Çap edildi 08.12.2022
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Serdar Berdimuhamedowyň degişli ugurlar boýunça ylmy ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi hem-de amaly tarapdan netijeli işleriň geçirilmelidigi barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň gurnamagynda «Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda kazylaryň we degişli kazyýet işgärleriniň gatnaşmagynda “Döwrebap hukuk özgertmeler – halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili” atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli halkymyzyň bähbitleriniň hatyrasyna alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmekde taryhy üstünlikler gazanylýandygy, döwlet
2022-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan 22-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Türkmenistanyň kazyýetleriniň ýaş kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de iş tejribesini kämilleşdirmek, olaryň watansöýüjilik ruhuny güýçlendirmek boýunça ýörite meýilnama laýyklykda “Hünär ussatlygy – kämilligiň kepili” ady bilen iki hepdelik okuw sapaklary geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkyny kuwwatly we gülläp ösýän döwletde bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgünde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly dabaralar bilen bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň gurnamagynda kazylaryň we kazyýet işgärleriniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Döwlet Garaşsyzlygy – bagtyýar durmuşyň kämil binýady” atly dabaraly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda