleýändir.

On sekiz ýaşyna ýeteni düzediş edarasyna ýa-da mejbury göçürilip eltilen ýerlere geçirmek baradaky mesele kazyýet mejlisine hökmany suratda iş kesileni çagyrmak we Türkmenistanyň JIÝK-nyň 479-njy,481-nji maddalaryndaky iş ýörediş düzgünleri berjaý etmek arkaly, jeza çekilýän ýerdäki kazyýetiň kesgitnamasy esasynda çözülýär.

5.Türkmenistanyň JK-nyň 67-nji maddasynyň 1-nji böleginiň “b” bendi ulanylanda, öň edilen bilkastlaýyn jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen we ony türmede ýa-da düzediş edarasynda çeken adamyň, eger-de şol jenaýat üçin täze jenaýatyň edilen pursatyna çenli iş kesilenlik aýby aýrylmadyk we öz-özünden aýrylmadyk bolsa, onda şol adamyň öň azatlykdan mahrum etmek görnüşli jezany çeken hasap edilmelidigini, kazyýetlere düşündirmeli.

Ondan başga-da, azatlykdan mahrum etmek görnüşli jezany öň çekenleriň hataryna:

a) bilgeşleýin edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmeklige şertli iş kesilip (şol sanda zähmete çekmek bilen hem), şeýle hem azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilip, hökümiň ýerine ýetirilmegi ýa-da jezanyň çekilmegi yza süýşürilip, soňy bilen azatlykdan mahrum etmekligi çekmek üçin düzediş edara iberilenler;

b) bilgeşleýin edilen jenaýatlar üçin günä geçmek ýa-da rehim etmek namasy boýunça, iş kesilenlik aýby aýrylman, türmeden ýa-da düzediş edaralaryndan boşadylanlar;

“ç” bilgeşleýin edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum edilip, hökümiň kanuny güýjüne girmegi bilen ony çekmek üçin derňew gabawhanalarynda galdyrylanlar;

“d” azatlykdan mahrum edilip, jezanyň bir bölegini çeken we azatlykdan mahrum ediş ýerlerden Türkmenistanyň JK-nyň 77-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bölekleri esasynda kesellidigi zerarly boşadylanlar;

“e” başga döwletiň kazyýetiniň hökümi bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilip, jezany çekmegi dowam etmek üçin Türkmenistana berilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň düzediş edaralarynda hökümi ýerine ýetirmek üçin kabul etmek baradaky çözgüde laýyklykda, azatlykdan mahrum etmekligi çekenler we SSSR ýatyrylýança GDA girýän başga döwletleriň kazyýetleriniň hökümleri boýunça iş kesilenlik aýby bar adamlar girýär.

6.Aşakdakylara azatlykdan mahrum etmek görnüşli jezany öň çekenler hökmünde seredilip bilinmez:

a) bilgeşleýin we seresapsyzlykdan edilen jenaýatlaryň jemi boýunça azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilenler, eger-de bilgeşleýin edilen jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jeza bellenen bolsa;

b) düzediş işlerine ýa-da belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenmeklige iş kesilenlere, Türkmenistanyň JK-nyň 50-nji maddasynyň  3-nji böleginde ýa-da 511-nji maddasynyň  4-nji böleginde görkezilen esaslar boýunça bu jeza çäreleri azatlykdan mahrum etmek bilen çalşylan bolsa;

“ç” edilen jenaýat üçin Türkmenistanyň JK-nyň 54-nji maddasyna laýyklykda, kazyýet tarapyndan azatlykdan mahrum etmekligiň ýerine harby-düzediş bölümlerde saklamaklyk ulanylan adamlar;

“d” eger-de, kazyýetleriň hökümleri boýunça düzediş edaralarynda saklanýan adamlar barada nägilelik ýa-da gözegçilik tertibinde iş ýatyrylmak bilen höküm sökülen bolsa ýa-da höküm üýtgedilip azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk ýa-da şertli iş kesmekligi ulanmak bilen jeza bellenen bolsa;

“e” azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen, ýöne özleri barada günä geçmek ýa-da rehim etmek namasynyň ulanylmagy sebäpli jezany hakykat ýüzünde düzediş edaralarynda çekmedik adamlar;

“ä” azatlykdan mahrum etmekligi çekýän ýa-da çeken adamlara, şol höküm çykmazdan öňki edilen jenaýatlar üçin iş kesilende;

“f” jenaýatçylyklydygy we jeza berilmelidigi hereket edýän kanun boýunça aýrylan etmişler üçin, şeýle hem eger-de hereket edýän kanunda olaryň edilendigi üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşli jeza göz öňünde tutulmaýan etmişler üçin azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen we ony azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde çeken adamlar.

g) Esasy jeza çäresi hökmünde bellenen jerimäni tölemekden bilkastlaýyn boýun gaçyran halatynda, jerime kazyýet tarapyndan azatlykdan mahrum etmek bilen çalşylan bolsa.

7.Aýallara aýratyn howply residiwden başga ähli halatlarda bilkastlaýyn edilen jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilende jezany çekmegiň umumy düzgünli düzediş edarasynda, aýratyn howply residiwde-berk düzgünli düzediş edarasynda, seresapsyzlykdan edilen jenaýatlar üçin iş kesilen aýallara azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jeza möhletini doldurmak düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde bellenilýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

8.Türkmenistanyň JK-nyň 67-nji maddasynyň  2-nji böleginiň manysyna görä, jeza möhlediniň bir bölegini türmede çekmek, jenaýaty haýsy ýaşynda edendigine seretmezden, höküm çykarylan pursatyna çenli on sekiz ýaşyna ýetenler barada bellenilýär. Jeza möhlediniň bir bölegini türmede çekmek bellenende, kazyýet gelen çözgüdini hökümde delillendirmeli we azatlykdan mahrum etmek jeza çäresiniň beýleki bölegini haýsy düzediş edarasynda çekmelidigini görkezmeli.

9.Azatlykdan mahrum etmekligi çekmegi dowam etdirmek üçin iş kesilen adam Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 86-njy maddasynda görkezilen tertipde türmeden düzediş edarasyna geçirilende, iş kesileniň derňew gabawhanasynda saklanan wagty höküm boýunça bellenilen türme tussaglygynyň möhletine girmeýär.

10.Seresapsyzlykdan edilen jenaýatyň residiw üçin täsiri ýoklugy sebäpli, günälilik aýyplarynyň bardygyna seretmezden, seresapsyzlykda jenaýat eden adamlar barada azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini çekmegi mejbury göçürilip eltilen ýerlerde bellemeli.

11.Düzediş işleriniň azatlykdan mahrum etmek bilen çalşylmagy bilen (JK-nyň   50-nji maddasynyň 3-nji bölegi), şertli iş kesilmegiň (JK-nyň 69-njy maddasynyň 3-nji bölegi) we jezany çekmegiň yza süýşürilmeginiň (JK-nyň 78-nji maddasynyň 2-nji bölegi) ýatyrylmagy bilen azatlykdan mahrum ediş ýerlerine iberilýän adamlara jezany çekmek, olar şu jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum edilen ýagdaýlarynda bellenmäge degişli düzediş edaralarynda bellenýär.

12.Kazyýet iş kesilenlere düzediş edaralarynyň degişli düzgününi bellemek üçin esas bolup biljek maglumatlary doly toplamaklary üçin anyklaýyş we ilerki derňew edaralaryna zerur talapkärligi bildirmelidirler.

13.Welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri goýberilen ýalňyşlyklary wagtynda düzedip, aşakdaky kazyýetler tarapyndan azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilenlere düzediş edarasynyň görnüşiniň bellenilişiniň kanuny we esaslydygyna gözegçiligi güýçlendirmelidiler.

Iş kesilene has berk düzgünli düzediş edarasynyň görnüşi esassyz bellenilen ýagdaýynda, ýokardaky kazyýet işe nägilelik ýa-da gözegçilik tertibinde seredip, iş kesilene jezany degişli düzediş edarasynda çekmegi bellemäge haklydyr.

Eger-de iş kesilene ýalňyşlyk bilen ýeňil düzgünli düzediş edarasynyň görnüşi bellenilen bolsa, nägilelik basgançakly kazyýet prokuroryň nägilelik teklipnamasy ýa-da jebir çekeniň nägilelik şikaýaty bilen, şonuň ýaly-da gözegçilik basgançakly kazyýet höküm kanuny güýje girenden soň bir ýylyň içinde degişli garşylyknama boýunça hökümiň şu bölegini sökýär we Türkmenistanyň JIÝK-nyň 480-nji we 481-nji maddalaryna laýyklykda düzediş edarasynyň degişli görnüşini bellemek üçin, işi täzeden seretmeklige iberýär.

Eger-de hökümde edaranyň görnüşi bellenilmedik bolsa, onda nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetler hususy kesgitnama (karar) bilen goýberilen kanun bozma we edaranyň görnüşini bellemgiň zerurdygy barada kazyýetiň dykgatyna ýetirýär. Şu ýagdaýda edaranyň görnüşi, hökümi çykaran kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň JIÝK-nyň 376-njy we 377-nji maddalarynyň düzgünleri boýunça bellenilmelidir.(13-nji bölümden Ýokary geçirmeli)

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                              Ö.Ataýew

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                        

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                  R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y  № 5

 

2001-nji ýylyň awgust aýynyň 3-i                                                      Aşgabat şäheri

 

Jenaýat jezasy bellenilende kazyýetler tarapyndan

kanunçylygyň berjaý edilişi hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 16.07.2016ý. 4, 08.12.2018ý. 7 kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Jenaýat etmekde günäkär adamlara jenaýat jezasyny bellemek boýunça kazyýet ýörelgesini ara alyp maslahatlaşyp we jenaýat jezasyny bellemegiň tertibini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynyň üýtgedilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R       E D Ý Ä R:

 

1.Jenaýat jezasy belenilende, kazyýetler jezany bellemegiň Türkmenistanyň JK-nyň 56-njy maddasynda görkezilen umumy esaslaryny gyşarnyksyz berjaý etmelidirler, şeýle hem işi kazyýetde seredilýän günäli bilnen halatynda jenaýatyň görnüşini we agyrlygyny, residiwi we onuň görnüşi, jenaýatyň ýerine ýetirilen derejesini, adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan jenaýat edilende işi kazyýetde seredilýäniň oňa gatnaşyjylyk derejesini, onuň hereketiniň jenaýatçylykly maksada ýetmekde we ýetirilen ýa-da ýetirilmegi mümkin bolan zyýanyň häsiýetine we mukdaryna täsir etmekde ähmiýetini, jenaýatlaryň jeminiň bar ýa-da ýokdugyny, jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlary, kanunda göz öňünde tutulandan has ýeňil bellemek ýa-da şertli iş kesmek üçin esaslary göz öňünde tutmaly.

Şeýle hem jenaýat kanunynda kämillik ýaşyna ýetmedikler, aýallar, pensiýa ýaşyna ýetenler, maýyplar we ş.m. üçin jenaýat jezasyny bellemegiň aýratynlyklarynyň bardygyna görä, kazyýetler işi kazyýetde seredilýäniň jynsyna, ýaşyna we işe ýarawlylygyna üns bermelidirler.

2. Agyr we aýratyn agyr jenaýatlary edenlere, esasan hem olary guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň düzüminde edenlere, şeýle hem öň kazyýet jogapkärçiligine çekilip, düzediş ýoluna düşmek işlemeýänlere kanunda göz öňünde tutulan berk jeza çäresini ulanmaklygyň hökmanylygyny ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

3. Jezanyň görnüşini we mukdaryny kesgitlemek üçin düýpli ähmiýeti bardygy sebäpli, kazyýetler işi kazyýetde seredilýäniň şahsyýeti baradaky maglumatlary hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüzlikli barlamalydyrlar. Hususan-da, işi kazyýetde seredilýäniň saglyk ýagdaýyny, işe ýarawlylygyny, zähmete we okuwa gatnaşygyny, iş kesilenlik aýby hakyndaky maglumatlary aýdyňlaşdyrmak zerur.

Işi kazyýetde seredilýäniň maşgala ýagdaýyny aýdyňlaşdyryp, Türkmenistanyň JK-nyň 56-njy maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda kazyýet jeza bellände bellenen jezanyň onuň maşgala durmuş şertlerine täsirini göz öňünde tutmalydyrlar.

4. Kazyýetler Türkmenistanyň JK-nyň 57-nji maddasynda görkezilen jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlaryň sanawynyň gutarnykly däldigi sebäpli, jeza bellände şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik ýagdaýlary hem jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar hökmünde nazara alyp bilerler.

5. Türkmenistanyň JK-nyň 58-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen, jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlaryň sanawynyň gutarnyklydygy sebäpli, kazyýet tarapyndan anyklanan jenaýat edilendäki ýa-da kazyýetde seredilýäni häsiýetlendirýän başga ýagdaýlar (spirtli içgileri kast edip ulanmak, köpçülikde özüni alyp barmak düzgünlerini bozmak, maşgala, okuwa, işe erbet gatnaşygy we.ş.m.), jeza bellenende göz öňünde tutulyp bilner, ýöne jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan diýip bilnimez.

Haçan-da Türkmenistanyň JK-nyň 57-nji we 58-nji maddalarynda göz öňünde tutulýan ol ýa-da beýleki ýagdaýlar, JK-nyň Aýratyn böleginiň dispozisiýasynda jenaýatyň bir maddalaşdyryjy alamaty hökmünde görkezilen bolsa, ony edilen jenaýat üçin jeza bellenilende jogapkärçiligi we jezany ýeňilleşdirýän ýa-da agyrlaşdyrýan ýagdaý hökmünde göz öňünde tutup bolmaz.

6. Eger-de, öňki edilen jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmegiň wagt möhleti dolan bolsa, iş kesilenlik aýby hereket edýän tertipde aýrylan ýa-da öz-özünden aýrylan bolsa ýa-da adamyň öňki eden hereketi üçin jeza berilmelidigi kanun bilen aýrylan bolsa, şeýle hem, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň Umumy böleginde görkezilen esaslar boýunça adam öňki edilen jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan bolsa, onda täze jenaýat eden adam üçin, öňki edilen haýsydyr bir jenaýata jenaýat jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan ýagdaý hökmünde seredip bolmaz.

7. Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyna laýyklykda edilen jenaýat maddalaşdyrylan Türkmenistanyň JK-nyň degişli maddasynda (maddanyň böleginde) görkezilen aşak çäkden-de pes çäkdäki jezany ýa-da maddanyň jezalandyryş böleginde göz öňünde tutulmadyk has ýeňil görnüşini bellemäge, ýa-da hökmany hökmünde göz öňünde tutulýan goşmaça jeza çäresini ulanmazlyga, diňe etmişiň maksatlary we delilleri, günäkäriň orny, jenaýat edilen mahaly ýa-da jenaýat edilip gutarylandan soňra onuň özüni alyp barşy we etmişiň jemgyýetçilik howpunyň derejesini ep-esli peseldýän beýleki ýgdaýlar, şeýle hem toparlaýyn jenaýatçylyga gatnaşyjynyň topar bolup edilen jenaýatyň üstüni açmaga işjeň ýardam bermegi bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlar ýüze çykarylan mahalynda ýol berilýär. Käbir ýeňilleşdirýän ýagdaýlar, şeýle hem olaryň birnäçesiniň jemi aýratyn ýagdaýlar hökmünde ykrar edilip bilner. Kazyýet iş boýunça anyklanan haýsy ýagdaýlary aýratyn diýip ykrar edýändigini we olary günäkäriň şahsyýeti baradaky haýsy maglumatlar bilen baglylykda Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny ulanmak üçin esas edip alýandygyny hökümde görkezmäge borçludyr.

Birnäçe jenaýatlary etmekde günäkär adama kanunda göz öňünde tutulandan has ýeňil jeza ulanylanda, ilki başda edilen jenaýatlaryň biri ýa-da hersi üçin Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasy ulanylyp, soň Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasynyň düzgünleri boýunça gutarnykly jeza kesgitlenilýär.

Jenaýatlaryň residiwinde, howply residiwinde we aýratyn howply residiwinde Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny ulanmak bilen jeza bellenilende, Türkmenistanyň JK-nyň 62-nji maddasynyň  2-nji böleginiň düzgünleri ulanylmaýar.

Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyny ulanmak bilen kazyýet tarapyndan kesgitlenen jezanyň möçberi, hiç bir ýagdaýda hem, şol jezanyň görnüşi üçin kanunda göz öňünde tutulýan aşak çäkden az bolmaly däldir.

8. Haçan-da adamyň günäli bilnen kanunynyň jezalandyryş bölegi azatlykdan mahrum etmek bilen bir hatarda jezanyň has ýeňil görnüşini göz öňünde tutýan bolsa, onda höküm çykarylanda azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jezany, hususan-da düzediş işlerini, jerimäni we ş.m bellemek baradaky meseläniň ara alyp maslahatlaşylmaga degişlidigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Şeýle ýagdaýlarda azatlykdan mahrum etmekligi, şonuň ýaly-da onuň gysga möhletini, eger-de kazyýet işiň anyk ýagdaýlaryndan we günäkäriň şahsyýeti hakyndaky maglumatlardan ugur alyp, başga görnüşli jezany ulanmagyň mümkin däldigi barada netijä gelende bellemek bolar.

Türkmenistanyň JK-nyň 71,73-nji madalarynda göz öňünde tutulýan etmişleri eden adamlar barada kazyýetleriň olary jenaýat jogapkärçiliginden boşatmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaklary gerek. Kazyýetiň adamy jenaýata jeza çäresini ulanmazdan düzetmegiň mümkindigi baradaky netijesi, işiň ýagdaýlarynyň hemme taraplaýyn, doly we tarapgöýsüzlikli barlanyp görülmegi we günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlar bilen esaslandyrylan bolmalydyr.

9. Kämillik ýaşyna ýetmediklere jeza çäresini bellemek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşanlarynda, jezanyň diňe Türkmenistanyň JK-nyň 84-nji maddasynda görkezilen görnüşlerini ulanyp boljakdygyna we olaryň möhletiniň we mukdarynyň Türkmenistanyň JK-nyň 85-87-nji maddalarynda görkezilen çäklerden köp bolmaly däldigine kazyýetler üns bermelidirler. Şeýle hem Türkmenistanyň JK-nyň 88-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlary goşmaça göz öňünde tutmak bilen we her bir anyk ýagdaýda işiň ýagdaýlaryny we işi kazyýetde seredilýän kämillik ýaşyna ýetmedigiň şahsyýetini nazara almak bilen, Türkmenistanyň JK-nyň 89-njy maddasynda göz öňünde tutulan terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ol barada ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak zerurdyr.

10. Kazyýetler jenaýat haýsy hem bolsa bir residiwde edilende, gutarylmadyk jenaýatda, şeýle hem jenaýatlaryň jemi we hökümleriň jemi boýunça jeza bellenende, jezalaryň möhletiniň Türkmenistanyň JK-nyň 60,62-64-nji maddalarynda görkezilen çäklerini berk saklamaklary gerek.

Gutarylmadyk jenaýatda, haýsy hem bolsa bir residiw bolen halatynda-da jezanyň iň ýokary mukdary Türkmenistanyň JK-nyň 60-njy maddasynda görkezilen möhletden we mukdardan geçmeli däldir.

Türkmenistanyň JK-nyň 87-nji maddasynyň 1-nji bölegine görä kämillik ýaşyna ýetmedikleri azatlykdan mahrum etmek on ýyldan ýokary bolmadyk möhlete, aýratyn agyr jenaýat üçin bolsa on bäş ýyldan ýokary bolmadyk möhlete bellenilýär. Oňa görä-de Türkmenistanyň JK-nyň 60-njy maddasynyň  talaplaryna laýyklykda kämillik ýaşyna ýetmediklere agyr jenaýaty etmegiň kastyna düşendirkleri üçin ýedi ýyl alty aýdan köp azatlykdan mahrum etmek we aýratyn agyr jenaýaty etmegiň kastyna düşendikleri üçin on bir ýyl üç aýdan köp azatlykdan mahrum etmek, jenaýata taýýarlyk üçin bolsa degişlilikde bäş ýyldan we ýedi ýyl alty aýdan köp azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi bellenilip bilinmez.

Türkmenistanyň JK-nyň 53-nji maddasyna laýyklykda, azatlykdan mahrum etmekligi ýigrimi bäş ýyla çenli aýratyn ýagdaýlarda bellemek mümkin. Oňa görä-de jenaýatlaryň jemi ýa-da hökümleriň jemi boýunça jezalar dolulygyna ýa-da bölekleýin goşulanda, eger-de olaryň jemine ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek görnüşli jezany göz öňünde tutýan, gutarnykly amala aşyrylan jenaýat girmeýän bolsa, onda azatlykdan mahrum etmekligiň iň ýokary möhleti on bäş ýyldan geçmeli däldir.

11. Esasy we goşmaça jeza çäresiniň dogry utgaşdyrylmagy, ony aýrybaşgalaşdyrmak ýörelgeleriniň yzygiderli amala aşyrylmagyna, jezanyň maksadyna has tiz ýetilmegine ýardam edýär, oňa görä-de kazyýetler her iş boýunça höküm çykaranlarynda goşmaça jezalary ulanmak meselesini, aýratyn hem agyr we aýratyn agyr jenaýatlary etmekde günäli bilnenlere ulanmak meselesini, ara alyp maslahatlaşmaklary gerek.

Jenaýat kodeksiniň jezalandyryş bölegi goşmaça jeza çäresini ulanmak ýa-da ulanmazlyk mümkinçiligini göz öňünde tutýan bolsa kazyýetler onuň ulanylýandygyny ara alyp maslahatlaşmaga we hökümiň delillendiriş böleginde gelnen çözgüdiň delillerini görkezmäge borçludyr. Şeýle ýagdaýlarda goşmaça jeza çäresiniň ulanylmaýanlygy, bu barada hökümiň karara gelinýän böleginde görkezilmegini talap etmeýär.

Jenaýat kodeksiniň goşmaça jeza çäresi hökman diýip görkezilen maddasy boýunça günäkäre iş kesilende, kazyýet diňe Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasynda görkezilen şertler bar ýagdaýda, gelnen çözgüdiň delillerini hökmany suratda hökümde görkezip we hökümiň karara gelinýän böleginde Türkmenistanyň JK-nyň 59-njy maddasyna salgylanyp, ol goşmaça jeza çäresini ulanman biler.

12. Hususan-da jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlaryň, eger Jenaýat kodeksiniň jezalandyryş bölegi azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk başga jezalary hem göz öňünde tutýan bolsa, onda azatlykdan mahrum etmek jezasynyň belenilýändiginiň delilleriniň, jezanyň çekilmeginiň yza süýşürilýändigi, şertli iş kesilmegiň ulanylýandygy, kanunda göz öňünde tutulandan has ýeňil jeza bellenilýändigi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdiniň, zerur ýagdaýlarda bolsa, kazyýetiň ol ýa-da beýleki jezanyň görnüşini ýa-da mukdaryny saýlap almagynyň delilleriniň hökümde görkezilmäge degişlidigi barada Türkmenistanyň JIÝK-nyň 423-nji maddasynyň  talaplaryny berk ýerine ýetirmäge kazyýetler borçludyrlar.

13. Işlere nägilelik we gözegçilik tertibinde seredilende höküm çykarylanda jeza bellemegiň umumy esaslarynyň berjaý edilişini, seçilip alnan jezanyň jenaýatyň agyrlygyna we iş kesileniň şahsyýetine laýyk gelşini, hökümde jeza çäresi baradaky gelnen netijäni we şunda göz öňünde tutulan, işiň anyk ýagdaýlaryny beýan etmegiň tertibini düzgünleşdirýän iş ýörediş kanunyň kadalarynyň berjaý edilişini kazyýetler ykjam barlamalydyrlar.

 

 

 

 

 

14. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri baradaky kazyýet kollegiýasy welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri jeza bellemegiň ýörelgelerini yzygider öwrenmelidirler we umumylaşdyrmalydyrlar, kanuny ulanmakda goýberilen ýalňyşlyklary derňäp kararlary, kesgitnamalary, şeýle hem kazyýet iş ýörelgeleriniň gözden geçirmelerini hemişe kazyýetlere ýetirip durmalydyrlar.

 

 

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ö.Ataýew

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

 kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y  № 3

2003-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-i                                                      Aşgabat şäheri

 

Ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmagyň
düzgünleriniň bozulmagy baradaky işler boýunça
kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 20.05.2010ý. №4, 28.07.2012ý. №1 19.04.2014ý. 3,    

25.07.2015 ý. №2, 16.07.2016ý. №4, 27.12.2016ý. №11, 08.12.2018ý. №7    kararlary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar  girizilen)

 

Ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan kanunçylygyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen we şeýle görnüşli işlerde düşündiriş berilmegi zerur bolan meseleleriň ýüze çykandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň giňişleýin mejlisi

 

KARAR   EDÝÄR:

 

1. Hereketiň howpsuzlygynyň we ulag serişdeleriniň ulanyş kadalarynyň jenaýatçylykly bozulmagy baradaky işlere seredilende, kanunçylygyň talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

2. Kazyýetler ýol hereketleriniň howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy baradaky işlere seredenlerinde, jenaýat jogapkärçiliginiň ýol hereketleriniň kadalarynyň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagynyň emele gelen hadysa sebäp bolan ýagdaýynda ýüze çykýandygyna üns bermelidirler. Şoňa görä-de şeýle görnüşdäki işlere seredenlerinde, kazyýetler ýol-ulag hadysasynyň boluş ýagdaýlaryny doly derejede barlap, hadysanyň ýüze çykmagyna ýol herketleriniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmaklygyň haýsy kadalarynyň bozulandygyny, onuň ýüze çykan ýol-ulag hadysasyna sebäp bolandygyny, ýol-ulag hadysasynyň ýüze çykmagyna başga sebäp bolan adamlaryň bolandygyny ýa-da bolmandygyny çuňňur derňäp, doly anyklamaga borçludyrlar. Şunda kazyýetleriň hökümleriniň beýan ediş böleginde diňe ýol hereketleriniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň bozulan düzgünleriniň bendine salgylanylman, şol bozulan düzgünleriň nämeden ybaratdygy hem görkezilmelidir.

3. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynda awtomobili, motosikli ýa-da beýleki mehaniki ulag (transport) serişdelerini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketleriniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde ýol-ulag hadysasy döräp, onuň uly möçberde maddy zyýan ýetmegine getiren halatynda jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulan.

“Beýleki mehaniki ulag (transport) serişdeleri” diýlip Döwlet ýol gözegçilik gullugynda bellige alynmaga degişli, hereketlendiriji bilen herekete getirilýän, hereketlendirijisiniň iş göwrümi 50 sm3 uly bolan ulaglara düşünilýär.

Tramwaýlar, trolleýbuslar, traktorlar, awtokranlar, ýük ýükleýjiler (awtopogruzçikler), awtogreýderler, asfalt düşeýjiler, kombaýnlar we ş.m. hem “beýleki mehaniki ulag (transport) serişdeleriniň” hataryna girýär.

4. Ýol hereketleriniň kadalary Türkmenistanyň Ýol hereketleriniň kadalarynda” beýan edilenlerden başga-da, onuň üstüni aýratyn talaplar bilen doldurýan, belli görnüşdäki ulaglar we olaryň ulanylşynyň aýratynlyklary boýunça kabul edilýän goşmaça düzgünnamalaryň we gollanmalaryň esasy çeşmesiniň hem ýol hereketiniň kadalary bolmalydygyny kazyýetler ünsden düşürmeli däldirler.

5. Ulag serişdelerini ulanmaklyk diýlip, ulag serişdesiniň niýetlenişine laýyk, tehniki ýagdaýyny kadaly saklamak bilen ulanylmagyna düşünilýär. Ol kadalar ulag serişdeleri dolandyrylan ýagdaýynda hem berjaý edilmelidir. Eger-de ulag serişdesini dolandyrýan adam, ulag serişdesiniň hereketiň howpsuzlygyny berjaý etmeklige päsgel berýän näsazlygyny duýup, ulag serişdesini dolandyrmaklygyny dowam etdirse we munuň özi ýol-ulag hadysasynyň döremegine getirse, ol ulag serişdelerini ulanmagyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişlidir. Çünki “Ýol hereketiniň kadalarynyň” 2.3.1-nji bendinde sürüji ulagyň tehniki ýagdaýynyň sazlygyny, guratlygyny barlamaga we ony ýolda üpjün etmäge we hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmeklige päsgel berýän näsazlyk ýüze çykanda ulagyň hereket etmegini togtadyp hereketiň howpsuzlygyna päsgel berýän näsazlygy aýyrmaklyga borçlandyrylan. Şonuň bilen birlikde ulag serişdeleriniň bejerilýän wagtynda, olara ýangyç guýulýan wagtynda, ulagyň tehniki taýdan niýetlenen işinde işledilýän wagtynda howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy netijesinde heläkçiligiň bolmagy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň alamatlaryny döretmeýär. Çünki bu ýagdaýlarda howp ýol hereketiniň howpsuzlygyna däl-de, iş kadalarynyň howpsuzlygyna gönükdirilen.

6. Ulag serişdeleriniň hereketi ulag serişdesiniň ýerinden gozganan pursatyndan başlanýar we onuň hereketiniň doly togtan ýagdaýynda hem tamamlanýar. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasy boýunça jogapkärçiligiň ýüze çykmagy kadalaryň bozulan ýerine bagly däldir. Agzalan madda boýunça jogapkärçilik gatnaw ýollarynda, köçelerde, demir ýol geçelgelerinde, howlularda, meýdanlarda, ýolsyz ýerlerde, kärhananyň howlularynda we ş.m. ýerlerde hereket edilende kadalaryň bozulmagy netijesinde ýol-ulag hadysasy dörände hem ýüze çykýar. Hadysanyň bolan ýeri jenaýatyň maddalaşdyrylyşyna täsirini ýetirmeýän bolsa-da, hadysanyň boluşynyň beýleki ýagdaýlary bilen bilelikde howpsuzlyk kadalarynyň bozulyş ýagdaýyny, günäkäriň eden etmişine garaýşyny kesgitlemäge, jeza çäresini seçip almaklyga täsirini ýetirip biler.

Ulag serişdelerine ýüklenen ýükleriň adamyň ýa-da emlägiň üstüne gaçmagy, tramwaýyň ýöreýän ýolundan sypmagy, ulag serişdesiniň köprüden gaçmagy we ş.m. netijesinde dörän hadysalar hem ýol-ulag hadysasy hökmünde kabul edilmelidir.

7. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen uly möçberdäki zyýan diýlip, ýetirilen zyýanyň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden artyk bolmagyna düşünilýär. Zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesgitlenýär. Iş boýunça kazyýet maslahat jaýyna gidýänçä ýetirilen zyýanyň öwezini doly möçberde meýletin dolan adam Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

8. Ýetirilen maddy zyýan diýip ýol hadysasy netijesinde emläge ýeten zyýana düşünilýär. Şoňa görä-de Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 1-nji bölegi boýunça ýetirilen maddy zyýanyň möçberi emläge ýeten ähli zyýanlaryň möçberi boýunça kesgitlenilmelidir (ulag serişdesini dikeltmeklik, ýükleriň, ýolagçylaryň egin-eşikleriniň zaýalanmagy we ş.m.).

Ýol-ulag hadysasy netijesinde alynmadyk girdeýjiler we saglygy bejertmek üçin çykarylan çykdajylar hadysa netijesinde gönüden-göni ýetirilen zyýanlaryň hataryna girmeýär we olar jenaýatçylykly hereketler maddalaşdyrylanda hasaba alynmaga degişli däldirler.

9. Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasy boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin zeleliň ýüze çykmagyna ýol hereketleriniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmaklygyň kadalarynyň bozulmagynyň sebäp bolanlygy doly aýdyňlaşdyrylmalydyr. Ýol-ulag hadysasy bolsa-da, ulag serişdesini dolandyryjy tarapyndan ýol hereketleriniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmaklygyň düzgünleri bozulmadyk bolsa jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykmaýar. Mysal; pyýada özüni heläklemek üçin aňlylykda özi ulag serişdesiniň öňüne topulýar ýa-da özüniň seresapsyzlygy sebäpli ulagyň yzky tigriniň aşagyna düşýär.

10. Ýol-ulag hadysalarynyň bolmagy baradaky jenaýatlarda birnäçe sebäpleriň we ýagdaýlaryň bilelikdäki çylşyrymly gatnaşygyndan hem heläkçilikli zeleliň ýüze çykmagy mümkin. Ýagny ýol hereketine gatnaşyjylaryň beýlekileriniň (jebir çekeniň, ýolagçylaryň) bikanun hereketleri (hereketsizligi), ýol we howa aýratynlyklary, ulag serişdesiniň tehniki ýagdaýy we ş.m.

Şeýle ýagdaýlarda sürüjiniň hadysanyň öňüni almaga mümkinçiliginiň bolandygy ýa-da bolmandygy göz öňünde tutulmalydyr. Eger-de ýol-ulag hadysasy sürüjiniň günäsi bilen döremedik bolsa we hadysanyň bolmagynyň öňüni almaga sürüjiniň mümkinçiligi bolmadyk bolsa, sürüjiniň jogapkärçiligi ýüze çykmaýar. Eger-de ýol hadysasynyň ýüze çykmak ýagdaýy sürüjiniň özi tarapyndan döredilen bolsa, onuň hadysanyň döremeginiň öňüni almaga mümkinçiliginiň bolandygy ýa-da bolmandygy baradaky soragyň çözgüdiniň sürüjiniň jogapkärçiligi barada ähmiýeti ýokdur.

Ýol hereketine gatnaşyjylaryň biri hereketiň howpsuzlyk kadalaryny doly berjaý edýän bolsa, beýleki herekete gatnaşyjylaryň hem howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmeklerine garaşýar, ýagny artykmaç hukugy eýeleýän ýol hereketine gatnaşyjy hem kabul edilen kadalary berjaý etmeklige borçludyr. Şeýle ýagdaýlarda ýol hadysasynyň döremeginiň sebäbini anyklamak has-da wajyp bolup durýar. Çünki esasy ýoldan gelýänligi sebäpli artykmaç hukukdan peýdalanýan sürüjiniň çatryga golaýlanda ýol hereketiniň kadalarynda görkezilen tizligi saýlap alan bolsa hadysanyň bolmajakdygy anyklanylsa, artykmaç hukukdan peýdalanýan sürüjiniň kadada görkezilen tizlikden ýokary tizligi saýlap almagy hadysanyň döremegine sebäp bolup biler. Şeýle ýagdaýda ýol-ulag hadysasynyň bolmagyna günäkär sürüjileriň ikisi hem Türkmenistanyň Jenaýat kanunynyň 326-njy maddasy boýunça jogapkärçilige çekilmäge degişlidir. Şunda ýetirilen maddy zyýan olaryň her birinden, günäsiniň möçberine görä öndürilip alynýar.

11. Ýol-ulag hadysasynyň bolmagy bilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynda görkezilen zelelli ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna ulag serişdesini sürüji däl-de başga adamlar (pyýadalar, ýolagçylar we ş.m.) günäkär bolsalar ýa-da hadysanyň bolup zeleliň ýüze çykmagyna ulag serişdesini dolandyryjy bilen birlikde başga adamlaryň hem günäsi bolan ýagdaýynda, ulag serişdesini dolandyryjy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň degişli bölekleri, beýleki adamlar bolsa 329-njy maddasynyň degişli bölekleri bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişlidir.

12.Ýol-ulag hadysasynyň döremegi netijesinde seresapsyzlyk zerarly adamynyň saglygyna agyr zyýan ýeten bolsa Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Saglyga ýeten zeperiň agyrlyk derejesi saglyk bilermenler seljermesiniň netijesi bilen takyklanylýar. Bilermenler seljermesiniň netijesi esasly şübhe döreden ýagdaýynda deslapky derňew edaralary ýa-da kazyýet gaýtadan bilermenlik seljermesini bellemeklige hukuklydyr.

13.Ulag-tehniki bilermenler seljermesi diňe ýörite tehniki meseleleri çözýär. Şoňa görä hem derňewde we kazyýet mejlisinde bilermenleriň öňünde hukuk dörediji ýa-da borçdan boşadyjy soraglar goýulmaly däldir. Ulag-tehniki bilermenler seljermesiniň netijesi kazyýetler tarapyndan çuňňur barlanylyp, olaryň tehniki hasabatlaryndaky maglumatlarynyň bilermenler seljermesini bellemek baradaky kararda görkezilen maglumatlara laýyk gelýändigi anyklanylyp baha berilmäge degişlidir. Şunda ulag-tehniki bilermenler seljermesiniň netijesiniň beýleki subutnamalara garanda artykmaçlyga eýe däldigine, olaryň beýleki subutnamalar bilen deň derejede barlanylyp baha berilmäge degişlidigine kazyýetler düşünmelidirler.

Ulag-tehniki bilermenler seljermesi bellenilende iş boýunça toplanan maglumatlar ýeterlik bolmasa ýa-da bolan maglumatlar hadysanyň bolmagyna gatnaşan adamlar tarapyndan jedel edilende derňew ýa-da kazyýet synaglary geçirilip maglumatlaryň üsti ýetirilmelidir. Hadysanyň bolmagyna gatnaşyjylaryň synag dowamynda beren maglumatlary çapraz gelende olaryň her biriniň beren maglumatlary boýunça aýratyn soraglar goýlup haýsysynyň esas hökmünde kabul edilmelidigi beýleki subutnamalar toplumy bilen bilelikde barlanyp çözülmäge degişlidir.

14.Ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy bilen dörän ýol-ulag hadysasy netijesinde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň iki böleginde görkezilen ýagdaýlar emele gelende (uly möçberde maddy zyýan we adamynyň saglygyna agyr ten şikesiniň ýetmegi) olar bir bitewi jenaýaty döredýän bolsalar, günäkäriň hereketleri maddalaşdyrylanda iki bölegiň hem maddalaşdyryş alamatlary görkezilip, agyr netijeleri göz öňünde tutýan bölek bilen maddalaşdyrylmaga degişlidir.

15.Ýol-ulag hadysasy netijesinde birnäçe adam heläk bolanda (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 4-nji bölegi) olaryň bir hadysanyň dowamynda heläk bolandyklaryny takyklamak zerurdyr. Biri-birinden üzňelikde bolan iki ýa-da birnäçe hadysanyň her birinde bir, jemi birnäçe adamynyň heläk bolmagy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 4-nji böleginiň alamatlaryny döretmeýär. Olar biri-birinden üzňelikde bolan bir meňzeş jenaýat hökmünde diňe bir gezek Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 3-nji bölegi boýunça maddalaşdyrylmaga degişlidir.

16.Ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy bilen baglylykdaky jenaýat seresapsyzlykdan edilen jenaýatlaryň hataryna girýär. Şoňa görä hem günäkäriň niýetiniň nämä gönükdirilendigini anyklamak zerurdyr. Eger-de günäkäriň niýeti ulag serişdesini ulanmak bilen adamyny öldürmeklige, onuň synasyna şikest ýetirmeklige ýa-da uly maddy zyýan ýetirmeklige gönükdirilen bolsa onuň hereketi adamynyň janynyň we saglygynyň ýa-da emlägiň garşysyna bilkastdan edilen jenaýat hökmünde maddalaşdyrylmaga degişlidir.

Ýol-ulag hadysasy bolandan soňra günäkär tarapyndan adamynyň jany we saglygynyň ýa-da emläginiň garşysyna aýratyn jenaýat edilende onuň hereketi jenaýatlaryň jemi boýunça maddalaşdyrylmaga degişlidir.

Ulag serişdesiniň alnyp gaçylmagy, ogurlanmagy bilen ýol-ulag hadysasynyň döremeginde günäkäriň hereketi Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasy we eýeçilige garşy edilen jenaýatyň jemi boýunça maddalaşdyrylmalydyr.

17.Ýol-ulag hadysasynyň döremegine günäkär adam, ýol-ulag hadysasy netijesinde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 2-nji, 3-nji, 4-nji böleklerinde görkezilen ýagdaýlar dörände jebir çekene kömek bermän hadysanyň bolan ýerini taşlap giden bolsa onuň hereketi Jenaýat kodeksiniň 326-njy we 125-nji maddalary boýunça maddalaşdyrylmalydyr. Şunda jebir çekeniň wakanyň bolan ýerinde ýogalmagynyň, hadysanyň bolan ýerinde başga adamlaryň bolmagynyň ähmiýeti ýokdur.

18.Ýol-ulag hadysasynyň döremegine günäkär bolmadyk sürüji özüniň dolandyrýan ulag serişdesiniň gatnaşmagynda ýol hadysasy bolup jebir çekeniň jany we saglygy üçin howply halynda kömeksiz taşlap giden ýagdaýynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 125-nji maddasy boýunça jogapkärçilige çekilmelidir.

Göz-görtele jany ýa-da saglygy üçin howply bolan ýagdaýda goýmak diýip, haçan-da ulag serişdesiniň sürüjisiniň öz edýän hereketlerine (hereketsizligine) akyl ýetirip, jebir çekeniň kiçi ýaşlydygy, garrylygy, ýarawsyz ýa-da kömege mätäç ýagdaýdadygy sebäpli, özüniň saglygy goraýyş (medisina) kömegine özbaşdak ýüz tutmaga mümkinçiligi (mejaly) bolmadyk halda bolup janyna ýa-da saglygyna howp abanýan ýagdaýda goýup gaýtmagyna düşünmelidir (mysal üçin, sürüjiniň wakanyň bolan ýerinden gaçyp gitmegi, tiz kömegi çagyrmazlygy, jebir çekeni golaýdaky saglygy goraýyş edarasyna äkitmezligi we ş.m.).

19.Ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmaklygyň düzgünleriniň bozulmagy bilen baglylykdaky jenaýat işler boýunça 16 ýaşyna ýeten, akyl taýdan sagdyn adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner. Şeýle adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi üçin onuň ulag serişdesini sürmeklige hukugynyň, ulag serişdesini sürmeklige tejribesiniň bolandygynyň ýa-da bolmandygynyň ähmiýeti ýokdur.

20.Iki taraplaýyn dolandyrylýan okuw ulagynda ulag serişdelerini dolandyrmaklygy öwrenmek barada okuw geçilýän mahaly okuwçynyň Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynda görkezilen ýol-ulag hadysasyna getirmekdäki hereketi boýunça ulagy sürmegi öwrediji (instruktor) jogapkärçilik çekýär. Çünki Türkmenistanda ýol hereketleriniň kadalarynyň 1.2 bendinde ulagy sürmegi öwrediji hem sürüji bilen deňleşdirilen.

Şonuň bilen birlikde ulagy sürmegi öwrenýän okuwçy, ulag serişdesini dolandyrýan adam bolmak bilen, ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmaklygyň ähli kadalaryny berjaý etmäge borçly. Şoňa görä-de ulag serişdesini sürmegi öwreniji-okuwçy ulag serişdesini sürmegi öwredijiniň görkezmelerine üns bermän ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmaklygyň kadalaryny gödek bozup, öwredijiniň bolsa bu ýagdaýa garaşman ýa-da özündäki ulagy dolandyryjy enjamlar bilen hadysanyň bolmagynyň öňüni alyp bilmedik ýagdaýynda (ulag duýdansyz hereketini üýtgetse ýa-da birden saklansa) ulag serişdesini sürmegi öwreniji jogapkärçilik çekýär.

21.Ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy baradaky işler boýunça günäkäre jeza çäresi seçilip alnanda kazyýetler jogapkärçiligi aýrybaşgalaşdyrmak ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýatyň seresapsyzlykdan edilendigini, jenaýatyň getiren netijelerini, günäkäriň eden jenaýatyna bolan garaýşyny, jenaýat netijesinde ýüze çykan ýagdaýlary kadalaşdyrmak baradaky hereketlerini, şahsyýetini göz öňünde tutmalydyrlar.

Şol bir wagtyň özünde günäkäre belleniljek jeza çäresi barada mesele çözülende ýol-ulag hadysasyna getiren ýagdaýyň döremegine jebir çekeniň hem günälilik derejesi ünse alynmaga degişlidir.

Kazyýetler iş kesilen barada kesgitlenen jeza çäresini seçip alýandygy, günäkäre goşmaça jeza çäresiniň bellenilmegi ýa-da bellenilmezligi baradaky netijelerini hökümlerinde delillendirip görkezmelidirler.

Ulag serişdelerini sürmek hukugyndan kesmek baradaky goşmaça jeza çäresini bellemeklik üçin iş kesileniň ulag serişdelerini sürmeklige hukuk berýän şahadatnamasynyň bardygynyň ýa-da ýokdugynyň ähmiýetiniň ýokdugyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny bozup, ýol-ulag hadysasynyň döremeginde günäkärlenip iş kesilen ozal hem ulag serişdelerini sürmek hukugyndan kesilen bolsa, kazyýet özüniň hökümi bilen iş kesileniň ulag serişdelerini sürmek baradaky hukugyny kanunda görkezilen möhletden köp bolmadyk (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 48-nji maddasy) möhlete uzaldyp biler.

22.Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen jenaýaty eden adamynyň özi hem ýol-ulag hadysasy netijesinde ten şikestini alyp jebir çekenlere mümkin bolan kömegi bermäge ýagdaýy bolmadyk bolsa we ol hadysanyň bolan ýerini taşlap gitmedik bolsa jebir çekenlere kömek etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri gören hatarynda hasaplanylmalydyr.

23.Kazyýetler ýol hereketiniň we ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly jenaýat işlerine seredenlerinde, ýetirilen maddy zyýanyň öweziniň dolunmagy baradaky meselä aýratyn üns bermelidirler, şonda ýol-ulag hadysasyna sezewar bolan ulag serişdesiniň nähili ýagdaýda we kim tarapyndan ulanylandygy, ol eýesi tarapyndan ulanylmadyk bolsa, ony ulanan şahsyň nähili ygtyýarlyklarynyň bolandygy takyk anyklanmaga degişlidir we diňe şondan soň raýat kanunyna laýyklykda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky netijä gelinmelidir. Bu mesele çözülende, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1034-nji maddasynyň talaplary doly we dogry berjaý edilmelidir. Şoňa laýyklykda ulag serişdeleriniň ulanylmagy bilen ýetirilen maddy zyýanyň öwezi onuň eýesi tarapyndan doldurylmaga degişlidir.

Haçan-da günäkär ulag serişdesini onuň eýesinden rugsat alman peýdalanan ýagdaýynda, ýetirilen maddy zyýanyň öwezini ol eýesine derek doldurmaga borçludyr. Eger-de ulag serişdesiniň ulanylmagyna onuň eýesiniň günäsi sebäp bolan bolsa (ulag serişdesiniň günäkär tarapyndan ulanmagyna onuň eýesiniň günäli hereketleri mümkinçilik döreden bolsa), onda ýetirilen maddy zyýanyň öwezi ulag serişdesiniň eýesi tarapyndan dolunmalydyr. Hadysanyň bolmagy ulag serişdesiniň eýelik etmeklige onuň eýesi tarapyndan berilmegi ýa-da eýelik edijiniň ony ulanmaga bermegi bilen bagly bolsa (ulag serişdesi kärendesine berlen, ynanç haty bilen ulanmaga berlen, kärendesine alanyň başga birine ulanmaga bermegi we ş.m.), ýetirilen maddy zyýanyň öwezi eýelik etmäge ynanylan adam tarapyndan doldurylmaga degişlidir.

24.Hereketiň howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy bilen baglylykdaky jenaýat işlerine seredenlerinde kazyýetler şu görnüşdäki jenaýatlaryň adamynyň janyna, saglygyna we emläge düýpli zyýan ýetirýändiginden ugur alyp her bir jenaýat işi boýunça hadysanyň bolmagyna getiren sebäpleri we ýagdaýlary anyklap, olary aradan aýyrmak barada hususy kesgitnamalary (kararlary) çykarmagyň zerurdygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

25.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri ýol hereketleriniň we ulag serişdelerini ulanmaklygyň düzgünleriniň bozulmagy bilen baglylykdaky jenaýat işleriniň seredilişine degişli derejede gözegçiligi üpjün edip, çykarylan hökümleriň kanunylygyny we esaslydygyny çintgäp barlamak bilen, göýberilen kanun bozmalary we ýalňyşlyklary öz wagtynda ýüze çykaryp aradan aýyrmalydyrlar. Şu görnüşdäki jenaýat işleri boýunça iş ýörelgelerini yzygiderli öwrenip umumylaşdyrmalydyrlar.

26.Şu kararyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1990-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 17-sindäki №7 sanly kararyny güýjüni ýitiren diýip bilmeli.

 

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                      Ýa.Esenow

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

  kazyýetiniň kazysy                                                          R.Ergeşow

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

KARARY № 1

 

2006-njy ýylyň awgust aýynyň 12-si                                                 Aşgabat şäheri

 

Aýal-gyzlary zorlamak baradaky işler

boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda.

 

       (Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012 ý. №1, 25.07.2015ý. №2, 08.12.2018ý. №7         

                                   kararlary bilen  üýtgetmeler girizilen)

 

Türkmenistanyň kazyýetleri aýal-gyzlary zorlamak baradaky işleri, esasan, dogry çözýärler we kanunyň talaplaryndan ugur alyp, günäkärlere jeza çärelerini belleýärler.

Şonuň bilen birlikde, kazyýetleriň işlerinde işi kazyýete berlenleriň hereketleriniň käbir ýagdaýlarda nädogry maddalaşdyrylmagyna getiren ýalňyşlyklaryň we kemçilikleriň bardygyny Giňişleýin mejlis belläp geçýär. Bu ýalňyşlyklar we kemçilikler, esasan, işiň ýagdaýlarynyň doly derňelmeýändigi, günäkärlenýäniň hereketlerine, onuň pikir-maksadynyň manysyna we niýetiniň gönükdirilen ugruna nädogry baha berilýändigi bilen baglanşykly bolup durýar. Bulardan başga-da, aýal-gyzlary zorlandygy üçin jogapkärçiligi görkezýän kanuna dürli-dürli düşünmeler bar.

Bellenilen kemçilikleri düzetmek hem-de aýal-gyzlaryň zorlanandygy üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan kanunçylygyň dogry we birmeňzeş ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem şu görnüşli işler boýunça ýüze çykan soraglaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R    E D Ý Ä R:

1. Aýal-gyzlar zorlananda günäkäriň niýetiniň jenaýatyň ahyrky maksadyny, ýagny aýal maşgala bilen onuň erkiniň we razylygynyň garşysyna zyna işini etmekligi, şeýle hem şu maksadyna ýetmek üçin fiziki zorlugy we gorkuzmaklygy ýa-da jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanmaklygy öz içine alýandygyny kazyýetlere düşündirmeli.

Aýal-gyzlary zorlamak bilen bagly her bir iş boýunça jebir çeken barada fiziki zorlugyň ýa-da gorkuzmaklygyň ulanylandygyny, şeýle hem agzalan hereketleriň anyk nähili ýagdaýlarda amala aşyrylandygyny anyklamaklygyň zerurdygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Aýal-gyzlary aldamak ýa-da ynamyndan peýdalanmak arkaly olary zyna gatnaşygyna razy eden adamyň hereketleri, mysal üçin, durmuş gurmagy öňünden ýalandan wada berip, şonuň ýaly-da pul ýa-da başga gymmatlyklary, islendik hereketleri we hereketsizlikleri wada berip, aldap, onuň bilen zyna gatnaşygynda bolunmagy zorlamak hökmünde garalyp bilinmeýär.

Zorlamaklyk, onuň netijesine garamazdan, zyna etmekligiň başlanan pursatyndan gutarylan jenaýat hasap edilýär.

2. Aýal-gyzlar zorlanylanda fiziki zorlugy ulanmaklyk diýip olary urmaklyga, synasyna islendik agyrlyk derejesindäki ten şikesleriniň ýetirilmegine, bogmaklyga, dem alyş ýollaryny elleri ýa-da başga närseler bilen ýapmaklyga we ş.m. düşünilýär.

Fiziki zorluk, aýal-gyzlaryň garşylygyny basyp ýatyrmak üçin oňa ten şikesini ýetirmezden fiziki güýç ulanylmagy görnüşinde hem ýüze çykyp biler.

Eger zorlamaklygyň ýa-da onuň kastyna düşmekligiň dowamynda jebir çekeniň synasyna bilkastlaýyn ýeňil ýa-da orta agyrlykdaky ten şikesi ýetirilende günäkäriň hereketlerini Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 1-nji bölegi bilen, şonuň ýaly hem seresapsyzlykdan agyr ten şikesi ýetirilende şol maddanyň 3-nji böleginiň “a” bendi bilen maddalaşdyrmaklyk ýeterlikdir. Şunda günäkäriň hereketlerini şahsyýete garşy edilen jenaýatlar baradaky beýleki maddalar bilen goşmaça madalaşdyrmaklyk talap edilmeýär, çünki bu ýagdaýda fiziki zorluk ulanmak we jebir çekeniň saglygyna ýeňil ýa-da orta agyrlykdaky ten şikesini ýetirmek bilen, şeýle hem seresapsyzlykdan agyr ten şikesini ýetirmek bilen baglanşykly onuň ähli hereketlerini zorlamaklyk üçin jogapkärçiligi görkezýän kanunyň maddasy (dispozisiýasy) öz içine alýar.

Eger zorlamaklygyň ýa-da onuň kastyna düşmekligiň dowamynda, şonuň ýaly-da jenaýatçylykly hereketler gutarandan soň jebir çekeniň synasyna bilkastlaýyn agyr ten şikesi ýetirilse, şeýle hem bilkastlaýyn ýetirilen agyr ten şikesleri seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse, onda günäkäriň hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji hem-de 107-nji maddalarynyň degişli bölekleriniň jemi boýunça aýratynlykda maddalaşdyrylmalydyr.

3. Aýal-gyzlary zorlamaklygyň ýa-da onuň kastyna düşmekligiň dowamynda, şeýle hem agzalan jenaýatlar amala aşyrylandan soňra edilen jenaýaty gizlemek maksady bilen ýa-da şu jenaýatlar edilen mahaly görkezilen garşylyk üçin ar almak esasynda adam öldürilende, günäkäriň hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “e” bendi we 134-nji maddasynyň degişli bölekleri bilen maddalaşdyrylmalydyr.

4. Aýal-gyzlary zorlamak maksady bilen olaryň garşylygyny basyp ýatyrmagyň serişdesi hökmünde ulanylan gorkuzmaklyk diýip, günäkär tarapyndan jebir çekeniň özüniň ýa-da onuň ýakyn adamlarynyň garşysyna haýal etmän fiziki zorlugy ulanmak howpuny salýan sözler ýa-da hereketler bilen jebir çekeni gorkuzmaklyga düşünilýär.

Gorkuzmaklyk söz bilen hem, hereket bilen hem (mysal üçin pyçak, päki, palta we ş.m. görkezmek) ýüze çykarylyp bilner. Gorkuzmaklyk hyýaly bolman, hakykat ýüzünde amala aşyrylyp bilinmek we jebir çeken tarapyndan onuň özüniň ýa-da ýakyn adamlarynyň jany we saglygy üçin hakyky howp hökmünde baha berlip bilinmek mümkinçiligini döretmelidir.

Günäkäriň aýal-gyzlary masgaralaýjy we abraýdan gaçyryjy maglumatlary ýaýratjakdygy barada aýtmagyna gorkuzmak hökmünde baha berilmeýär.

5. Eger jebir çeken özüniň fiziki ýa-da ruhy ýagdaýlaryna görä (kiçi ýaşlylygy, fiziki kemçiligi, aňynyň ýetmezçiligi, başga ýarawsyzlyk ýa-da huşsyz ýagdaýy we ş.m.) özi bilen edilýän hereketleriň häsiýetine we manysyna düşünmedik bolsa ýa-da günäkere garşylyk görkezip bilmedik bolsa, onda şunuň ýaly ýagdaýlarda edilen zorlamaklyga jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanyp edilen zorluk diýlip düşünilýär. Şunda günäkär jebir çekeniň biçäre ýagdaýdadygyna akyl ýetirmelidir.

Jebir çekeniň günäkäre garşylyk görkezmek ýa-da kömege çagyrmak mümkinçiliginden mährum bolmak derejede serhoş ýagdaýdaka zorlanylmagyna, kazyýetler onuň biçäreliginden peýdalanyp zorlanandygy hökmünde baha berip bilerler.

Jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanylyp zorlanan diýip bilmek üçin ony şu ýagdaýa günäkäriň salandygynyň (mysal üçin, spirtli içgileri içirip serhoş etmegi, ukladyjy ýa-da neşe serişdeleri bermegi) ýa-da jebir çekeniň biçärelik halyna günäkäriň hereketi bilen bagly bolmadyk ýagdaýda düşmeginiň täsiri ýokdur.

Eger-de, zorlamak baradaky işiň maglumatlaryndan jebir çekeniň biçärelik ýagdaýyna derman ýa-da neşe serişdeleriniň, güýçli täsir ediji ýa-da awuly maddalaryň ulanylmagy netijesinde getirilendigi görünýän bolsa, onda olaryň düzümi we adamyň bedenine edýän täsiri degişli bilermen tarapyndan anyklanylyp bilner we onuň beren netijesi jebir çekeniň ýagdaýyna baha berlende beýleki subutnamalar bilen birlikde nazara alynmalydyr. Şu ýagdaýlarda saglyga ýetirilen zyýanyň agyrlyk derejesi hem anyklanylmaga degişlidir.

Eger jebir çeken ruhy keselden ejir çekýän bolsa, onda onuň keseliniň häsiýetini we derejesini, şeýle hem onuň zyna gatnaşygynyň manysyna düşünip bilmek ukybyny anyklamak üçin ruhy bilermenler seljermesiniň netijesi zerurdyr. Şonuň üçin ruhy keselden ejir çekýändigi görnetin bolan aýal maşgala bilen islendik zyna gatnaşygyny zorlamaklyk diýip hasap edip bolmaz. Aýal maşgalanyň akyl derejesiniň kemligi zerarly amala aşyrylýan hereketleriň ahlak taýdan manysyna akyl ýetirip bilmändigini ýa-da öz hereketlerine jogap berip bilmändigini, netijede onuň öz jynsy durmuşyny düşünjeli we islegi boýunça kesgitlemek mümkinçiliginden mahrum bolandygyny anyklamak hökmanydyr.

6. Günäkäriň hereketlerini zorlamaklygyň gaýtadan edilendigi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “a” bendi bilen maddalaşdyrmak üçin onuň öňki eden zorlamak hereketleri üçin iş kesilendiginiň ýa-da kesilmändiginiň, zorlamaklygyň gutarylan ýa-da gutarylmadyk jenaýatdygynyň, günäkäriň ýerine ýetiriji ýa-da jenaýatyň beýleki gatnaşyjysy bolandygynyň täsiri ýokdur.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň dürli böleklerinde jogapkärçilik görkezilen zorlamaklygyň iki ýa-da ondan köp edilen halatynda, şeýle hem bir gezekde zorlamaklyga kast edilende ýa-da jenaýata gatnaşyjy bolnanda, soňky gezekde bolsa gutarylan zorlamaklyk amala aşyrylanda, günäkäriň hereketleri şol görkezilen jenaýatlaryň her biri üçin özbaşdak maddalaşdyrylmalydyr.

Eger öňki zorlamak bilen bagly hereketleri üçin günäkäriň iş kesilenlik aýby kanunda bellenilen tertipde öz-özünden ýa-da kazyýet tarapyndan aýrylan bolsa, şonuň ýaly-da ol Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 74-nji maddasy esasynda wagt möhletiniň dolmagy sebäpli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan bolsa ýa-da aýyplaw hökümi ýerine ýetirmegiň şol kodeksiň 79-njy maddasynda görkezilen möhletleri geçen bolsa, zorlamaklyk gaýtadan edilen diýlip hasap edilmeýär.

7. Eger günäkär tarapyndan şol bir jebir çeken barasynda zorlukly zyna gatnaşygynda bolmak we jyns islegini azgynçylykly görnüşlerde kanagatlandyrmak bilen bagly jenaýatlar amala aşyrylan bolsa, onda günäkäriň hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji hem-de 136-njy maddalarynyň degişli bölekleriniň jemi boýunça maddalaşdyrylmalydyr. Şunda, agzalan jenaýatçylykly hereketler edilende, olaryň arasyndan az wagtyň geçmegi jenaýatyň maddalaşdyrylmagyna täsir etmeýär.5

8. Haçan-da zorlamaklyga gatnaşan adamlar jebir çeken barasynda ylalaşykly hereket eden bolsalar, onda şeýle ýagdaýda edilen zorlamaklyk toparlaýyn edilen hökmünde maddalaşdyrylmalydyr. Ylalaşykly hereket, toparyň agzalarynyň bir ýa-da birnäçe jebir çekeni zorlamak üçin öz güýçlerini birikdirmeginde ýüze çykýar. Şunda diňe bir zorluk ulanyp zyna eden adamlaryň hereketleri däl, eýsem jebir çekene fiziki ýa-da psihiki güýç ulanmak arkaly oňa kömek beren adamlaryň hereketleri hem topar bolnyp edilen zorlamaklyk diýlip maddalaşdyrylmalydyr. Şeýle ýagdaýlarda zorlukly zyna gatnaşygyny etmedik, ýöne jebir çekeniň garşysyna zorluk ulanmak bilen günäkäre jebir çekeni zorlamaklyga kömek beren adamlaryň hereketleri toparlaýyn edilen zorlamaklygy bilelikde ýerine ýetirijiler hökmünde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 35-nji maddasynyň 2-nji böleginiň talabyna laýyklykda maddalaşdyrylmalydyr. Şeýle ýagdaýlarda zenanlar ýa-da jyns işini etmeklige ukyby bolmadyk erkek adamlar hem jenaýaty bilelikde ýerine ýetirijiler hökmünde çykyş edip bilerler.

Eger jenaýata gatnaşyjy jebir çekeniň garşysyna fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanman, başga hereketler bilen günäkäriň jebir çekeni zorlamagyna ýardam beren bolsa (mysal üçin, günäkär bilen şertleşilen ýere aldamak arkaly jebir çekeni getirmek, günäkäre awtoulag, jaý, jebir çekeni gorkuzmak üçin ýarag bermek, jenaýatyň edilmegine başga adamlaryň päsgelçilik bermezligi üçin gözegçilik etmek, jenaýatyň yzlaryny gizlemekligi öňünden wada bermek we ş.m), onda olaryň hereketleri toparlaýyn edilen zorlamaklyga ýaranlyk ediji hökmünde maddalaşdyrylýar.

Zorlamaklyk hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “b” bendi bilen maddalaşdyrylanda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 34-nji maddasynda aýdylýan deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen jenaýat diýen düşünjeden başga-da, iki ýa-da şondan-da köp adamlaryň deslapdan dilleşmezden zorlamaklygy edendikleri üçin hem jogapkärçiligiň görkezilendigine üns berilmegi hökmanydyr.

Haçan-da iki ýa-da şondan-da köp adamlar zorlamaklyk edilýän wagty ýüze çykan bir pikir-niýet bilen bile hereket edip, zorlamaklyga gönüden-göni gatnaşsalar ýa-da biriniň zorlamaklyk etmek üçin gönükdirilen hereketleriniň dowamynda beýleki adamlar hem şol bir maksat bilen oňa goşulsalar, bu hereketler deslapdan dilleşmezden topar bolnyp edilen zorlamaklyk diýlip hasap edilýär.

Eger-de jenaýata gatnaşyjylaryň biri kämillik ýaşyna ýetmedik bolup, özi şu jenaýaty etmeklige guramaçy hökmünde gatnaşmadyk bolsa ýa-da onuň ýerine ýetirilmegine ýolbaşçylyk etmedik bolsa, topara gatnaşan kämillik ýaşyna ýeten günäkärleriň hereketleri jenaýatlaryň jemi boýunça Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji we 155-nji maddalarynyň degişli bölekleri bilen maddalaşdyrylmaga degişlidir.

9. Eger zorlamaklyga birnäçe adam gatnaşmak bilen adamlaryň diňe biri jenaýat jogapkärçligine çekilip, galanlary bolsa akyly düzüw däldigi, 14 ýaşyna ýetmändigi ýa-da kanunda görkezilen başga esaslar boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilmedik bolsalar, onda birinjiniň hereketleri toparlaýyn zorlamaklyga gatnaşan hökmünde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “b” bendi bilen maddalaşdyrylmalydyr, çünki onuň şu ýagdaýda toparyň düzüminde hereket edýändigine düşünendiginden ugur alynmalydyr.

Diňe birnäçe adam tarapyndan bir ýa-da birnäçe jebir çekeniň zorlanmagy däl, eýsem birnäçe aýal-gyzlar barasynda ylalaşykly hereket edip we fiziki zorlugy ýa-da gorkuzmaklygy ulanyp, soňra olaryň her biriniň jebir çekenleriň birisi bilen zyna etmegi hem topar bolup edilen zorlamaklyk diýlip hasap edilmelidir.

10. Günäkäriň aýal-gyzlary zorlamaklyga gönükdirilen niýetini amala aşyrmakda jebir çekeni horlamak bilen bagly hereketleri eden halatynda onuň jenaýatçylykly hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “ç” bendi bilen maddalaşdyrylmalydyr. Horlamaklyk jebir çekene köp sanly we uzak wagtlaýyn agyry ýetirýän islendik hereketler: saýgylamak, dişlemek, kesmek, ýiti-çümüji, kütek ýa-da gyzgyn närseler bilen agyr derejede bolmasa hem köp sanly şikesleri ýetirmek, dem alyş ýollaryny ýapmak, elektrik toguny ulanmak, uzak wagtlap iýmitden, suwdan mahrum etmek, sowuk jaýda gulplap saklamak we ş.m. ýagdaýlarda ýüze çykyp biler.

11. Günäkär özüniň weneriki keseli bilen kesellidigini bilmek bilen jebir çekene hem şol keseliň ýokuşmagynyň mümkindigini ýa-da gutulgysyzdygyny bilip, bu ýagdaýa bilgeşleýin ýol beren ýa-da oňa perwaýsyz garan bolsa, onuň hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “d” bendi bilen maddalaşdyrylmalydyr, şunda onuň hereketlerini goşmaça Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 117-nji maddasy bilen maddalaşdyrmak talap edilmeýär. Günäkäriň hereketlerinde agzalan maddalaşdyryş alamatlarynyň bardygyny anyklamak üçin lukmançylyk bilermenler seljermesi bellenilýär.

12. Kämillik ýaşyna, ýagny 18 ýaşyna ýetmändigi ýa-da on dört ýaşyna ýetmändigi görnetin bolan jebir çekeniň zorlanandygy üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň degişlilikde 2-nji böleginiň “e” bendi we 3-nji böleginiň “b” bendi bilen günäkäriň hereketlerini maddalaşdyrmaga günäkäriň kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da on dört ýaşyny doldurmadyk jebir çeken bilen zorlukly zyna gatnaşygyny edýändigini bilen (hossary, tanşy, goňşusy bolup) ýa-da çak eden ( jebir çekeniň daş keşbinden, özüni alyp barşyndan) ýagdaýynda ýol berilýändigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli. Eger günäkär jebir çekeniň ýaşy barada ynsaply ýalňyşyp, ol kämillik ýaşyna ýetendir öýdüp pikir eden bolsa we şeýle pikir etmäge anyk esaslar bolan bolsa, bu ýagdaý günäkäriň hereketlerini Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “d” bendi bilen maddalaşdyrmak mümkinçiligini aradan aýyrýar. Şunda diňe bir günäkäriň öz görkezmeleri göz öňünde tutulman, eýsem olaryň işiň beýleki ýagdaýlaryna gabat gelýändikleriniň hem hökmany barlanylmalydygyna üns berilmelidir.

13. Günäkär zorlamaklyk bilen bagly hereketleriniň dowamynda seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 107-nji maddasynda görkezilen agyr şikesleriň ýetirilmegine getirse ýa-da günäkär özünde SPID keseliniň bardygyny bilip, ol keseli zorlukly zyna gatnaşygynda jebir çekene ýokuşdyrsa, günäkäriň hereketleri diňe Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 3-nji böleginiň “a” bendi bilen maddalaşdyrylmaga degişlidir.

Aýal-gyzlary zorlamak bilen baglylykda jebir çekeniň seresapsyzlyk boýunça ölmegine dürli ýagdaýlarda getirilip bilner. Bu ýagdaý jebir çekeniň garşylygyny basyp ýatyrmak maksady bilen ulanylan zorlugyň netijesinde hem (mysal üçin, boýnuny güýçli basmak), jebir çekeniň özüniň zorlanylmagyna namys edip güýçli tolgunmak (stress) ýagdaýda öz-özüni öldürmegi netijesinde hem, ýa bolmasa jebir çekeniň günäkärlerden gaçyp gutulmak maksady bilen eden hereketleriniň netijesinde hem (mysal üçin, köp gatly jaýyň ýokarky gatyndaky öýüň eýwanyndan (balkonyndan) beýleki öýe geçjek bolup ýykylmagy) ýüze çykyp biler. Şunda, agzalan ýagdaýlar bilen zorlamaklygyň ýa-da onuň kastyna düşmekligiň arasynda sebäpli baglanyşyk bolmalydyr.

Günäkär zorlamaklygyň dowamynda gytaklaýyn niýet bilen jebir çekeniň ölümine getirse (mysal üçin, huşundan giden jebir çekeni egin-eşiksiz sowuk howada galdyrsa), onuň hereketleri zorlamaklyk bilen bir hatarda zorlamak bilen baglanşyklylykda bilkastlaýyn adam öldürmekligi göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 101-nji maddasynyň 2-nji böleginiň “e” bendi bilen hem maddalaşdyrylmalydyr.

14. Günäkäriň hereketlerinde zorlamaklyk (TJK-nyň 134-nji maddasy) ýa-da on alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna etmek (TJK-nyň 143-nji maddasy) bilen bagly jenaýatyň alamatlarynyň bardygy baradaky meseläni çözenlerinde, kazyýetler her bir anyk ýagdaýlarda jebir çekeniň özüniň ýaşyna we ösüşine görä özi bilen edilen hereketleriň häsiýetine we manysyna düşünip bilendigini ýa-da bilmändigini hökman anyklamalydyrlar. Eger jebir çeken özüniň kiçi ýaşlydygy, aň ösüşiniň yza galakdygy we ş.m. sebäplere görä özi bilen edilen hereketleriň häsiýetine we manysyna düşünmedik bolsa, onda günäkäriň hereketleri jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanyp edilen zorlamaklyk hökmünde garalmalydyr we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň degişli bölekleri bilen maddalaşdyrylmalydyr. Eger-de, jebir çeken kiçi ýaşlydygyna garamazdan, özüniň fiziki we aň ösüşine görä jyns gatnaşygynyň häsiýetine hem-de manysyna düşünmek bilen öz islegi boýunça zyna gatnaşygynda bolan bolsa, onda şu halatda diňe onuň kiçi ýaşlydygyna salgylanmak bilen jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanyp zorlanan diýip hasap edip bolmaz we şeýle ýagdaýda günäkäriň hereketi on alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna eden hökmünde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 143-nji maddasy bilen maddalaşdyrylmaga degişlidir.

15. Jebir  çeken bilen ilki zorlukly zyna gatnaşygynda bolnup, soňra bolsa onuň razylygy bilen zyna gatnaşygynda bolunmagy hem günäkäriň Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasy bilen jogapkärçilige çekilmegini aradan aýyrmaýar. Bu ýagdaýda, eger kämillik ýaşyna ýetmedik jebir çeken on alty ýaşyny doldurmadyk bolsa, günäkäriň hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji we 143-nji maddalarynda görkezilen jenaýatlaryň jemi boýunça maddalaşdyrylmaga degişlidir.

16. Jyns gatnaşyklary bilen bagly jenaýatlary etmeklikde aýyplanýan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işlerine seredenlerinde, kazyýetler Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 21-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda 14 ýaşdan 16 ýaş aralygyndaky adamlaryň diňe zorlamaklyk üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasy) jogapkärçilige çekilip bilinýändiklerini, kanunda görkezilen beýleki zyna jenaýatlary üçin bolsa jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýändiklerini göz öňünde tutmalydyrlar.

17. Zorlamaklygyň kastyna düşmeklik diýlip jebir çekeniň erk-islegine garşy onuň bilen zyna gatnaşygynda bolmak maksady bilen fiziki zorlugyň ýa-da gorkuzmaklygyň ulanylmagyna (mysal üçin, zorluk bilen jebir çekeniň eşigini çykarmak, ony urmak we ş.m.) düşünilýär.

Fiziki zorlugy ýa-da gorkuzmaklygy ulanyp zorlamaklygyň kastyna düşmek bilen bagly jenaýatlar baradaky işlere seredilende, günäkäriň zyna etmek maksady bilen hereket edendigi we onuň güýç ulanmagynyň şol maksada ýetmek üçin serişde bolandygy anyklanylmalydyr. Diňe şu ýagdaýlar bolan halatynda günäkäriň hereketlerine zorlamaklyga kast etme hökmünde garalyp bilner.

Zorlamaklygyň kastyna düşmekligi jyns islegini azgynçylykly görnüşde kanagatlandyrmak (TJK-nyň 136-njy maddasy), adamy zyna ýakynlaşmasyna mejbur etmek (TJK-nyň 137-nji maddasy), on alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna etmek (TJK-nyň 143-nji maddasy) ýaly jenaýatlardan tapawutlandyrmak zerurdyr. Şeýle hem zorlamaklygyň kastyna düşmekligi aýal maşgalanyň mertebesini, namysyny we eldegirmesizligini kemsidýän beýleki jenaýatçylykly hereketlerden hem (azgynçylykly hereketler, bozgakçylyk, ten şikeslerini ýetirmek, masgaralamak we ş.m.) tapawutlandyrmak hökmanydyr.

18. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 70-nji maddasyna laýyklykda, zorlamaklykdan meýletin ýüz dönderilmegine jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde garalman, eýsem zorlamaklyk ýa-da onuň kastyna düşmek üçin jogapkärçiligi aradan aýyrýan ýagdaý hökmünde seredilmelidir. Şunda günäkäriň hereketlerinde başga jenaýatlaryň alamaty bar bolan halatynda, ol diňe şol hakykat ýüzündäki eden hereketleri üçin jogap berip biler.

Günäkär gutarylmadyk jenaýatyny ahyryna ýetirmeklige doly mümkinçiligi bolup we oňa düşünip, jenaýaty ahyryna çenli ýerine ýetirmedik halatynda, bu ýagdaý jenaýatdan meýletin boýun gaçyrma diýlip hasap edilip bilner. Eger boýun gaçyrma günäkäriň özüne bagly bolmadyk sebäplere görä (jebir çekeniň garşylyk görkezmegi, keseki adamlaryň gelmegi, günäkäriň zyna gatnaşygyny fiziologik sebäplere görä amala aşyryp bilmezligi) ýüze çykan bolsa, onda kazyýetler bu ýagdaýyň jogapkärçiligi aradan aýyrýan jenaýatdan meýletin boýun gaçyrma bolmaýandygyna üns bermelidirler.

Zorlamaklyga kast edeniň hereketlerinde jenaýatdan meýletin boýun gaçyrmagyň ýokdugy hakyndaky netijä gelenlerinde we onuň hereketlerini Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 14-nji maddasyna salgylanyp 134-nji maddasy bilen maddalaşdyranlarynda, kazyýetler öz hökümlerinde jenaýatyň günäkäre bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça ahyryna çenli ýerine ýetirilmändigi barasynda umumy salgylanmak bilen çäklenmän, eýsem-de günäkäriň jenaýaty soňuna çenli amala aşyrmakdan ýüz döndermegine mejbur eden iş boýunça takyklanan anyk sebäpleri görkezmelidirler.

19. Zorlamaklyk üçin jeza çäresi bellenende, kazyýetler kanunyň jogapkärçiligi aýrybaşgalaşdyrmak baradaky talaplaryndan ugur alyp, edilen jenaýatyň häsiýetini we jemgyýet üçin howplulyk derejesini, günäkäriň şahsyýetini, jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary, her bir günäkärlenýäniň topar bolup zorlamaklygy etmekdäki ornuny we oňa gatnaşyş derejesini, şeýle-de jebir çeken bilen günäkärlenýäniň zorlamaklygyň öň ýanyndaky gatnaşyklaryny göz öňünde tutmalydyrlar.

20. Jogapkärçiligi agyrlaşdyrmaýan ýagdaýlarda edilen zorlamaklyk baradaky jenaýat işlerini gozgamaklygyň tertibi baradaky kanunyň talabyny gyşarnyksyz berjaý etmelidiklerine kazyýetleriň ünslerini aýratyn çekmeli.

Jebir çekeniň ýazmaça arzasynyň ýok mahalynda, şeýle jenaýat işleriň gozgalmagyna esas hökmünde diňe onuň, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň  208-nji maddasynda görkezilen tertipde teswirnamalaşdyrylan dilden eden arzasy esas bolup biler. Jebir çekeniň şikaýaty ýok mahalynda, şuňa meňzeş işler, diňe Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň  213-nji maddasynda görkezilen halatlarda prokuroryň özi tarapyndan hem gozgalyp bilner.

Eger-de günäkär aýry-aýrylykda zorluk ulanyp, iki sany zenan bilen zyna işini eden bolsa we birinji eden jenaýaty boýunça jebir çeken günäkäri jenaýat jogapkärçiligine çekmek barada arza ýazan bolsa, günäkäriň ikinji hereketleri boýunça jebir çekeniň arzasy bolmasa-da ol gaýtadan jenaýat eden adam hökmünde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 134-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň “a” bendi bilen jogapkärçilige çekilip bilner, çünki kanunyň talaplaryna laýyklykda, zorlamaklyk agyrlaşdyrýan ýagdaýda gaýtadan amala aşyrylanda, jebir çekeniň arzasynyň bolmagy hökman däldir.

Ýokarda görkezilen ýagdaýlarda günäkäriň birinji hereketleri boýunça jebir çekeniň arzasy bolman, diňe ikinji hereketleri boýunça jebir çekeniň arzasy bar bolsa, oňa gaýtadan jenaýat eden diýip günä bildirmek mümkin däldir. Şol sebäpli onuň hereketleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň) 134-nji maddasynyň 1-nji bölümi bilen maddalaşdyrylmaga degişlidir.

21. Zorlamaklyk ýa-da beýleki zyna gatnaşyklary bilen baglanyşykly jenaýatlar baradaky işlere seredilende, kazyýetler Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň   27-nji we 337-nji maddalaryna laýyklykda, her bir ýagdaýlarda işi seljermekligi dolulygyna ýa-da bölekleýin ýapyk kazyýet mejlisinde alyp barmak baradaky meseläni ara-alyp maslahatlaşmalydyrlar we Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň      369-njy we 394-nji maddalarynyň talaplaryndan ugur alyp, kazyýet seljerişiniň gatnaşyjylary bolmadyk on alty ýaşyna ýetmedik adamlaryň kazyýet mejlisiniň otagynda bolmazlyklaryny, iş boýunça şaýat hatarynda çykyş edýän şol ýaşdaky adamlaryň bolsa, sorag edilenlerinden soň kazyýet mejlisiniň otagyndan çykarylmaklaryny üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri görmelidirler.

Kazyýet mejlisine başlyklyk ediji, işiň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüz derňemeklik we hakykaty anyklamak üçin zerur çäreleri görmek bilen, bu işleriň aýratynlygyny nazarda tutmalydyr we işe dahyly bolmadyk hem-de jebir çekeniň mertebesini we namysyny kemsidiji soraglary aradan aýyrmalydyr, şonuň ýaly-da kazyýet mejlisine gatnaşyjylaryň käbirleriniň özlerini nädogry alyp barmalarynyň wagtynda öňüni almalydyr.

22. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy Aşgabat şäher hem-de welaýat kazyýetleri zorlamaklyk bilen baglanyşykly işler boýunça kazyýet iş ýörelgelerini yzygiderli öwrenmelidirler we şu görnüşli işlere garalanda göýberilýän ýalňyşlyklary öz wagtynda ýüze çykarmalydyrlar we düzetmelidirler hem-de aşakda durýan kazyýetlere amaly kömek bermek işini güýçlendirmelidirler.

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ýa. Esenow

 

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                                

Türkmenistanyň Ýokary

kazyýetiniň kazysy                                                           T.Sopyýew

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ  ÝOKARY  KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN  MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y № 2

 

2008-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-i                                                        Aşgabat şäheri

 

          Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan daşary ýurtly  düzgünnamaly   

          şahslaryň we telekeçileriň gatnaşmaklary bilen baglanyşykly jedellere  

         seretmekde Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişi boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 28.07.2012 ý. №1, 19.04.2014 ý. №3 kararlary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

         Türkmenistanyň halkara söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýän döwri Türkmenistanyň kärhanalaryna we guramalaryna daşary ýurtly düzgünnamaly şahslar hem-de telekeçiler bilen daşary ykdysady işlerini amala aşyrmaga giň mümkinçilik döredi. Türkmenistanyň kazyýetlerinde agzalan gatnaşyklardan gelip çykýan  jedelleriň hem sany artdy.

Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan daşary ýurt guramalarynyň we telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlarynyň gatnaşmagynda ykdysady jedelleri çözmekde Türkmenistanyň kanunlarynyň, şeýle hem halkara şertnamalarynyň talaplaryny dogry ulanmaklygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 K A R A R    E D Ý Ä R:

1.Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 4-nji maddasyndan gelip çykyşyna görä, daşary ýurt guramalary, halkara guramalary we daşary ýurtly telekeçiler Türkmenistanyň kanunlarynda, şeýle hem Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalarynda we taraplaryň arasynda baglaşylan ylalaşyklarynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine özleriniň bozulan ýa-da jedelli hukuklaryny, şeýle hem kanuny bähbitlerini goramak üçin ýüz tutmaga hukuklydyrlar.

2.Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 24-nji maddasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, jedelleşýän taraplaryň haýsy hem bolsa biri daşary ýurtly düzgünnamaly ýa-da ýuridiki şahs bolan ýagdaýynda jedel aýratyn kazyýete degişlilik tertibinde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetinde seredilmäge degişlidir.

3.“Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji we 32-nji maddalaryna laýyklykda we  “Türkmenistanda daşary ykdysady iş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji we 13-nji maddalarynda bellenilişi ýaly, daşary ykdysady gatnaşyklaryň gatnaşyjylary bilen Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem daşary ýurt gatnaşyklarynyň gatnaşyjylarynyň arasynda döreýän ykdysady jedeller, eger-de baglaşylan şertnamalarda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa (başga döwletiň kazyýetinde ýa-da bitaraplar kazyýetinde seretmek),  Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetinde seredilmäge degişlidir. Şertnamalarda jedeli belli bir ýerde ýa-da belli bir usulda çözmek baradaky “araçy belliginiň” bolmazlygy hak isleg arzany kabul etmekden ýüz döndermeklige esas döretmeýär.

Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň gatnaşmagynda baglaşylan döwletara ylalaşyklarda ýüze çykýan jedelleri çözmegiň tertibi anyk görkezilen bolsa, mesele şol tertipde hem çözülmelidir.

4.Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başga kadalar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda kazyýet daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky işlere Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda seredýär.

5.Daşary ýurt şahslary Türkmenistanyň guramalary we raýatlary bilen deň hatarda iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we iş ýörediş borçlaryny çekýärler.

    Diňe Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda daşary ýurt şahslaryna iş ýörediş ýeňillikleri berilýär.

6.Daşary ýurt şahslarynyň hak isleg arzalary kabul edilende, olaryň  öz hukuk statusyny hem-de telekeçilik we gaýry ykdysady işlerini amala aşyrmaga hukugyny tassyklaýan subutnamalaryň talap edilmelidigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli. 

7.“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda kazyýetiň daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň araçäkleriniň daşynda ýerleşýän edaralary tarapyndan berlen resminamalara diňe konsullyk kanunlaşdyrmasy bar bolan ýagdaýynda iş boýunça subutnama hökmünde seretmelidigini bellemeli.

8.Kazyýetleriň işe gatnaşyjylaryň işe garamak üçin kazyýete berýän daşary ýurt dilinde ýazylan resminamalary türkmen diline degişli tertipde tassyklanan terjimesi bilen bermegi talap etmelidiklerine ünsüni çekmeli.

9.Kazyýet daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky işlere garanda taraplaryň arasynda baglaşylan ylalaşykda görkezilen döwletleriň kanunçylygyny ulanmalydyr. Taraplaryň ylalaşygynda görkezilen döwletleriň kanunlarynda jedelli gatnaşyklary düzgünleşdirýän  kadalar bolmadyk halatynda Türkmenistanyň degişli hukuk kadalary ulanylmalydyr. Eger taraplaryň arasynda baglaşylan ylalaşykda jedeliň haýsy kanunçylyk esasynda çözülmelidigi görkezilmese, onda jedele Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda seredilýär.

10.Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 77-nji maddasyna laýyklykda,  hak isleýjiniň jogap beriji bilen arasynda dörän ykdysady gatnaşyklardan gelip çykýan jedeli kazyýete ýüz  tutmazdan özara düzgünleşdirmek baradaky geçiren çärelerini subut edýän subutnamalary hak isleg arzasyna goşup, kazyýete bermedik ýagdaýynda hak isleg arzanyň kazyýetde seredilmezden yzyna gaýtarylýandygy baradaky talaplaryň daşary ýurtly düzgünnamaly we ýuridiki şahslara hem degişlidigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Şunda hak isleg arzany yzyna gaýtarmaklyga jedelleşýän taraplaryň arasyndaky baglaşylan şertnamada ýa-da Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk häsiýetli namalarynda jedeli özara  gepleşikleri geçirmek ýoly bilen, kazyýete ýüz tutmazdan çözmek mümkünçiligi göz öňünde tutulan bolsa ýol berilýär.     

11. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 48-nji maddasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, eýeçiliginde aýrybaşga emlägi bolan we öz borçnamalary boýunça bu emläk bilen jogap berýän, öz adyndan emläk we emläkleýin däl şahsy hukuklary edinip hem-de amala aşyryp bilýän, borçlaryny çekip bilýän, kazyýetde hak isleýji we jogap beriji bolup bilýän gurama düzgünnamaly şahs diýilýär.

Şu nukdaý nazardan agzalan Kodeksiň 56-njy maddasynda görkezilen ýuridiki şahslaryň wekillikleri we şahamçalary düzgünnamaly şahs diýlip hasap edilmeýär we olar düzgünnamaly şahslaryň ynanç hatlary esasynda işleýärler.

Kanunyň şu talaplaryndan ugur almak bilen, ýuridiki şahslaryň wekilliklerine we şahamçalaryna beren ynanç hatlarynda olaryň ýuridiki şahslaryň bähbitlerini gorap kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmak, tarap bolup çykyş etmek, haýyş bildirmek, subutnamalary kazyýete bermek, kazyýet çözgüdiniň üstünden şikaýat etmek we ş.m. ygtyýarlyklar berlen ýagdaýynda hak isleg arza bilen kazyýete ýüz tutup bilýändiklerine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

12.Kazyýetlerde hak isleg arza kabul edilende, daşary ýurtly düzgünnamaly we ýuridiki şahslary Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligindäki edaralary we guramalary hasaba alýan bölümde hasaba alyş maglumatlaryny, olaryň bank maglumatlaryny tassyklaýan resminamalary talap etmek zerurdyr.

13.Daşary ýurtly ýuridiki we fiziki şahslardan hak isleg arzalar kabul edilende, olaryň hak isleg arzalarynda goýýan meselelerine laýyklykda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 72-nji maddasynyň talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

14.Daşary ýurtly şahslaryň hak isleg arzalaryna seredilende, işleri  kazyýet mejlisine taýýarlamak, seretmek, subutnamalary talap etmek, olara baha bermek Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 6-njy, 10-12-nji baplarynda göz öňünde tutulan düzgünlere laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Hak isleg arzalary kazyýetiň önümçüligine kabul etmek we iş gozgamak baradaky kararlarda jedeliň kazyýetiň garamagyna kabul edilenligi, şeýle hem işi kazyýet mejlisine taýýarlamak bilen baglanyşykly anyk hereketler görkezilmelidir.

15.Ykdysady jedellere kazyýet mejlisinde garalanda, diňe iş üçin  ähmiýeti bolan maglumatlar barlanylmaga degişlidir. Işe hak isleýjiniň hak islegp arzada görkezen anyk talabynyň çäginde garalmalydyr. Iş boýunça  önümçiligi ýatyrmak we hak islegini garaman galdyrmak meselesine seredilende, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 100-nji, 104-nji maddalarynda görkezilen esaslar gutarnyklydyr.

16.Ykdysady gatnaşyklardan gelip çykýan jedellere garalanda, olaryň döremekligine haýsy anyk ýagdaýlaryň sebäp bolandygyny anyklamak üçin kazyýet ähli çäreleri görmelidir.

Kanunçylygyň bozulandygy we düýpli ýetmezçilikleriň goýberilendigi ýüze çykarylan halatlarda hususy kesgitnama çykarmak arkaly degişli guramalaryň ýa-da wezipeli adamlaryň ünsüni çekmek zerurdyr.

 

Türkmenistanyň  Ýokary

   kazyýetiniň   başlygy                                                Ç. Hojamyradow

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň kazysy                                                    M.Çaryýew

 

 

TÜRKMENISTANYŇ  ÝOKARY  KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN  MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y   3

 

2008-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-i                                         Aşgabat şäheri

 

Notarial hereketleri  ýa-da notarial hereketlerini

amala aşyrmakdan  ýüz  dönderilendigi  barada  bildirilen 

şikaýatlara  garalanda  kazyýetler  tarapyndan 

kanunçylygyň  berjaý  edilişi  hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň  28.07.2012ý. №1, 16.07.2016ý. 4, 08.12.2018ý. 7  karaкlary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen)

 

Notarial hereketleri ýa-da olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi baradaky şikaýatlara kazyýetleriň garamagy raýatlaryň we edara görnüşli taraplaryň şahsy hem-de emläk hukuklaryny goramagyň möhüm kepillendirmeleriniň biridir.

Kazyýetler şeýle işlere esasan dogry, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda garaýarlar.

Şunuň bilen birlikde kazylar şu işler boýunça aýratyn we hak isleg önümçilgini aýyl-saýyl etmekde kynçylyk çekýärler, şol sebäpli gyzyklanýan taraplaryň arasynda kazyýetiň garamagyna degişli raýat hukugy hakyndaky jedel bar mahaly notarial hereketleri ýa-da şol hereketleri amala aşyrmakdan ýüz döndermek baradaky şikaýatlara aýratyn iş ýöretmek tertibinde garalýan mahalyna duş gelinýär.

Käbir halatlarda şeýle şikaýatlara garamagyň tertibini düzgünleşdirýän raýat iş ýörediş kanunçylygynyň talaby berjaý edilmeýär. Kazylar zerur bolan mahalynda döwlet notariuslary tarapyndan ýol berlen kanunbozulmalary ünssüz galdyrýarlar.

Bellenilen kemçilikleri düzetmek we kazyýet iş tejribesiniň birmeňzeşligini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

K A R A R    E D Ý Ä R:

 

1. Notarial hereketleri ýa-da olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi baradaky şikaýatlara kazyýetler tarapyndan dogry garalmagy raýatlaryň we edara görnüşli taraplaryň notarial taýdan tassyklanylan şertnamalardan mirasdarlyk hukuklaryny resmileşdirmekden, ýerine ýetirişnama ýazgylaryny ýazmakdan beýleki notarial hereketlerinden ýüze çykýan hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

2. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 272-nji maddasynyň 4-nji bendine görä, notarial hereketleri ýa-da olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi baradaky şikaýatlar kazyýetler tarapyndan seredilýän, administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere degişlidir we şol şikaýatlar kazyýetde çözülende Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 28-nji babyndaky maddalaryny gollanmak gerekdir.

3. Hukuklary, şeýle hem ýuridiki ähmiýeti bar bolan faktlary tassyklamak we şolara ýuridiki takyklygy bermek maksady bilen beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak wezipeleri üstüne ýüklenilen organlardan we wezipeli şahslardan ybarat sistema döwlet notarial edarasy diýilýär. Türkmenistanda notarial hereketleri döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 292-nji maddasyna laýyklykda notarial işlerini amala aşyrmaga ygtyýarly adamlaryň nädogry hereketleri barasyndaky şikaýat bilen diňe gyzyklanýan adam kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

Gyzyklanýan adam diýlip şikaýat edilýän notarial hereketleri ýa-da olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi netijesinde hukuklaryna ýa-da kanun tarapyndan goralýan bähbitlerine täsir ýeten raýatlara we edara görnüşli taraplara düşünilmelidir.

Nädogry notarial hereketleri diýlip hereket edýän kanunçylyga ters gelýän, esassyz hereketlere düşünilmelidir.

5. Gyzyklanýanyň hukuk hakynda kazyýetiň garamagyna degişli jedeliniň bolmadyk ýagdaýynda, notarial hereketiniň nädogry amala aşyrylandygy ýa-da notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi baradaky şikaýatlara aýratyn iş ýöretmek tertibinde garalýar.

Notarial hereketleri netijesinde hukugy we kanun tarapyndan goralýan bähbidi gozgalan ýa-da gozgalyp bilinjek islendik beýleki adam degişli hak islegi bilen kazyýete ýüz tutup, öz bozulan hukuklaryny ýa-da bähbitlerini goramaga haky bardyr.

6. Notarial hereketleri ýa-da olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi baradaky şikaýat kabul edilen mahaly hukuk hakyndaky jedeliň ýokdugyny anyklamak zerurdyr.

Amala aşyrylan notarial hereketlerine esaslanyp hukuklaryny we borçlaryny goraýan adamyň arzasy hak isleg tertibinde kazyýetde garalmalydyr.

Şol sebäpli miras hakyndaky şahadatnamanyň mirasy kabul etmekligiň möhletiniň geçirilmegi ýa-da mirasdarlaryň jedeli sebäpli ony bermekden ýüz dönderilmegi, şeýle hem algydaryň we bergidaryň arasynda ýerine ýetirişnama ýazgylarynda görkezilen bank karzlarynyň, ýaşaýyş jaý tölegleriniň möçberi barasyndaky şikaýatlar aýratyn iş ýörediş tertibinde kazyýetlerde garalyp bilinmez.

7. Mirasdar mirasy hakykat ýüzünde kabul edip, notarial hereketlerini amala aşyrýan edara miras galan emlägi hakykat ýüzünde eýeçilik etmäge girişilendigi baradaky ýagdaýy notarial tertibinde tassyklamak üçin zerur bolan degişli resminamalaryň getirilip berlendigine garamazdan miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany bermekden ýüz dönderilende, gyzyklanýan adam notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi barasynda şikaýat bilen kazyýete ýüz tutmaklyga haklydyr.

8. Amala aşyrylan notarial hereketleri ýa-da notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi nädogry hasaplanylyp bildirilen şikaýatyň aýratyn iş ýöretmek tertibinde garamak üçin esas bolýandygyny anyklap, şikaýat kabul edilende ony wagtynda we dogry çözmek üçun gerek maglumatlaryň bardygyna göz ýetirmek zerurdyr. Arzada şikaýat beriji hakyndaky maglumatlardan başga-da notarial hereketlerini ýerine ýetiren ýa-da ony ret eden döwlet notariusyň işleýän edarasynyň ady we yerleşýän ýeri, haýsy ýerine ýetirilen notarial hereketine ýa-da ony ýerine ýetirmekden ýüz döndermä şikaýat bildirilýändigi, şikaýat edilýän notarial hereketiniň amala aşyrylan senesi hem-de gyzyklanýan taraplar barada görkezilmelidir.

9. Notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz dönderilen mahalynda arza berijä onuň pikiri boýunça notarial taýdan güwä geçilmeli ýa-da şaýatlyk edilmeli resminamalar, şeýle hem notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi hakynda döwlet notariusyň ýa-da muňa ygtyýarly edilen beýleki wezipeli adamyň karary berilmelidir.

“Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 52-nji maddasynda görkezilişi ýaly, notarial hereketlerini amala aşyrýan döwlet notariuslary notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderenlerinde bu işi haýyş eden şahsa şonuň sebäbini ýazmaça görnüşde beýan edip jogap bermäge we bu hakda şikaýat etmegiň tertibini düşündirmäge borçludyrlar. Şeýle ýagdaýlarda döwlet notariusy notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutulan günden bäş gün möhletden gijä goýman notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderendigi hakynda karar çykarýar. Eger şeýle karar ýok bolsa, onda kazy Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 153-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda arzany kabul etmekden ýüz dönderip, kazyýete ýüz tutan adama işi ilki kazyýetsiz çözmek barada işleriň şu görnüşi üçin kanunda bellenen tertibiň berjaý edilmelidigini, ýagny ilki döwlet notarial edarasyna ýüz tutmalydygyny we notarial hereketini amala aşyrmakdan ýazmaça ýüz dönderilen halatynda kazyýete şikaýat etmegiň tertibini düşündirmelidir.

10. Eger-de şikaýatdan we oňa goşulan resminamalardan hukuk hakynda jedeliň bardygy anyklanylsa, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 274-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, kazy şikaýaty seretmän galdyrýar. Şunda kazy tarapyndan arza berijä ýüze çykan jedeli çözmek üçin Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň     149-150-nji maddalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen hak isleýiş arzasyny resmileşdirmegiň zerurdygy düşüdirilmelidir.  

Şeýlelikde kazyýet mejlisi döwründe hukuk hakynda jedeliň ýüze çykan mahalynda kazyýetiň şikaýaty düýp manysy boyunça çözmäge haky ýokdur.

11. Şikaýaty wagtynda we dogry çözmekligi üpjün etmek maksady bilen, iş kazyyet mejlisinde garamaklyga taýýarlanylan mahalynda ýüze çykan hukuk gatnaşyklarynyň häsiýetini we ony çözmek üçin haýsy kadalaşdyryjy hukuk namalaryny gollanylmalydygyny anyklamak, işe gatnaşýan taraplaryň düzümini we arza berijiniň, döwlet notariusyň (hereketi şikaýat edilýän wezipeli adamyň) we işe gatnaşmaly beýleki adamlaryň bermeli subutnamalaryny kesgitlemek hem-de kazyýet mejlisiniň geçiriljek ýeri we wagty hakynda olary habarly etmek gerekdir.

12. Şikaýatlaryň we taraplaryň hukuk gatnaşyklarynyň häsiýetlerinden ugur almak bilen, arza berijä we işe gatnaşýan beýleki taraplara subutnama hökmünde notarial taýdan tassyklanylan resminamalaryň asyl nusgalaryny bermeklik teklip edilmelidir. Mysal üçin, şertnamalar, wesýetnamalar, ynanç hatlary we beýleki ýazmaça subutnamalar.

13. Kazyýet iş önümçiligiňiň taraplaryň bäsleşigi we deňhukuklylygy esasynda amala aşyrylýandygyny nazara almak bilen, şikaýata garan mahaly kazyýet tarapgöýsüzligi saklap, işe gatnaşýanlara işiň ýagdaýyny hemmetaraplaýyn we doly derňemek üçin zerur we deň şertleri döretmelidir.

Haçan-da işe gatnaşýan taraplara subutnamalary bermek kyn bolan halatlarynda      ( subutnamalar döwlet edaralarynda, guramalarda, raýatlarda bolup, görkezilen taraplaryň haýyşy boýunça bermekden ýüz dönderilse we başga ýagdaýlarda) kazyýet olara subutnamalary toplamakda ýardam bermelidir.

14. Türkmenistanyň Raýat iş yörediş kodeksiniň 292-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, amala aşyrylan notarial hereketi ýa-da notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi barada şikaýat kazyýete bir aý möhletde berilýär, bu möhlet bolsa amala aşyrylan notarial hereketi ýa-da notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi barada arza berijä mälim bolan gününden hasaplanyp başlanýar.

Şonuň üçin şikaýata garalan mahaly görkezilen möhletiň geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlar anyklanmalydyr. Şol sanda:

 notarial hereketiniň amala aşyrylan ýa-da ony amala aşyrmakdan ýüz dönderilen senesi;

şikayat edilýän notarial hereketiniň amala aşyrylandygy ýa-da ony amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi barada arza berijiniň bilen wagty;

arza berijiniň kazyýete bellenilen möhleti geçirip şikaýat etmeginiň sebäbi.

Kazyýet notarial hereketi we ony amala aşyrmakdan ýüz dönderilendigi barada şikaýat etmek üçin bellenilen möhletiň arza beriji tarapyndan esasly sebäplere görä geçirilendigini anyklasa, ol bu möhleti dikeldip, şikaýata düýp manysy boýunça garap biler.

15. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 294-nji maddasyna görä, notarial hereketi hakyndaky şikaýata seredip, kazyýet çözgüt çykarýar, kazyýet şikaýaty esasly diýip ykrar etse, şikaýaty kanagatlandyrýar we  edilen notarial hereketini ýatyrýar ýa-da notariusy şeýle-de beýleki wezipeli adamy belli bir hereketleri  amala aşyrmaga borçly edýar ýa-da notarial hereket amala aşyrylanda goýberilen kanun bozulmany düzetmäge notariusy ýa-da beýleki wezipeli adamy borçly edýär. Eger kazyýet şikaýat edilýän hereketleriň kanunalaýykdygyny anyklasa, şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz dönderýär.

Çözgüdiň karar ed böleginde notarial hereketi ýatyrylan mahaly haçan we kim tarapyndan amala aşyrylan, haýsy anyk hereketiň ýatyrylýandygyny, notarial hereketini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrylmagy hakyndaky şikaýatlar kanagatlandyrylan mahaly haýsy notarial hereketiniň we kim tarapyndan amala aşyrylmalydygyny görkezmek gerekdir.

Agzalan maddanyň manysyndan gelip çykyşyna görä, döwlet notarial edarasy tarapyndan resmileşdirilen şertnamalar, berlen şahadatnamalar diňe kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip bilner.

16. Şikaýat kanagatlandyrylan mahaly kazyýetiň çözgüdiňiň göçürme nusgasyny döwlet notarial hereketini amala aşyran ýa-da amala aşyrmakdan ýüz donderen notarial edarasyna ibermek zerurdyr.

17. Notarial hereketini amala aşyran ýa-da ony amala aşyrmakdan ýüz dönderen döwlet notariusyň işe gatnaşýan tarap hökmünde Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 117-nji maddasynda göz öňünde tutulan ähli iş ýörediş  hukuklaryna eýedigi üçin, onuň şol kodeksiň 343-nji maddasyna laýyklykda kazyýetiň şikaýat boýunça  kabul eden çözgüdine nägilelik tertibinde şikaýat bildirmäge haky bardyr.

18. Şu işlere garalan mahaly kazyýetler raýatlaryň we edara görnüşli taraplaryň esaslandyrylan şikaýatlaryny döreden döwlet notariuslarynyň işindäki kemçilikleri has çüň açmalydyrlar we zerur halatlarda notarial hereketlerini amala aşyrmagyň kanun arkaly bellenilen tertibiniň we şertleriniň bozulmagyndan netije çykarmalydyrlar.               Şikaýatlara garamak boýunça kazyýetleriň işini gowulandyrmak maksady bilen, şeýle işler boýunça kazyýet iş tejribesi umumylaşdyrylyp durulmalydyr.

 

   Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň başlygy                                                     Ç.Hojamyradow  

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň  kazysy                                                            M.Çaryýew

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y  № 7

2010-njy ýylyň 18-nji dekabry                                                                       Aşgabat şäheri

 

Zähmet şertnamasyny baglaşmagy, üýtgetmegi we ýatyrmagy

düzgünleşdirýän kanunçylygyň kazyýetler tarapyndan ulanylyş iş

ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň 19.04.2014 ý. №3, 16.07.2016ý. №4, 26.08.2017ý. №3, 17.10.2020 ý. №11  kararlary bilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen)

 

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bolup geçen üýtgetmeleri nazara alyp hem-de Türkmenistanyň täze Zähmet kodeksiniň kabul edilmegi bilen baglylykda kazyýet iş ýörelgesinde ýüze çykan soraglara düşündirişleri bermek maksadyna eýerip, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

                                  KARAR   EDÝÄR:

1. Zähmet jedelleriniň kazyýetler tarapyndan dogry we öz wagtynda çözülmeginiň zähmet hakyndaky kanunçylygyň bozulmalarynyň öňüni almakda, zähmet düzgün-tertibini berkitmekde, işgärleriň we iş berijileriň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini kazyýetlere düşündirmeli.

2. Zähmet gatnaşyklary diýlip Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan zähmet şertleriniň iş beriji tarapyndan üpjün edilen mahalynda işgäriň şahsy zähmet borçlarynyň tölegli ýerine ýetirilmegine işgär bilen iş berijiniň arasyndaky ylalaşyga (belli bir kär, hünär derejesi ýa-da wezipe boýunça işler), kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna işgäriň tabyn bolmagyna esaslanan gatnaşyklara düşünilýär.

3.Türkmenistanyň Zähmet kodeksine we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işgär bilen iş berijiniň arasynda baglaşylýan zähmet şertnamasy zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esasdyr.

Zähmet şertnamasy adamyň ýazmaça arzasynyň esasynda iş berijiniň ony işe kabul etmek hakyndaky buýrugy çykarmagy arkaly baglaşylýar. Hakyna tutma zähmeti ulanýan iş beriji – fiziki şahs bilen işgäriň arasynda zähmet şertnamasy Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 288–300-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde baglaşylýar. Iş berijiniň işe kabul etmek hakyndaky buýrugy işgäre üç gün möhletde gol çekdirilip yglan edilmelidir. Işgäriň talap etmegi boýunça iş beriji oňa görkezilen buýrugyň degişli ýagdaýda tassyklanan nusgasyny bermäge borçludyr. Işgär we iş beriji zähmet gatnaşyklarynyň taraplary bolup durýarlar.

Talabalaýyk resmileşdirilen zähmet şertnamasy bolmadyk mahalynda iş berijiniň ygtyýar bermegi bilen ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça işgäriň işe hakyky goýberilmegi zähmet şertnamasynyň hereket edip başlamasy hasaplanyp, işe kabul etmek hakyndaky buýruk işgäriň işe hakyky goýberilen gününden başlap üç senenama gününden gijä galman çykarylmalydyr. Eger işgär bellenilen möhletden ýedi senenama gününiň geçmegi bilen esasly sebäpler bolmazdan işe girişmese, onda zähmet şertnamasy baglaşylmadyk diýlip hasap edilýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

4. Zähmet şertnamasyny baglaşmakdan esassyz ýüz döndermek gadagan edilýär. Esassyz ýüz öwrendigi üçin iş berijiler, wezipeli adamlar ýa-da olaryň ygtyýarly eden adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler. Kazyýetler zähmet şertnamasyny baglaşmakdan esassyz ýüz döndermek baradaky jedellere garanlarynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 24-nji maddasyndan ugur almalydyrlar.

Zähmet şertnamasyny baglaşmakdan ýüz dönderilen adamyň talap etmegi boýunça iş beriji ýüz tutulandan soň, üç günden gijä galman, ýüz öwürmegiň sebäbini ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr. Iş berijiniň zähmet şertnamasyny baglaşmakdan ýüz döndermesiniň sebäpli esaslandyrmasyny bermekden ýüz öwürmesi kazyýete şikaýat edilip bilner.

5. Zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) başga düzgün bellenilmedik bolsa, zähmet şertnamasy adamyň ýazmaça arzasynyň esasynda çykarylan buýruga iş beriji tarapyndan gol çekilen gününden ýa-da iş berijiniň (onuň ygtyýarly wekiliniň) ygtyýary bilen ýa-da tabşyrmagy boýunça işgäriň işe (gulluga) hakyky goýberilen gününden; iş beriji –hakyna tutma zähmeti ulanýan fiziki şahs bilen işgäriň arasynda baglaşylan zähmet şertnamasy iş beriji we işgär tarapyndan oňa gol çekilen gününden güýje girýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Kazyýetler zähmet jedellerine garap, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 21-nji maddasynyň 1-nji böleginde göz öňünde tutulan esaslarda, şol baglaşylan zähmet şertnamasyny hakyky däl diýip ykrar edip bilerler.

6. Zähmet şertnamalary kesgitsiz möhlete (möhletsiz) we hemişelik däl häsiýetli işleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde ýa-da Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başga möhlet bellenmedik bolsa, bäş ýyldan köp bolmadyk kesgitli möhlete baglaşylyp bilinýändir.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, şeỳle hem Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz oňünde tutulmadyk bolsa, geljekki işiň häsiýetini ýa-da ony ýerine ýetirmegiň şertlerini hasaba almak bilen zähmet gatnaşyklary kesgitsiz möhlet üçin bellenilip bilinmedik halatlarynda möhletli zähmet şertnamasynyň baglaşylýandygyny, şol bir wagtyň özünde kesgitsiz möhlete zähmet şertnamasy baglaşylýan işgärler üçin göz öňünde tutulan hukuklary we kepillendirmeleri bermekden boýun gaçyrmak maksady bilen möhletli zähmet şertnamalarynyň baglaşylmagynyň gadagan edilýändigini kazyýetler göz öñünde tutmalydyrlar.

Eger zähmet şertnamasynda onuň hereket ediş möhleti görkezilmese ỳa-da taraplaryň hiç biri möhletli zähmet şertnamasynyň möhletiniň gutarmagy bilen baglanyşykly onuň ýatyrylmagyny talap etmese, işgär bolsa zähmet şertnamasynyň möhleti gutarandan soň işini dowam etdirse, onda zähmet şertnamasy kesgitsiz möhlete baglaşylan diýlip hasap edilmelidir.

7. Möhletli zähmet şertnamasyny baglaşan işgärler barasynda hem zähmet şertnamasyny kesgitsiz möhlete (möhletsiz) baglaşmagy düzgünleşdirýän zähmet kanunçylygynyň ulanylmalydygyny, ýöne kanunçylyk tarapyndan möhletli zähmet şertnamasy boýunça gatnaşyklary düzgünleşdirmegiñ aýratynlyklary göz öñüne tutulan halatlarynyň muña degişli däldigine kazyýetler üns bermelidirler. Wagtyñ görnetin belli bir döwri üçin ýa-da görnetin belli bir işi ýerine ýetirmek, betbagtçylykly halatlaryñ, heläkçilikleriň, weýrançylyklaryň, epizootiýalaryñ öñüni almak boýunça möhletli işleriñ geçirilýän döwri üçin, şonuñ ýaly-da görkezilen ýagdaýlary we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryñ ýetiren täsirlerini aradan aýyrmak üçin, önümçiligiñ ýa-da hyzmatlary bitirmegiñ möçberleriniñ giñeldilmegi bilen baglanyşykly işleriñ geçirilýän döwründe, durkuny täzelemek, gurnamak, sazlap-goýberiş we beýleki işleriñ geçirilýän döwründe işgär bilen baglaşylan zähmet şertnamasy görkezilen ýagdaýlaryñ tamamlanmagy bilen şertnamanyñ şertine laýyklykda bes edilýändir. (Türkmenistanyñ Zähmet Kodeksiniñ 48-nji maddasynyñ 2-nji bendi).

8. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 34, 36-njy maddalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda iş berijiniň işgäriň ýazmaça razylygy bolmazdan ony şol bir kärhanada başga hemişelik işe geçirmäge, ýagny zähmet borçlaryny ýa-da zähmet şertlerini üýtgetmäge, şeýle hem başga kärhana ýa-da kärhana bilen bilelikde başga ýere hemişelik işe geçirmäge haky ỳokdur.

Eger işgär başga işe geçirilmeden ýüz öwrende ýa-da iş berijide degişli iş bolmadyk mahalynda zähmet şertnamasy Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-5-nji bentlerine laýyklykda bes edilmäge degişlidir. Işgäri saglyk ýagdaýy boýunça oňa ýaramaýan başga işe we hünärli işgäri hünärsiz işe geçirmeklige ýol berilmeýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

Işgär iş şertleriniň iş beriji tarapyndan üýtgedilmegini kazyýete şikaýat etmäge haklydyr. Zähmetiň öňki şertlerini saklap galmaga mümkinçiliginiň ýokdugyny subut etmek iş berijiniň üstüne ýüklenýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Eger jedele garalan mahalynda, iş beriji tarapyndan işgäriñ zähmet şertleriniñ düýpli üýtgedilmegi Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 32-nji maddasynyñ 3-nji böleginde göz öňünde tutulyşy ýaly kärhanada, edarada, guramada önümçiligi we zähmeti guramakdaky üýtgeşikler bilen baglanyşyklylykda amala aşyrylmandygy anyklanylsa, onda kazyýetler tarapyndan anyk ýagdaýlar nazara alnyp, iş berijiniñ üstüne işgäriñ öñki zähmet şertlerini dikeltmek borjuny ýüklemek bilen şeýle üýtgetme bikanun diýlip ykrar edilip bilner.

9. Möhletsiz baglaşylan zähmet şertnamasyny, şeýle hem möhletli zähmet şertnamasyny onuň möhleti tamamlanmanka işgäriň başlangyjy boýunça ýatyrmak baradaky işlere garalanda, işgäriň arzasyny öz islegi boýunça meýletin ýazandygyny we şol meýli hakda iş berijini iki hepde öňünden habarly edendigini kazyýetler anyklamalydyrlar. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça zähmet şertnamasy işden boşatmak hakyndaky duýduryşyň möhletiniň gutarmagyna çenli hem bes edilip bilner.

Eger işden boşatmak hakyndaky duýduryşyň möhleti tamamlananyndan soñ, işgär bilen zähmet şertnamasy ýatyrylmasa we zähmet gatnaşyklary dowam etse, onda işgäriň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny ýatyrmak hakyndaky arza güýjüni ýitiren hasap edilýär we şol esasda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna ýol berilmeýär.

Eger işgäriñ başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny ýatyrmak hakyndaky arza, onuñ işi dowam etdirmäge mümkinçiliginiñ bolmazlygy bilen şertlendirilse (okuw mekdebine girmegi, saýlawly wezipä saýlanmagy we Türkmenistanyñ kanunçylygynda göz öñünde tutulan başga ýagdaýlarda), iş beriji zähmet şertnamasyny işgäriñ arzasynda görkezilen möhletde ýatyrmalydyr.

10. Iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasyny ýatyrmak baradaky işlere seredilende, kazyýetler Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 44-nji maddasynda görkezilen möhletlerden gijä galman, iş berijiniň zähmet şertnamasyny bes etmek meýli barada işgäri ýazmaça (gol çekdirilip) duýdurandygyny anyklamalydyrlar.

Iş berijiniň başlangyjy boýunça göwreli aýallar we üç ýaşa çenli çagasy (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagasy) bolan aýallar bilen zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna ýol berilmeýändigini, ýöne kärhananyň ýatyrylan ýa-da iş beriji – fiziki şahs tarapyndan işiň bes edilen, zähmet düzgün-nyzamynyň yzygiderli bozulan, zat eýesiniň emläginiň ogurlanan halatlarynyň şeýle hem Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniň 241-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy böleklerinde göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň muňa degişli däldigini kazyýetlere düşündirmeli.

Işden boşatmagyň umumy tertibini berjaý etmegiň daşyndan diňe kärdeşler arkalaşygy guramasynyň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparyň razylygy bilen iş berijiniň başlangyjy boýunça on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň işden boşadylmagyna ýol berilýändigini, şonda Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-3-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça işe ýerleşdirilmän, olaryň işden boşadylmagyna ýol berilmeýändigine kazyýetler üns bermelidirler.

11. Türkmenistanyñ Zähmet Kodeksiniñ 42-nji maddasynyñ 1-nji böleginiñ 2,3,  5-8,11-nji bentlerinde göz öñünde tutulan esaslar boýunça degişli kärdeşler arkalaşlygy guramasynyň ýa-da işgärleriñ beýleki wekilçilikli guramasynyñ deslapky razylygy bolmazdan iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna ýol berilmeýär.

Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň mejlisine onuň düzümine saýlanan agzalaryň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, onuň mejlisi doly hukukly hasap edilýändigine kazyýetler üns bermelidirler. Şu talap kärdeşler arkalaşygy guramasynyň agzalarynyñ zähmet rugsadyndadygy, gulluk saparyndadygy, kesellidigi ýa-da başga sebäplere görä ýygnaga gatnaşyp bilmedik halatynda hem berjaý edilmelidir. Eger kärdeşler arkalaşygy guramasynyň agzalarynyñ käbiri işden çykandyklary ýa-da başga sebäplere görä onuň düzüminden çykan bolsalar, onda täze saýlawlar geçirilýänçä, kärdeşler arkalaşygy guramasynyň ýygnagy onuň düzüminde galan agzalarynyň ýarysyndan köpüsi gatnaşan ýagdaýynda kanuny güýji bardyr.

Kärdeşler arkalaşygy guramasy ýa-da işgärleriñ beýleki wekilçilikli guramasy zähmet şertnamasyny ýatyrmak hukugyna eýe bolan wezipeli adamyñ ýazmaça teklipnamasynyñ gelen gününden başlap, 10 gün möhletde işgär bilen zähmet gatnaşyklary bes etmek üçin ylalaşyk meselesi boýunça kabul edilen karar hakynda iş berijä ýazmaça görnüşde habar bermelidir.

Işgär bilen zähmet gatnaşyklaryny bes etmäge razylyk berlendigi hakynda kärdeşler arkalaşygy guramasy ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy tarapyndan kararyň kabul edilen gününden başlap, iş berijiniň bir aýdan gijä galman zähmet şertnamasyny ýatyrmaga haklydygyna kazyýetler üns bermelidirler.

12. Kärhananyň ýatyrylandygy ýa-da iş beriji fiziki şahs tarapyndan iş bes edilendigi sebäpli zähmet şertnamasy ýatyrylan işgärleriň jedellerini çözenlerinde, kazyýetler kärhananyñ ýatyrylandygyny ýa-da iş beriji fiziki şahs tarapyndan işiñ bes edilendigini, işgär bilen şertnamany ýatyrmaklygy düzgünleşdirýän kanunçylygyñ kadalarynyñ iş beriji tarapyndan berjaý edilendigini anyklamaga borçludyrlar.

13. Işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy sebäpli, şol sanda önümçiligiň tehnologiýasyndaky, zähmeti guramakdaky üýtgetmeler, işleriň möçberleriniň gysgaldylmagy, işleriň häsiýetiniň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly zähmet şertnamasyny ýatyrmak baradaky jedellere garalanda, has ýokary hünärli we zähmet öndürijilikli işgärlere işde galmak üçin artykmaç hukuk berilýändigini we Kanunyň şol talabynyň iş beriji tarapyndan berjaý edilendigini kazyýetler anyklamalydyrlar.

Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1 we 2-nji bentleri esasynda zähmet şertnamasy ýatyrylanda, iş berijiniň azyndan iki aýdan gijä galman, özüniň zähmet şertnamasyny bes etmek meýli hakynda işgäri ýazmaça (gol çekdirip) duýdurandygy, işgärleriň gelejekki işden boşadylmagy hakyndaky maglumaty kärdeşler arkalaşygyna ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasyna iberendigi we işgäriň ýaşyny, jynsyny, kärini, hünärini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen işden boşadyljak her bir işgär hakyndaky maglumatlary iki aýdan gijä galman, iş bilen üpjün ediji ýerli edaranyň (gullugyň) dykgatyna ýetirendigi hem barlanmaga degişlidir.

Işgäre zähmet şertnamasynyň ýatyryljakdygy barada öñünden duýdurmak möhleti berjaý edilmedik halatynda, eger ol başga esaslar boýunça işine dikeldilmäge degişli däl bolsa, öñünden duýdurylmak möhletini onuñ işlän wagtyna goşmak bilen işden çykarmaklygyñ senesi üýtgedilmäge degişlidir.

Şu görnüşli işler babatda subutnama hökmünde işgäriň işe kabul edilendigi we işden çykarylandygy, kärhananyň ýatyrylandygy, işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylýandygy baradaky resminamalaryň göçürmeleri, iş beriji tarapyndan zähmet şertnamasyny ýatyrmak meýli hakynda işgäriň ýazmaça iki aý öňünden duýdurylandygy, oňa başga boş ýeriň hödür edilendigi baradaky ykrarnamalaryň göçürmeleri, işgäriň işden boşadyljakdygy barada duýdurylan we işden boşadylýan döwründäki işlän bölüminiň wezipe sanawy, işgäriň zähmet haky baradaky kepilnama talap edilip alynmaga degişlidir.

14. Işgäriň ýeterlik hünäriniň ýokdugy we onuň eýeleýän wezipesine laýyk gelmeýändigi hakynda hünär synagy topary tarapyndan çözgüt çykarylan işgär bilen zähmet şertnamasy iş beriji tarapyndan Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda ýatyrylyp bilinýändigini kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Hünär synagy topary azyndan bäş adamdan ýa-da agzalaryň başga täk sanyndan durýar. Hünär synagy toparynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti iş berijiniň buýrugy bilen kesgitlenilýär.

15. Kärhananyň eýesi çalşan mahalynda, onuň täze eýesi özünde eýeçilik hukuklarynyň ýüze çykan gününden başlap üç aýdan gijä galman, Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 42-nji maddsynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendi esasynda diňe kärhananyň ýolbaşçysy, onuň orunbasarlary we baş hasapçysy bilen zähmet şertnamasyny ýatyrmak hukugyna eýedigine, kärhananyň eýesiniň çalşylmagy kärhananyň beýleki işgärler bilen zähmet şertnamasyny ýatyrmaga esas däldigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

16. Türkmenistanyñ Zähmet Kodeksiniñ 42-nji maddasynyñ 1-nji böleginiň 6-njy bendi esasynda zähmet şertnamasy ýatyrylan işgärleriň hak isleglerine garanlarynda, kazyýetler şol esas boýunça zähmet düzgün-tertibini bozandygy üçin ozal düzgün-nyzam temmi beriş çäresi ulanylyp, gaýtadan ony bozan işgärler bilen zähmet şertnamasyny ýatyryp bolýandygyny göz öňünde tutmalydyrlar.

Kazyýetler, düzgün-nyzam ýa-da jemgyýetçilik temmi beriş çäreleriniň ulanylmagyna sebäp bolan düzgün bozulmanyň işgär tarapyndan edilendigini, bu çäreleri ulanmagyň tertibiniň berjaý edilip, olaryň öz güýjüni ýitirendigini ýa-da ýitirmändigini barlamaga borçludyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde esasy, goşmaça tölegli, durmuş, zähmet haky tölenilmeýän rugsatlaryň göz öňünde tutulandygyny we işgäri rugsatda döwri yzyna işe çagyrmaklyga diňe işgäriň ýazmaça razylygy bilen ýol berilýändigini, şonuñ üçin hem işgäriñ zähmet rugsady gutarmazyndan öñ işe çykmak baradaky iş berijiniñ buýrugyny ýerine ýetirmekden ýüz döndürmegine zähmet düzgün-nyzamynyñ bozulmasy hökmünde garalmaga degişli däldigini kazyýetlere düşündirmeli.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 173-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 3-nji bendine we şol Kodeksiň 174-nji maddasynyň 8-nji bendine laýyklykda, işgäriň ýa-da beýleki adamlaryň zähmeti goramagyň talaplarynyň bozulmagy netijesinde ömrüne we saglygyna zyýan ýetirjek howp aradan aýrylýança işleriň ýerine ýetirilmezligi, şol sanda zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulmadyk zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleri ýerine ýetirmekden işgäriň boýun gaçyrmagy onuň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegine eltmeýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Düzgün-nyzam temmisiniň gös-göni etmiş ýüze çykandan soň bir aýdan gijä goýman, ýöne şol etmiş edilenden alty aý geçmedik bolsa, işgäriň kesel bolan wagtyny ýa-da onuň zähmet rugsadynda bolan wagtyny hasaba almazdan, derňewiň netijeleri, maliýe-hojalyk işiniň barlagynyň ýa-da auditor barlagynyň netijeleri boýunça onuň amal edilen gününden iki ýyldan gijä goýman berlip bilinýändigine kazyýetler üns bermelidir.

Işgär tarapyndan zähmet düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin iş berijiniň zähmet şertnamasyny ýatyrmagyna düzgün-nyzam temmilerini bermek üçin bellenilen möhletler geçenden soň ýol berilmeýär.

Düzgün-nyzam temmisi hakynda buýruk, karar delillerini görkezmek bilen işgäre üç iş gününiň dowamynda gol çekdirilip mälim edilmedik ýagdaýynda işgäriň düzgün-nyzam temmisi ýok hasap edilmäge degişlidir. Düzgün-nyzam temmisi hakynda buýruk, karar bilen tanyşmakdan ýüz öwren işgäre, oňa gatnaşan şaýatlary görkezmek arkaly nama bilen resmileşdirilýär. Şeýle halatda işgär düzgün-nyzam temmisiniň ulanylandygy hakyndaky buýruk, karar bilen tanyşdyrylan hasap edilýär.

Düzgün-nyzam temmisine Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary tarapyndan bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner. Kazyýetler zähmet jedellerine garanlarynda, edilen etmişiň agyrlygyny, onuň amala aşyrylan ýagdaýlaryny, işgäriň ozalky tertibini, onuň zähmete bolan garaýşyny, şeýle hem eden etmişiniň agyrlygynyň düzgün-nyzam temmisine laýyklygyny göz öňünde tutmaga borçludyrlar. Düzgün-nyzam temmisi edilen etmişiň agyrlygyna laýyk gelmeýär diýip hasap eden mahalynda kazyýet düzgün-nyzam temmisini ulanmak hakyndaky buýrugy ýatyrmalydyr.

17. Türkmenistanyñ Zähmet Kodeksiniñ 42-nji maddasynyñ 1-nji böleginiň 7-nji bendi esasynda zähmet şertnamasy ýatyrylan adamlaryñ jedellerini çözenlerinde, kazyýetler işgär esassyz sebäplere görä bütin iş gününiň dowamynda ýa-da iş gününiň dowamynda yzygiderli, ýa jemi boýunça üç sagatdan köp wagtlap işde bolmadyk halatynda, görkezilen esas boýunça işden çykaryp bolýandygyny göz öňünde tutmalydyrlar.

Işgäriñ özbaşdak, iş berijiden rugsatsyz zähmet rugsadyna gitmegi, iş wagtyndan artyk işläni üçin berilýän boş günleri (otguly) özbaşdak almagy, möhletli zähmet şertnamasynyñ wagty gutarmanka işi taşlamagy, ýokary okuw mekdeplerini we orta hünär bilimi edaralaryny tamamlandan soñ işe iberilen ýa-da täze hünär boýunça okuw geçen we kesgitlenen möhletiñ dowamynda önümçilikde işlemäge borçly bolan adam tarapyndan iş ýeriniñ taşlanmagy işden sebäpsiz galan diýlip hasaplanyp bilner.

18. Türkmenistanyñ Zähmet Kodeksiniñ 42-nji maddasynyñ 1-nji böleginiň 8-nji bendi esasynda zähmet şertnamasynyñ ýatyrylmagy bilen baglanyşykly jedelleri çözenlerinde, işgäriň iş wagty zähmet borçlaryny ýerine ýetirmeli ýerlerinde serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji gaýry ýagdaýda peýda bolanynda işden boşadylyp bilinýändigini kazyýetler nazara almalydyrlar. Şonda işgäriñ işden çetleşdirilendiginiñ täsiri ýokdur. Iş gününiñ wagty kadalaşdyrylmadyk işgär üçin, umumy kesgitlenen dowamlylykdan artyk wagt işde bolmagy, iş wagty bolup durýar.

Işgäriñ serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji gaýry ýagdaýyndadygy lukmanlaryñ netijesi bilen, şonuñ ýaly-da subutnamalaryñ beýleki görnüşleri, şol sanda şaýatlaryñ görkezmeleri bilen tassyklanylyp bilner we olara kazyýetler degişli baha bermelidirler.

19. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 9-njy bendi esasynda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly jedeller çözülende, kazyýetler iş beriji tarapyndan işgäriň hereket edýän kanunçylyga degişlilikde jar eden syrynyň döwlet, gulluk täjirçilik we beýleki kanun esasynda goralýan syrlara degişlidigini, şol syrlaryň işgäre öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen aýan bolandygyny, işgäriň şeýle syrlary aýan etmejekdigi barada borçlanandygyny anyklamalydyrlar.

20. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 10-njy bendi esasynda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly jedellere garanlarynda, kazyýetler işgäriň iş ýerinde başga biriniň emlägini ogurlandygyny (şol sanda ownuk ogurlyk), sowrandygyny, ony bilgeşleýin dargadandygyny ýa-da zaýalandygyny tassyklaýan kazyýetiñ kanuny güýjine giren hökümi ýa-da administratiw temmisini bermek ygtyýarlygyna girýän edaranyň karary bolan ýagdaýynda zähmet şertnamasynyň ýatyrylyp bilinýändigini göz öñünde tutmalydyrlar.

Başga biriniň emlägi diýlip, iş berijä, başga işgärlere, şeýle hem şol kärhananyň işgäri bolmadyk beýleki adamlara degişli bolan emläklere düşünilmelidir. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 11-nji bendi esasynda düzgün-nyzam tertibinde çäre görmek üçin 1 aýlyk möhletkazyýetiñ höküminiň ýa-da administratiw temmisini bermek ygtyýarlygyna girýän edaranyň kararynyň kanuny güýjüne giren gününden hasaplanyp başlanýandygyny kazyýetler göz öñünde tutmalydyrlar.

21. Işgär tarapyndan zähmeti goramak baradaky talaplaryň bozulmagy agyr netijelere, ýagny önümçilikde betbagtçylykly hadysanyň, heläkçiligiň, betbagtçylygyň döremegine getiren bolsa ýa-da şeýle netijeleriň döremegine görnetin hakyky howp döretse Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 11-nji bendi esasynda zähmet şertnamasy ýatyrylmaga degişlidir.

22. Eger-de zähmet şertnamasy baglaşylanda işgär tarapyndan iş berijä galp resminamalar ýa-da görnetin ýalan maglumatlar berlen bolsa, onda zähmet şertnamasynyň Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 12-nji bendi esasynda ýatyrylmaga degişlidigine kazyýetler üns bermelidirler.

23. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 43-nji maddasynda işgärleriň aýry-aýry toparlary bilen zähmet şertnamasyny bes etmegiň goşmaça esaslary görkezilen. Kodeksiň agzalan maddasynyň 1-nji bendi esasynda öz tertipnamalaryna laýyklykda düzgün-nyzam jogapkärçiligini çekýän kärhananyň (düzüm birliginiň) ýolbaşçysynyň, onuň orunbasarlarynyň we işgärleriniň zähmet borçlaryny bir gezek gödek bozandyklary üçin zähmet şertnamasy ýatyrylyp bilinýär. Kärhananyň ýolbaşçysynyň, onuň orunbasarlarynyň we işgärleriniň zähmet borçlaryny gödek bozan diýlip, olaryň öz üstlerine zähmet şertnamasy esasynda ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmezlikleri netijesinde kärhananyň emlägine ýa-da işgärleriniň saglygyna zyýan ýetirip boljak hereketlerine düşünilmelidir.

24. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 43-nji maddasynyñ 2-nji bendi esasynda diňe kärhananyň (düzüm birliginiň) ýolbaşçysynyň, onuň orunbasarlarynyň we baş hasapçysynyň esassyz karar kabul etmegi emlägi saklamagyň bozulmagyna, onuň bikanun peýdalanylmagyna ýa-da kärhana başga zyýan (zelel) ýetirilmegine getiren ýagdaýynda olar bilen zähmet şertnamasyny ýatyryp bolýandygyna kazyýetler üns bermelidirler. Kararyň esaslydygy baradaky meseläni çözenlerinde, ýaramaz netijäniň hut şol kabul edilen kararyň netijesinde ýüze çykandygyny, eger-de başga karar kabul edilende şol netijelerden sypmak mümkinçiliginiň bolandygyny kazyýetler anyklamalydyrlar.

25. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 43-nji maddasynyñ 3-nji bendi esasynda, dine pul ýa-da haryt gymmatlyklaryna gös-göni hyzmat edýän işgär tarapyndan bikanun hereketler amala aşyrlan ýagdaýynda (kabul etmek, gorap saklamak, daşamak, paýlamak) we şol hereketler iş berijä bildiren ynamy ýitiren diýmäge esas berýän bolsa, işgär bilen zähmet şertnamasy ýatyrylyp bilner. Şunuñ ýaly hereketlere: hyzmatlar üçin töleg pulunyñ degişli resminamalary bolmazdan alynmagy, harytlaryñ gös-göni ammardan, kömekçi jaýlardan satylmagy, agramynyñ kem ölçenilmegi, pulunyñ kem berilmegi, harytlaryñ alyjylardan gizlenilmegi, spirtli içgileri satmagyñ we düzümi neşe maddaly derman serişdelerini goýbermegiñ düzgünleriniñ bozulmagy we ş.m mysal bolup biler. Ogurlygyñ edilendigi, para alnandygy ýa-da başga betnebislikli hukuk bozulmalaryñ edilendigi kanunda göz öñünde tutulan halatlarda anyklanylan bolsa, eger bu hereketler işgärleriñ öz işi bilen baglanyşykly bolmadyk ýagdaýlarynda hem şol işgärler bildirilen ynamy ýitiren diýen esas boýunça olar bilen zähmet şertnamasy ýatyrylyp bilner.

26. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 43-nji maddasynyñ 4-nji bendi esasynda, terbiýeçilik wezipelerini ýerine ýetirýän işgär tarapyndan onuň bu işi dowam etdirmegi bilen bir ýere sygyşmaýan ahlaksyz etmişi amala aşyrandygy sebäpli zähmet şertnamasy ýatyrylan işgärleriñ işe dikeltmek baradaky hak isleglerini çözenlerinde, kazyýetler diňe terbiýeçilik işleri bilen meşgul bolýan işgärleriñ, mysal üçin, mekdepleriñ we beýleki okuw jaýlarynyñ mugallymlarynyñ, önümçilik okuwlarynyñ ussalarynyñ, çagalar edaralarynyñ terbiýeçileriniñ we beýlekileriñ, şu esas boýunça olar bilen zähmet şertnamasyny ýatyrmaklyga ýol berilýändiginden ugur almalydyrlar.

27. Işgäriň özüne bildirilen ynamy ýitirmegi, şonuň ýaly hem terbiýeçilik işlerini ýerine ýetirýän işgäriň ahlaksyz etmişi edendigi sebäpli (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 43-nji maddasynyň 3-nji we 4-nji bentleri) zähmet şertnamasynyň bozulmagy Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 164-nji maddasyna laýyklykda, kanunda kesgitlenen möhletlerde ulanylmagy şertlendirilen düzgün-nyzam temmi çäresi bolup durmaýar. Şonuň bilen birlikde, kazyýetler görkezilen esaslar zähmet şertnamasy ýatyrylan işgärleriň işe dikeltmek baradaky işlerine garanlarynda, işgäriň ahlaksyz etmişi we iş berijiniň bildiren ynamyny ýitirmek bilen bagly günäli hekeretleri eden pursatyndan soň geçen wagty, şondan soň özüni alyp barşy we jedeliň dogry çözülmegine täsir edýän beýleki anyk ýagdaýlary nazara almalydyrlar.

28. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 49-njy maddasyna laýyklykda, aşakdaky goşmaça esaslar boýunça ýagny: kazyýetiň anyk adamy belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek baradaky hökümi ýerine ýetirilmän, zähmet şertnamasy baglaşylanda, lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda saglyk ýagdaýyna görä bu adama bolmaýan işi ýerine ýetirmek üçin zähmet şertnamasy baglaşylanda, eger Türkmenistanyñ kanunlarynda ýa-da beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna görä işiñ ýerine ýetirilmegi ýörite bilimleri we endikleri talap edýän bolsa, bilimi ýa-da hünäri hakynda degişli resminamalary ýok bolan ýagdaýynda, şeýle-de Türkmenistanyñ kanunçylygynda göz öñünde tutulan beýleki halatlarda hem zähmet şertnamasyny ýatyryp bolýandygyna kazyýetler üns bermelidirler.

29. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 372-nji maddasyna laýyklykda işgärden zähmet jedelleri baradaky topara gowşan arza hökmany suratda bellige alnyp, şahsy zähmet jedeline şol işgäriň arza beren gününden beýläk on senenama günüň içinde garalmalydyr. Eger şahsy zähmet jedeline topar tarapyndan on günüň içinde garalmadyk bolsa, işgär zähmet jedelini kazyýetiň garamagyna geçirmäge haklydyr. Şeýle hem işgär ýa-da iş beriji çözgüdiň nusgasynyň gowşurylan gününden beýläk on günüň içinde zähmet jedelleri baradaky toparyň çözgüdi babatda kazyýete şikaýat edip bilýändir. Bellenilen möhlet esasly sebäplere görä geçirilen bolsa, kazyýet bu möhleti dikeldip hem-de şahsy zähmet jedeline düýp manysy boýunça garap biler.

30. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 381-nji maddasyna laýyklykda kazyýetlerde gös-göni işgäriň–zähmet şertnamasynyň bes edilmeginiň nämä esaslanýandygyna garamazdan işe dikeltmek, zähmet şertnamasynyň bes edilen senesini we bes edilmegiň esaslandyrylyş beýanyny üýtgetmek, mejbury ýagdaýda işe gelinmedik wagtynyň ýa-da pes hak tölenilýän işiň ýerine ýetirilen wagtynyň hakyny tölemek, zähmet borçlaryny ýerine ýetirende onuň saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýany (zeleli) iş berijiniň öwezini doldurmak, işe kabul etmekden boýun gaçyrmak, iş berijiniň–maddy zyýany işgäriň tölemegi hakyndaky arzalary boýunça her bir aýratyn zähmet jedellerine garalýar. Şeýle-de işgäriň işleýän ýerinde kärdeşler arkalaşygy guramasy ýa-da zähmet jedelleri baradaky topar döredilmedik halatynda hem zähmet jedellerine gös-göni kazyýetlerde garalýar.

31. Işe dikeltmek hakyndaky jedeller boýunça – işgäre onuň bilen zähmet şertnamasynyň bes edilýänligi hakyndaky buýrugyň nusgasynyň işgäre gowşurylan  gününden beýläk – bir aý;

işgäriň iş berijä ýetiren maddy zyýanynyň öwezini tölemegi hakyndaky jedeller boýunça – iş berijiniň ýetirilen zyýanyň üstüni açan gününden beýläk – bir ýylyň;

beýleki zähmet jedelleri boýunça – işgäriň öz hukuklarynyň bozulandygyny bilen ýa-da bilmeli bolan gününden beýläk – üç aýyň dowamynda kazyýete ýüz tutmagyň möhletiniň bellenendigini, işgäriň saglygyna ýetirilen zeleliň öwezini töletmek hakyndaky jedeller boýunça ýüz tutmagyň möhletiniň bellenilmändigini kazyýetlere düşündirmeli.

32. Eger-de ýokarda bellenilen möhletleriň esasly sebäplere görä berjaý edilmedik halatynda, kazyýetler işgäriň ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekiliniň arzasy esasynda şol möhleti dikeldip biler. Hak isleýjiniň kesellidigi, agyr keselläp ýatan maşgala agzasyna ideg edendigi, gulluk iş saparynda bolandygy, tebigy hadysalar sebäpli kazyýete ýüz tutmak möhletini geçirmesini kazyýet esasly sebäp diýip hasap edip biler. Eger-de ýüz tutmak möhleti esassyz sebäbe görä geçirilen hasaplan ýagdaýynda, kazyýetler diňe şol esas boýunça hem hak islegi kanagatlandyrman galdyrmak barada netijä gelip biler.

33. Işe dikeltmek baradaky hak isleginden ýüz döndermäni kabul etmek ýa-da şonuñ ýaly hak islegi boýunça taraplaryñ barlyşyk ylalaşygyny tassyklamak baradaky mesele çözülende bu hereketleriñ kanuna ters gelmeıändigini, şeýle-de döwletiñ bähbitleriniñ, taraplaryñ hukuklarynyñ we kanun tarapyndan goralýan bähbitleriniñ bozulmaýandygyny kazyýetler anyklamalydyrlar.

34. Işgär kanuny esas bolmazdan ýa-da bellenilen tertibiñ bozulmagy bilen işden çykarylan halatynda öňki işine dikeldilmäge degişlidir. Eger kärhananyñ, edaranyñ, guramanyñ öz işini bes edendigi sebäpli ony ozalky işine dikeltmek mümkin bolmasa, kazyýet işden çykarmaklygy nädogry bilip, ýatyryjy topary (likwidasion komissiýany) ýa-da kärhanany, edarany, guramany ýatyrmak baradaky çözgüdi kabul eden organy işgäre onuñ mejbury ýagdaýda işsiz gezen wagty üçin zähmet hakyny, ýöne bir ýyldan köp bolmadyk wagty üçin, tölemeklige borçly edip, şol bir wagtda işgäri kärhananyñ, edaranyñ, guramanyñ ýatyrylandygy sebäpli Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 42-nji maddasynyñ 1-nji bendi boýunça işden boşadylan diýip netijä gelip bilýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

35. Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 48-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda eger işgär şertnamada kesgitlenen möhletden öň bikanun işden çykarylan bolsa, kazyýetler işgäri öňki işine dikeltmelidirler, eger işe kazyýetde garalýan döwründe işgär bilen şertnamada kesgitlenen möhlet tamamlanan bolsa, onda işgäriň işden çykarylmagyny bikanun hasap edip, onuň işden çykarylan senesini üýtgedip, işden çykarylmagynyň kesgitlemesini (alamatyny) zähmet şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen çalşyp bilýändir.

36. Kazyýet, Türkmenistanyñ Zähmet Kodeksiniñ 385-nji maddasyna laýyklykda işe dikeltmek we mejbury ýagdaýda işe gelinmedik wagt üçin işgäre hak tölemek baradaky talaplara bir kazyýet mejlisinde garaýar. Eger hak islegi diñe işden bikanun boşadylan ýa-da başga pes hak tölenilýän işe geçirilen işgäri işe dikeltmek hakynda bildirilen bolsa, onda kazyýet hak isleýjä ortaça zähmet hakyny ýa-da pes hak tölenilýän işi ýerine ýetiren wagty üçin zähmet hakyndaky tapawudy töletdirmek barada talap bildirmäge hukugynyñ bardygyny düşündirmelidir.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, mejbury biderek geçirlen wagt üçin tölenilmeli ortaça zähmet gazanjy işiñ soñky iki kalendar aýynyñ hasabyndan kesgitlenilýär. Şol kärhanada (guramada) iki aýdan az wagt işlän adamlaryñ ortaça zähmet gazanjy hakykat ýüzünde işlenen wagtyñ hasabyndan kesgitlenilmelidir.

Eger kazyýet, jogap berijiniň tarapyndan üçünji tarap hökmünde işe gatnaşdyrylan wezipeli adamynyñ üstüne biderek geçirilen wagt üçin ýa-da pes hak tölenilýän işiñ ýerine ýetirilen zyýany tölemek borjuny ýüklemek mümkin däl diýen netijä gelse, onda ol barada çözgütde degişli delilleri getirmelidir.

37. Işden boşatmagyň sebäpleriniň kesgitlenilişi nädogry ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýär diýlip hasap edilen halatynda, kazyýetler ony üýtgetmäge we kararda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kesgitlenişine takyk laýyklykda we Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ degişli maddasyna salgylanyp işden boşatmagyň sebäbini görkezmelidirler. Eger zähmet depderçedäki işden boşatmagyň nädogry ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän kesgitlemesi işgäriň täze işe girmegine päsgelçilik döretse, onda kazyýetler şol bir wagtda mejbury ýagdaýda işe gelmedik wagt üçin oňa ortaça zähmet hakyny tölemek hakynda çözgüt kabul etmelidirler, ýöne onuň tölegi bir ýyldan köp bolmaly däldir.

38. Tabynlyk tertibinde ýokarda durýan edaranyň çözgüdi boýunça işgär öňki işine dikeldilen halatynda işden boşadylan gününden başlap mejbury ýagdaýda işe gelmedik wagt üçin ýa-da pes hak tölenilýän işi ýerine ýetiren wagty üçin töleg geçirilmelidir, ýöne onuň tölegi bir ýyldan köp bolmaly däldir.

39. Kazyýetler işgäri işden bikanun boşatmakda ýa-da başga pes hak tölenilýän işe geçirmekde günäkär bolan wezipeli adama mejbury ýagdaýda işden galynan ýa-da pes zähmet hakly işi ýerine ýetirilen wagtyň dowamynda iş hakyny tölemek bilen kärhana ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek borjuny ýüklemelidirler. Eger işden boşatmak ýa-da başga işe geçirmek işi Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen amala aşyrylan bolsa ýa-da eger iş beriji kazyýetiň işe dikeltmek hakyndaky çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini bökdän halatynda hem şeýle borç ýüklenilmelidir. Ýetirilen zyýanyň öwezini tölemegiň möçberi wezipeli adamyň üç aýlyk zähmet hakyndan artyk bolup bilmez.

40. Kanuny göz-görtele bozmak diýlip, hususan-da iş berijiniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 45-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda kärdeşler arkalaşygy guramasynyň razylygy alynmazdan işgär bilen şertnamanyň ýatyrylmagyna; Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 241-nji maddasynyň 3-nji bölegine göz öňünde tutulan halatlarda göwreli aýallar we üç ýaşa çenli çagasy (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagasy) bolan aýallar bilen iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna; kärdeşler arkalaşygy guramasynyň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparyň razylygy alynmazdan iş berijiniň başlangyjy boýunça on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň işden boşadylmagyna (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 257-nji maddasy); işgäriň razylygy alynmazdan, onuň hemişelik başga işe geçirilmegine we beýlekilere düşünilýär.

41. Işgär bilen şertnamany ýatyrmaga ýa-da başga işe geçirmäge buýruk beren wezipeli adamyny jogap berijiniň tarapynda üçünji tarap hökmünde işe gatnaşdyrmak baradaky mesele (Türkmenistanyñ RIÝK-nyň 126-njy maddasy), düzgün boýunça kazy tarapyndan iş kazyýet seljerişine taýýarlanýan döwründe çözülmelidir, ýöne bu mesele işe kazyýet mejlisinde garalýan döwründe hem çözülip bilner. Wezipeli adamynyñ şunuñ ýaly ýagdaýda işe gatnaşdyrylmagy ony iş boýunça jogap berijiniň wekili hökmünde çykyş etmek hukugyndan mahrum etmeýär.

42. Degişli tertipde kazyýete gelmek barada habar berlen wezipeli adam esassyz sebäplere görä kazyýet mejlisine gelmedik halatynda ýa-da ol tarapyndan gelmezligiň sebäpleri hakynda maglumatlar berilmedik bolsa, kazyýetler şol adamynyñ gatnaşmazlygynda işe seredip bilerler. (Türkmenistanyñ Raýat iş ýörediş kodeksiniň   192-nji maddasy).

43. Iş berijiniň işgäri işden bikanun çetleşdirmegi, işden çykarmagy ýa-da başga işe geçirmegi, zähmet jedellerine seretmek boýunça edaranyň, kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, hukuk gullugynyň ýa-da kazyýetiň işgäri öňki işine dikeltmek hakyndaky kararyny ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegi ýa-da ony öz wagtynda ýerine ýetirmezligi, işgäre zähmet depderçesini gijikdirip bermegi, zähmet depderçesine nädogry ýa-da işgäriň işden çykarylyşynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän kesgitlemesiniň girizilmegi netijesinde, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda we köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda işgäriň mejbury biderek geçirilen wagt üçin onuň almadyk zähmet hakyny tölemäge borçludyr.

Türkmenistanyň ZK-nyň 47-nji maddasynyň 1-nji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli işgär zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik döwründe zähmet gatnaşyklary dowam etdirilen hasap edilýändigini we şeýle ýagdaýlarda zähmet hakynyň we beýleki tölegleriň tölenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýandygyny we bu kanunyň talaplarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soňky ýagdaýlara täsir edýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

44. Ozalky işine dikeldilen ýa-da onuñ işden çykarylmagy nädogry diýlip bilnen işgäriñ peýdasyna ortaça gazanjy alnyp berlende, oña işden çykanynda berlen kömek puly hem hasaba alynmaga degişlidir, şeýle hem başga guramada işläni üçin zähmet haky we tölenilýän progulyñ möhletiniñ çäginde wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy boýunça hak isleýjä tölenen kömek puly hem hasaba alynmaga degişlidir.

Şeýle-de işgäriñ haýyşy boýunça kazyýet (Türkmenistanyñ Zähmet kodeksiniñ 56-njy maddasynyñ 3-nji bendi) ony işe dikeltmegiñ ýerine onuñ üç aýlyk ortaça zähmet hakyndan az bolmadyk möçberde goşmaça öwez tölegini (Türkmenistanyñ Zähmet Kodeksiniñ 56-njy maddasynyñ 2-nji böleginde göz öñünde tutulandan başga) iş berijiden işgäriñ peýdasyna tutup alyp biler.

45. Işden bikanun boşadylan ýa-da başga pes hak tölenilýän işe geçirilen işgäri işe dikeltmek hakynda kazyýet tarapyndan kabul eden çözgüt haýal edilmän ýerine ýetirilmäge degişlidir. Eger iş beriji işden bikanun boşadylan ýa-da başga pes hak tölenilýän işe geçirlen işgäri işine dikeltmek hakynda kazyýetiň kararyny ýerine ýetirmegi gaýra goýan bolsa, onda çözgüdiň çykarylan gününden onuň ýerine ýetirilen gününe çenli bökdelen wagt üçin işgäre ortaça zähmet haky ýa-da zähmet hakyndaky tapawudy alnyp berilmelidigine kazyýetler üns bermelidirler.

46. Kazyýetler şu görnüşli işlere garanlarynda zähmet gatnaşyklarynyñ çygrynda kanunçylygy berkitmeklige, zähmet jedelleriniñ döremegine getirýän şertleri aradan aýyrmaklyga ýardam bermelidirler we kazyýet mejlisleriniń terbiýeçilik täsir ediş mümkinçiliklerini gińden peýdalanmalydyrlar, zerur halatlarda işlere kärhanalarda, edaralarda, guramalarda göçme kazyýet mejlislerinde garamalydyrlar, şeýle hem ýüze çykarylan zähmet kanunçylygynyń bozulmalaryna sebäp bolan we şert döreden ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin degişli öňüni alyş çärelerini geçirmelidirler.

47. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleri zähmet jedelleri barada seredilen işleri öwrenip, kazyýet iş ýörelgelerini umumylaşdyryp durmalydyrlar we goýberilýän ýalňyşlyklary ýüze çykaryp, olary düzetmek boýunça öz wagtynda çäreleri görmelidirler, şeýle hem aşakda durýan kazyýetlere amaly kömek bermek işini yzygiderli alyp barmalydyrlar.

48. Şu Kararyñ kabul edilmegi bilen “Zähmet şertnamasyny baglaşmagy, üýtgetmegi we ýatyrmagy düzgünleşdirýän kanunçylygyñ kazyýetler tarapyndan ulanylyş iş ýörelgeleri” hakyndaky Türkmenistanyñ Ýokary kazyýetiniñ Giñişleýin mejlisiniñ 1996-njy ýylyñ 18-nji dekabryndaky 7 belgili kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

Türkmenistanyñ Ýokary

    kazyýetiniñ başlygy                                                    Ý.Ýazmyradow

 

 

            Giñişleýin mejlisiñ kätibi,

  Türkmenistanyñ Ýokary

                kazyýetiniñ kazysy                                                     M.Çaryýew

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y  № 8

 

2010-njy ýylyň 18-nji dekabry                                                                      Aşgabat şäheri

 

Ikinji basgançakly kazyýetde nägilelik şikaýatlar we teklipnamalar

boýunça jenaýat işine garamaklygyň iş ýörelgeleri hakynda

 

(Giňişleýin mejlisiň  16.07.2016ý. №4 karary bilen üýtgetmeler girizilen)

 

Işleriň nägilelik tertibinde hemmetaraplaýyn doly we dogry garalmagy birinji basgançakly kazyýetiň jenaýat işine seredende goýberen kanunbozulmalaryny öz wagtynda ýüze çykaryp, olary aradan aýyrmak üçin möhüm serişde bolup durýar. Ikinji basgançakly kazyýetler umuman, nägilelik tertibinde getirilen şikaýatlary we teklipnamalary garamaklygy düzgünleşdirýän jenaýat iş ýörediş kanunçylygyny dogry ulanýarlar.

Şonuň bilen birlikde ikinji basgançakly kazyýetleriň käbiriniň işinde ýalňyşlyklara we kemçiliklere ýol berýän halatlaryna hem duş gelinýär.

Ýagny, käbir kazyýetler tarapyndan Türkmenistanyň JIÝK-nyň 441-nji maddasynyň talaplary bozulyp, iş kesilenlere, adwokatlara, jebir çekenlere we bähbitleri aralýan beýleki iberilmäge degişli iş ýöredişe gatnaşýjylara gowşan şikaýatlaryň we teklipnamalaryň göçürilen nusgalary ugradylmaýar, olara öz närazylyklaryny bildirmek mümkinçilikleri düşündirilmeýär, şeýle hem işiň nägilelik tertibinde garaljak güni barada olara wagtynda habar berilmeýär.

Nägilelik tertibinde seretmeklige ugradylan jenaýat işlerine ikinji basgançakly kazyýetleriň ýüzleý garap, doly öwrenmeýän ýagdaýlaryna hem duş gelinýär. Şonuň ýaly-da hökümlere esas edilip alnan subutnamalaryň we jenaýatyň amala aşyrylyş ýagdaýlarynyň degişli derejede derňelmeýän we olara tankydy baha berilmeýän halatlary hem bolýar. Netijede maddy we iş ýörediş kanunçylygynyň talaplary düýpli bozulyp, çykarylan hökümleriň, kesgitnamalaryň, kararlaryň  güýjünde galdyrylýan ýa-da dogry we kanunalaýyk çykarylan kazyýet çözgütleriniň esassyz üýtgedilýän ýa-da sökülýän halatlaryna hem gabat gelinýär.

Şonuň netijesinde käbir hökümler we nägilelik tertibinde çykarylan kesgitnamalar gözegçilik tertibinde sökülýär ýa-da üýtgedilýär.

Ikinji basgançakly kazyýetleriň kesgitnamalarynyň mazmuny käbir halatlarda Türkmenistanyň JIÝK-nyň 464-nji maddasynyň talaplaryna laýyk gelmeýär. Nägilelik şikaýat ýa-da teklipnama kanagatlandyrylman galdyrylanda, olarda beýan edilen delilleri nädogry ýa esasly däl diýmäge getiren esaslaryň kesgitnamalarda görkezilmeýän halatlary hem bar. Höküm sökülip, iş goşmaça derňew geçirmek üçin gaýtarylanda ýa-da täzeden kazyýet mejlisinde seretmek üçin iberilende, kähalatda ikinji basgançakly kazyýetler kesgitnamalarynda Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň haýsy maddalarynyň talaplarynyň bozulandygyny, hökümiň esassyzlygynyň sebäplerini ýa-da haýsy ýagdaýlaryň täzeden anyklanylmaga degişlidigini takyk görkezmeýärler.

Ikinji basgançakly kazyýetler anyklaýyş döwründe, deslapky derňewde ýa-da işe birinji basgançakly kazyýet tarapyndan garalanda ýol berlen kemçilikler barada degişli wezipeli adamlaryň ünsüni çekmek üçin hususy kesgitnama (karar) çykarmak hukugyndan doly peýdalanmaýarlar.

Jenaýat işlerine nägilelik tertipde garamak iş ýörelgesini mundan beýläk hem kämilleşdirmek we kanunyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi,

                                    K A R A R     E D Ý Ä R :

1. Jenaýat işine şikaýatlar we teklipnamalar esasynda garalanda, nägilelik önümçiligiň tertibini düzgünleşdirýän jenaýat iş ýörediş kanunynyň kadalaryny berk berjaý edip, hökümiň, kesgitnamanyň we kararyň kanunylygyny, esaslylygyny, adalatlylygyny işde bar bolan we goşmaça berlen maglumatlar esasynda barlamalydyklary barada ikinji basgançakly kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

2. Hökümi çykaran kazyýet oňa şikaýat etmek, teklipnama getirmek üçin bellenen möhlet geçenden soň, üç günüň dowamynda işi gowşan şikaýatlar, teklipnamalar we olara getirilen närazylyklar bilen bilelikde taraplara işiň nägilelik tertibinde serediljek gününi habar bermek bilen ikinji basgançakly kazyýete iberýär.

Iş gelenden soň, ikinji basgançakly kazyýetler şikaýat edilendigi ýa-da teklipnama getirilendigi hakynda iş kesilene, aklanana, adwokata, prokurora, jebir çekene, şeýle hem beýleki işe gatnaşyjylara olaryň haýsy biriniň bähbitleri aralýan bolsa, gelen şikaýatyň, teklipnamanyň göçürilen nusgasyny ýazmaça görnüşde närazylyklaryny bermek mümkinçilikleri düşündirilip iberilendigini, närazylyklaryny bildirmäge möhlet berlendigini, işiň serediljek güni barada habar edilendigini, şikaýat etmegiň, teklipnama getirmegiň möhleti geçirilen bolsa, ony dikeltmek meselesiniň çözülendigini, işe gatnaşyjylaryň kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna getiren belliklerine garalandygyny barlamaga borçludyrlar. Kanunyň bu talaplary höküm çykaran kazyýet tarapyndan bozulan bolsa, eger işe gatnaşyjylary degişli resminamalar bilen ikinji basgançakly kazyýetde tanyşdyrmak mümkinçiligi ýok bolsa, onda nägilelik basgançakly kazyýet goýberilen kemçilikleri düzetmek üçin işi birinji basgançakly kazyýete gaýtarýar.

3. Işiň nägilelik tertibinde kazyýet mejlisinde serediljek ýeri we wagty hakynda öz wagtynda habarly edilen adamlaryň gelmezligi işiň seredilmegine päsgel berip bilmez. Kazyýet seljerişine gatnaşyjylara mejlisiň geçiriljek güni barada habar berilmezligi, adwokatyň ýa-da beýleki gatnaşyjylaryň işe garamaklygy gaýra goýmak baradaky esaslandyrylan haýyşnamasy, goşmaça maglumatlary talap edip almak zerurlygy we ş.m. ýagdaýlar ikinji basgançakly kazyýetlerde işe garamaklygy gaýra goýmaga esas bolup biler. Işe garamaklygyň gaýra goýulýandygy barada işe gatnaşyjylara degişli tertipde habar bermäge ikinji basgançakly kazyýet borçludyr.

4. Jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda deslapky nägilelik ýa-da hususy şikaýatlaryň we teklipnamalaryň getirilmeginiň göz öňünde tutulmandygyny kazyýetler nazara almalydyrlar. Şonuň üçin hem kazyýet mejlisine gatnaşyjylara kanunalaýyklykda öz wagtynda kazyýet çözgütleriniň nusgasy iberilen bolsa, teswirnama bilen tanyşmak islän işe gatnaşyjylar hem onuň bilen tanyşdyrylan bolsa, onda hiç bir anyk delil bilen esaslandyrylmadyk “deslapky” diýlip atlandyrylan nägilelik ýa-da hususy şikaýatlar we teklipnamalar kabul edilmeýär.

Höküm barada şikaýat eden, teklipnama getiren adam, kazyýetiň mejlisi başlanmazdan öň öz şikaýatyny, teklipnamasyny üýtgetmäge ýa-da täze deliller bilen onuň üstüni ýetirmäge haklydyr. Şonuň bilen birlikde döwlet aýyplaýjysynyň teklipnamany üýtgetmek ýa-da üstüni ýetirmek hakyndaky goşmaça teklipnamasynda, şonuň ýaly-da jebir çekeniň, onuň kanuny wekiliniň şikaýat etmek we teklipnama getirmek möhleti geçenden soň getiren goşmaça şikaýatynda, ilkinji teklipnamada ýa-da şikaýatda şeýle talap bildirilmedik bolsa, iş kesileniň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmak hakynda mesele goýulyp bilinmez.

Nägilelik tertibinde teklipnama getiren döwlet aýyplaýjysy, degişli etrap we etrap hukukly şäher prokurory ýa-da ýokarky prokuror işe ikinji basgançakly kazyýetiň mejlisinde seredilip başlanmazyndan öň teklipnamany nägilelik tertibinde şikaýat eden adam bolsa şikaýatyny yzyna almaga haklydyr.

5. Ikinji basgançakly kazyýet, hökümiň diňe şikaýat edilen ýa-da teklipnama getirilen böleginiň hem-de şikaýatyň ýa-da teklipnamanyň diňe bähbitleri aralýan iş kesilenler barada kanunylygyny, esaslylygyny, adalatlylygyny barlaýar. Işe seredilen wagty bikanun hökümi çykarmaga ýardam eden, iş kesilenleriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmalary ýüze çykarylan mahalynda, Türkmenistanyň JIÝK-nyň 444-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, ikinji basgançakly kazyýet hökümiň şikaýat edilmedik, teklipnama getirilmedik bölegini hem-de şikaýat, teklipnama getirilmedik adamlar barada hökümi sökmäge ýa-da üýtgetmäge haklydyr.

Has agyr jenaýat hakyndaky kanuny ulanmak ýa-da has ýeňil jeza çäresiniň bellenendigi sebäpli hökümiň sökülmegine Türkmenistanyň JIÝK-nyň 462-nji maddasyna laýyklykda diňe prokuroryň teklipnamasy, jebir çekeniň ýa-da onuň wekiliniň şikaýaty bolan halatynda ýol berilýändigine kazyýetler üns bermelidirler.

6. Ikinji basgançakly kazyýete nägilelik tertibinde getirilen şikaýat ýa-da teklipnama bilen gowşan işe seredilen mahalynda taraplaryň haýyşy boýunça kazyýet (iş diňlenmäge taýýarlanylanda- kazy) kazyýet-psihiatriýa bilermenler seljermesini bellemäge, eger işde bar bolan maglumatlar boýunça geçirilmegi mümkin bolsa, başga bilermenler seljermesini bellemäge, iş kesileniň saglyk ýagdaýy, maşgala ýagdaýy we onuň ozalky iş kesilenlik aýyplary bilen baglanyşykly resminamalary talap edip almaga haklydyr.

Kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda şaýatlaryň (jebir çekenleriň) görkezmelerini beýan etmekde dürli teswirlemeleri bermegiň mümkinçiligini döredýän nätakyklyklar bolan mahalynda, kazyýet taraplaryň haýyşy boýunça şol şaýady (jebir çekeni) sorag etmäge haklydyr. Şeýle ýagdaýda iş kesileniň kazyýetiň mejlisine gatnaşmagy hökmanydyr. Kazyýet Türkmenistanyň JIÝK-nyň 393-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, şaýady (jebir çekeni) görnetin ýalan görkezme beren ýa-da görkezme bermekden ýüz dönderen ýagdaýynda jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi hakynda duýdurmalydyr.

Şaýadyň (jebir çeken) görkezmeleri kätibiň gatnaşmagynda kazyýet kollegiýasynyň mejlis teswirnamasyna ýazylyp, subutnamalar hökmünde ulanylyp bilinýändigi barada kazyýetleriň ünsüni çekmeli. Kazyýet kollegiýasynyň mejlis teswirnamasy Türkmenistanyň JIÝK-nyň 121-nji maddasynyň talabyna laýyklykda ýöredilýär.

7. Nägilelik şikaýatyň ýa-da teklipnamanyň delillerine garamazdan, nägilelik basgançakly kazyýet iş kesileniň hereketleriniň maddalaşdyrylyşynyň dogrulygyny we höküm boýunça oňa bellenilen jeza çäresiniň edilen jenaýatyň häsiýetine we jemgyýet üçin howplulyk derejesine, günäkäriň şahsyýetine hem-de jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan we ýeňilleşdirýän ýagdaýlaryna laýykdygyny doly barlamalydyr. Iş kesileniň hereketleriniň maddalaşdyrylyşy has ýeňil jenaýat baradaky kanuna geçilip üýtgedilse, ikinji basgançakly kazyýet iş kesilene jeza çäresini soňky maddalaşdyran maddasy boýunça belleýär. Bellenilen jeza çäresi ýeňilleşdirilen halatynda ikinji basgançakly kazyýet gutarnykly jeza çäresiniň anyk möçberini görkezmäge borçludyr.

8. Kazyýetler tarapyndan kanunçylygyň dogry we birmeňzeş ulanylmagynda nägilelik tertibinde çykarylan kesgitnamalaryň (kararlaryň) möhüm ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, ikinji basgançakly kazyýetler Türkmenistanyň JIÝK-nyň 464-nji maddasyna gollanyp, kesgitnamalaryň (kararlaryň) hilini ýokarlandyrmalydyrlar. Kesgitnamanyň (kararyň) karara gelinýän böleginde kazyýet kollegiýasy tarapyndan kabul edilen çözgüdiň düýp manysy aýdyň beýan edilmelidir we höküme girizilen her bir üýtgetme görkezilmelidir.

9. Ikinji basgançakly kazyýet hökümi sökmek we işi täzeden garamaklyga ibermek baradaky kesgitnamasynda haýsy kanun bozulmalaryň hökümiň sökülmegine getirendigini we iş täzeden derňelende ýa-da garalanda haýsy ýagdaýlaryň anyklanylmaga degişlidigini görkezmäge borçludyr. Şonuň bilen birlikde, günäniň subut bolýandygy ýa-da bolmaýandygy, jenaýatyň maddalaşdyrylyşy we jeza çäresi baradaky meseleleri öňünden çözmäge ikinji basgançakly kazyýetiň hukugy ýokdur.

10. Türkmenistanyň JIÝK-nyň 472-nji maddasyna laýyklykda, iş kesilenleriň käbiri barasynda nägilelik şikaýat ýa-da nägilelik teklipnama getirilen ýagdaýynda, eger höküm ýokarda durýan kazyýet tarapyndan sökülmeýän bolsa, onda iş boýunça iş kesilenleriň ählisi barada höküm işe ikinji basgançakly kazyýetde garalandan soň kanuny güýjüne girýär.

11. Eger haýsydyr bir sebäplere görä, bellenen möhletde käbir iş kesilenler barada ikinji basgançakly kazyýete berlen şikaýat ýa-da teklipnama, şol kazyýete beýleki iş kesilenler barada işe seredilenden soň gelip gowşan bolsa ýa-da geçirilen möhlet Türkmenistanyň JIÝK-nyň 51-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde dikeldilen bolsa, şeýle hem eger iş kesileniň, onuň adwokatynyň ýa-da kanuny wekiliniň şikaýaty, şol iş kesilen barada eýýäm başga iş ýöredişe gatnaşyjynyň şikaýaty, ýa-da teklipnamasy boýunça seredilenden soň gelip gowşan bolsa, ikinji basgançakly kazyýet şeýle şikaýata, ýa-da teklipnama seretmäge hem-de şolar boýunça kesgitnama (karar) çykarmaga borçludyr. Eger täze çykarylan kesgitnama (karar) öňki çykarylan kesgitnama (karara) çapraz gelse, kazyýet iş ýöredişe gatnaşyjylara Türkmenistanyň JIÝK-nyň 47-nji babynda göz öňünde tutulan tertipde olara şikaýat etmek hukugyny düşündirmelidir.

Nägilelik kesgitnamasy sökülip, iş täzeden nägilelik tertibinde garamak üçin iberilen ýagdaýynda, işe täzeden garaýan ikinji basgançakly kazyýet işe garaljak güni barada işe gatnaşyjylara habar bermek barasynda Türkmenistanyň JIÝK-nyň 442-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertibi berjaý etmäge borçludyr.

12. Iş kesilenleriň ýa-da jebir çekenleriň ata-enesiniň, ýakyn hossarlarynyň ýazan şikaýatlary, eger-de ol adamlar kanunalaýyklykda iş kesileniň adwokaty, kanuny wekili hökmünde ýa-da jebir çekeniň wekili hökmünde ozal işe gatnaşmaga goýberilen bolsa, nägilelik tertibindäki şikaýat diýlip bilinýär we nägilelik önümçiliginiň açylmagyna getirýär.

13. Türkmenistanyň JIÝK-nyň 436-njy maddasynyň manysyna görä, işe ikinji basgançakly kazyýetde garalýan döwrüne çenli 18-ýaşy dolan kämillik ýaşyna  ýetmedik iş kesilenleriň kanuny wekilleriniň şikaýatlarynyň nägilelik tertibinde garalmaga degişlidigini kazyýetlere düşündirmeli.

14. Şikaýatda ýa-da teklipnamada getirilen delilleri tassyklamak ýa-da olary ýalana çykarmak üçin iş kesilen ýa-da aklanan, olaryň adwokatlary, jebir çeken we onuň wekili, raýat hak isleýjisi, raýat jogap berijisi ýa-da olaryň wekilleri işe seredilip başlanmazyndan öň ikinji basgançakly kazyýete goşmaça maglumatlary getirmäge haklydyrlar. Goşmaça maglumatlar derňew hereketlerini geçirmek arkaly alnyp bilinmez. Kazyýete goşmaça maglumatlary getirýän adam şol maglumatlaryň haýsy ýol bilen alnandygyny we olary getirmek zerurlygynyň näme bilen baglylykda ýüze çykandygyny görkezmäge borçludyr.

Goşmaça maglumatlary kabul etmek ýa-da ret etmek hakynda taraplaryň pikirlerini diňläp, kazyýet kesgitnama çykarýar. Goşmaça maglumatlar işiň çözülmegi üçin ähmiýetli bolsa, hökümiň sökülmegine we işiň täzeden seredilmegine ýa-da goşmaça derňewe iberilmegine esas bolup biler. Goşmaça getirilen maglumatlar esasynda hökümiň üýtgedilmegine ýa-da işiň ýatyrylmagy bilen sökülmegine ýol berilmeýär, ýöne şeýle maglumatlardaky görkezilenler goşmaça barlag geçirmegi we birinji basgançakly kazyýetiň baha bermegini talap etmeýän halatlary muňa girmeýär.

15. Ikinji basgançakly kazyýet deslapky derňewiň ýa-da kazyýet derňewiniň birtaraplaýyndygyny ýa-da doly däldigini, kazyýetiň hökümde beýan eden netijeleriniň işiň hakykat ýüzündäki ýagdaýlaryna laýyk gelmeýändigini, jenaýat iş ýörediş kanunynyň düýpli bozulandygyny, jenaýat kanunynyň nädogry ulanylandygyny, kazyýetiň bellän jezasynyň jenaýatyň agyrlyk derejesine we iş kesileniň şahsyýetine laýyk gelmeýändigini anyklan ýagdaýynda hökümi söküp ýa-da üýtgedip biler.

16. Ikinji basgançakly kazyýetiň diňe iş kesileniň günäli bilnen ýa-da aklanan aýbynyň çäginde işe garaýandygyny kazyýetlere düşündirmeli. Eger aýbyň üýtgedilmegi bilen iş kesileniň ýagdaýy agyrlaşmaýan we onuň goranmaga bolan hukugy bozulmaýan bolsa, aýbyň üýtgedilmegine ýol berilýär. Hususan-da kazyýet, eger iş kesileniň hereketleriniň maddalaşdyrylyşynyň üýtgedilmegi hökümde beýan edilen aýypdan hakyky ýagdaýlary boýunça düýpli tapawutlanýan jenaýaty etmekde iş kesileniň günäli bilinmegini aňlatmaýan bolsa we oňa has agyr jezanyň bellenilmegine getirmeýän bolsa, etmişli hereketleri has ýeňil jenaýatlary göz öňünde tutýan madda ýa-da maddalar bilen maddalaşdyryp, aýypdan bir bölegi (halaty), ýa-da iş kesileniň jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan alamatlary aýryp, hökümiň özbaşdak maddalaşdyrylmagyna eýe bolan aýyp boýunça bölegini söküp, işi şol bölek boýunça ýatyryp, iki jenaýatyň ideal jemi hökmünde etmişe nädogry baha berilmegi netijesinde kanunyň artykmaç ýöňkelen maddasyny, şunda hökümi sökmezden we aýbyň şol maddasy boýunça işi ýatyrmazdan aýryp biler. Höküme girizilen ähli üýtgetmeler kesgitnamanyň (kararyň) karara gelinýän böleginde görkezilmelidir.

17. Ikinji basgançakly kazyýet işe garan wagty, Türkmenistanyň JIÝK-nyň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde, 33-nji maddasynda hem-de Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 71-nji we 73-nji maddalarynda görkezilen esaslar bar bolan mahalynda, şeýle hem birinji basgançakly kazyýet tarapyndan barlanylan subutnamalar bilen kazyýetde işi seredilýäniň oňa ýöňkelýän etmişe dahylsyzlygy anyklanan bolsa we goşmaça derňew geçirmek hem-de kazyýetde täzeden seretmek üçin esaslar ýok bolan halatynda, aýyplaw hökümini söküp, Türkmenistanyň JIÝK-da göz öňünde tutulan tertipde işi ýatyrmalydyr.

Aklaw hökümi, ikinji basgançakly kazyýetde diňe prokuroryň teklipnamasy ýa-da jebir çekeniň ýa-da onuň wekiliniň şikaýaty, şeýle hem aklanmagynyň esaslary bilen ylalaşmaýan kazyýetde aklananyň şikaýaty boýunça sökülip bilner. Eger aklananyň bigünäligine şübhe döremeýän bolsa, jenaýat iş ýörediş kanunynyň düýpli bozulandygy hakyndaky deliller boýunça aklaw hökümi, işi ýatyrmak hakyndaky kesgitnama ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň peýdasyna çykarylan başga çözgüt sökülip bilinmeýändigi barada kazylaryň ünsüni çekmeli.

18. Nägilelik basgançakly kazyýet, iş kesileniň hereketlerini günä geçiş namasy ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin wagt möhletiniň geçendigi sebäpli önümçilik gozgalyp bilinmejek ýa-da gozgalan hem bolsa ýatyrylmaga degişli bolan jenaýaty göz öňünde tutýan kanunyň maddasy bilen maddalaşdyrmak barada netijä gelse, onda ol birinji basgançakly kazyýetiň Türkmenistanyň JIÝK-nyň 31-nji maddasyna laýyklykda kabul etmeli bolan çözgüdini çykarýar, ýagny etmişli hereketleri kanunyň talap edýän maddasy bilen maddalaşdyryp, ol boýunça jeza çäresini belleýär we şol jezadan boşadýar.

Eger jenaýat jogapkärçiliginden boşadýan günä geçiş namasynyň bardygyna  garamazdan günäkäre jenaýat işi gozgalan bolsa, jenaýat işi boýunça önümçiligi ýatyrmak bilen höküm sökülmäge degişlidir.

19. Birnäçe halatlar (epizodlar) bilen umumy maddalaşdyrylan (mysal üçin, birnäçe ogurlygyň amala aşyrylmagy) işiň bir ýa-da birnäçe halaty (epizody) baradaky ýagdaýlarynyň ýeterlik derejede derňelmändigi anyklanylsa, nägilelik basgançakly kazyýet hökümi sökmelidir we ýöňkelen aýbyň doly möçberinde täzeden garamak üçin işi ibermelidir, ýa-da esas bar bolsa, hökümi üýtgedip, görkezilen halatlary (epizodlary) hökümden aýyrmalydyr we işiň şol bölegini önümçilikden ýatyrmalydyr.

Eger iş kesilen tarapyndan amala aşyrylan jenaýatlaryň her biri aýratynlykda garalyp bilinjek kanunyň degişli maddasy bilen maddalaşdyrylan bolsa, nägilelik basgançakly kazyýet işiň bir ýa-da birnäçe jenaýatlar baradaky bölegini goşmaça derňew geçirmek ýa-da täzeden kazyýetde garamak üçin ibermek bilen hökümiň şol bölegini söküp biler.

20. Birinji basgançakly kazyýet tarapyndan bellenilen jezalary goşmak baradaky kanunda göz öňünde tutulan ýörelgäniň ýerine (Türkmenistanyň JK-nyň 63-nji maddasynyň 3,5-nji bölekleri, 64-nji maddasy) jezalary gurşap almak ýörelgesi nädogry ulanylan ýagdaýynda, nägilelik basgançakly kazyýetiň gutarnykly bellän jezasy höküm boýunça kesgitlenen jezanyň möçberinden geçmeýän bolsa, onda ol jezalary goşmak ýörelgesine geçip biler.

Eger jenaýatlaryň umumy jemine girýän jenaýatyň biri kanunyň has ýeňil jenaýaty göz öňünde tutýan maddasyna geçilip maddalaşdyrylanda we ol boýunça has ýeňil jeza çäresi bellenilende, nägilelik basgançakly kazyýet iş kesilene  gutarnykly bellenilen jeza çäresi hökümde kesgitlenilen jezanyň möçberinden geçmeýän şertinde, jeza çäresi jenaýatlaryň umumy jemi boýunça ýörelgeleriň  islendigini ulanmak bilen kesgitlenilip bilinýän ýagdaýynda hem bellenilen jezalary gurşap almak ýörelgesinden olary goşmak ýörelgesine geçip biler.

21. Işlere nägilelik tertibinde garamagyň möhletini uzaltmaga esas bolýan,  Türkmenistanyň JIÝK-nyň 447-nji maddasynda görkezilen aýratyn ýagdaýlar diýlip, hususan-da, ikinji basgançakly kazyýetiň düzümini kesgitlemek mümkinçiliginiň bolmazlygynyň, işiň aýratyn çylşyrymlydygynyň, kazyýetiň mejlisine gatnaşmak islegini bildiren işe gatnaşyjylara degişli betbagtçylykly we başga garaşylmadyk wakalaryň bolmagynyň, şeýle-de kanunda görkezilen adamlaryň garamagy boýunça işe seretmekligiň möhletini uzaltmaga sebäp bolan beýleki ýagdaýlaryň hasap edilýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

22. Iş kesilen ýa-da kazyýet mejlisine beýleki gatnaşyjylar tarapyndan nägilelik şikaýat ýa-da teklipnama getirilenden soň, ýöne işe garalmazyndan öň, iş kesilen aradan çykan ýagdaýynda, diňe işiň barlanylmagy netijesinde aradan çykany aklamaklyga esasyň bardygy anyklanylsa, şol iş kesilen barada iş boýunça önümçilik dowam etdirilip bilner. Beýleki ýagdaýlarda şol adam barada iş boýunça önümçilik Türkmenistanyň JIÝK-nyň 31-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 8-nji bendi esasynda ýatyrylmalydyr.  

Şunuň ýaly ýagdaýlarda jenaýatçylykly ýol bilen edinilen emlägi döwletiň  haýryna almak baradaky meseläniň, Türkmenistanyň RIÝK-nyň 16-njy maddasynyň     1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, prokuroryň hak islegi boýunça raýat iş ýörediş önümçiliginde, aradan çykan tarapyndan ýetirilen zyýany öndürip almak baradaky meseläniň bolsa jebir çeken ýa-da prokuror tarapyndan onuň mirasdüşerlerine ýa-da emlägini dolandyrmaklygy kabul eden adamlara bildirilen hak islegi esasynda garalyp bilinýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Maddy subutnamalaryň ykbaly baradaky çözgüt ikinji basgançakly kazyýetiň iş boýunça önümçiligi ýatyrmak baradaky kesgitnamasynda (kararynda) görkezilmelidir, olaryň degişliligi barada jedel ýüze çykanynda bolsa raýat iş ýörediş tertibinde çözülmelidir.

23. Türkmenistanyň JIÝK-nyň 443-nji maddasyna laýyklykda, iş boýunça getirilen hususy şikaýatlar we hususy teklipnamalar barada hem işe gatnaşyjylara habar bermäge borçludyklaryny kazyýetlere düşündirmeli. Kazyýetler işe gatnaşyjylara şikaýat ýa-da teklipnama bilen tanyşmaga, olara özleriniň garşylygyny getirmäge, ikinji basgançakly kazyýete goşmaça maglumatlary bermäge hukuklarynyň bardygyny düşündirmelidir.

24. Bikanun we esassyz höküm sökülende, şeýle hem höküm üýtgedilende kazynyň, anyklaýyş işlerini ýa-da deslapky derňewi geçiren adamyň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetireninde, ünssüzlige we harsallyga ýol berendigi anyklanylsa, ikinji basgançakly kazyýet Türkmenistanyň JIÝK-nyň 470-nji maddasyna laýyklykda hususy kesgitnama çykarmak bilen olaryň ünsüni çekmäge borçludyr. Hökümiň sökülmegine ýa-da üýtgedilmegine getirmeýän kanun bozulmalar barada hem hususy kesgitnamanyň çykarylmagyna ýol berilýär. Ýöne şeýle ýagdaýlarda, höküm bilen ret edilen ýagdaýy anyklamaga ýa-da subut edilen hasaplamaga, ýa-da güýjünde galdyrylan hökümiň kanunylygyna we esaslydygyna şek ýetirýän görkezmeleri hususy kesgitnamalara girizmäge kazyýetiň hukugy ýokdur.

25. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidumy, jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleri işlere nägilelik tertibinde garanlarynda birinji basgançakly kazyýetler tarapyndan kanunyň ähli talaplarynyň berjaý edilişine ünsi güýçlendirmelidirler. Ýokarda durýan kazyýetler işlere nägilelik tertibinde garamak boýunça kazyýet iş ýörelgesini yzygiderli umumylaşdyrmalydyrlar, goýberilen ýalňyşlyklary öz wagtynda düzetmelidirler.

26. Şu Kararyň kabul edilmegi bilen “Kazyýetler tarapyndan jenaýat işlerine nägilelik tertipde garamaklygyň iş ýörelgeleri hakynda” Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1993-nji ýylyň 26-fewralyndaky 9 belgili kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 Türkmenistanyň Ýokary

     kazyýetiniň  başlygy                                                      Ý.Ýazmyradow

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                         

Türkmenistanyň Ýokary

kazyýetiniň kazysy                                                            M.Çaryýew

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

K A R A R Y  № 2

 

2011-nji ýylyň 30-njy noýabry                                                                   Aşgabat şäheri

 

Jenaýat işlerine kazyýetde garalanda jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň

berjaý edilişi hakynda

 

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşmegi we onuň halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilmegi netijesinde Türkmenistanyň täze Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň kabul edilmegi bilen baglylykda, şeýle hem jenaýat işine kazyýet seljerişinde garamakda ýüze çykýan soraglara düşündirişleri bermek maksadyna eýerip, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

k a r a r   e d ý ä r:

1. Jenaýat işlerine kazyýetde garalanda, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi netijesinde, işleri hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlap, jenaýatyň döremegine sebäp bolan şertleri ýüze çykaryp, kazyýet seljerişiniň terbiýeçilik täsirini artdyryp bolýandygyna kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

2. Her bir iş boýunça kazyýet mejlisi dynç alyş üçin bellenen wagtdan başga halatlarda üznüksiz geçirilmelidir we seredilip başlanan iş tamamlanmazdan, başga işe seredilmegine ýol berilmeli däldir.

Birinji basgançakly kazyýetlerde jenaýat işleriň seredilmegi uly bolmadyk agyr we ortaça agyr jenaýatlar boýunça (kämillik ýaşyna ýetmedik baradaky jenaýatlardan başgasy) kazynyň ýekeliginde, galanlary bolsa kazydan we kazyýetiň iki oturdaşyndan ybarat düzümde amala aşyrylmalydyr.

Aýyplanýanyň kazyýetde işine seredilýän wagtyna çenli kämillik ýaşyna ýetendigine we onuň eden jenaýatynyň derejesine garamazdan, işe kazyýet mejlisinde kazydan we kazyýetiň iki oturdaşyndan ybarat düzümde seredilmelidigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň kazyýet seljerişiniň üznüksizligi hakyndaky ýörelgesinden ugur alyp, kazyýet seljerişi gaýra goýlandan soň, işe kazyýetiň öňki düzüminde ýa-da başga düzüminde seredilýändigine garamazdan, kazyýet seljerişi taýýarlyk bölüminden täzeden başlanylmalydygyny kazyýetleriň göz öňünde tutmaklary zerurdyr. Şu talaplaryň berk berjaý edilmezligi hökümiň sökülmegine getirýän jenaýat iş ýörediş kanunyň düýpli bozulmasydyr.

3. Kazyýet seljerişinde başlyklyk ediji dogruçyllygy we tarapgöýsüzligi saklamak bilen, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde göz öňünde tutulan, taraplaryň deň hukuklylygyny üpjün edýän ähli çäreleri görmelidir, işiň ýagdaýlarynyň hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlanmagy üçin zerur şertleri döretmelidir, kazyýet mejlisiniň tertibiniň berjaý edilişini üpjün edip, onuň terbiýeçilik täsirini artdyrmalydyr, kazyýet seljerişine gatnaşyjylara hukuklaryny we borçlaryny hem-de olaryň amala aşyrylmagynyň tertibini düşündirmelidir.

4. Kazyýet seljerişiniň taýýarlyk böleginde çözülmeli meseleler aýdyňlaşdyrylmazdan, kazyýet derňewini Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 23-nji maddasynyň talaplaryna laýyk alyp barmak üçin şertleriň döredilip bilinmejekdigini kazyýetler bilmelidirler.

5. Kazyýet şeljerişine kazyýetde işi seredilýäniň, adwokatyň, döwlet aýyplaýyjysynyň, jebir çekeniň, raýat hak isleýjisiniň, raýat jogap berijisiniň, bilermeniň, hünärmeniň, terjimeçiniň gatnaşmagy baradaky meseleler çözülende Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 353, 355-359-njy maddalaryna gollanylmalydygyny kazyýetlere düşündirmeli.

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 82-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen halatlarda kazyýet mejlisine adwokatyň gatnaşmagynyň hökmanydygyny, ýöne şol maddanyň birinji böleginiň 6, 8, 9, 11-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýlar bolan halatynda, ýagny goralýan bähbitleri biri-birine çapraz gelýän adamlaryň işleri boýunça, eger olaryň haýsydyr biriniň adwokaty bar bolsa; aýratyn agyr jenaýatlary etmekde güman edilýän kazyýetde işi seredilýän adamlaryň işleri boýunça; aýyplanýan barada ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag etmek ulanylan mahalynda; işiň kazyýetde seljerilmegine döwlet aýyplaýjysy gatnaşanda kazyýetde işi serdilýäniň adwokatdan ýüz döndermesiniň kabul edilip bilinýändigine kazyýetler üns bermelidirler.

Adwokatdan ýüz dönderme meselesi çözülende kazy karar, kazyýet bolsa kesgitnama çykarmalydyr.

6. Kazyýet seljerişiniň taýýarlyk böleginde başlyklyk edijiniň Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 378-nji maddasynda görkezilen, kazyýetde işi seredilýäniň şahsyýetini anyklamak bilen baglanşykly ähli soraglary şol yzygiderlilikde doly anyklamagy zerurdyr. Beýan edilen maddada görkezilen, kazyýetde işi seredilýäniň şahsyýetine degişli başga maglumatlaryň hataryna iş kesilenlik aýbynyň aýrylandygy ýa-da aýrylmandygy, onuň ätiýaçsyzlandyryş çäresiniň görnüşi, harby ýa-da ýörite hormatly adynyň bardygy, saýlawly edaralara saýlanandygy ýa-da saýlanmandygy baradaky maglumatlary mysal edip bolar.

7. Başlyklyk ediji taraplara olaryň kazyýetiň düzümine, kaza ýa-da kazyýet oturdaşlarynyň haýsy-da bolsa birine, şeýle hem Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 379-njy maddasynda görkezilen adamlara şol Kodeksiň 103-105-nji maddalarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça ynanmazlyk bildirmäge bolan hukuga eýediklerini düşündirmelidir. Bildirilen ynanmazlyk Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 103-106-njy maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde çözülmelidir.

Bildirilen ynanmazlyk delillendirilmelidir we onuň dogry çözülmegini üpjün etmek maksady bilen kazynyň ýa-da kazyýetiň ynanmazlyk bildirilen adama kazyýet mejlisinde düşündirişini beýan etmäge mümkinçilik berip, şol mesele boýunça beýleki kazyýet seljerişine gatnaşyjylaryň pikirini diňläp netijä gelmegi hökmanydyr. Ynanmazlyk bildirmek boýunça kabul edilen karar (kesgitnama) şikaýat edilmäge ýa-da teklipnama getirilmäge degişli däldir. Karar (kesgitnama) baradaky närazylygyň delilleri nägilelik tertibindäki şikaýatnama (teklipnama) ýa-da gözegçilik tertibindäki şikaýatnama (teklipnama) goşulyp bilner.

8. Kazy ýa-da kazyýet, kazyýet mejlisinde kazyýetde işi seredilýäne, jebir çekene, raýat hak isleýjisine, raýat jogap berijisine hukuklaryny, hünärmene we bilermene hukuklaryny hem-de borçlaryny Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 381-384-nji maddalarynda görkezilen tertipde düşündirmelidir.

9. Kazy ýa-da kazyýet taraplaryň täze şaýatlary, bilermenleri, hünärmenleri çagyrmak, maddy subutnamalary we resminamalary talap edip almak we ş.m. baradaky haýyşlary boýunça, haýyş bildiren talap edilýän goşmaça subutnamalaryň haýsy ýagdaýyň anyklanmagy üçin zerurdygyny beýan edeninden soňra, iş ýöredişe beýleki gatnaşyjylaryň pikirini diňläp, haýal etmän, bildirilen haýyşy kanagatlandyrmak ýa-da kanagatlandyrman galdyrmak hakynda delillendirilen karar ýa-da kesgitnama çykarmalydyr.

Kazyýet seljerişiniň taýýarlyk bölüminde iş ýöredişe gatnaşyjylaryň işiň gidişi bilen baglanyşyklykda jebir çeken, raýat hak isleýjisi, raýat jogap berijisi diýip bilmek, işi ýöretmegi togtatmak ýa-da oňa garamaklygy gaýra goýmak, işi ýatyrmak we ş.m. barada bildiren haýyşlaryny, şeýle hem kazyýet derňewiniň dowamynda bildirilen beýleki haýyşlary kazyýetler ýokarda beýan edilen tertipde çözmelidirler.

Haýyşy kazyýet tarapyndan kanagatlandyrylman galdyrylan adam soňra şol haýyşy ýene-de bildirmäge hukugy bardyr. Haýyşyň bildirilendigine ýa-da bildirilmändigine garamazdan, kazy ýa-da kazyýet öz başlangyjy boýunça täze şaýatlary çagyrmak, bilermenler seljermesini bellemek, resminamalary we başga subutnamalary talap edip almak hakynda karar ýa-da kesgitnama çykarmaga haklydyr.

Seljerilmegi gaýra goýulmagy zerur bolan iş boýunça kazyýet mejlisi ýapylmanka kazyýet iş ýöredişe gatnaşyjylaryň haýyşlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamalydyr. Şeýle haýyşlar bildirilse, kazyýet olary çözmelidir.

Iş kazyýet seljerişine bellenenden soň, ýöne kazyýet seljerişi başlamanka gelip gowşan haýyşlar kazyýet mejlisiniň taýýarlyk bölüminde çözülmäge degişlidir. Bildirilen haýyşlaryň çalt çözülmegini üpjün etmek maksady bilen iş boýunça başlyklyk ediji kazyýet mejlisinden öň hem belli bir taýýarlyk işlerini (kepilnama, häsiýetnama we başga resminamalary degişli edaralardan talap etmek we ş.m.) geçirip biler.

10. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 368-nji maddasynyň 2-nji böleginde sanalyp geçilen meseleler boýunça kararlar ýa-da kesgitnamalar, şeýle-de hususy kararlar ýa-da kesgitnamalar maslahat otagynda aýratyn resminama görnüşinde çykarylyp, kazyýet mejlisinde yglan edilmäge degişlidigine kazyýetler üns bermelidirler.

Beýleki kararlar ýa-da kesgitnamalar kazynyň ýa-da kazyýetiň garaýşyna görä, ýokarda görkezilen tertipde ýa-da kazyýet mejlishanasynda-oturan ýerinde çykarylmalydyr, şunda çykarylan karar ýa-da kesgitnama kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda ýazylmalydyr.

11. Kazy ýa-da kazyýet iş boýunça subutnamalary gönüden-göni barlamaga, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda, kazyýetde işi seredilýäniň, jebir çekeniň, şaýatlaryň görkezmelerini diňlemäge, bilermenleriň netijenamalaryny yglan etmäge we barlamaga, maddy subutnamalary gözden geçirmäge, teswirnamalary we beýleki resminamalary yglan etmäge, subutnamalary barlamak boýunça başga kazyýet hereketlerini geçirmäge borçludyr.

12. Kazyýet derňewi ilki aýyplaw tarapyndan döwlet aýyplaýjysynyň, jebir çekeniň we onuň wekiliniň, raýat hak isleýjisiniň we onuň wekiliniň getirýän subutnamalaryny, soňra aklaw tarapyndan kazyýetde işi seredilýän, onuň adwokatynyň, kazyýetde işi seredilýäniň kanuny wekiliniň, raýat jogap berijisiniň we onuň wekiliniň getirýän subutnamalaryny barlamak tertibinde alnyp barylmalydyr. Soňundan kazyýetiň başlangyjy boýunça talap edilip alnan subutnamalar barlanylmalydyr.

13. Eger-de kazyýet seljerişi birnäçe kazyýetde işi seredilýänler barasynda alnyp barylýan bolsa, taraplaryň haýyşy ýa-da kazynyň ýa-da kazyýetiň başlangyjy boýunça olaryň biriniň ýoklugynda beýlekiniň sorag edilmegine Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 390-njy maddasyna laýyklykda, diňe kazynyň karary ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy boýunça ýol berilýär.

Kazyýetde işine seredilýäniň görkezmesi, diňe Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 391-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykan halatynda yglan edilip bilner.

Kämillik ýaşyna ýetmedik kazyýetde işi seredilýän barada işe garalanda, kazyýetleriň Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 49-njy babynda görkezilen talaplary berjaý etmekleri zerurdyr.

14. Başlyklyk ediji şaýada, onuň özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň garşysyna görkezme bermekden ýüz döndermäge hukugynyň bardygyny we eger-de görkezme bermäge isleg bildirende, görnetin ýalan görkezme berse, jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi barada düşündirmelidir. “Ýakyn garyndaşlar” diýen düşünje babatda Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 6-njy maddasynyň 58-nji bendinde görkezilenlerden ugyr alynmalydyr.

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 395-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, kazyýet seljerişinde jebir çekeniň we şaýadyň anyklaýşyň we deslapky derňewiň dowamynda ýa-da öňki kazyýet seljerişinde beren görkezmeleriniň yglan edilmegine, şeýle hem ses, wideoýazgylarynyň gaýtalanyp diňlenmegine, olaryň şol görkezmeleri bilen kazyýet mejlisinde beren görkezmeleriniň arasynda düýpli gapma-garşylyk bolan ýagdaýynda, şeýle hem olaryň kazyýet seljerişine gatnaşmadyk we görkezme bermekden ýüz dönderen mahalynda ýol berilip bilner.

Kazyýetde işi seredilýäniň (şaýadyň, jebir çekeniň) yglan edilen görkezmeleri kazyýet derňewiniň dowamynda kazy ýa-da kazyýet tarapyndan barlanylmaga degişlidir.

Kämillik ýaşyna ýetmedik jebir çekeni, şaýady kazyýet mejlisinde sorag etmekligiň öz aýratynlyklarynyň bardygy, şonda Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 394-nji maddasynda görkezilen talaplaryň berjaý edilmelidigi barada kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

15. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 386-njy maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, kazyýet seljerişi gaýra goýlan iş boýunça kazyýet mejlisine gelen şaýatlar, bilermen ýa-da hünärmen, jebir çeken, raýat hak isleýjisi, raýat jogap berijisi ýa-da olaryň wekilleri sorag edilen bolsa, soňra hem işe garamaklyk kazyýetiň öňki düzüminde, ýa-da şol bir kazy we kazyýet oturdaşlary tarapyndan seredilýän bolsa, görkezilen adamlary kazyýet mejlisine diňe zerur halatlarda ikinji gezek çagyrmaga ýol berilýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

Kazyýetler kanunyň şu düzgünini ulananlarynda jebir çekeniň, raýat hak isleýjisiniň, raýat jogap berijisiniň we olaryň wekilleriniň Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 86-88-nji maddalaryna laýyklykda, öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin iş boýunça ähli kazyýet seljerişlerine gatnaşmaga haklydyklaryny göz öňünde tutmalydyrlar. Şonuň üçin şu adamlaryň kazyýet seljerişi gaýra goýlandan soňky kazyýet mejlislerine gatnaşmazlyklary meýletin häsiýete eýe bolmalydyr. Şeýle şertleri üpjün etmek maksady bilen gaýra goýlan kazyýet seljerişiniň soňky geçiriljek ýeri we wagty barada olara habar berilmelidir.

16. Kazyýetler bilermeniň we hünärmeniň iş ýöredişe gatnaşmak tertibini we ygtyýarlylygyny kesgitleýän kanunyň kadalaryny takyk ýerine ýetirmelidirler.

Bilermeniň iş ýöredişe gatnaşmak tertibi Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 96-njy we 396 -397-nji maddalary bilen kesgitlenýär.

Hünärmeniň iş ýöredişe gatnaşmak tertibi Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 97-98-nji maddalarynda göz öňünde tutulandyr.

17. Işiň belli bir ýagdaýyny anyklamak üçin ylym, tehnika, sungat, senet ýa-da hünär ugrundan ýörite bilimiň zerur bolan her bir gezeginde bilermenler seljermesini geçirmegiň gerekdigi ýa-da degişli hünärmeni kazyýet seljerişine gatnaşmaga çekmek ýoly bilen şeýle ýagdaýlary aýdyňlaşdyryp boljakdygy baradaky mesele çözülmelidir.

Haçanda, subutnamalar barlananda, kazyýete ýa-da kazyýet seljerişine gatnaşyjylara ýörite bilim we tejribe gerek bolanda (mysal üçin, tehnologik ýa-da önümçilik işiniň manysyna, ol ýa-da başga bir hünäriň özüne mahsus aýratynlyklaryna we ş.m. düşünmek üçin) kazyýet mejlisine gatnaşmak üçin hünärmen çagyrylýar. Hünärmeniň pikiri hökmany suratda kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda görkezilmelidir.

Bilermeniň netijenamasy kanuna laýyklykda subutnamalaryň bir görnüşi bolup durýar we ol geçirilen barlaglaryň esasynda berilýär. Bilermene hünärmeniň ygtyýarlylygyna girýän soraglar berlip bilner, hünärmeniň öňünde bolsa bilermeniň ygtyýarlylygyna girýän meseläniň goýulmagyna ýol berilmeýär, onuň pikiri bilermeniň netijenamasy bilen deň hasap edilip bilinmez.

Kazyýetler bilermenler seljermesini geçirmekligi bilermeni sorag etmek bilen çalşyrmaklyga ýol bermeli däldirler, sebäbi Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 397-nji maddasyna laýyklykda bilermen diňe netijenama yglan edilenden soň, ony düşündirmek, takyklaşdyrmak we üstüni ýetirmek üçin sorag edilip bilner.

Bilermeniň netijenamasy ýeterlik aýdyň däl, doly däl diýlip hasap edilende ýa-da kazyýet şol netijenama bilen razylaşmadyk halatynda, şeýle hem bilermenleriň arasynda ylalaşmazlyklar bolan ýagdaýynda, kazyýet öz başlangyjy boýunça, ýa-da iş ýöredişe gatnaşyjylaryň haýsydyr biriniň haýyşy boýunça goşmaça, ýa-da gaýtadan bilermenler seljermesini belläp biler.

18. Jenaýat işiň ýanyna goşulan we täze getirilen maddy subutnamalar taraplaryň haýyşy boýunça, şeýle-de kazyýetiň öz başlangyjy boýunça kazyýet derňewiniň islendik pursadynda gözden geçirilip we taraplara görkezilip bilner. Maddy subutnamalary gören adamlar, olary gözden geçirenlerinde ýüze çykarylan, iş üçin ähmiýetli ýagdaýlara kazyýetiň ünsüni çekmäge haklydyrlar. Taraplaryň, zerur halatynda bolsa şaýatlaryň, bilermeniň, hünärmeniň hem gatnaşmagynda ýeri we jaýy gözden geçirmekligiň hakykaty anyklamak üçin ähmiýetniň bardygyna kazyýetler üns bermelidirler. Kazyýetiň maddy subutnamalary gözden geçirmek boýunça ähli hereketleri kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda görkezilmelidir.

19. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 407-nji maddasyna laýyklykda, kazyýetde çykyp geplemeler döwlet aýyplaýjysynyň, jebir çekeniň ýa-da onuň wekiliniň, raýat hak isleýjisiniň we raýat jogap berijisiniň ýa-da olaryň wekilleriniň, işe döwlet aýyplaýjysy gatnaşan halatynda, adwokatyň, adwokatyň ýoklugynda kazyýetde işi seredilýäniň sözlän sözlerinden ybaratdyr. Şeýlelikde, adwokatyň gatnaşmazlygynda garalýan işler boýunça goranmaklyk üçin kazyýetde işi seredilýäne söz bermäge kazyýetler borçludyrlar. Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň şu talabynyň berjaý edilmezligi hem kazyýetiň höküminiň sökülmegine getirýän kanunyň düýpli bozulmasydyr.

Kazyýetde çykyp geplemelere gatnaşyjylaryň hemmesi sözläp gutarandan soň, olaryň hersi ýene bir gezek replika bilen çykyş edip bilerler. Ähli halatlarda ahyrky replika bilen çykyş etmek hukugy adwokata, eger-de ol gatnaşmadyk ýagdaýynda kazyýetde işi seredilýäne degişlidigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

20. Kazyýetde çykyp geplemelere gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýa-da kazyýetde işi seredilýän ahyrky sözünde iş üçin ähmiýeti bolan täze ýagdaýlar hakynda habar berseler, kazyýet taraplaryň haýyşy, ýa-da öz başlangyjy boýunça kazyýet derňewini täzeden başlamalydyr. Bu meseläni kazy ýa-da kazyýet kazyýet mejlishanasynda oturan ýerinde çözüp biler. Täzeden başlanan kazyýet derňewi tamamlanandan soň, kazyýet täzeden çykyp geplemeleri açmalydyr we kazyýetde işi seredilýäne ahyrky sözüni bermelidir.

21. Kazy ýa-da kazyýet uly bolmadyk agyr jenaýatlar hakyndaky işler boýunça iş ýöredişe gatnaşyjylaryň pikirlerini diňläp, aşakdaky halatlarda işlere gysgaldylan tertipde seredip biler:

1) eger kazyýetde işi seredilýän günäsini, şol sanda özüne bildirilen hak islegleri doly boýun alsa;

2) iş ýöredişe gatnaşyjylar iş boýunça toplanan subutnamalaryň degişliligine we ýolbererliklidigine garşy çykmasalar we olaryň kazyýet mejlisinde barlanmagyny talap etmeýän bolsalar;

3) iş ýöredişe gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde göz öňünde tutulan hukuklaryny goraýan düzgünleriň bozulmagyna ýol berilmedik bolsa.

Iş boýunça kazyýet derňewiniň gysgaldylan tertibi kazyýetde işi seredilýäni we jebir çekeni sorag etmekden ybarat bolup, çykyp geplemeler we işe seretmegiň tamamlanmagy Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 42-nji babynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça amala aşyrylmalydyr. Eger kazyýetde işi seredilýäni ýa-da jebir çekeni sorag etmegiň dowamynda kazyýet mejlisinde barlanmagyny talap edýän ýagdaýlar ýüze çykarylsa, kazy karar, kazyýet bolsa kesgitnama çykaryp, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde göz öňünde tutulan düzgünler boýunça kazyýet derňewiniň doly möçberde alnyp barylmalydygyny kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

22. Kazyýet seljerişi diňe kazyýetde işi seredilýän barada we oňa bildirilen aýyplawyň çäklerinde geçirilmelidir. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 360-njy maddasynyň manysyna görä, aýyplaw netijenamasynda görkezilen aýyby has agyr ýa-da öň bildirilen aýypdan düýpli tapawutlanýan aýyp tarapyna üýtgedilmegine ýol berilmeýär.

Aýyp has agyr tarapyna üýtgedilen diýip aşakdaky ýagdaýlar hasap edilýär:

a) haçanda jenaýat kanunynyň has berk jeza çäresini göz öňünde tutýan sanksiýaly başga kadasy (jezanyň ýokarky we aşaky çägi has ýokary bolan ýa-da goşmaça jesazy göz öňünde tutulan maddasy, maddanyň bölegi, ýa-da bendi) ulanylýan bolsa;

b) aýyplanýana günä bildirilmedik, jenaýatyň maddalaşdyrylyşynyň has berk jeza çäresini göz öňünde tutýan kanun bilen çalşyrylmagyna getirýän ýa-da etmişiň hukuk taýdan bahasyny üýtgetmeýän hem bolsa, oňa bildirilýän aýbyň hakyky möçberini köpeldýän goşmaça halatlaryň aýyplanýanyň günäsine goşulmagy.

Bildirilen aýyby üýtgetmek ýa-da onuň üstüni ýetirmek ýa täze aýyplaw boýunça, ýa-da täze adamlar barada jenaýat işini gozgamak zerurlygy ýüze çykan halatynda, kazy ýa-da kazyýet Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 361-363-nji maddalarynda bellenilen düzgünlere goldanmalydyrlar.

23. Kazyýet seljerişiniň dowamynda Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-10-njy bentlerinde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykan bolsa, şeýle hem uly bolmadyk agyr we ortaça agyr jenaýatlar boýunça kazyýetde işi seredilýän barada döwlet aýyplaýjysy Kodeksiň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça, şonuň ýaly hem ýöňkelýän jenaýatly etmişi etmäge dahylsyzlygy sebäpli aýyplawdan ýüz dönderen halatynda, eger jebir çeken hem aýyplawdan ýüz dönderende, şeýle-de Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendinde görkezilen ýagdaýda jebir çeken bilen aýyplanýan ýaraşsa iş kazyýet seljerişinde ýatyrylmaga degişlidir.

24. Akyly ýerinde däl we jenaýat edeninden soň akyldan azaşma keseli bilen kesellän adamlar hakynda gowşan iş boýunça kazyýet seljerişi döwlet aýyplaýjysynyň we adwokatyň hökmany gatnaşmagy bilen, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 39-njy we 42-nji baplarynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilmelidigini, şol adamyň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan we jemgyýet üçin howply etmişi edendigini takyklaýan ýa-da ýalana çykarýan subutnamalaryň barlanmalydygyny, aýyplanýanyň akylynyň ýagdaýy hakynda bilermenleriň netijenamasynyň diňlenmelidigini we lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak hakyndaky meseläni çözmek üçin düýpli ähmiýeti bar bolan başga ýagdaýlaryň hem anyklanmalydygyny kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

25. Kazyýet mejlisiniň teswirnamasynyň iş boýunça iň wajyp iş ýörediş resminamalaryň biridigini nazara alyp, kazyýetler onuň düzülişiniň hilini ýokarlandyrmak üçin çäreler görmelidirler. Kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 121-nji maddasynda göz öňünde tutulan maglumatlar görkezilmelidir we şol Kodeksiň 371-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda düzülmelidir.

Kazyýet mejlisiniň teswirnamasy kazyýet mejlisi tamamlanandan soň bäş gije-gündizden, has çylşyrymly işler boýunça on gije-gündizden gijä goýulman taýýarlanylyp, başlyklyk edijiniň we kätibiň gollary bilen tassyklanmalydyr. Kazyýet mejlisiniň dowamynda kazyýet mejlisiniň teswirnamasy bölekme-bölek taýýarlanyp bilner we bölekleriň her biri bitewi mejlis teswirnamasy ýaly başlyklyk edijiniň we kazyýet mejlisiniň kätibiniň gollary bilen tassyklanmalydyr.

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 457-nji maddasynyň 3-nji böleginiň 10-njy bendine laýyklykda, işde kazyýet mejlisiniň teswirnamasy bolmadyk halatynda ýa-da kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda başlyklyk edijiniň ýa-da kazyýet mejlisiniň kätibiniň goly ýok halatynda jenaýat iş ýörediş kanunynyň düýpli bozulmasy hasaplanylýandygyna we hökümiň sökülmegine getirýändigine kazyýetler üns bermelidirler.

Kazyýet seljerişiniň dowamynda wideo we ses ýazgylary ulanylyp bilner, olar baradaky maglumatlar kazyýet mejlisiniň teswirnamasynyň ýanyna goşulyp, möhürlenip, onuň bilen bile saklanylmalydyr. Görkezilen tehniki serişdeleriň ulanylandygy barada kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda bellik edilmelidir.

Başlyklyk edijiniň kazyýet mejlisiniň dowamynda teswirnamanyň alnyp barlyşyna zerur bolan ünsi bermegi we kazyýet seljerşiniň gidiş mazmunynyň teswirnamada doly we dogry beýan edilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi gerekdir. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň bildiren haýyşlarynyň we olary ara alyp maslahatlaşmagyň tertibiniň, maslahat jaýyna gitmezden, kazyýet mejlisinde çykarylýan kazyýet kesgitnamalarynyň (kararlarynyň), özlerine bildirilen aýba bolan garaýşy barada kazyýetde işi seredilýäniň, işiň ýagdaýlary barada şaýatlaryň, jebir çekenleriň beren görkezmeleriniň, subutnamalary barlamak tertibiniň dogry beýan edilişine aýratyn üns berilmelidir. Kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna girizilýän her bir düzediş başlyklyk ediji we kätip tarapyndan tassyklanmalydyr.

Döwlet aýyplaýjysy, adwokat, iş kesilen hem-de jebir çeken, raýat hak isleýjisi, raýat jogap berijisi ýa-da olaryň wekilleri teswirnama gol çekilenden soň bäş gije-gündiziň dowamynda teswirnama bilen tanyşmaga we onuň nädogrudygyny ýa-da doly däldigini görkezip, teswirnama barada özleriniň belliklerini bermäge haklydyrlar. Iş boýunça başlyklyk ediji şol maddada agzalan möhleti taraplaryň haýyşy boýunça on gije-gündize çenli uzaldyp biler.

26. Kazyýet mejlisinde barlanylmadyk, teswirnamada bellik edilmedik ýa-da käbir ýagdaýlaryň (mysal üçin, kazyýetde işi seredilýäniň, şaýadyň görkezmeleriniň) teswirnamada beýan edilişine gabat gelmeýän, ýa-da derňelip degişli baha berilmedik, biri-birine gapma-garşy gelýän subutnamalara hökümde esaslanylmagyna ýol berilmeli däldigine kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

27. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy, jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleri işlere nägilelik we gözegçilik tertibinde garanlarynda birinji basgançakly kazyýetler tarapyndan kanunyň ähli talaplarynyň berjaý edilişine ünsi güýçlendirmelidirler. Ýokarda durýan kazyýetler işlere garamak boýunça kazyýet iş ýörelgesini yzygiderli umumylaşdyrmalydyrlar, goýberilen ýalňyşlyklary öz wagtynda düzetmelidirler.

28. Şu Kararyň kabul edilmegi bilen “Jenaýat işlerine kazyýetde garalanda kazyýetler tarapyndan iş ýörediş kanunçylygyň berjaý edilişi hakynda” Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1997-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky 9 belgili kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

Türkmenistanyň Ýokary

    kazyýetiniň  başlygy                                                        A.Hallyýew

 

Giňişleýin mejlisiň kätibi,                                        

Türkmenistanyň Ýokary

     kazyýetiniň kazysy                                                          M.Çaryýew

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETINIŇ

GIŇIŞLEÝIN MEJLISINIŇ

 

K A R A R Y  № 3

2011-nji ýylyň 30-njy noýabry                                                                     Aşgabat şäheri

 

Işgäriň iş berijiniň öňündäki maddy jogapkärçiligini düzgünleşdirýän kanunçylygyň kazyýetler tarapyndan ulanylyşy hakynda

 

          (Giňişleýin mejlisi 25.07.2015ý. №2, 16.07.2016ý. №4 kararlary bilen  üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen)

 

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň kämilleşmegi netijesinde Türkmenistanyň täze Zähmet kodeksiniň kabul edilmegi bilen baglylykda, şeýle hem işgärleriň maddy jogapkärçiligini düzgünleşdirýän zähmet kanunçylygynyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi

 

k a r a r    e d ý ä r:

 

1. Zähmet gatnaşyklarynda durýan işgär tarapyndan iş berijä zyýan ýetirilen mahalynda, zähmet kanunçylygynyň işgäriň maddy jogapkärçiligi baradaky kadalarynyň ulanylmaga degişlidigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Işgäriň maddy jogapkärçiligi diýlip, zähmet borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda kanuna ters gelýän hereketiniň (hereketsizliginiň) netijesinde işgäriň günäsi bilen iş berijä maddy zyýanyň ýetirilmegine we şol zyýany Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we möçberde töletmek borjuna düşünilmelidir.

Kanuna ters gelýän diýlip, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, zähmet we köpçülikleýin şertnamasy (ylalaşygy) bilen üstüne ýüklenen zähmet borçlaryny ýerine ýetirmeýän (ýa-da göwnejaý ýagdaýda ýerine ýetirmeýän) işgäriň özüni alyp barşyna (hereketine ýa-da hereketsizligine) düşünilmelidigi barada kazyýetleriň ünsüni çekmeli.

Eger-de işgär zähmet gatnaşyklaryndan gelip çykýan borjuny ýerine ýetirýän wagty, zähmet gatnaşygynda durmaýan başga bir adama maddy zyýan ýetiren ýagdaýynda, şol zyýany ýetiren işgär bilen zähmet gatnaşygynda durýan iş beriji raýat hukuk kadalary boýunça jogapkärçilige çekilmelidir. Ýetirilen zyýanyň öwezini dolan iş beriji soňra öz işgärini Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda maddy jogapkärçilige çekip biler.

Işgär iş berijä ýetirilen göni hakyky zyýanyň öwezini dolmaga borçludyr. Alynmadyk girdejiler işgärden alynmaga degişli däldir.

Göni hakyky zyýan diýlip iş berijiniň nagt emläginiň (şol sanda eger iş beriji bu emlägiň abatlygy üçin jogapkärçilik çekýän bolsa iş berijide durýan üçünji taraplaryň emläginiň) hakyky azalmagyna ýa-da görkezilen emlägiň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna, şeýle hem iş beriji üçin harajatlary geçirmegiň zerurlygyna ýa-da emlägiň alynmagy ýa-da dikeldilmegi üçin artykmaç töleglere düşünilmelidigine kazyýetler üns bermelidirler.

2. Zyýany anyk işgäriň tölemegi hakyndaky çözgüdi kabul etmezden ozal iş beriji ýetirilen zyýanyň möçberini kesgitlemek we onuň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklamak üçin barlag geçirmelidir. Şeýle barlag geçirmek üçin iş berijiniň iş toparyny döretmeklige, oňa kärdeşler arkalaşygy guramasynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň wekillerini hem-de degişli hünärmenleri gatnaşdyrmaklyga hukugy bardyr.

Zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklamak maksady bilen işgärden ýazmaça görnüşinde düşündirişiň talap edilmegi hökmanydyr. Işgäriň düşündiriş bermekden boýun gaçyrmagy, iş berijä ýetirilen zyýany üçin ony maddy jogapkärçilige çekmeklige päsgel berip bilmez. Işgär ýa-da onuň wekili barlagyň ähli materiallary bilen tanyşmak hukugyna eýedir.

3. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 236-njy maddasyna laýyklykda ortaça aýlyk zähmet hakyndan geçmeýän möçberde zyýany töletmek iş berijiniň buýrugy boýunça, kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary tarapyndan bolsa tabynlyk tertibinde ýokarda durýan edaranyň buýrugy esasynda zyýan ýetiren işgäriň zähmet hakyndan tutup almak arkaly geçirilmelidir.

Şunda işgär tarapyndan ýetirilen zyýanyň ýüze çykarylan gününden başlap iki hepdeden gijä galman iş berijiniň ýa-da tabynlyk tertibinde ýokarda durýan edaranyň buýrugynyň çykarylmalydygyna we şol buýruk bilen işgär habarly edilenden ýedi gün geçenden soň ony ýerine ýetirip bolýandygyna kazyýetler üns bermelidirler. Eger-de işgär iş berijiniň emlägine ýetirilen zyýany töletmek hakyndaky buýruk bilen razylaşmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 239-njy maddasyna laýyklykda ol barada kazyýete şikaýat edip biler.

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 80-nji maddasynyň birinji bendine laýyklykda, zähmet hakynyň tölenmegi we zähmet hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan beýleki talaplar boýunça diňe hak isleýjileriň-işçileriň we gullukçylaryň kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylýandyklary sebäpli, işgärden ýetirilen zyýany töledip almak baradaky hak islegi boýunça iş berijiniň kazyýet çykdajysyny tölemäge borçludygyna kazyýetler üns bermelidirler. Iş berijiniň maddy zyýany işgärden töledip almak hakyndaky hak isleýiş arzasy Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 381-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendi esasynda kazyýetlerde gös-göni garalmaga degişlidir.

4. Işgäriň ýetiren maddy zyýanynyň öwezini tölemegi hakyndaky jedeller boýunça iş beriji zyýanyň ýetirilendigini anyklan gününden başlap bir ýyl dowamynda hak isleýiş arzasy bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 382-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendi).

Eger-de bellenilen möhlet esasly sebäplere görä berjaý edilmedik halatynda, iş berijiniň ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekiliniň arzasy esasynda kazyýet tarapyndan şol möhlet dikeldilip bilner. Esasly sebäpler diýlip iş berijiniň öz erkine bagly bolmadyk, hak isleýiş arzasyny tabşyrmaklyga päsgelçilik döreden aýratyn ýagdaýlara düşünilmelidir.

5. Işgäriň maddy jogapkärçiligi baradaky işler kazyýet mejlisinde seretmeklige taýýarlanan döwründe, hak isleýjiden we işe gatnaşýan beýleki adamlardan zyýanyň ýetirilmeginde işgäriň günäsiniň bardygyny, onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda iş berijä hakykatdan hem zyýan ýetirendigini, işgäriň özüni alyp barşynyň (hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň) kanuna ters gelýändigini; işgäriň kanuna ters gelýän özüni alyp barşy bilen iş berijide dörän zyýanyň arasynda gönüden-göni baglanyşygyň bardygyny tassyklaýan, şeýle hem şol jedeli düýp manysy boýunça dogry çözmek üçin gerek bolan başga subutnamalar talap edilip alynmalydyr.

6. Kazyýetler Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 157-nji maddasynda görkezilen hukuklaryndan giňden peýdalanyp, işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça hak islegi üpjün etmek üçin çäreleri görmelidirler, çünki şeýle çäreleriň görülmezligi çözgüdiň ýerine ýetirilmezligine ýa-da onuň kynçylyk bilen ýerine ýetirilmegine getirip biler.

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 428-nji maddasy esasynda ýetirilen zyýany töletmek baradaky meseläniň raýat kazyýet önümçiligi tertibinde seretmeklige berlen ýagdaýynda hem (eger-de jenaýat işi boýunça hak islegi üpjün etmek baradaky çäreler ýatyrlan ýa-da görülmedik bolsa) şeýle çäreleri görmek zerurdyr.

7. Ýeňip geçip bolmajak güýjüň, kadaly hojalyk töwekgelçiliginiň, goranyşyň örän zerurlygynyň ýa-da işgäre ynanylan emlägi saklamak üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça iş berijiniň borçlarynyň ýerine ýetirilmezligi netijesinde zyýan ýüze çykan halatlarynda işgär maddy jogapkärçilige çekilip bilinmez.

Iş beriji işgärlere kadaly işlemek we özüne ynanylan emlägiň (gymmatlyklaryň) doly abat saklanylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan şertleri döretmäge borçludyr. Iş berijiniň işgäre ynanylan emlägi saklamak üçin degişli şertleri üpjün etmek borçlaryny ýerine ýetirmezligi netijesinde zyýan ýetirilmegi, onuň hak isleginiň kanagatlandyrylman galdyrylmagyna esas bolup biler.

8. Iş berijiniň anyk ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen günäkär işgäre ýetirilen zyýany töletdirmekden doly ýa-da kem-käsleýin boýun gaçyrmaga hukugynyň bardygy Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 229-njy maddasynda görkezilendir.

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 121-nji maddasyna laýyklykda, iş berijiniň hak isleginden ýüz döndermesini kabul etmeklige şol ýüz döndermäniň kanuna ters gelmeýän we taraplaryň kanun tarapyndan goralýan bähbitleriniň bozulmagyna getirmeýän halatynda ýol berilýändigine kazyýetleriň ünsini çekmeli.

  9. Eger-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 238-nji maddasynda görkezilen (işgäriň çäklendirilen maddy jogapkärçiligi) esaslar boýunça bildirilen hak isleglere garalanda, işgäriň doly maddy jogapkärçilik çekmekligine getirýän ýagdaýlar anyklansa, hak isleýjiniň razylygy bilen kazyýet, eger onuň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanun tarapyndan goralýan bähbitleriniň goralmagy üçin, şeýli hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz göz öňünde tutulan beýleki halatlarda jogap berijini ýetirilen zyýany doly töletmäge borçly edip biler, çünki Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň   234-nji maddasynda kazyýetlere hak islegiň çäginden çykmaklyga hukuk berilýär.

10. Ýetirilen zyýany doly töletmek baradaky işlere seredilende, iş beriji Türkmenistanyň Zähmet kodeksine we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýetirilen zyýany doly möçberde töletmeklige işgäri çekip bolýandygyny we onuň zyýany ýetiren wagtynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-2-nji we 6-7-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda on sekiz ýaşyna ýetendigini tassyklaýan subutnamalary bermeklige borçludyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, iş berijä ýetirilen zyýanyň doly möçberdäki maddy jogapkärçiligi kärhananyň ýolbaşçysy, ýolbaşçynyň orunbasarlary, baş (uly) hasapçy bilen baglaşylýan zähmet şertnamasy bilen bellenilip bilinýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Eger-de ýokarda sanalyp geçilen işgärleri zyýan ýetiren ýagdaýynda doly möçberde maddy jogapkärçilige çekip bolýandygy zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulmadyk bolsa we doly maddy jogapkärçilige çekmeklige başga esaslar ýok bolsa, onda olar Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 238-nji maddasynyň 2-nji bendi bilen jogapkärçilige çekilip bilner.

11. Iş beriji bilen işgäriň arasynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 232-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýörite ýazmaça şertnama baglaşylan halatynda işgär özüne ynanylan emlägiň ýetmezçiligi üçin Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendi esasynda doly maddy jogapkärçilige çekilip bilner.

Eger-de iş beriji işgär bilen baglaşan doly maddy jogapkärçiligi hakyndaky şertnamanyň kanunylygyny hem-de zyýanyň ýetirilendigini subut etse, işgär zyýanyň ýetirilmeginde öz günäsiniň ýokdugyny subut etmäge borçludyr.

Işgär harsallyk netijesinde emläkleriň zaýalanandygyny ýa-da ýok edilendigini subut etse, onda ol Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 238-nji maddasynyň 1-nji bendi boýunça jogapkärçilige çekilmelidir.

Şonuň ýaly-da bir gezeklikçe resminama boýunça gymmatlyklary alan işgär diňe şol emlägiň ýetmezçiligi üçin Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendi esasynda doly maddy jogapkärçilige çekilip bilner. Harsallyk netijesinde gymmatlyklaryň zaýalanandygy ýa-da ýok edilendigi üçin işgär ýetirilen zyýanyň möçberinde, ýöne ortaça aýlyk zähmet hakynyň çäginde jogapkärçilige çekilmelidir.

12. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 3-nji bendi esasynda doly maddy jogapkärçilige çekmek üçin işgäriň niýetiniň görnüşi boýunça günäsini anyklamaklygyň zerurdygyny we bu meselede subutnamalaryň uly ähmiýetiniň bardygyny kazyýetlere düşündirmeli.

Eger bilkastlaýyn däl-de, harsallyk netijesinde zyýan ýetirilendigi anyklansa we işgäri doly maddy jogapkärçilige çekmeklige başga esaslar tapylmasa, onda ol Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 238-nji maddasynyň 1-nji bendi boýunça jogapkärçilige çekilmelidir.

13. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda, kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanan, jenaýatçylykly hereketler netijesinde ýetirilen zyýan boýunça işgäri doly maddy jogapkärçilige çekip bolýandygyna kazyýetler üns bermelidirler.

Eger-de işgär barada aýyplaw hökümi çykarylyp, soňra ol günä geçme namasy esasynda dolulygyna ýa-da bölekleýin jezasyny çekmekden boşadylan hem bolsa, kazyýetiň kanuny güýje giren höküminiň bardygy sebäpli, onuň Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda ýetirilen zyýan boýunça doly maddy jogapkärçilige çekilip bilinýändigini kazyýetlere düşündirmeli.

Beýan edilen esas boýunça işgäri doly maddy jogapkärçilige çekmek üçin aýyplaw hökümiň zerurdygyny, jenaýat işiniň deslapky derňew döwründe ýa-da kazyýetde bigünälik esaslary boýunça (jenaýatyň wakasynyň, etmişde jenaýatyň düzüminiň ýokdugy, wagt möhletiniň geçendigi, günä geçme namasy edilen etmiş üçin jezanyň ulanylmagyny aradan aýrandygy) ýatyrylmagynyň ýa-da kazyýet tarapyndan aklaw höküminiň çykarylmagynyň, işgäri doly maddy jogapkärçilige çekmek üçin esas bolup bilmeýändigini kazyýetler göz öňünde tutmalydyrlar.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendi esasynda işgäri doly maddy jogapkärçilige çekip bolmadyk ýagdaýynda, iş berijiniň başga esaslar boýunça ýetirilen zyýany şol işgärden töledip almak  hukugy aradan aýrylmaýar.

14. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 5-nji bendine laýyklykda, kazyýet ýa-da işi çözmeklige ygtyýarly wezipeli adamyň administratiw temmi bellemek barada çykaran karary esasynda anyklanan, hukuk bozulma netijesinde ýetirilen zyýan boýunça işgäri doly maddy jogapkärçilige çekip bolýandygyna kazyýetler üns bermelidirler.

Eger-de işgär administratiw hukuk tertibini sähelçe bozandygy üçin karar esasynda jogapkärçilikden boşadylyp, dilden tabşyrylan ýagdaýynda, şol işgär ýetirilen zyýan boýunça doly maddy jogapkärçilige çekilip bilner, çünki hukuk tertibini sähelçe bozandygy üçin işgär temmi çäresinden boşadylsa hem, onuň şol hereketleri (ýa-da hereketsizligi) netijesinde zyýanyň ýetendigi doly tassyklanylýar.

Kanunda görkezilen möhletiň geçendigi sebäpli administratiw jogapkärçiligine çekmek mümkinçiligi bolmadyk halatynda, şol esasda işgäre ýeten zyýany doly töletdirip bolmaz. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 5-nji bendi esasynda işgäri ýetirilen zyýan boýunça doly maddy jogapkärçilige çekip bolmadyk halatynda, iş berijiniň başga esaslar boýunça ýetirilen zyýany şol işgärden töledip almak hukugy aradan aýrylmaýar.

15. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 6-njy bendi esasynda doly maddy jogapkärçilige çekmek meselesi çözülende, kazyýetler işgäriň aýan eden syrynyň Türkmenistanyň kanuny bilen goralýan gulluk, täjirçilik ýa-da başga syrlara degişlidigini, şol syrlaryň işgäre öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen aýan bolandygyny, işgäriň şeýle syrlary aýan etmejekdigi barada borçlanandygyny, ýetirilen zyýan bilen şol syryň aýan edilmeginiň arasynda gönüden-göni arabaglanyşygyň bardygyny anyklamalydyrlar.